Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Matta 1:1—28:20
  • Matta

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Matta
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Matta

MATTANYŇ HOŞ HABARY

1 Ybraýymyň neslinden+ Dawudyň ogly+ Isa Mesihiň* nesil daragty*:

 2 Ybraýym Yshagyň atasydy+,

Yshak Ýakubyň atasydy+,

Ýakup Ýahudanyň+ we doganlarynyň atasydy.

 3 Ýahuda Perez bilen Zeranyň atasydy+, Tamar olaryň ejesidi.

Perez Hesronyň atasydy+,

Hesron Ramyň atasydy+,

 4 Ram Aminadabyň atasydy,

Aminadap Nahşonyň atasydy+,

Nahşon Salmonyň atasydy.

 5 Salmon Bowazyň atasydy, Rahaw+ Bowazyň ejesidi.

Bowaz Abytyň atasydy, Rut+ Abytyň ejesidi.

Abyt Ýessäniň atasydy+,

 6 Ýesse Dawut patyşanyň atasydy+.

Dawut Süleýmanyň atasydy+, Süleýmanyň ejesi öň Uryýanyň aýalydy.

 7 Süleýman Rehobamyň atasydy+,

Rehobam Abyýaryň atasydy,

Abyýar Asanyň atasydy+,

 8 Asa Ýehoşapatyň atasydy+,

Ýehoşapat Ýehoramyň atasydy+,

Ýehoram Uzyýanyň atasydy,

 9 Uzyýa Ýotamyň atasydy+,

Ýotam Ahazyň atasydy+,

Ahaz Hizkiýanyň atasydy+,

10 Hizkiýa Manaşanyň atasydy+,

Manaşa Amonyň atasydy+,

Amon Ýoşyýanyň atasydy+.

11 Ýehonýa+ we doganlary Wawilona+ sürgün edilen döwri ýaşapdylar. Ýoşyýa+ olaryň atasydy.

12 Ýehonýa Wawilona sürgün edilenden soň, Şehaltel diýen ogly boldy.

Şehaltel Zerubabeliň atasydy+,

13 Zerubabel Abyhutyň atasydy,

Abyhut Alyýakymyň atasydy,

Alyýakym Azoryň atasydy,

14 Azor Sadygyň atasydy,

Sadyk Ahymyň atasydy,

Ahym Alyhutyň atasydy,

15 Alyhut Algazaryň atasydy,

Algazar Mathanyň atasydy,

Mathan Ýakubyň atasydy,

16 Ýakup Ýusubyň atasydy. Ýusup Merýemiň äridi. Merýemden Mesih+ diýilýän Isa doguldy+.

17 Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli 14 arka, Dawutdan Wawilon sürgünine çenli 14 arka, Wawilon sürgüninden Mesihe çenli 14 arka boldy.

18 Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy. Ejesi Merýem Ýusuba adaglydy. Emma Ýusup oňa öýlenmänkä, Merýem mukaddes ruh*+ arkaly göwreli boldy. 19 Merýemiň adaglysy Ýusup dogruçyl adamdy, şol sebäpli Merýemi masgara etmejek bolup, hiç kime bildirmän aýrylyşmakçy* boldy+. 20 Emma Ýusup aýrylyşmak hakda pikir edende, Ýehowanyň* perişdesi düýşüne girip: «Dawudyň ogly Ýusup, gelinligiňe* öýlenmäge* gorkma, sebäbi Merýem mukaddes ruh arkaly göwreli boldy+. 21 Ol ogul dünýä indirer, onuň adyna Isa* dakarsyň+. Ol öz halkyny günäden halas eder»+ diýdi. 22 Şeýdip, Ýehowanyň* pygamberi arkaly aýdan sözleri ýerine ýetdi: 23 «Durmuşa çykmadyk gyz göwreli bolup, ogul dograr, adyna Emanuwel dakarlar»+. Ady «Hudaý biziň bilendir»+ diýmegi aňladýar.

24 Ýusup ukudan oýandy-da, Ýehowanyň* perişdesiniň aýdyşy ýaly, Merýeme öýlendi*, 25 emma çaga dogulýança aýalyna ýanaşmady*. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy+.

2 Hirodesiň* höküm süren döwri+ Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde+ Isa doguldy. Birnäçe wagtdan Gündogardan Iýerusalime müneçjimler gelip: 2 «Ýehudylaryň patyşasy boljak oglan nirede?+ Biz Gündogarda onuň ýyldyzyny görüp, tagzym etmäge geldik» diýdiler. 3 Muny eşidip, Hirodes patyşa we Iýerusalimiň halky howsala düşdi. 4 Hirodes uly ruhanylaryň we kanunçylaryň ählisini ýygnap, Mesihiň* nirede dünýä inmelidigini sorady. 5 Olar şeýle diýdiler: «Ol Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde+ dogulmaly, sebäbi şeýle pygamberlik bar: 6 „Eý Ýahudanyň Beýtullaham şäheri, Ýahuda hökümdarlary üçin sen asla kiçi dälsiň. Sebäbi ysraýyl halkymyň çopany boljak hökümdar senden dörär“»+.

7 Hirodes müneçjimleri gizlinlikde ýanyna çagyryp, ýyldyzy haçan görendiklerini çintgäp sorady. 8 Soňra olary Beýtullahama ýollap, şeýle diýdi: «Baryň, çagany gowuja gözläň. Tapsaňyz, maňa habar beriň, meniň hem tagzym edesim gelýär». 9 Olar patyşanyň aýdanlaryny diňläp, ýola düşdüler. Gündogarda görnen ýyldyz+ ýol görkezip, çaganyň bolýan öýüniň üstünde saklandy. 10 Olar ýyldyzyň durandygyny görüp, örän begendiler. 11 Müneçjimler öýe girip, çagany we ejesi Merýemi gördüler. Olar çaga tagzym edip, altyn, ladan*, mür* sowgat berdiler. 12 Emma Hudaý müneçjimleriň düýşüne girip+, Hirodesiň ýanyna barmaň diýdi. Olar hem ýurduna başga ýol bilen dolandylar.

13 Müneçjimler gidensoň, Ýehowanyň* perişdesi Ýusubyň düýşüne girip+: «Tur, çagany, aýalyňy al-da, Müsüre gaç, näme etmelidigini aýdýançam, şol ýerde bol. Sebäbi Hirodes çagany tapyp öldürjek bolýar» diýdi. 14 Ýusup ukudan oýanyp, şol gije çagany we aýalyny alyp, Müsüre gitdi. 15 Ol Hirodes aradan çykýança, şol ýerde boldy. Şeýdip, Ýehowanyň* pygamber arkaly: «Men oglumy Müsürden çagyrdym»+ diýen sözleri ýerine ýetdi.

16 Hirodes müneçjimleriň aldandygyny bilip, gahar-gazaba mündi. Ol Beýtullahama we onuň daş-töweregine nökerlerini iberip, müneçjimleriň aýdan wagtyna görä+, iki ýaşa çenli oglanlaryň ählisini öldürtdi. 17 Şonda Ýermeýa pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetdi: 18 «Rama şäherinde agy sesi, dady-perýat eşidilýär. Rahel+ ogullary üçin aglaýar, teselli sözlerini diňlemeýär, indi onuň ogullary ýok»+.

19 Hirodes ölenden soň, Ýehowanyň* perişdesi Müsürde ýaşaýan Ýusubyň düýşüne girip+: 20 «Tur, çagany we aýalyňy alyp, Ysraýyl topragyna dolan, sebäbi çagany öldürjek bolan adamlar aradan çykdy» diýdi. 21 Şonda ol çagany we aýalyny alyp, Ysraýyla dolandy. 22 Hirodesiň ýerine ogly Arhelasyň patyşa bolandygyny eşidende, Ýusup Ýahuda barmaga gorkdy. Emma düýşünde Hudaýdan duýduryş alyp+, Jelile etrabyna gitdi+. 23 Ýusup Nazaret şäherine baryp ornaşdy+. Şeýdip, pygamberleriň: «Oňa nazaretli*+ diýerler» diýen sözleri ýerine ýetdi.

3 Şol wagtlar suwa çümdürýän* Ýahýa+ Ýahudanyň çölünde wagyz edip başlady+. 2 Ol: «Toba ediň, gökdäki Patyşalyk golaýlaşdy»+ diýýärdi. 3 Şeýlelikde, Hudaýyň Işaýa pygamber arkaly: «Çölde biriniň sesi eşidilýär: „Ýehowa* ýol taýýarlaň! Ýodalaryny dogrulaň!“» diýen sözleri ýerine ýetdi+. 4 Ýahýanyň egninde düýe ýüňünden eşigi, bilinde deriden guşagy bardy+. Ol çekirtge we ary balyny iýýärdi+. 5 Ýahýanyň ýanyna Iýerusalimden, tutuş Ýahudadan we Iordanyň daş-töwereginden adamlar gelýärdi+. 6 Olar günälerini boýun alýardylar, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda suwa çümdürýärdi+.

7 Ýahýa suwa çümdürilmäge gelýän ençeme fariseýlere* we saddukeýlere*+ şeýle diýdi: «Eý alahöwrenler nesli!+ Ýetip gelýän höküm gününden gaçyp gutularyn öýdýäňizmi?+ 8 Toba edýäniňizi iş ýüzünde görkeziň. 9 „Biz Ybraýymyň nesli“+ diýmäň. Hudaý Ybraýyma daşlardan hem nesil döredip biler. 10 Palta agajyň aşagynda dur. Gowy miwe bermeýän agaç çapylyp, oda taşlanar+. 11 Men sizi toba edendigiňiz üçin suwa çümdürýärin+, emma yzymdan has beýik adam gelýär. Men onuň çarygyny* çykarmaga-da mynasyp däldirin+. Ol sizi mukaddes ruh+ we ot bilen çümdürer+. 12 Onuň elinde galla sowurýan kürek bar. Ol harmany arassalap, bugdaýy ammara üýşürer, samany bolsa sönmeýän otda ýakar»+.

13 Isa suwa çümdürilmek üçin Jelileden Ýahýanyň ýanyna Iordana geldi+. 14 Emma Ýahýa: «Men seni däl, sen meni suwa çümdürmeli ahyry» diýip, Isany saklajak boldy. 15 Isa: «Meni saklama, biz Hudaýyň islegini berjaý etmeli» diýdi. Şonda Ýahýa onuň bilen ylalaşdy. 16 Isa suwa çümdürilip çykan badyna gök açyldy+. Görse, Hudaýyň ruhy kepderi kimin Isanyň üstüne inip gelýär+. 17 Şonda gökden+: «Ine söýgüli Oglum+, men ondan razy»+ diýen ses eşidildi.

4 Soňra Hudaýyň ruhy Isany çöle alyp gitdi, şonda Iblis ony synap başlady+. 2 Isa 40 gije-gündiz agyz bekläp ajykdy. 3 Synagçy+ onuň ýanyna gelip: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, şu daşlary çörege öwür» diýdi. 4 Isa şeýle diýdi: «„Adam diňe çörek bilen däl, Ýehowanyň* agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr“ diýip ýazylgy»+.

5 Iblis ony mukaddes şähere+ getirdi-de, ybadathananyň diwarynyň üstüne* çykaryp+, şeýle diýdi: 6 «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, özüňi aşak zyň, sebäbi: „Ol perişdelerine buýruk berer“ we „Aýaklaryň daşa degmez ýaly, olar seni ellerinde göterer“+ diýip ýazylgy». 7 Isa oňa: «„Ýehowa* Hudaýyňy synama“ diýip hem ýazylgy»+ diýdi.

8 Iblis Isany bir beýik daga çykaryp, dünýäniň ähli patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezdi+. 9 Iblis: «Eger dyza çöküp, maňa sežde etseň, ähli zady saňa bererin» diýdi. 10 Şonda Isa: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan! „Ýehowa* Hudaýyňa sežde etmeli+, diňe oňa gulluk* etmeli“+ diýip ýazylgy» diýdi. 11 Şonda Iblis Isanyň ýanyndan gitdi+, perişdeler hem gelip, Isa hyzmat edip başladylar+.

12 Isa Ýahýanyň tussag edilendigini eşidip+, Jelilä gitdi+. 13 Ol Nazaretden gaýdandan soň, Zebulun we Naftaly etraplaryna geldi, soňra deňziň ýakasyndaky Kapernawumda ýaşap başlady+. 14 Şeýdip, Işaýa pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetdi: 15 «Eý Zebulun topragy we Naftaly topragy! Eý Jelile topragynda ýaşaýan ýat halklar! Deňze barýan ýoldaky, Iordanyň aňyrsyndaky halk! 16 Garaňkylykda oturan adamlar güýçli ýagtylyk gördi. Ölüm kölegesinde oturanlara nur saçyldy»+. 17 Şondan soň Isa: «Toba ediň, gökdäki Patyşalyk golaýlaşdy» diýip, wagyz edip başlady+.

18 Isa Jelile deňziniň kenaryndan barýarka, iki dogany, ýagny Petrus diýilýän Simun+ bilen Andreasy gördi. Olar balykçydy+, deňze tor zyňyp durdylar. 19 Isa olara: «Meniň yzyma düşüň. Men sizi adam tutýan balykçy edeýin» diýdi+. 20 Olar şol bada torlaryny taşlap, Isanyň yzyna düşdüler+. 21 Soňra Isa ol ýerden gidip, başga iki dogany, ýagny Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýany+ gördi. Olar kakasy Zebedeý bilen gaýykda torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary hem çagyrdy+. 22 Olar derrew gaýygyny we kakasyny goýup, Isanyň yzyna düşdüler.

23 Isa tutuş Jeliläni aýlanyp+, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärdi we sinagogalarda* öwredýärdi+. Ol her dürli keselli adamlary sagaldýardy+. 24 Isa hakdaky habar tutuş Siriýa ýaýrady. Onuň ýanyna her dürli keselli, syrkaw+, jyn-arwahly+, garaguşly+ we ysmaz adamlary getirdiler. Isa olaryň ählisini sagaltdy. 25 Şeýlelikde, Jelileden, Dekapolisden*, Iýerusalimden, Ýahudadan we Iordanyň aňyrsyndan gelen adamlar Isanyň yzyna düşdüler.

5 Isa märekäni görüp, dagyň eteginde oturdy, şägirtleri hem ýanyna geldi. 2 Şonda Isa olara öwredip başlady:

3 «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar* bagtlydyr+, sebäbi gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr.

4 Hasrat çekýän adamlar bagtlydyr, sebäbi olara göwünlik berler+.

5 Pesgöwünli*+ adamlar bagtlydyr, sebäbi olar ýeri miras alarlar+.

6 Adalatyň dikelmegini isleýänler bagtlydyr+, sebäbi olar arzuwyna ýeterler*+.

7 Rehimli adamlar bagtlydyr+, sebäbi olara rehim ediler.

8 Ýüregi päk adamlar bagtlydyr+, sebäbi olar Hudaýy görerler.

9 Parahatlyk döredýän adamlar bagtlydyr+, sebäbi olara Hudaýyň ogullary diýerler.

10 Dogruçyllyk üçin yzarlanýan adamlar bagtlydyr+, sebäbi gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr.

11 Meniň adym üçin size sögenlerinde+, yzarlanlarynda+, her hili ýalan we erbet sözleri aýdanlarynda bagtlysyňyz+. 12 Şatlanyň, begeniň+, sebäbi gökdäki sylagyňyz+ uludyr. Sizden öň ýaşan pygamberler-de şeýle yzarlandylar+.

13 Siz ýeriň duzy+. Eger duz tagamyny ýitirse, ony ýene-de nädip tagamly edip bolar? Ol hiç zada ýaramaz+, ony aýak astyna zyňaýmaly bolar.

14 Siz dünýäniň yşygy+. Dagyň üstünde gurlan şäheri gizläp bolmaz. 15 Adamlar çyrany ýakyp, sebediň aşagynda däl-de, şemdanyň üstünde goýýarlar. Şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýär+. 16 Siziň hem yşygyňyz adamlara şeýle nur saçsyn+ welin, ýagşy işleriňizi+ görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar+.

17 Men Töwrady ýa-da Pygamberler kitabyny bozmaga gelendirin öýtmäň. Men bozmaga däl, olary berjaý etmäge geldim+. 18 Size hakykaty aýdýaryn, asman we ýer geçip gitse-de, Töwradyň ýekeje harpy, ýekeje nokady-da* bozulmaz, ählisi berjaý bolar+. 19 Kim iň kiçi tabşyryklaryň birini bozup, muny başgalara-da öwretse, gökdäki Patyşalyga girmäge mynasyp däldir. Emma olary berjaý edýän we başgalara-da öwredýän adam gökdäki Patyşalyga girmäge mynasypdyr. 20 Şuny bilip goýuň: eger siz kanunçylardan-da, fariseýlerden-de dogruçyl bolmasaňyz+, gökdäki Patyşalyga girip bilmersiňiz+.

21 Gadymy döwürde ýaşan adamlaryň şeýle diýenini eşidensiňiz: „Adam öldürme+. Kim adam öldürse, kazyýetde jogap berer“+. 22 Emma men size diýýärin, doganyna gaharlanýan+ adam kazyýetde jogap berer. Biri erbet söz aýdyp, doganynyň göwnüne degse, Ýokary kazyýetde jogap berer. Biri doganyna: „Sen akmak!“ diýse, Jähennem* oduna zyňlar+.

23 Gurbanlyk ojagyna* gurbanlygyňy* alyp barýarkaň+, doganyň senden öýkelidigi ýadyňa düşse, 24 gurbanlygyňy gurbanlyk ojagynyň ýanynda goý-da, gidip, ilki doganyň bilen ýaraş+. Soňra gurbanlygyňy ber.

25 Dawagäriň bilen ýüze çykan meseläňi kazyýete ýetmänkäň derrew çöz. Ýogsam ol seni kazyýetde günäkär edäýmesin. Şonda kazy seni garawula tabşyrar, garawul bolsa türmä basar+. 26 Saňa hakykaty aýdýaryn, soňkuja teňňäňi* berýänçäň, ol ýerden çykmarsyň.

27 Siz: „Zyna etme“+ diýlenini eşidensiňiz. 28 Emma men size diýýärin, bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam+ ýüreginde eýýäm zyna edendir+. 29 Eger sag gözüň günä etdirýän* bolsa, oýup taşla+. Bütin bedeniň Jähenneme* zyňlandan, bir gözüň ýok bolany gowudyr+. 30 Eger sag eliň günä etdirýän* bolsa, kesip taşla+. Bütin bedeniň Jähenneme* zyňlandan, bir eliň ýok bolany gowudyr+.

31 Siz: „Aýrylyşýan adam aýalynyň talak hatyny bersin“+ diýlenini-de eşidensiňiz. 32 Emma men size diýýärin, aýaly bilen zynadan* başga sebäbe görä aýrylyşýan adam aýalynyň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylyşan aýala öýlenen hem zyna edýändir+.

33 Gadymy döwürde ýaşan adamlaryň şeýle diýenini-de eşidensiňiz: „Biderek ýere ant içme+. Eger ant içen bolsaň, Ýehowanyň* öňünde berjaý et“+. 34 Emma men size diýýärin, asla ant içmäň+, gökden hem ant içmäň, sebäbi gök Hudaýyň tagtydyr. 35 Ýerden hem ant içmäň, sebäbi ýer Hudaýyň aýagynyň basgançagydyr+. Iýerusalimden hem ant içmäň, sebäbi ol beýik Patyşanyň şäheridir+. 36 Öz başyňyzdan hem ant içmäň, sebäbi saçyňyzyň ýekeje taryny ak ýa-da gara edip bilmersiňiz. 37 Goý, siziň „hawa“ diýeniňiz „hawa“, „ýok“ diýeniňiz „ýok“ bolsun+. Bulardan artygy Şeýtandandyr*+.

38 Siz: „Göz ýerine göz, diş ýerine diş“ diýlenini eşidensiňiz+. 39 Emma men size diýýärin, ýamanlyk edýäne garşylyk görkezme. Biri sag ýaňagyňa ursa, oňa çep ýaňagyňy hem tut+. 40 Eger biri kazyýetiň üsti bilen köýnegiňi aljak bolsa, donuňy-da ber+. 41 Eger ygtyýarly adam bir çakrym* ýol ýöremegi talap etse, onuň bilen iki çakrym ýol ýöre. 42 Kömek sorana kömek et, karz sorandan ýüzüňi sowma+.

43 Siz: „Ýakynyňy* söý+, duşmanyňy ýigren“ diýlenini eşidensiňiz. 44 Emma men size diýýärin, duşmanlaryňyzy söýüň+, sizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň+. 45 Şonda gökdäki Ataňyzyň perzendi bolarsyňyz+. Sebäbi ol Güni hem erbetleriň, hem ýagşylaryň üstünden dogurýar, ýagmyry hem dogrularyň, hem egrileriň üstünden ýagdyrýar+. 46 Eger siz özüňizi söýýänleri söýseňiz, başgalardan näme tapawudyňyz bar?+ Salgytçylar hem şeýle etmeýärmi? 47 Eger diňe doganyňyz bilen salamlaşýan bolsaňyz, näme artykmaç zat edýäňiz? Başga halklar hem şeýle etmeýärmi? 48 Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz-de kämil boluň+.

6 Ýagşy işleri göz üçin etmäň+, ýogsam gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz. 2 Mätäje sadaka bereniňizde, ikiýüzli adamlar ýaly sinagogalarda we köçelerde jar çekmäň*. Ikiýüzli adamlar alkyş almak üçin şeýle edýärler. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar-da, Hudaýdan sylag almazlar. 3 Emma mätäje sadaka bereniňizde, sag eliňiziň näme edýändigini çep eliňiz bilmesin. 4 Mätäje kömek edeniňizi başgalar bilmesin. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar+.

5 Hudaýa doga edeniňizde, ikiýüzli adamlar ýaly bolmaň+. Olar adamlara görünmek üçin sinagogalarda we uly ýollaryň çatrygynda durup doga edýärler+. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar-da, Hudaýdan sylag almazlar. 6 Emma siz doga edeniňizde, otagyňyza girip, gapyňyzy ýapyň-da, göze görünmeýän Ataňyza doga ediň+. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar. 7 Doga edeniňizde, başga halklar ýaly şol bir sözleri gaýtalap durmaň. Sebäbi olar köp söz aýtsalar Hudaý eşider öýdýärler. 8 Siz olara meňzemäň, sebäbi Ataňyz size nämäniň gerekdigini dilemänkäňiz bilýär+.

9 Siz şeýle doga ediň+:

„Eý gökdäki Atamyz, adyň+ mukaddes bolsun!+ 10 Patyşalygyň+ gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde-de+ islegiň+ amala aşsyn! 11 Her günki çöregimizi ýetirip dur*+. 12 Adamlaryň günäsini* bagyşlaýşymyz ýaly, sen hem biziň günälerimizi* bagyşla+. 13 Bize synaga düşmäge ýol berme+, Şeýtanyň* elinden halas et“+.

14 Siz adamlaryň günäsini bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem sizi bagyşlar+. 15 Emma adamlaryň günäsini bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlamaz+.

16 Agyz bekläniňizde+, ikiýüzli adamlar ýaly ýüzüňizi sallamaň. Sebäbi şeýle adamlar agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup ýüzüni sallaýarlar*+. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar-da, Hudaýdan sylag almazlar. 17 Emma siz agyz bekläniňizde, ýüzüňizi ýuwuň, başyňyza ýag çalyň. 18 Agyz bekleýäniňizi adamlar däl-de, göze görünmeýän Ataňyz görsün. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar.

19 Ýer ýüzünde baýlyk* ýygnamaň+, sebäbi olary güýe we pos iýýär, ogrular ogurlaýar. 20 Muňa derek gökde baýlyk ýygnaň+. Gökde ýygnan baýlygyňyzy ne güýe, ne pos iýýär+, ne-de ogrular ogurlap bilýär. 21 Baýlygyňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.

22 Bedeniň çyrasy gözdür+. Gözüň sada* bolsa, bütin bedeniň ýagty bolar. 23 Emma gözüň erbet*+ bolsa, bütin bedeniň garaňky bolar. Şonda bedeniňdäki garaňkylyk, gör, nähili gorkunç bolar!

24 Hiç kim iki hojaýynyň hyzmatkäri bolup bilmez. Sebäbi birini ýigrenip, beýlekisini gowy görer+, birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezçilik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz+.

25 Men bolsa size diýýärin, mundan beýläk näme iýip-içeris diýip janyňyzy alada etmäň+, näme geýeris diýip bedeniňizi gaýgy etmäň+. Adamyň jany* çörekden, bedeni egin-eşikden gymmatly dälmi?+ 26 Guşlara syn ediň+. Olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara däne ýygnaýarlar. Emma şonda-da gökdäki Ataňyz guşlary iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmi? 27 Siziň haýsyňyz alada edip, ömrüňizi biraz* uzaldyp bilýäňiz?+ 28 Egin-eşik hakda näme üçin alada edýäňiz? Çigildemleriň ösüşine syn ediň. Olar ne zähmet çekýärler, ne-de eşik tikýärler. 29 Emma men size diýýärin, şan-şöhratly Süleýman patyşa-da+ şeýle owadan geýnen däldir. 30 Eger şu gün ösüp, ertir ojaga atylýan gülleri we otlary Alla şeýle geýindirýän bolsa, onda sizi has-da gowy geýindirmezmi näme, eý imany azlar?! 31 Şonuň üçin „Näme iýeris?“, „Näme içeris?“ ýa-da „Näme geýeris?“ diýip+, hiç haçan alada etmäň+. 32 Şeýle zatlaryň aladasyny başga halklar edýär. Ýöne gökdäki Ataňyz size nämäniň gerekdigini bilýär.

33 Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny* hemişe birinji orunda goýuň, şonda gerekli zatlar üstüne goşulyp berler+. 34 Şeýlelikde, hiç haçan ertirki günüň aladasyny etmäň+, sebäbi ertir hem başga aladalar bolar. Her günüň öz derdi özüne ýetikdir.

7 Adamlary ýazgarmaň*+, şonda sizi-de ýazgarmazlar. 2 Siz adamlary nädip ýazgarsaňyz*, olar hem sizi şeýdip ýazgararlar+. Nähili ölçeg bilen ölçäp berseňiz, size-de şeýle ölçeg bilen ölçäp bererler+. 3 Sen näme üçin doganyň gözündäki çöpi görýäň-de, öz gözüňdäki agajy görmeýäň?+ 4 Öz gözüňde agaç barka, nädip doganyňa: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýip bilýäň? 5 Eý ikiýüzli! Ilki öz gözüňden agajy çykar, şonda doganyň gözünden çöpi çykaryp bilersiň.

6 Mukaddes zady itlere bermäň, merjen monjuklary* doňuzlaryň öňüne taşlamaň+, ýogsam olary depeläp, soňra size-de topulaýmasynlar*.

7 Gaýta-gaýta diläň, size berler+, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta-gaýta kakyň, size açarlar+. 8 Sebäbi dilän alar+, agtaran tapar, gapyny kakana açarlar. 9 Çagaňyz çörek sorasa, haýsyňyz daş berersiňiz? 10 Ýa-da balyk sorasa, ýylan berersiňiz? 11 Eger siz erbet adam bolup, çagalaryňyza gowy zatlary berýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz dileýänlere ýagşy zatlary bermezmi näme?+

12 Adamlaryň size näme etmegini isleýän bolsaňyz, sizem olara şeýle ediň+. Sebäbi Töwratda-da, Pygamberler kitabynda-da şeýle öwredilýär+.

13 Dar gapydan giriň+, sebäbi heläkçilige eltýän gapy giň, ýol inli, ondan geçýänler köpdür. 14 Emma ebedi ýaşaýşa eltýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr+.

15 Ýalan pygamberlerden ägä boluň+. Olar goýun derisine girip gelýändir+, aslynda welin ýyrtyjy möjekdir+. 16 Olary miwesinden* tanarsyňyz. Tikenekden üzüm ýa-da ýandakdan injir ýygylýarmy?+ 17 Gowy agaç gowy miwe berýär, erbet* agaç bolsa erbet miwe berýär+. 18 Gowy agaç erbet miwe berip bilmez, erbet agaç hem gowy miwe berip bilmez+. 19 Gowy miwe bermeýän agaç çapylyp, oda taşlanýandyr+. 20 Şeýlelikde, olary miwelerinden tanarsyňyz+.

21 Maňa „Halypam, Halypam!“ diýýän adam gökdäki Patyşalyga girmez, oňa diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý edýän girer+. 22 Şol gün köp adamlar maňa: „Halypam, Halypam!+ Biz seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi, seniň adyň bilen jynlary kowmadykmy, seniň adyň bilen gudratlar görkezmedikmi?“+ diýerler. 23 Şonda men olara: „Sizi asla tanamaýaryn, eý kanuny bozýanlar, ýanymdan gidiň!“+ diýerin.

24 Şeýlelikde, meni diňleýän we sözlerimi ýerine ýetirýän her kes öýüni gaýanyň üstünde guran paýhasly adama meňzeýär+. 25 Ýagyş ýagyp, sil gelse-de, ýel turup, öýe ursa-da, öý ýykylmaz, sebäbi ol gaýanyň üstünde gurlupdy. 26 Meni diňleýän, ýöne sözlerimi ýerine ýetirmeýän her kes öýüni çägäniň üstünde guran akylsyz adama meňzeýär+. 27 Ýagyş ýagyp, sil gelse, ýel turup, öýe ursa+, öý ýykylyp, ýer bilen ýegsan bolar».

28 Isa sözüni tamamlady, märeke hem onuň öwredişine haýran galdy+. 29 Sebäbi ol kanunçylar ýaly däl-de, ygtyýarly adam ýaly öwredýärdi+.

8 Isa aşak düşende, märeke-de yzyna düşüp gitdi. 2 Şonda heýwere* keselli adam geldi-de, Isa tagzym edip: «Halypam, sen isleseň, meni sagaldyp bilersiň»+ diýdi. 3 Isa oňa elini degirdi-de: «Elbetde, isleýärin!» diýdi+. Ol adam şol bada heýwere keselinden sagaldy+. 4 Isa oňa: «Muny hiç kime aýdaýma+, ýöne baryp ruhana görün+. Musanyň tabşyryşy ýaly, gurbanlyk ber+. Goý, ruhanylar sagalandygyňy görsün» diýdi.

5 Isa Kapernawum şäherine girende, bir ýüzbaşy ýanyna gelip, ýalbaryp başlady+: 6 «Agam, hyzmatkärim öýde ysmaz bolup, ejir çekip ýatyr». 7 Isa: «Hyzmatkäriňi sagaltmaga bararyn» diýdi. 8 Ýüzbaşy: «Agam, öýüme geler ýaly, men mynasyp adam däl. Ýekeje söz aýtsaň, hyzmatkärim sagalar. 9 Sebäbi menem birine tabyn bolýaryn, maňa-da tabyn bolýan esgerler bar. Olaryň birine: „Git!“ diýsem, gidýär. Başga birine: „Gel!“ diýsem, gelýär. Guluma: „Şuny et!“ diýsem, edýär» diýdi. 10 Isa onuň sözlerine haýran galyp, yzyna düşüp gelýän adamlara: «Size hakykaty aýdýaryn, şeýle imanly adamy Ysraýylda heniz görmedim+. 11 Size diýýärin, gündogardan we günbatardan köp adamlar gelip, gökdäki Patyşalykda Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen bir saçagyň başynda oturarlar+. 12 Emma Patyşalygy miras almaly ogullar garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjarlar»+ diýdi. 13 Soňra Isa ýüzbaşa: «Bar, gidiber. Goý, iman edişiň ýaly bolsun!»+ diýdi. Onuň hyzmatkäri şol bada sagaldy+.

14 Isa Petrusyň öýüne geldi. Görse, onuň gaýynenesiniň+ gyzgyny galyp ýatyr+. 15 Isa onuň eline degdi+ welin, gyzgyny gaýtdy. Şonda ol ýerinden turup, Isa hyzmat edip başlady. 16 Agşam düşende, Isanyň ýanyna birgiden jynly adamlary getirdiler. Ol jynlary bir sözde kowup çykardy, keselden ejir çekýänleriň hemmesini sagaltdy. 17 Şeýdip, Işaýa pygamberiň: «Ol keselimizi aýyrdy, derdimizi gerdeninde göterdi»+ diýen sözleri ýerine ýetdi.

18 Isa ýygnanan märekäni görüp, şägirtlerine gaýykda deňziň beýleki tarapyna geçmegi tabşyrdy+. 19 Şonda bir kanunçy: «Mugallym, nirä gitseň, men seniň bilen giderin»+ diýdi. 20 Isa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bar, ýöne Ynsan oglunyň başyny goýara-da ýeri ýok»+ diýdi. 21 Başga bir şägirdi bolsa: «Halypam, maňa öňürti kakamy jaýlamaga rugsat ber»+ diýdi. 22 Isa oňa: «Goý, ölüleri ölüler jaýlasyn! Sen bolsa meniň yzyma düş»+ diýdi.

23 Isa şägirtleri bilen gaýyga mündi+. 24 Deňizde birdenkä güýçli ýel turdy, tolkunlar gaýyga urup başlady, Isa bolsa uklap ýatyrdy+. 25 Şägirtler Isany oýaryp: «Halypam, bizi halas et, gark bolup barýarys!» diýdiler. 26 Isa: «Eý imany azlar, nämä gorkýaňyz?!»+ diýdi. Soňra ýerinden turup, ýele we deňze käýedi welin, ümsümlik boldy+. 27 Olar haýran galyp: «Bä, ol nähili adam? Oňa ýelem, deňizem gulak asýar» diýdiler.

28 Isa deňziň beýleki tarapyndaky Gadara welaýatyna bardy. Şonda mazarçylykdan iki sany jynly adam çykdy+. Olar şeýle gorkunçdy welin, şol ýoldan geçmäge hiç kimiň gaýraty çatmaýardy. 29 Olar gygyryp: «Eý Hudaýyň Ogly! Biziň bilen näme işiň bar?+ Sen bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?»+ diýdiler. 30 Mazarçylykdan uzagrakda doňuz sürüsini bakyp ýördüler+. 31 Jynlar Isa: «Eger bizi kowjak bolsaň, doňuz sürüsine kowaý»+ diýip ýalbardylar. 32 Isa: «Baryň!» diýdi. Jynlar iki adamdan çykyp, doňuzlaryň içine girdi. Şonda doňuzlar dazyrdaşyp, uçut gaýadan deňze böküp gark boldular. 33 Çopanlar bolsa şähere gaçyp gitdiler. Olar bolan wakany hemmelere gürrüň berdiler. 34 Şonda şäheriň ilaty Isanyň öňünden çykyp, başga ýere gitmegi haýyş etdiler+.

9 Isa gaýyga münüp, deňziň beýleki tarapyna geçip, ýaşaýan şäherine bardy+. 2 Onuň ýanyna ysmaz ýatan adamy getirdiler. Isa olaryň imanyny görüp, ysmaz adama: «Alada etme, oglum! Günäleriň bagyşlandy»+ diýdi. 3 Şonda käbir kanunçylar: «Ol Hudaýa dil ýetirýär» diýişdiler. 4 Isa olaryň pikirini bilip: «Siz näme üçin erbet pikir edýäňiz?+ 5 Siziň pikiriňizçe, „Günäleriň bagyşlandy“ diýmek aňsatmy ýa-da „Tur, ýöre“ diýmek?+ 6 Emma siz Ynsan oglunyň günäleri bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyna düşünmegiňiz üçin...» diýdi-de, ysmaz adama: «Tur, düşegiňi alyp, öýüňe gaýt»+ diýdi. 7 Ol hem turup, öýüne gaýtdy. 8 Muny gören märeke juda gorkdy we adama şeýle ygtyýar beren Hudaýy şöhratlandyrdy.

9 Isa gaýdyp gelýärkä, salgythanada oturan Mattany gördi. Isa oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi. Ol hem ýerinden turup, Isanyň yzyna düşdi+. 10 Soňra Isa şägirtleri bilen Mattanyň öýüne myhmançylyga bardy. Olar nahar iýip otyrka*, ençeme salgytçylar we günäkärler gelip, saçak başyna geçdiler*+. 11 Fariseýler olary görüp, Isanyň şägirtlerine: «Mugallymyňyz näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen nahar iýýär?»+ diýdiler. 12 Isa muny eşidip: «Lukman sag adama däl, syrkawa gerek+. 13 Baryň, ilki: „Men gurbanlyk däl, rehimdarlyk isleýärin“+ diýen sözleriň manysyna düşüniň. Men hudaýhon* adamlary däl, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.

14 Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Bizem, fariseýlerem agyz bekleýäris. Seniň şägirtleriň näme üçin agyz beklemeýär?»+ diýdiler. 15 Isa olara şeýle jogap berdi: «Öýlenýän ýigit+ ýanynda bolsa, dostlary ýas tutarmy? Emma öýlenýän ýigit dostlaryndan aýra düşer+, şonda olar agyz beklärler. 16 Hiç kim köne dona täze matadan ýama salmaýar, sebäbi täze mata girip, donuň ýyrtygyny has-da ulaldar+. 17 Hiç kim täze şeraby köne meşiklere* guýmaýar. Eger guýaýsa, onda meşikler ýyrtylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Adamlar täze şeraby täze meşiklere guýýarlar, şonda olaryň ikisi-de zaýalanmaýar».

18 Isa sözüni tamamlamanka, baştutanlaryň biri ýanyna gelip, tagzym etdi-de: «Gyzym eýýäm ölendir. Şonda-da öýüme baryp, üstüne eliňi goý, gyzym direler»+ diýdi.

19 Isa şägirtleri bilen onuň öýüne gitdi. 20 Ýolda barýarka, 12 ýyl bäri gan akma keselinden+ ejir çekýän aýal Isanyň yzyndan gelip, donunyň etegine elini degirdi+. 21 Sebäbi ol içinden: «Donuna elimi degirsem-de sagalaryn» diýýärdi. 22 Isa yzyna öwrülende, aýaly görüp: «Gyzym, gorkma! Seni imanyň sagaltdy»+ diýdi. Aýal şol bada sagaldy+.

23 Isa şol baştutanyň öýüne gelende, tüýdükçileri we zaryn-zaryn aglaşýan märekäni gördi+. 24 Isa olara: «Jaýdan çykyň, gyzjagaz ölenok, uklap ýatyr»+ diýdi. Şonda adamlar ony ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar. 25 Märeke daşaryk çykan badyna, Isa öýe girdi. Ol gyzjagazyň elinden tutdy welin+, ol ýerinden turdy+. 26 Bolan waka töwerekdäki obalara we şäherlere ýaýrady.

27 Isa gaýdyp barýarka, iki kör adam+ yzyna düşüp: «Eý Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyryp gelýärdi. 28 Isa bir öýe giren badyna ýaňky iki kör adam ýanyna bardy. Isa olardan: «Gözüňizi açyp biljegime ynanýaňyzmy?»+ diýip sorady. Olar: «Hawa, Agam!» diýdiler. 29 Isa olaryň gözlerine elini degrip+: «Goý, imanyňyza görä bolsun» diýdi. 30 Şonda olaryň gözleri açyldy. Isa olara: «Muny hiç kime aýdaýmaň»+ diýip, berk tabşyrdy. 31 Emma olar öýden çykan badyna bolan wakany töwerekdäki obalara we şäherlere ýaýratdylar.

32 Olar gidip barýarka, Isanyň ýanyna jynly, lal adamy getirdiler+. 33 Isa jyny kowanda, lal adam gepläp başlady+. Muny gören märeke haýran galyp: «Ysraýylda beýle zady heniz görmändik»+ diýişdiler. 34 Emma fariseýler: «Ol jynlary jynlaryň hökümdarynyň kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler.

35 Isa ähli şäherlere we obalara aýlanyp, adamlara sinagogalarda öwredýärdi, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärdi, dürli keselli adamlary sagaldýardy+. 36 Isa märekäni görüp, ýüregi awady+, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyzdy, hor-homsy ýaşaýardy+. 37 Isa şägirtlerine: «Dogrudan-da, hasyl bol, ýöne işçi az+. 38 Şonuň üçin hasyl ýygnamaga işçi iberer ýaly+, hasyl Eýesine ýalbaryň» diýdi.

10 Isa 12 şägirdini çagyryp, olara jynlary kowup çykarmaga ygtyýar berdi+, dürli keselli adamlary sagaltmaga güýç berdi.

2 Ine 12 resulyň ady+: Simun diýilýän Petrus+ we dogany Andreas+; Zebedeýiň ogly Ýakup we dogany Ýahýa+; 3 Filipus we Bartolomeý+; Tomas+ we salgytçy Matta+; Alfeýiň ogly Ýakup we Taddewus; 4 Simun Kananit* we Isa dönüklik eden Iuda Iskariýot+.

5 Isa 12 şägirdini ýollap, şeýle tabşyryk berdi+: «Başga halklaryň ýanyna barmaň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň+; 6 diňe Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlaryny gözläň+. 7 Ýolda: „Gökdäki Patyşalyk golaýlady“ diýip wagyz ediň+. 8 Syrkawlary sagaldyň+, ölenleri direldiň, heýwere kesellileri tämizläň, jynlary kowup çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt hem beriň. 9 Ýanyňyz bilen altyn-kümüş ýa-da mis teňňe almaň+. 10 Ýa-da ýola torba, çörek, eşik, çaryk* ýa hasa almaň+, sebäbi zähmet çeken çörek iýmäge-de haklydyr+.

11 Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, mynasyp adamlary gözläp tapyň, gaýdýançaňyz olaryň ýanynda boluň+. 12 Öýe girip, salam beriň. 13 Eger öýdäkiler sizi kabul etseler, bereket* alarlar+. Kabul etmeseler, berekediňiz gaýdyp geler. 14 Eger sizi kabul etmeseler ýa-da diňlemeseler, şol öýden, ýa-da şäherden çykyp, aýagyňyzyň tozanyny kakyň+. 15 Bilip goýuň, Kyýamat güni* Sodom bilen Gomorranyň+ halkyna şol şähere garanyňda has aňsat düşer.

16 Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin iberýärin. Şonuň üçin ýylanlar ýaly seresap, kepderiler ýaly sada* boluň+. 17 Ägä boluň, adamlar sizi kazyýete elterler+ we sinagogalarda ýenjerler*+. 18 Meniň şägirdim bolanyňyz üçin, sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň öňüne alyp bararlar+. Şonda olara we başga halklara wagyz etmäge mümkinçilik bolar+. 19 Emma sizi olaryň öňüne eltenlerinde, näme diýerin ýa-da nädip aýdaryn diýip alada etmäň. Siz näme diýmelidigini şol wagt bilersiňiz+. 20 Sebäbi siziň özüňiz däl, siz arkaly Ataňyzyň ruhy geplär+. 21 Şeýle-de adamlar doganyny ölüme tabşyrarlar. Ata öz çagasyna, çagalar hem ene-atasyna garşy çykyp, olary öldürerler+. 22 Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener+. Emma soňuna çenli çydan halas bolar+. 23 Sizi bir şäherde yzarlasalar, başga şähere gaçyň+. Size hakykaty aýdýaryn, Ynsan ogly Ysraýylyň ähli şäherlerini aýlanyp çykmankaňyz geler.

24 Şägirt halypasyndan, gul hem hojaýynyndan uly däldir+. 25 Şägirt halypasy ýaly, gul hem hojaýyny ýaly bolsa begenmelidir+. Adamlar öýüň eýesine Beýelzebul*+ diýýän bolsalar, onda öýündäkilere has beter zat diýmezmi? 26 Şonuň üçin adamlardan gorkmaň. Üsti açylmajak we gizlin galjak zat ýokdur+. 27 Meniň garaňkylykda aýdýanymy ýagtylykda aýdyň, pyşyrdap aýdýanymy jaýyň üçeginden yglan ediň+. 28 Bedeni öldürse-de, jany* öldürip bilmeýänlerden gorkmaň+. Gaýtam hem jany, hem bedeni Jähennemde* ýok edip bilýänden gorkuň+. 29 Iki serçäni bir teňňä* satýarlar, şeýle dälmi? Ýöne olaryň ýekejesi ýere gaçaýsa, gökdäki Ataňyz görýändir+. 30 Siziň bolsa saçyňyz hem sanalgy. 31 Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatly+.

32 Eger biri iliň öňünde meniň şägirdimdigini aýtmaga çekinmese+, men hem gökdäki Atamyň öňünde oňa şägirdim diýmäge çekinmerin+. 33 Emma kim iliň öňünde menden ýüz öwürse, men hem gökdäki Atamyň öňünde ondan ýüz öwrerin+. 34 Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň; men parahatlyk däl, agzalalyk* getirdim+. 35 Sebäbi men ogly kakasyndan, gyzy ejesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim+. 36 Size hakykaty aýdýaryn, adamyň duşmany öý-içerisindäkiler bolar. 37 Kim kakasyny ýa ejesini menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir. Kim ogluny ýa gyzyny menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir+. 38 Kim jebir pürsüni* alyp yzyma düşmese, şägirdim bolmaga mynasyp däldir+. 39 Kim janyny* halas etmek islese, ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony halas eder+.

40 Sizi kabul edýän meni-de kabul edýändir, meni kabul edýän meni Ibereni-de kabul edýändir+. 41 Pygamberi pygamber bolany üçin kabul edýän adam pygamberiň sylagyny alar+. Dogruçyl adamy dogruçyl bolany üçin kabul edýän adam dogruçylyň sylagyny alar. 42 Size hakykaty aýdýaryn, şägirtlerimden* birine şägirdim bolany üçin bir käse sowuk suw berýän adam sylagsyz galmaz»+.

11 Isa 12 şägirdine görkezme berip, beýleki şäherlere wagyz etmäge we öwretmäge gitdi+.

2 Ýahýa türmededi+. Ol Mesihiň eden işleri hakda eşidende, Isanyň ýanyna şägirtlerini iberip+: 3 «Gelmeli Mesih senmi ýa başga birine garaşmalymy?»+ diýip soratdy. 4 Isa olara: «Baryň, eşidýän we görýän zatlaryňyzy Ýahýa gürrüň beriň+. 5 Körler görýär+, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär+, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara hoş habar aýdylýar+. 6 Maňa şübhelenmeýän* adam bagtlydyr»+ diýdi.

7 Isa Ýahýanyň şägirtlerini ugratdy-da, märekä ýüzlenip, Ýahýa barada şeýle diýdi: «Siz çöle näme görmäge gitdiňiz?+ Ýele yranýan gamşymy?+ 8 Siz näme görmäge gitdiňiz? Gowy geýnen adamymy? Gowy geýinýän adamlar patyşalaryň köşgünde bolýar. 9 Dogrudan-da, ol ýere näme üçin gitdiňiz? Pygamberi görmägemi? Size diýýärin, ol pygamberden hem has beýikdir+. 10 Ol hakda şeýle ýazylandyr: „Seniň öňüňden habarçymy ýollaýaryn, ol saňa ýol taýýarlar“+. 11 Bilip goýuň, şu wagta çenli adamlaryň arasynda suwa çümdürýän Ýahýadan beýigi bolan däldir. Emma gökdäki Patyşalykda iň pesi ondan beýikdir+. 12 Suwa çümdürýän Ýahýanyň günlerinden bäri adamlar gökdäki Patyşalyga ýetmek isleýärler. Jan edýän adamlar hem oňa ýetýärler+. 13 Ýahýanyň günlerine çenli Pygamberler kitabynda we Töwratda gelejekki zatlar öňünden aýdylypdy+. 14 Ynansaňyz-da, ynanmasaňyz-da, gelmegine garaşýan Ylýas pygamberiňiz Ýahýadyr+. 15 Goý, gulagy bar adam eşitsin!

16 Men şu nesli kime meňzedeýin?+ Olar bazarda oturyp, deň-duşlaryna şeýle diýýän çagalar ýalydyr: 17 „Size tüýdük çalyp berdik, tans etmediňiz; zaryn-zaryn agladyk, hasrat çekmediňiz“. 18 Ýahýa hemmeler ýaly iýip içmedi, ýöne adamlar: „Ol jynly“ diýdiler. 19 Ynsan ogly hemmeler ýaly iýip içdi+, ýöne adamlar: „Ol hajymelik, arakhor, salgytçylaryň we günäkärleriň dosty“+ diýýärler. Emma adamyň akyldarlygy edýän işlerinden görünýär»+.

20 Isa ençeme gudrat görkezdi, ýöne şäherleriň köpüsi toba etmedi. Isa olara käýäp, şeýle diýdi: 21 «Waý günüňize, Horaziniň halky! Waý günüňize, Beýtsaýdanyň ilaty! Eger sizde edilen gudratlar Tir bilen Sidonda edilen bolsady, olar bireýýäm toba edip, jul geýerdiler, kül üstünde oturardylar+. 22 Size diýýärin, Kyýamat güni* Tir bilen Sidon halkyna size garanyňda has aňsat düşer+. 23 Eý Kapernawumyň+ halky, Hudaý sizi arşa çykarar öýdýäňizmi?! Ýok, ol sizi mazara* indirer+, sebäbi sizde edilen gudratlar Sodomda edilen bolsady, ol häzire çenli aman galardy. 24 Size diýýärin, Kyýamat güni* Sodomyň halkyna size garanyňda has aňsat düşer»+.

25 Şonda Isa şeýle diýdi: «Eý Atam, ýeriň-gögüň Eýesi! Saňa hemmeleriň öňünde alkyş aýdýaryn. Sen hakykaty akyldar hem bilimli adamlardan gizläp, çaga ýaly pesgöwünli adamlara açdyň+. 26 Eý Atam, sen şeýle bolmagyny islediň. 27 Atam ähli zady maňa tabşyrdy+. Ogly Atadan başga hiç kim gowy tanaýan däldir+. Atany-da Oglundan we Oglunyň tanatmak isleýän adamlaryndan başga hiç kim gowy tanaýan däldir+. 28 Eý ýadaw we agyr ýükli adamlar! Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn*. 29 Men ýumşak we pesgöwünlidirin+, meniň boýuntyrygymy dakynyň, menden görelde alyň, şonda janyňyz rahatlyk tapar. 30 Meniň boýuntyrygym ýumşak, ýüküm ýeňildir».

12 Bir gezek Isa Sabat güni* bugdaýlygyň içinden geçip barýardy. Şägirtleri ajygyp, bugdaý başlaryny ýolup iýýärdiler+. 2 Fariseýler olary görüp: «Seniň şägirtleriň Sabat güni işläp, kanuny bozýar»+ diýdiler. 3 Isa: «Siz Dawudyň we ýoldaşlarynyň ajyganda näme edendigini okamadyňyzmy?+ 4 Dawut Hudaýyň öýüne baryp, ýoldaşlary bilen Hudaýa hödürlenen çöregi iýdi+. Emma kanun boýunça şol çöregi diňe ruhanylar iýip bilýärdi+. 5 Sabat güni ruhanylar ybadathanada hyzmat etseler-de, kanuny bozmaýandygyny Töwratdan okamadyňyzmy?+ 6 Men size diýýärin, bärde ybadathanadan hem beýik biri dur+. 7 Eger siz „Men gurbanlyk däl-de+, rehimdarlyk+ isleýärin“ diýen sözleriň manysyna düşünsediňiz, bigünä adamlary ýazgarmazdyňyz. 8 Sebäbi Ynsan ogly Sabat gününiň Hojaýyny»+ diýdi.

9 Isa ol ýerden gaýdyp, sinagoga bardy. 10 Şol sinagogada eli ysmaz* adamy gördi+. Fariseýler Isany aýyplajak bolup: «Kanun boýunça Sabat güni syrkawy sagaltsa bolýarmy?»+ diýip soradylar. 11 Isa: «Aýdaly, siziň ýekeje goýnuňyz bar. Ol Sabat güni çukura gaçsa, çykarmazdyňyzmy?+ 12 Eýsem adam goýundan gymmatly dälmi? Şonuň üçin Sabat güni ýagşylyk etseň, kanuny bozmaýarsyň» diýdi. 13 Soňra Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, eli sagaldy. 14 Fariseýler daşary çykyp, Isany öldürmek üçin dil düwüşdiler. 15 Isa muny bilip, başga ýere gitdi. Köp adamlar hem Isanyň yzyna düşdi+. Şonda Isa syrkaw adamlary sagaltdy. 16 Ýöne Isa özi hakda hiç kime gürrüň bermezligi berk tabşyrdy+. 17 Şeýdip, Işaýa pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetdi:

18 «Ine, meniň saýlanym, meni razy edýän söýgüli gulum!+ Men oňa ruhumy bererin+, ol halklara adalatyň nämedigini öwreder. 19 Ol ne dawalaşar+, ne-de gygyrar. Uly ýollarda hiç kim sesini eşitmez. 20 Ol adalaty dikeldýänçä, epilen gamşy döwmez, sönüp barýan peltäni öçürmez+. 21 Halklar oňa* umyt baglar»+.

22 Soňra Isanyň ýanyna bir jynly adamy getirdiler, ol kör we laldy. Isa ony sagaltdy welin, ol gepläp we görüp başlady. 23 Bütin märeke haýran galyp: «Ol Dawudyň Ogly bolaýmasyn?» diýişdiler. 24 Fariseýler muny eşidip: «Ol jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebulyň* kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler. 25 Isa olaryň niýetini bilip, şeýle diýdi: «Eger bir patyşalygyň ilaty agzala bolsa, patyşalyk ýykylar. Bir şäherde ýa maşgalada bölünişik bolsa, onda ol dargar. 26 Eger Şeýtan hem Şeýtany kowup çykarýan bolsa, ol öz-özüne garşy gidýändir. Şeýle ýagdaýda patyşalygy durarmy? 27 Eger men jynlary Beýelzebulyň kömegi bilen kowup çykarýan bolsam, onda siziň şägirtleriňiz olary kimiň kömegi bilen kowup çykarýar? Siziň ýalňyşýandygyňyzy şägirtleriňiziň edýän işleri görkezýär. 28 Eger men jynlary Hudaýyň ruhy bilen kowup çykarýan bolsam, diýmek, Hudaýyň Patyşalygy size gelip ýetipdir, ýöne siz muňa düşünmediňiz+. 29 Eger biri güýçli adamyň öýüne girip, zadyny ogurlajak bolsa, ilki onuň el-aýagyny daňmazmy? Diňe şondan soň öýi talap biler. 30 Meniň tarapymy tutmadyk adam maňa garşy çykýandyr. Meniň bilen adamlary ýygnamadyk olary menden kowýandyr+.

31 Size diýýärin, adamyň islendik günäsi we gargyşy bagyşlanar, emma mukaddes ruha dil ýetirse bagyşlanmaz+. 32 Ynsan ogluna dil ýetiren adamyň günäsi bagyşlanar+, emma mukaddes ruha dil ýetiren adamyň günäsi ne häzir*, ne gelejekde bagyşlanar+.

33 Eger eken agajyň gowy bolsa, miwesi-de gowy bolar. Emma eken agajyň erbet* bolsa, onda miwesi hem erbet bolar. Diýmek, agaç miwesinden tanalýar+. 34 Eý alahöwrenler nesli!+ Siz erbet adam bolsaňyz-da, gowy zat aýdaryn öýdýäňizmi? Adamyň ýüregindäki dilindedir+. 35 Ýagşy adam gowy zatlary gürrüň berýändir, sebäbi ýüregi* ýagşylykdan doludyr. Erbet adam erbet zatlary aýdýandyr, sebäbi ýüregi erbetlikden doludyr+. 36 Men size diýýärin, adamlar her bir erbet sözi üçin Kyýamat güni* jogap berer+. 37 Hudaý aýdan sözleriňize esaslanyp, sizi ýa dogruçyl, ýa günäkär hasaplar».

38 Soňra käbir kanunçylar we fariseýler: «Mugallym, bize alamat görkez»+ diýdiler. 39 Isa olara şeýle jogap berdi: «Zalym we biwepa* nesil hemişe alamat isleýär. Emma olar Ýunus pygamberiň alamatyndan başga alamat görmez+. 40 Ýunusyň üç gije-gündiz uly balygyň garnynda bolşy ýaly+, Ynsan ogly-da üç gije-gündiz mazaryň içinde bolar+. 41 Kyýamat güni* Ninewiýanyň halky şu nesil bilen direlip, olary utandyrar*, sebäbi Ýunus pygamber wagyz edende, olar toba edipdiler+. Emma bärde Ýunusdan-da beýik biri dur+. 42 Kyýamat güni* Gündogaryň aýal patyşasy şu nesil bilen direlip, olary utandyrar*. Sebäbi ol Süleýmanyň paýhasly sözlerini diňlemek üçin ýeriň aňry ujundan gelipdi+. Emma bärde Süleýmandan-da beýik biri dur+.

43 Zalym ruh adamyň içinden çykyp, çölleri aýlanýar, dynç almaga ýer gözleýär, ýöne tapyp bilmeýär+. 44 Soňra ol: „Gowusy, men çykyp gaýdan öýüme dolanaýyn“ diýýär. Ol gelip, öýüň boşdugyny, arassalanyp, bezelendigini görýär. 45 Soňra gidip, özünden hem has zalym ýedi ruhy alyp gelýär-de, şol öýde ýaşap başlaýar. Şonda adamyň ýagdaýy öňküsinden-de erbetleşýär+. Şu zalym nesliň ýagdaýy-da şeýle bolar».

46 Isa märekä gürrüň berip durka, ejesi we doganlary geldi+. Olar Isa bilen gepleşmek üçin daşarda durdylar+. 47 Şonda oturanlaryň biri: «Ejeň bilen doganlaryň daşarda garaşyp dur. Olar seniň bilen gepleşjek bolýar» diýdi. 48 Isa bolsa: «Meniň ejem we doganlarym kim?» diýdi. 49 Soňra şägirtlerini görkezip: «Ynha meniň ejem hem doganlarym!+ 50 Gökdäki Atamyň islegini berjaý edýän adam meniň doganym, uýam hem ejemdir»+ diýdi.

13 Şol gün Isa öýden çykyp, deňziň kenaryna baryp oturdy. 2 Uly märekäniň ýygnanandygy sebäpli, Isa bir gaýyga mündi, adamlar bolsa kenardady+. 3 Isa olara mysal getirip, köp zat öwredip başlady+: «Bir daýhan ekin ekmäge gidýär+. 4 Ol tohum sepende, käbiri ýoluň gyrasyna düşdi, guşlar hem gelip tohumy iýdi+. 5 Käbiri bolsa daşlyk topraga düşdi. Tohum çalt gögerdi, sebäbi topragy galyň däldi+. 6 Gün çykdy welin, olar güne ýanyp gurady, sebäbi köki berk däldi. 7 Käbir tohumlar ýandaklaryň arasyna düşdi. Ýandaklar ösüp, olary bogdy+. 8 Galan tohumlar bolsa mes topraga düşdi. Olaryň käbiri 100, käbiri 60, käbiri 30 esse hasyl berdi+. 9 Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+

10 Şeýlelikde, şägirtleri gelip: «Sen näme üçin olara mysal getirýärsiň?»+ diýip sorady. 11 Isa şeýle jogap berdi: «Hudaý size gökdäki Patyşalygynyň mukaddes syrlaryny düşündirýär+, olara bolsa düşündirmeýär. 12 Düşünjeli adam has köp düşüner, emma düşünjesiz adamdan bilýän zady-da alnar+. 13 Olar seretseler-de, görmeýärler, eşitseler-de, düşünmeýärler. Şonuň üçin men olara mysal getirip öwredýärin+. 14 Olarda Işaýanyň pygamberligi ýerine ýetýär: „Siz eşidersiňiz, ýöne düşünmersiňiz; siz seredersiňiz, ýöne hiç zat görmersiňiz+. 15 Halkyň ýüregi gatapdyr, gulagy agyrlaşypdyr, gözi gapylypdyr. Şol sebäpli olaryň gulagy eşitmeýär, gözi görmeýär, akyl ýetirip bilmeýär we maňa dolanmaýar, ýogsam olary sagaldardym“+.

16 Siz bagtly, sebäbi gözleriňiz görýär, gulaklaryňyz eşidýär+. 17 Size hakykaty aýdýaryn, köp pygamberler we dogruçyl adamlar siziň görýän zatlaryňyzy görmek islediler, ýöne görüp bilmediler+, siziň eşidýän zatlaryňyzy eşitmek islediler, ýöne eşidip bilmediler.

18 Indi daýhan baradaky mysalyň manysyny düşündireýin*+. 19 Patyşalyk baradaky habary eşitse-de, düşünmeýän adamyň ýanyna Şeýtan*+ gelip, ýüreginde ekilen tohumy sogrup alýar. Ol ýoluň gyrasyna düşen tohumdyr+. 20 Patyşalyk baradaky habary eşidip, şatlyk bilen kabul edýän adam daşlyk topraga düşen tohumdyr+. 21 Emma ol biraz össe-de, ýüreginde kök urmaýar. Hoş habar sebäpli kynçylyk görse ýa-da yzarlansa, şol bada imany gowşaýar. 22 Ýandaklaryň arasyna düşen tohum Patyşalyk baradaky habary eşitse-de, durmuşyň* gaýgy-aladasyna basylýan+ we baýlygyň* yşkyna düşýän adamdyr. Şol zatlar adamy bogýar, indi ol hasyl bermeýär+. 23 Patyşalyk baradaky habary eşidip, manysyna düşünýän adam mes topraga düşen tohumdyr. Şeýle tohumlar ösüp, käbiri 100, käbiri 60, käbiri 30 esse hasyl berýär»+.

24 Isa ýene bir mysal getirdi: «Gökdäki Patyşalygy melleginde gowy tohum eken daýhana meňzetse bolýar. 25 Adamlar ýatyrka, duşman gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär. 26 Bugdaý ösüp baş çykardy, haşal otlar hem ösüp başlady. 27 Hyzmatkärler hojaýynyň ýanyna gelip: „Agam, mellegiňde gowy tohum ekipdiň welin, näme üçin haşal ot gögerdikä?“ diýip soradylar. 28 Ol: „Duşman ekendir“+ diýip jogap berdi. Hyzmatkärler hem: „Baryp, olary sogrup taşlalymy?“ diýdiler. 29 Ol şeýle diýdi: „Ýok, degmäň, haşal otlary aýyrjak bolup, bugdaýlary-da sograýmaň. 30 Goý, hasyl ýygymyna çenli ikisi-de bile össün. Şonda men orakçylara: „Başda haşal otlary sogrup, ýakmak üçin desseläp goýuň. Soňra bugdaýlary ammaryma üýşüriň“ diýerin“»+.

31 Isa ýene bir mysal getirdi: «Gökdäki Patyşalyk gorçisa dänesi ýalydyr. Daýhan dänäni mellegine ekýär+. 32 Ol iň kiçi tohum bolsa-da, ösüp, uly agaç bolýar, guşlar hem gelip, şahalarynda höwürtge ýasaýar».

33 Isa olara başga bir mysal getirdi: «Gökdäki Patyşalyk hamyrmaýa ýalydyr. Bir aýal üç kersen una hamyrmaýa goşup, tutuş hamyry turşadýar»+.

34 Isa märekä ähli zady mysal arkaly gürrüň berdi. Ol hemişe mysal getirip öwredýärdi+. 35 Şeýdip, pygamberiň: «Men mysallar bilen öwrederin, öňden* bäri gizlin ýatan zatlary açaryn»+ diýen sözleri ýerine ýetdi.

36 Isa märekäni ugradyp, öýüne gaýtdy. Şägirtleri ýanyna gelip: «Haşal ot baradaky mysaly düşündiräý» diýdiler. 37 Isa şeýle diýdi: «Gowy tohum eken daýhan — Ynsan ogly; 38 mellek — dünýä+. Gowy tohum — Patyşalygyň ogullary, haşal ot — Şeýtanyň* ogullary+; 39 tohumy eken duşman — Şeýtan*. Hasyl döwri — dünýäniň* soňy, orakçylar — perişdeler. 40 Haşal otuň sogrulyp, oda taşlanylyşy ýaly, dünýäniň* soňunda-da şeýle bolar+. 41 Ynsan ogly perişdelerini iberip, Patyşalygynda adamlaryň günä etmegine* sebäp bolýan ähli zady we kanuny bozýan adamlary üýşürer. 42 Olary ýanyp duran peje taşlarlar+. Ol ýerde gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjarlar. 43 Şonda dogruçyl adamlar Atasynyň Patyşalygynda Gün kimin parlarlar+. Goý, gulagy bar adam eşitsin!

44 Gökdäki Patyşalyk gizlin ýatan hazyna kimindir. Bir adam ony tapyp, ýene-de gizläp goýýar. Begenjine ähli zadyny satyp, şol mellegi satyn alýar+.

45 Gökdäki Patyşalyk gymmatbaha merjen monjuklary* gözleýän söwdagär kimindir. 46 Ol gymmatbaha merjeni tapyp, gidýär-de, bar zadyny satyp, ony satyn alýar+.

47 Gökdäki Patyşalyk deňze taşlanan we her dürli balyk düşen tor ýalydyr. 48 Tor balykdan dolanda, balykçylar ony kenara çykarýarlar. Soňra oturyp, gowy balyklary+ bir sebede ýygnaýarlar, erbetlerini+ bolsa zyňýarlar. 49 Dünýäniň* soňunda-da şeýle bolar. Perişdeler gelip, dogruçyl adamlaryň arasyndan erbetleri saýlarlar. 50 Olary ýanyp duran peje taşlarlar. Ol ýerde gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjarlar».

51 Isa şägirtlerinden: «Aýdanlaryma düşündiňizmi?» diýip sorady. Olar: «Hawa!» diýdiler. 52 Isa olara: «Gökdäki Patyşalyk barada öwrenýän mugallym hazynasyndan hem täze, hem köne zatlary çykarýan öý eýesi ýalydyr» diýdi.

53 Isa mysallary gürrüň berip bolansoň, başga ýere gitdi. 54 Soňra Isa ýaşaýan şäherine baryp+, adamlara sinagogada öwredip başlady. Adamlar haýran galyp: «Oňa beýle akyldarlygy we gudratlary görkezmäge güýji kim berdikä?+ 55 Ol agaç ussasynyň ogly dälmi?+ Ejesi Merýem, doganlary Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dälmi?+ 56 Gyz jigileri hem biziň şäherimizde ýaşamaýarmy? Beýle ygtyýary oňa kim berdikä?»+ diýişdiler. 57 Şeýlelikde, ildeşleri oňa iman etmediler*+. Şonuň üçin Isa: «Dogduk mekanynda we öýünde pygamberiň gadyry bilinmez»+ diýdi. 58 Ildeşleriniň ynanmaýandygy üçin, Isa köp gudrat görkezmedi.

14 Şol wagtlar Jelile welaýatynyň häkimi* Hirodesdi. Ol hem Isa hakda eşitdi+. 2 Hirodes hyzmatkärlerine: «Ol suwa çümdürýän Ýahýa bolmaly. Ýahýa direlipdir, şonuň üçin şeýle gudratlar edip bilýär»+ diýdi. 3 Hirodes* aýaly Hirodiýa sebäpli Ýahýany tussag edipdi we zynjyra baglap, türmä basypdy. Hirodiýa öň Hirodesiň dogany Filipusyň aýalydy+. 4 Ýahýa Hirodese: «Sen Hirodiýa öýlenip, kanuny bozýarsyň»+ diýerdi. 5 Hirodes ony öldürmek isleýärdi, ýöne halkdan çekinýärdi, sebäbi Ýahýany pygamber hasaplaýardylar+. 6 Bir gezek Hirodesiň doglan gününde+ Hirodiýanyň gyzy myhmanlaryň öňünde tans edip, Hirodesiň göwnünden turdy+. 7 Şonda Hirodes gyza islän zadyňy bererin diýip ant içdi. 8 Gyz bolsa ejesiniň gepine gidip: «Suwa çümdürýän Ýahýanyň kellesini tabakda getirip ber»+ diýdi. 9 Patyşa gynansa-da, myhmanlaryň öňünde beren sözünde durjak bolup, Ýahýanyň kellesini kesip, gyza bermegi buýurdy. 10 Ol türmä adam iberip, Ýahýanyň kellesini kesdirdi. 11 Ýahýanyň kellesini tabaga salyp, gyza getirip berdiler. Gyz hem ony ejesine eltip berdi. 12 Biraz wagtdan Ýahýanyň şägirtleri gelip, jesedini alyp gitdiler. Olar Ýahýany jaýlap, bolan zatlary Isa gürrüň berdiler. 13 Şonda Isa gaýyga münüp, bir çola ýere gitdi. Muny bilip, dürli şäherlerden adamlar Isanyň yzyndan gitdiler+.

14 Isa kenara çykyp, uly märekäni görende, olara haýpy gelip+, syrkawlary sagaltdy+. 15 Agşam düşende, şägirtleri: «Bäri çola, wagtam giç boldy. Goý, märeke obalara gidip, iýere zat satyn alsyn»+ diýdiler. 16 Emma Isa: «Olara gitmegiň geregi ýok. Iýere zady siz beriň» diýdi. 17 Şägirtleri bolsa: «Bizde bäş çörek bilen iki balykdan başga zat ýok» diýdiler. 18 Isa: «Çörekleri we balyklary getiriň» diýdi. 19 Isa märekäni otuň üstünde oturtdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy aldy-da, göge bakyp doga etdi*+. Soňra çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary märekä paýlady. 20 Adamlar iýip doýdular. Galan çörekleri ýygnadylar welin, 12 sebet doldy+. 21 Aýallary we çagalary hasaba almasaň, iýenleriň sany 5 000 adam töweregidi+. 22 Soňra Isa şägirtlerine derrew gaýyga münüp, beýleki kenara geçmegi tabşyrdy. Özi bolsa galyp, märekäni ugratdy+.

23 Isa märekäni ugradyp, ýekelikde doga etmek üçin daga çykdy+. Ol garaňky düşýänçä ýeke özi boldy. 24 Onýança gaýyk kenardan ýüzlerçe metr uzaklaşdy. Ýel gaýyga garşy öwüsýärdi, şol sebäpli küreklemek kyndy. 25 Gijäniň dördünji nobatynda* Isa suwuň ýüzünden ýöräp, şägirtleriniň ýanyna gitdi. 26 Olar suwuň ýüzünden biriniň ýöräp gelýänini görüp, gorkudan ýaňa: «Bu ne alamat!» diýip gygyryşdylar. 27 Şonda Isa: «Gorkmaň! Bu men, batyr boluň!»+ diýdi. 28 Petrus: «Halypam, dogrudanam, sen bolsaň, suwuň ýüzünden ýöräp, ýanyňa barmaga rugsat ber» diýdi. 29 Isa-da: «Gel!» diýdi. Petrus gaýykdan düşdi-de, suwuň ýüzünden ýöräp, Isa tarap gitdi. 30 Emma Petrus güýçli tolkunlara seredip gorkdy. Ol gark bolup başlanda: «Halypam, meni halas et!» diýip gygyrdy. 31 Isa derrew elini uzadyp tutdy-da: «Eý imany az adam, näme üçin şübhelendiň?»+ diýdi. 32 Olar gaýyga münen badyna, ýel ýatdy. 33 Şonda şägirtleri tagzym edip: «Dogrudan-da, sen Hudaýyň Ogly» diýişdiler. 34 Soňra olar deňziň beýleki tarapyna geçip, Genesarete bardylar+.

35 Adamlar Isany tanap, daş-töwerekdäki obalara we şäherlere habar berdiler. Olar hem ähli syrkawlary ýanyna getirdiler. 36 Olar Isanyň donunyň etegine elini degirmäge rugsat sorap ýalbardylar+. Elini degrenleriň hemmesi doly sagalýardy.

15 Isanyň ýanyna Iýerusalimden fariseýler we kanunçylar+ gelip: 2 «Şägirtleriň näme üçin ata-babalaryň däp-dessuryny berjaý etmeýärler? Meselem, olar nahardan öň ellerini ýuwmaýarlar*»+ diýdiler.

3 Isa olara şeýle diýdi: «Siz däp-dessurlaryňyz sebäpli Hudaýyň tabşyrygyny näme üçin bozýarsyňyz?+ 4 Meselem, Hudaý „Ene-ataňa hormat goý“+ we „Ene-atasyna sögen* adam öldürilsin“+ diýdi. 5 Siz bolsa: „Kim ene-atasyna: „Size kömek ederdim welin, bar zadymy Hudaýa bagyş etdim“+ diýen adam 6 atasyna kömek etmeli däl“ diýýäňiz. Şeýdip, siz däp-dessurlaryňyzy wajyp hasaplap, Hudaýyň sözüne eýermeýäňiz+. 7 Eý ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda dogry aýdypdyr+: 8 „Halk maňa diňe dilinde sarpa goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr. 9 Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler“»+. 10 Soňra Isa adamlary ýanyna çagyryp: «Sözlerimi ünsli diňläp, düşünjek boluň+: 11 adamy iýýän zady haram etmeýär, agzyndan çykýan sözi haram edýär»+ diýdi.

12 Şägirtler Isanyň ýanyna baryp: «Bilýäňmi, fariseýler aýdan sözleriňi gaty gördüler*»+ diýdiler. 13 Isa: «Gökdäki Atamyň ekmedik agajy köki bilen sogrulyp taşlanar. 14 Olara üns bermäň, olar kör ýolbaşçylardyr. Eger kör köri idip ýol görkezse, ikisi-de çukura gaçar»+ diýdi. 15 Petrus oňa: «Bize mysalyň manysyny düşündir» diýdi. 16 Isa: «Siz henizem düşünmediňizmi?+ 17 Adamyň iýen zady garnyna baryp, soňra täret edende çykýanyny bilmeýäňizmi? 18 Emma adamyň agzyndan çykýan söz, aslynda, ýüreginden çykýar, adamy şol haram edýär+. 19 Meselem, erbet pikirler, adam öldürmek, zyna etmek, ahlaksyzlyk*, ogurlyk, ýalan sözler we gargyşlar adamyň ýüreginden çykýar+. 20 Şular adamy haram edýär, ýöne eliňi ýuwman nahar iýmek haram etmeýär» diýdi.

21 Isa ol ýerden gaýdyp, Tir bilen Sidona gitdi+. 22 Şol ýerde ýaşaýan finikiýaly aýal gelip: «Agam, Dawut Ogly, rehim et! Gyzyma jyn girip, köp azar berýär»+ diýip ýalbardy. 23 Isa aýala hiç zat diýmedi. Şonda şägirtleri: «Oňa git diýäý, ýogsam yzymyzdan galman gygyryp gelýär» diýdiler. 24 Isa: «Hudaý meni diňe Ysraýylyň ýiten goýunlaryna kömek etmek üçin iberdi»+ diýdi. 25 Aýal Isa tagzym edip: «Agam, kömek et!» diýdi. 26 Isa oňa: «Çagalaryň çöregini agzyndan alyp, güjüklere bermek dogry däl ahyryn!» diýdi. 27 Şonda aýal: «Dogry aýdýaň, agam! Ýöne güjükler hem hojaýynyň saçagyndan gaçan owuntyklary iýýär ahyryn»+ diýdi. 28 Isa oňa: «Seniň imanyň güýçli ekeni. Goý, seniň isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Onuň gyzy şol bada sagaldy.

29 Isa ol ýerden gaýdyp, Jelile deňziniň golaýyna geldi+, soňra dagyň etegine baryp oturdy. 30 Şonda uly märeke Isanyň ýanyna ýygnandy. Olar agsaklary, maýyplary, körleri, lallary we başga-da ençeme syrkaw adamlary getirdiler. Isa-da hemmesini sagaltdy+. 31 Märeke lallaryň gepleýändigine, maýyplaryň sagalandygyna, körleriň görýändigine, agsaklaryň ýöreýändigine haýran galyp, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyrdy+.

32 Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Märeke üç günden bäri ýanymdan aýrylanok. Olara ýüregim awaýar+, iýere zatlary ýok. Olary aç goýberesim gelenok, sebäbi ýolda ysgyndan gaçarlar»+ diýdi. 33 Şägirtleri bolsa: «Uly märekäni doýurmak üçin çola ýerde çöregi nireden tapaly?»+ diýdiler. 34 Isa olardan: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi çörek bilen birnäçe kiçi balygymyz bar» diýdiler. 35 Şonda Isa märekäni ýerde oturtdy. 36 Soňra ýedi çörek bilen balygy alyp, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtler bolsa märekä paýladylar+. 37 Hemmeler iýip doýandan soň, galan bölekleri ýygnadylar. Şonda ýedi uly sebet doldy+. 38 Aýallary we çagalary hasaba almanyňda, iýenleriň sany 4 000 adamdy. 39 Isa märekäni ugradansoň, gaýyga münüp, Magadana gitdi+.

16 Soňra fariseýler bilen saddukeýler gelip, Isany synamak üçin gökden bir alamat görkezmegi soradylar+. 2 Isa: «Gün ýaşanda siz: „Howa gowy bolar, sebäbi asmanyň ýüzi gyp-gyzyl“ diýýärsiňiz. 3 Irden bolsa: „Şu gün howa sowuk we ýagyşly bolar, sebäbi asmanyň ýüzi gyp-gyzyl bolsa-da, bulutly“ diýýärsiňiz. Siz asmana seredip, howanyň nähili boljagyny bilýärsiňiz, emma şu günki bolýan wakalaryň manysyna düşünmeýärsiňiz. 4 Zalym we biwepa* nesil hemişe alamat isleýär, ýöne olar Ýunus pygamberiňkiden başga alamat görmez»+ diýdi. Soňra Isa olaryň ýanyndan gitdi.

5 Şägirtler deňziň beýleki kenaryna geçdiler, ýöne çörek almagy ýatdan çykarypdylar+. 6 Isa: «Hüşgär boluň, fariseýleriň we saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň»+ diýdi. 7 Şägirtler öz arasynda: «Çörek almandygymyz üçin aýdýarmyka?» diýişdiler. 8 Isa muny bilip: «Eý imany azlar, siz näme üçin çörek almadyk diýişýärsiňiz? 9 Siz henizem düşünmediňizmi? Eýsem bäş çörek bilen 5 000 adamyň doýandygyny, soňra näçe sebet çörek galandygyny unutdyňyzmy?+ 10 Onsoňam, ýedi çörek bilen 4 000 adam doýupdy. Şonda näçe uly sebet çörek galandygyny ýatdan çykardyňyzmy?+ 11 Size çörek hakda aýtmandygyma düşünmediňizmi? Siz fariseýleriň we saddukeýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň»+ diýdi. 12 Şonda şägirtler hamyrmaýadan däl-de, fariseýleriň we saddukeýleriň taglymatyndan ägä bolmalydygyna düşündiler.

13 Isa Kaýsariýa-Filipä baranda, şägirtlerinden: «Adamlar Ynsan ogluna kim diýýärler?»+ diýip sorady. 14 Olar şeýle diýdiler: «Käbiri suwa çümdürýän Ýahýa+, käbiri bolsa Ylýas+, başgalary Ýermeýa ýa-da pygamberleriň biridir diýýärler». 15 Isa olardan: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. 16 Şonda Simun Petrus: «Sen Biribaryň Ogly+, Mesih!»+ diýip jogap berdi. 17 Isa oňa: «Ýunus ogly Simun, sen bagtlysyň! Sebäbi muny saňa ynsan däl-de, gökdäki Atam açdy+. 18 Men saňa diýýärin: sen Petrus+. Men ýygnagymy şu gaýanyň+ üstünde guraryn, mazaryň* derwezeleri ony ýeňip bilmez. 19 Men saňa gökdäki Patyşalygyň açarlaryny bererin. Sen gökde baglanan zady ýer ýüzünde baglarsyň, gökde çözülen zady ýer ýüzünde çözersiň» diýdi. 20 Soňra Isa şägirtlerine özüniň Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy+.

21 Şondan soň Isa şägirtlerine özüniň Iýerusalime gidip, halkyň ýaşulularynyň, uly ruhanylaryň we kanunçylaryň elinden köp ejir çekmelidigini, soňra öldürilip, üçünji güni direldiljekdigini düşündirip başlady+. 22 Şonda Petrus Isany bir gyra çekip: «Halypam, özüňe haýpyň gelsin! Beýle zat bolmasyn»+ diýip garşy çykdy. 23 Isa arkasyna öwrülip, Petrusa: «Çekil öňümden, Şeýtan! Sen Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge päsgel berýärsiň*. Sen Hudaýyň isleýşi ýaly däl-de, adamlar ýaly pikirlenýärsiň»+ diýdi.

24 Isa şägirtlerine: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni* alyp, hemişe yzyma düşsün+. 25 Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony halas eder+. 26 Adam dünýäniň bar mal-mülküni edinse-de, janyny ýitirse näme peýdasy bar?+ Ýa-da adam janyna derek näme berip biler?+ 27 Ynsan ogly perişdeleri bilen Atasynyň şöhratynda geler-de, adamlary höküm eder. Ol erbet iş edýänlere jeza berer, ýagşy iş edýänleri sylaglar+. 28 Size hakykaty aýdýaryn, şu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan oglunyň Patyşa bolup gelşini görmän ölmez»+ diýdi.

17 Alty günden Isa Petrusy, Ýakup bilen dogany Ýahýany ýanyna alyp, bir beýik daga çykdy+. 2 Şonda olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi üýtgedi, ýüzi Gün ýaly şöhle saçýardy, egin-eşigi bolsa göwher daşy kimin öwşün atýardy*+. 3 Şägirtler Isanyň Musa we Ylýas bilen gepleşip durandygyny gördüler. 4 Şonda Petrus Isa ýüzlenip: «Halypam, bäri gowy ekeni. Eger isleseň, üç çadyr guraýyn: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi. 5 Petrus heniz gepläp durka, olaryň daşyny ak bulut gurşady. Bulutdan: «Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi. 6 Şägirtler sesi eşidip, gorkudan ýaňa ýere ýüzin ýykyldylar. 7 Isa olaryň ýanyna gelip, elini degirdi-de: «Turuň, gorkmaň!» diýdi. 8 Olar başyny galdyrsa, Isadan başga hiç kim ýok eken. 9 Isa şägirtleri bilen dagdan düşüp gelýärkä: «Ynsan ogly ölümden direlýänçä, gören görnüşiňizi* hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy+.

10 Şägirtler Isadan: «Kanunçylar näme üçin ilki Ylýas pygamber gelmeli diýýärler?»+ diýip soradylar. 11 Ol şeýle jogap berdi: «Dogrudan-da, ilki Ylýas gelip, ähli zatlary düzetmelidi+. 12 Emma men size diýýärin, Ylýas eýýäm geldi, ýöne ony tanamadylar. Olar Ylýasa islänini etdiler+. Ynsan ogly-da olaryň elinden görgi görer»+. 13 Şonda şägirtler Isanyň suwa çümdürýän Ýahýa barada aýdýandygyna düşündiler.

14 Olar märekäniň ýanyna gelenlerinde+, bir adam Isanyň öňünde dyza çöküp: 15 «Agam, ogluma rehim et! Ol garaguş keselinden ejir çekýär, ýagdaýy agyr. Ol özüni oda-suwa urýar+. 16 Oglumy şägirtleriň ýanyna eltdim, ýöne sagaldyp bilmediler» diýdi. 17 Isa: «Eý imansyz we azgyn nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Oglany ýanyma getiriň» diýdi. 18 Isa jyna käýedi welin, ol oglandan çykyp gitdi. Oglan şol bada sagaldy+. 19 Şägirtler Isanyň ýanyna ýeke özleri gelip: «Biz jyny näme üçin çykaryp bilmedik?» diýip soradylar. 20 Ol: «Siziň imanyňyz az. Size hakykaty aýdýaryn, eger gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu daga: „Bärden başga ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Siziň başarmajak zadyňyz bolmaz»+ diýdi. 21 *——

22 Jelilä gelenlerinde, Isa şägirtlerine: «Ynsan ogly duşmanlaryň eline berler+. 23 Duşmanlar ony öldürer, emma ol üçünji güni direler»+ diýdi. Şägirtleri muny eşidip, örän gynandylar.

24 Olar Kapernawuma gelenlerinde, salgytçylar Petrusa: «Mugallymyň iki teňňe* salgyt tölärmi?» diýdiler+. 25 Ol: «Hawa, tölär» diýdi. Emma Petrus öýe giren badyna, Isa: «Simun, seniň pikiriňçe, patyşalar salgydy ýa-da gümrügi kimden alýarlar? Ogullaryndanmy ýa-da başga adamlardan?» diýip sorady. 26 Ol: «Başga adamlardan» diýende, Isa şeýle diýdi: «Dogry, diýmek, ogullar salgyt tölemeýär. 27 Ýöne dawa turmaz ýaly+, deňze bar-da, çeňňek taşla. Birinji tutan balygyň agzyny açsaň, kümüş teňňe* bardyr. Teňňäni alyp, özüňe-de, maňa-da salgyt töle».

18 Şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Gökdäki Patyşalykda iň uly kim bolar?»+ diýip soradylar. 2 Isa bir çagany çagyrdy-da, ony şägirtleriniň öňünde durzup, şeýle diýdi: 3 «Size hakykaty aýdýaryn, eger garaýşyňyzy we häsiýetiňizi üýtgedip, çaga ýaly bolmasaňyz+, gökdäki Patyşalyga asla girmersiňiz+. 4 Kim şu çaga ýaly pesgöwünli bolsa, gökdäki Patyşalykda iň uly bolar+. 5 Meniň hatyrama çaga ýaly pesgöwünli adamy kabul eden meni-de kabul edýändir. 6 Emma kim maňa iman edýän pesgöwünli adamlardan biriniň imanyny gowşatsa*, onda boýnuna degirmen daşyny asyp, deňizde gark bolany has gowy bolardy+.

7 Eý adamzat, waý günüňize! Sebäbi siz adamlaryň imanyny gowşadýarsyňyz*. Adamlaryň imanyny gowşatjak* tapylar, ýöne olaryň öz başyna betbagtçylyk iner. 8 Eger eliň ýa-da aýagyň günä etdirýän* bolsa, kesip taşla+. Iki eliň ýa-da iki aýagyň bolubam ebedi oda taşlananyňdan, elsiz ýa-da aýaksyz ýaşaýşa gowşanyň gowudyr+. 9 Eger gözüň günä etdirýän* bolsa, gözüňi oýup taşla. Iki gözli bolup Jähennem* oduna taşlananyňdan, bir gözüň bilen ýaşaýşa gowşanyň gowudyr+. 10 Pesgöwünli adamlary kemsitmäň. Size diýýärin, olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýändirler+. 11 *——

12 Siz nähili pikir edýärsiňiz, eger bir adamyň 100 goýny bolup, biri ýitse+, 99 goýnuny dagda goýup, ýitenini gözlemäge gitmezmi?+ 13 Men size diýýärin, eger goýnuny tapsa, onda beýleki 99 goýnuna däl-de, tapan goýnuna has köp begener. 14 Gökdäki Atam* hem pesgöwünli adamlaryň hiç biriniň heläk bolmagyny islemeýär+.

15 Eger doganyň saňa garşy günä etse, ikiçäk gepleşip, eden günäsini aýt+. Seni diňlese, dogry ýola dolanmaga kömek edersiň+. 16 Eger diňlemese, ýanyňa bir ýa-da iki şaýat alyp bar, sebäbi her bir mesele iki ýa üç şaýadyň sözi bilen tassyklanýandyr+. 17 Eger olary-da diňlemese, ýygnaga aýt. Eger ýygnagy-da diňlemese, ol seniň üçin keseki+ ýa-da salgytçy adam+ ýaly bolsun.

18 Size hakykaty aýdýaryn, siz gökde baglanan zady ýer ýüzünde baglarsyňyz, gökde çözülen zady ýer ýüzünde çözersiňiz. 19 Size diýýärin, eger iki adam ylalaşyp, wajyp zady dilese, gökdäki Atam amala aşyrar+. 20 Iki ýa-da üç adam meniň adym üçin bir ýerde ýygnanyşsa+, men olaryň ýanynda bolaryn».

21 Petrus Isanyň ýanyna gelip: «Halypam, maňa garşy günä eden doganymy näçe gezek bagyşlamaly? Ýedi gezekmi?» diýip sorady. 22 Isa oňa şeýle diýdi: «Saňa diýýärin, ýedi gezek däl, 77 gezek bagyşlamaly+.

23 Gökdäki Patyşalygy hyzmatkärlerinden algysyny ýygnaýan patyşa meňzetse bolýar. 24 Ol algysyny ýygnap başlanda, nökerleri 10 000 batman* bergili hyzmatkäri ýanyna getirýärler. 25 Hyzmatkäriň tölemäge hiç zady bolmansoň, patyşa onuň özüni, aýalyny, çagalaryny we bar zadyny satmagy buýurýar+. 26 Şonda hyzmatkär dyza çöküp: „Hojaýyn, ýene biraz garaş, ähli bergimi bererin“ diýip ýalbarýar. 27 Patyşanyň rehimi inip, bar bergisini geçýär+. 28 Emma hyzmatkär patyşanyň ýanyndan gaýdan badyna, özüne 100 teňňe* bergili hyzmatkäri tapýar-da: „Bergiňi ber“ diýip, bogup başlaýar. 29 Hyzmatkär dyza çöküp: „Biraz garaş, bergimi bererin“ diýip ýalbarýar. 30 Ýöne ol diňlemän, hyzmatkäri türmä basdyrýar, bergisini berýänçä türmede sakladýar. 31 Beýleki hyzmatkärler muny görüp, örän gynanýarlar. Olar patyşa ähli zady gürrüň berýärler. 32 Patyşa ony ýanyna çagyryp: „Eý zalym hyzmatkär, maňa ýalbaranyňda ähli bergiňi geçmedimmi? 33 Saňa rehim edişim ýaly, senem özüň ýaly hyzmatkäre rehim etmeli däldiňmi?“+ diýdi. 34 Patyşanyň gahary gelip, ony garawullara tabşyrýar. Olar hyzmatkäri türmä basyp, bergisini berýänçä saklaýarlar. 35 Eger siz doganyňyzy ýürekden bagyşlamasaňyz+, gökdäki Atam hem sizi bagyşlamaz»+.

19 Isa sözüni tamamlap, Jelileden gaýtdy. Soňra Iordandan geçip, Ýahudanyň çäklerine bardy+. 2 Onuň yzyna uly märeke düşdi, Isa hem olary sagaltdy.

3 Fariseýler Isany synajak bolup: «Erkek adam aýaly bilen islendik zat üçin aýrylyşsa bolýarmy?»+ diýip soradylar. 4 Isa olara: «Hudaýyň ilkibaşda erkegi we aýaly ýaradandygyny okamadyňyzmy?+ 5 Ýa-da onuň: „Erkek adam ene-atasyny goýup, aýaly bilen biriger we ikisi bir beden bolar“+ diýenini okamadyňyzmy? 6 Olar iki däl, bir beden. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny* ynsan aýyrmasyn»+ diýdi. 7 Olar: «Onda näme üçin Musa aýalyňa talak hatyny berip, aýrylyşmaga rugsat berdi?»+ diýip soradylar. 8 Isa olara: «Doňýürek bolanyňyz üçin Musa aýalyňyz bilen aýrylyşmaga rugsat berdi+. Emma Hudaý ilkinji erkek bilen aýaly ýaradanda beýle däldi+. 9 Şonuň üçin size diýýärin, biri zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna* edýändir»+ diýdi.

10 Şägirtleri: «Eger är-aýalyň ýagdaýy şeýle bolsa, onda öýlenmäniň gowudyr» diýdiler. 11 Isa olara: «Muny hemmeler başarmaz, diňe Hudaýyň kömek edýän adamlary başarar+. 12 Käbiri dogabitdi agta* bolýar, başgalary bolsa adamlar agta edýär, emma käbiri özüni gökdäki Patyşalyk üçin agta edýär. Ýöne kim öýlenmek islemese, öýlenmesin»+ diýdi.

13 Adamlar Isanyň ýanyna çagalaryny getirip, olara elini goýmagy we çagalary üçin doga etmegi haýyş etjek boldular, emma şägirtleri olara käýedi+. 14 Isa bolsa: «Çagalary saklamaň, goý, ýanyma gelsinler. Gökdäki Patyşalyk çagalar ýaly adamlaryňkydyr»+ diýdi. 15 Isa olara elini goýup, ak pata berdi, soňra başga ýere gitdi.

16 Soňra Isanyň ýanyna bir ýigit gelip: «Mugallym, ebedi ýaşamak üçin men näme ýagşylyk etmeli?»+ diýip sorady. 17 Isa: «Menden: „Näme ýagşylyk etmeli?“ diýip näme üçin soraýarsyň? Nämäniň ýagşydygyny Hudaý aýdypdy*+. Ebedi ýaşamak isleseň, tabşyryklaryny berjaý et»+ diýip jogap berdi. 18 Ol: «Haýsy tabşyryklary?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme+, zyna etme+, ogurlyk etme+, ýalan şaýatlyk etme+, 19 ene-ataňa hormat goý+ we ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý»+ diýdi. 20 Ýigit bolsa: «Men olaryň ählisini berjaý edýärin. Men ýene näme etmeli?» diýip sorady. 21 Isa: «Eger kämil bolaýyn diýseň*, ähli zadyňy sat-da, garyplara paýla. Şonda gökde baýlygyň bolar+. Soňra gel-de, meniň şägirdim bol»+ diýdi. 22 Ýigit muny eşidende, tukat bolup öýüne gaýtdy, sebäbi mal-mülki köpdi+. 23 Isa şägirtlerine: «Size hakykaty aýdýaryn, baý adama gökdäki Patyşalyga girmek kyn bolar+. 24 Düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr»+ diýdi.

25 Şägirtler muny eşidip, geň galdylar-da: «Onda kim halas bolar?»+ diýip soradylar. 26 Isa olaryň gözlerine seredip: «Adamlar muny başarmaz, ýöne Hudaý ähli zady başarýar»+ diýdi.

27 Şonda Petrus: «Biz ähli zadymyzy goýup, yzyňa düşdük. Munuň üçin bize näme berler?»+ diýip sorady. 28 Isa: «Size hakykaty aýdýaryn, Alla ähli zady täzeden dikeldende*, Ynsan ogly şöhratly tagtynda oturar. Şonda siz hem tagtda oturyp, Ysraýylyň 12 taýpasyna kazylyk edersiňiz+. 29 Meniň adym üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da melleklerini taşlan adam 100 esse köp zady we ebedi ýaşaýşy miras alar+.

30 Emma ilkinjileriň köpüsi soňky, soňkular bolsa ilkinji bolar»+ diýdi.

20 «Gökdäki Patyşalygy üzümçiligiň eýesine meňzetse bolar. Ol ir bilen hakyna işgär tutmaga çykýar+. 2 Ol işgärlere gününe bir teňňe* tölejekdigini aýdýar, soňra olary üzümçiligine iberýär. 3 Ol irden dokuzlarda* bazara baranda, başga-da işsiz oturan adamlary görýär. 4 Ol: „Sizem üzümçiligimde işläň, hakyňyzy tölärin“ diýýär. 5 Olar hem işlemäge gidýärler. Üzümçiligiň eýesi günortan on ikilerde* we öýlän üçlerde* hem şeýle edýär. 6 Ol öýlän bäşlerde* bazara baranda, ýene-de işsiz oturan adamlary görüp: „Siz näme üçin uzakly gün işsiz otyrsyňyz?“ diýip soraýar. 7 Olar: „Bizi hiç kim işe çagyrmady“ diýip jogap berýärler. Ol: „Sizem gidip, üzümçiligimde işläň“ diýýär.

8 Agşam üzümçiligiň eýesi iş dolandyryja: „Işgärleri çagyr, soňky gelenlerden başlap, ilkinji gelenleriň ählisine iş hakyny ber“+ diýýär. 9 Öýlän bäşlerde* işläp başlanlaryň hersine bir teňňe* berilýär. 10 Şonda irden işe başlanlar has köpräk alarys öýdýärler. Ýöne olara-da bir teňňeden* berilýär. 11 Olar iş hakyny alanda, üzümçiligiň eýesinden nägile bolup: 12 „Soňky gelenler bir sagat işlediler, biz bolsa ertirden agşama çenli jokrama yssyda işledik. Bize olar bilen deň hak töleýäňmi?“ diýýärler. 13 Üzümçiligiň eýesi olaryň birine: „Dostum, men adalatsyzlyk etmedim. Biz bir teňňä* gepleşdik, senem razy bolduň+. 14 Hakyňy al-da, gidiber. Men bir sagat işlänlere-de saňa tölänimi tölejek. 15 Pulumy islänime bermäge hakym ýokmy? Ýa-da olara ýagşylyk* edýänime göriplik edýäňmi?“+ diýdi. 16 Şeýlelikde, soňkular ilkinji bolar, ilkinjiler bolsa soňky bolar»+.

17 Iýerusalime barýarkalar, Isa 12 şägirdini bir gyra çekip+: 18 «Biz Iýerusalime barýarys. Ynsan ogly uly ruhanylaryň we kanunçylaryň eline berler. Olar Ynsan ogluny ölüme höküm ederler+ 19 we başga milletlilere tabşyrarlar. Onuň üstünden gülerler, gamçylarlar we pürse çüýlärler+, ýöne üçünji güni direler»+ diýdi.

20 Zebedeýiň+ aýaly iki ogly bilen Isanyň ýanyna gelip, tagzym etdi-de, bir zat haýyş etmekçi boldy+. 21 Isa aýaldan: «Näme haýyşyň bar?» diýip sorady. Ol: «Patyşalygyňda iki oglumy ýanyňda oturt, birini sag tarapyňda, beýlekisini çep tarapyňda»+ diýip jogap berdi. 22 Isa onuň ogullaryna: «Siz näme soraýanyňyzy bilmeýärsiňiz. Meniň içýän käsämden içip bilersiňizmi?»+ diýdi. Olar: «Hawa» diýdiler. 23 Isa olara: «Siz meniň käsämden içersiňiz+. Ýöne sag ýa-da çep tarapymda kimiň oturjagyny men däl, Atam çözýär»+ diýdi.

24 Beýleki on şägirt muny eşidip, iki dogana gaharlandylar+. 25 Isa şägirtlerini çagyryp: «Siz baştutanlaryň we uly wezipeli adamlaryň halkyň üstünden agalyk edýändigini bilýänsiňiz+. 26 Emma siz beýle etmeli däl+. Araňyzda uly bolmak isleýän beýlekilere hyzmat etmeli+. 27 Araňyzda uly wezipäni eýelemek isleýän beýlekileriň guly bolmaly+. 28 Ynsan ogly-da özüne hyzmat etdirmek üçin däl, hyzmat etmek+ we köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi»+ diýdi.

29 Isa şägirtleri bilen Ýerihondan çykyp barýarka, uly märeke yzyna düşdi. 30 Ýoluň ugrunda oturan iki kör adam Isanyň geçip barýandygyny eşidip: «Agam, Dawut Ogly, bize rehim et!»+ diýip gygyrdy. 31 Märeke olara käýäp, dymyp oturmagy tabşyrdy, ýöne olar: «Agam, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip, öňküdenem beter gygyrdylar. 32 Isa aýak çekip, olary çagyrdy-da: «Size näme kömek edeýin?» diýip sorady. 33 Olar: «Agam, gözlerimizi açaý!» diýdiler. 34 Isanyň haýpy gelip, olaryň gözlerine elini degrende+, şol bada gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşdüler.

21 Olar Iýerusalimiň golaýyndaky Beýtfagiýa baryp ýetdiler. Ol Zeýtun dagynda ýerleşýärdi. Isa iki şägirdini ýollap+: 2 «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran eşegi we taýhary görersiňiz. Olary çözüp alyp gaýdyň. 3 Biri bir zat diýse: „Olar Halypamyza gerek“ diýiň. Şonda olary size bererler» diýdi.

4 Şeýlelikde, pygamberiň sözleri ýerine ýetdi: 5 «Sion gyzyna aýdyň: „Ine, patyşaň gelýär!+ Ol pesgöwünlidir*+, ol taýhara münüp gelýär, hawa, eşegiň balasyna münüp gelýär“»+.

6 Şägirtler gidip, Isanyň aýdyşy ýaly etdiler+. 7 Olar eşegi we taýhary getirip, taýharyň üstüne donlaryny atdylar. Isa hem taýhara mündi+. 8 Adamlaryň köpüsi donlaryny ýola ýazýardy+, käbiri bolsa agajyň şahalaryny ýola düşeýärdi. 9 Isanyň öňünden we yzyndan barýan märeke: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, Dawut Ogluny halas et!+ Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!+ Eý gökdäki Hudaýymyz, ýalbarýarys, ony halas et!»+ diýip gygyrýardy.

10 Isa Iýerusalime girende, şäheriň ilaty: «Ol kimkä?» diýişdiler. 11 Märeke olara: «Ol Isa pygamber!+ Jeliläniň Nazaret şäherinden geldi» diýdi.

12 Isa ybadathana girip, ähli satyjylary we alyjylary kowdy. Pul çalyşýanlaryň stollaryny we kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny agdardy+. 13 Isa olara: «„Meniň öýüme doga-dileg öýi diýler“+ diýip ýazylypdy. Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna dönderdiňiz»+ diýdi. 14 Soňra ybadathanada Isanyň ýanyna kör we maýyp adamlar geldi. Isa hem olary sagaltdy.

15 Uly ruhanylar we kanunçylar Isanyň eden gudratlaryny görüp, ybadathanada çagalaryň*: «Eý Hudaý, ýalbarýarys, Dawut Ogluny halas et!»+ diýip gygyrýandyklaryny eşidip, gaharlandylar+. 16 Olar Isa: «Çagalaryň näme diýýändigini eşidýäňmi?» diýdiler. Isa: «Hawa, eşidýän. Siz „Çagalar we bäbekler saňa alkyş aýdarlar“ diýlenini okamadyňyzmy?»+ diýdi. 17 Isa şäherden çykyp, Betaniýa bardy we gijäni şol ýerde geçirdi+.

18 Isa irden şähere gelýärkä ajykdy+. 19 Ýolda injir agajyny görüp, ýanyna bardy, ýöne agaçda ýaprakdan başga zat ýokdy+. Isa: «Mundan beýläk sende miwe bitmesin»+ diýdi. Agaç şol bada gurady. 20 Muny gören şägirtler geň galyp: «Injir agajy nädip beýle çalt gurady?»+ diýip soradylar. 21 Isa şägirtlerine: «Size hakykaty aýdýaryn, eger iman etseňiz, hiç hili şübhelenmeseňiz, diňe agajy guratman, şu daga-da: „Ýeriňden tur, özüňi deňze zyň“ diýseňiz, aýdyşyňyz ýaly bolar+. 22 Iman edip dileseňiz alarsyňyz»+ diýip jogap berdi.

23 Isa ybadathana gelip, adamlara öwredip durka, uly ruhanylar bilen halkyň ýaşululary: «Sen bulary kimiň güýji bilen edýärsiň? Kim saňa ygtyýar berdi?»+ diýip soradylar. 24 Isa: «Mende-de bir sorag bar. Eger jogap berip bilseňiz, muny kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýdaýyn: 25 Ýahýa suwa çümdürmäge kim ygtyýar berdi? Hudaýmy ýa-da adamlar?*» diýip sorady. Şonda olar öz aralarynda şeýle diýişdiler: «Eger Hudaý* diýsek, „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“+ diýer. 26 Emma adamlar diýmäge-de gorkýarys, sebäbi halk Ýahýany pygamber hasaplaýar». 27 Olar Isa: «Bilemizok» diýip jogap berdiler. Isa hem: «Onda menem kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtjak däl» diýdi.

28 «Siz şu mysal hakda näme pikir edýärsiňiz? Bir adamyň iki ogly bardy. Ol birinjisine: „Oglum, şu gün üzümçilikde işle“ diýýär. 29 Ogly: „Ýok, gitjek däl“ diýýär. Ýöne soň ökünip, işlemäge gidýär. 30 Ol adam ikinji ogluna-da şol sözleri aýdýar. Ogly: „Bolýar, kaka“ diýýär, ýöne gitmeýär. 31 Olaryň haýsysy kakasynyň aýdanyny etdi?» Olar: «Birinjisi» diýdiler. Isa şeýle diýdi: «Size hakykaty aýdýaryn, salgytçylar we ahlaksyz aýallar Hudaýyň Patyşalygyna sizden öň girer. 32 Ýahýa size dogry ýoly görkezdi, ýöne siz ynanmadyňyz. Emma salgytçylar bilen ahlaksyz aýallar ynandylar+. Siz muny görseňiz-de, ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz.

33 Ýene bir mysaly diňläň: bir adam mellegine üzüm ekip+, haýat aýlaýar we üzüm sykylýan çukur gazyp, diň gurýar+. Soňra mellegini bagbanlara kärendesine berip, başga ýurda gidýär+. 34 Mellegiň eýesi hasyl döwri miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna gullaryny iberýär. 35 Emma bagbanlar gullaryň käbirini urýarlar, käbirini daşlaýarlar, käbirini bolsa öldürýärler+. 36 Soňra hojaýyn öňküsinden hem köp gul iberýär. Emma olary hem şeýle edýärler+. 37 Ahyry ol ogluny iberip, „Oglumy-ha sylarlar“ diýip pikir edýär. 38 Emma bagbanlar hojaýynyň ogluny görüp, öz aralarynda: „Ol üzümçiligiň mirasdüşeri+. Geliň, ony öldürip, mirasyny alalyň!“ diýýärler. 39 Olar oglany üzümçilikden çykaryp öldürýärler+. 40 Üzümçiligiň eýesi gelip, bagbanlary näme eder?» 41 Olar Isa: «Hojaýyn zalymlyk eden bagbanlary öldürer. Mellegini bolsa hasyly wagtynda ýygnap berjek bagbanlara ynanar» diýdiler.

42 Isa: «Siz mukaddes kitaplarda: „Ussalaryň zyňan daşy indi esasy daş* boldy+. Muny Ýehowa* etdi, beýle zat bize örän geňdir“+ diýlenini okamadyňyzmy? 43 Şol sebäpli size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy sizden alnyp, miwe berjek halka berler. 44 Kim şol daşa büdrese, ýykylyp heläk bolar+. Daş kimiň üstüne gaçsa, mynjyradar»+ diýdi.

45 Uly ruhanylar we fariseýler mysallary diňläp, özleri hakda aýdylandygyna düşündiler+. 46 Olar Isany tussag etjek boldular, emma halkdan gorkdular, sebäbi adamlar Isany pygamber hasaplaýardy+.

22 Isa ýene-de mysallar arkaly öwredip, şeýle diýdi: 2 «Gökdäki Patyşalygy gelin toýa meňzetse bolar+. Bir patyşa ogluny öýlendirýär. 3 Ol gullaryny iberip, toýa myhmanlary çagyrdýar, ýöne olar gelmek islemeýär+. 4 Şonda ol başga-da gullaryny iberip: „Çagyrylanlara aýdyň, öküzler we semiz mallar soýuldy, nahar bişdi, hemme zat taýýar. Toýa geliň“ diýdi. 5 Emma olar çakylyga ünsem bermedi, biri melleginde işledi, beýlekisi söwda-satyk etdi+. 6 Beýlekiler bolsa gullary ýenjip öldürdiler.

7 Patyşanyň muňa juda gahary geldi. Ol goşunyny iberdi-de, ganhorlary öldürip, şäheri otlady+. 8 Soňra ol gullaryna şeýle diýdi: „Toý saçagy taýýar, emma çagyrylanlar mynasyp däl eken+. 9 Indi şäheriň daşyna çykýan uly ýollara baryň, duşan adamlary toýa çagyryň“+. 10 Olar uly ýollara çykyp, ýagşy-ýaman diýmän hemmeleri çagyrdylar. Şeýdip, toý jaýy myhmandan doldy.

11 Patyşa gelip, myhmanlara syn edende, toý eşigini geýmedik bir adamy gördi. 12 Şonda patyşa: „Dostum, toý eşigini geýmän bärik nädip girdiň?“ diýip sorady. Ol hiç zat jogap bermedi. 13 Patyşa hyzmatkärlerine: „Onuň el-aýagyny daňyp, garaňkylyga taşlaň. Ol gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjar“ diýdi.

14 Diýmek, çagyrylanlar köp, saýlananlar az».

15 Fariseýler gidip, Isany sözünde tutmak üçin dilleşdiler+. 16 Olar öz şägirtlerini Hirodesiň tarapdarlary+ bilen Isanyň ýanyna iberdiler. Olar gelip: «Mugallym, sen dogruçyl we Hudaý barada hakykaty öwredýärsiň. Sen adamlara ýaranjaňlyk etmeýärsiň, wezipesine seretmeýärsiň. 17 Aýtsana, seniň pikiriňçe, patyşa* salgyt tölemek dogrumy ýa-da ýok?» diýip soradylar. 18 Isa olaryň niýetini bilip: «Eý ikiýüzlüler, meni näme üçin synaýarsyňyz? 19 Hany, maňa bir teňňe* görkeziň» diýdi. Olar bir teňňe getirip berdiler. 20 Isa olardan: «Teňňede kimiň suraty, kimiň ady bar?» diýip sorady. 21 Olar: «Patyşanyň*» diýip jogap berdiler. Isa: «Onda patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň»+ diýdi. 22 Olar muny eşidip, haýran galdylar we Isanyň ýanyndan gitdiler.

23 Şol gün direlişe ynanmaýan saddukeýler+ Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler+: 24 «Mugallym, Musanyň aýtmagyna görä, „Bir adam perzentsiz dünýäden ötse, dogany onuň aýalyna öýlenip, neslini dowam etmeli“+. 25 Ýedi dogan bardy. Olaryň birinjisi öýlenip, perzentsiz aradan çykdy. Soňra onuň aýalyna dogany öýlendi. 26 Emma ol hem aradan çykdy, soňra üçünji doganyndan tä ýedinji doganyna çenli ählisi şeýle ýagdaýa düşdi. 27 Soňunda aýal hem aradan çykdy. 28 Doganlaryň ýedisi-de şol aýala öýlendi. Indi direlişde ol haýsysynyň aýaly bolar?»

29 Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ýalňyşýarsyňyz, sebäbi mukaddes kitaplary-da, Hudaýyň güýjüni-de bilmeýärsiňiz+. 30 Direlişde ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar gökdäki perişdeler ýaly bolarlar+. 31 Siz Hudaýyň direliş hakda aýdanlaryny okamadyňyzmy? 32 Ol: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“+ diýdi. Hawa, ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýy»+. 33 Märeke muny eşidip, onuň öwredişine haýran galdy+.

34 Fariseýler Isanyň saddukeýleri geplemez ýaly edendigini eşidip, onuň ýanyna üýşüp geldiler. 35 Olaryň arasynda Töwradyň mugallymy bardy. Ol Isany synap: 36 «Mugallym, Töwratda iň wajyp tabşyryk haýsy?»+ diýip sorady. 37 Isa: «„Ýehowa* Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň* we bütin aň-düşünjäň bilen söý“+. 38 Ol birinji we iň wajyp tabşyryk. 39 Ikinji tabşyryk hem şoňa meňzeşdir: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“+. 40 Töwrat we Pygamberler kitaby şu iki tabşyryga esaslanýar»+ diýdi.

41 Isa fariseýleriň üýşüp durandygyny görüp+: 42 «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar: «Dawudyň ogly»+ diýip jogap berdiler. 43 Isa olara şeýle sorag berdi: «Onda Dawut Hudaýdan ylham alyp+ näme üçin oňa „Halypam“ diýdi? 44 Ol şeýle ýazypdy: „Ýehowa* meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, sagymda otur“+ diýdi“. 45 Eger Dawut Mesihe Halypam diýen bolsa, ol nädip onuň ogly bolýar?»+ 46 Hiç kim jogap berip bilmedi. Şondan soň oňa hiç kim sorag bermäge milt etmedi.

23 Isa märekä we şägirtlerine şeýle diýdi: 2 «Kanunçylar we fariseýler Musa pygamberiň ornuny eýelediler. 3 Olaryň aýdanlaryny ediň, ýöne edýän işlerini etmäň. Sebäbi olar aýdýan zatlaryny özleri etmeýärler+. 4 Olar adamlaryň egnine agyr ýük atýarlar+, özleri bolsa ýüki götermek üçin barmagyny-da gymyldatmaýarlar+. 5 Olar ähli zady göz üçin edýärler+. Mukaddes kitaplardan sözleri göçürip, gutujyklara salýarlar we erbetlikden gorar diýip, maňlaýyna, eline dakýarlar+. Olar donlarynyň seçeklerini uzaldýarlar+. 6 Olar myhmançylykda törde oturmagy we sinagogalarda öňdäki hatarlarda oturmagy halaýarlar+. 7 Olar bazarlarda adamlaryň hormat bilen salam bermeklerini we özlerine „Mugallym*“ diýmeklerini isleýärler. 8 Emma siz özüňize „Mugallym*“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Mugallymyňyz+ bar. Siziň baryňyz bolsa dogansyňyz. 9 Ýer ýüzünde hiç kime „Ata*“ diýmäň, sebäbi ýeke-täk Ataňyz+ bar, Ol gökdedir. 10 Özüňize „Ýolbaşçy“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir. 11 Araňyzda kim uly bolsa, goý, beýlekilere hyzmat etsin+. 12 Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler+, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler+.

13 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz gökdäki Patyşalygyň gapysyny ýapyp, ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjek adamlara ýol berýärsiňiz+. 14 *——

15 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler!+ Siz deňizlere we düzlere aýlanyp, ýehudy dinine geçirmek üçin adam gözleýärsiňiz. Eger biri ýehudy dinini kabul edäýse, ony Jähenneme* mynasyp adam edýärsiňiz. Ol sizden iki esse beter günäkär bolýar.

16 Waý günüňize, kör ýolbaşçylar!+ Siz: „Kim ybadathanadan ant içse, sözünde durmasa-da bolar. Ýöne kim ybadathananyň altynyndan ant içse, hökman sözünde durmaly“+ diýýärsiňiz. 17 Eý akylsyz körler! Eýsem altyn wajypmy ýa-da altyny mukaddes edýän ybadathana? 18 Siz: „Kim gurbanlyk ojagyndan* ant içse, sözünde durmasa-da bolar. Ýöne kim üstünde duran gurbanlykdan ant içse, hökman sözünde durmaly“ diýýärsiňiz. 19 Eý körler! Berlen gurbanlyk wajypmy ýa-da ony mukaddes edýän gurbanlyk ojagy? 20 Gurbanlyk ojagyndan ant içýän adam üstündäki zatlardan hem ant içýändir. 21 Ybadathanadan ant içýän adam onda ýaşaýan Hudaýdan hem ant içýändir+. 22 Gökden ant içýän adam Hudaýyň tagtyndan we tagtda oturan Hudaýdan hem ant içýändir.

23 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz narpyzyň, şibitiň we tminiň ondan bir bölegini berýärsiňiz+, ýöne Töwratdaky has wajyp tabşyryklara, ýagny adalata+, rehimdarlyga+, wepalylyga sowuk-sala garaýarsyňyz. Aslynda, olaryň ondan bir bölegini bermeli, ýöne wajyp zatlary hem ýerine ýetirmeli+. 24 Kör ýolbaşçylar+, siz käsäňize düşen çybyny+ süzüp aýyrýarsyňyz, düýäni+ bolsa ýuwudýarsyňyz.

25 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz gap-gaçlaryň daşyny ýuwsaňyz-da+, içi açgözlükden+ we erbet höweslerden doly+. 26 Eý kör fariseý, ilki gap-gaçlaryň içini ýuw, şonda daşy-da arassa bolar.

27 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler!+ Siz agardylan mazara meňzeýärsiňiz+. Olar daşyndan owadan bolup görünse-de, içi ölüleriň süňkünden we her hili hapalykdan* doly. 28 Şonuň ýaly siz hem dogruçyl bolup görünýärsiňiz, emma ýüregiňiz ikiýüzlülikden we kanunsyzlykdan doly+.

29 Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler!+ Siz pygamberlere mazar gurýarsyňyz, dogruçyl adamlaryň mazarlaryny bezeýärsiňiz+. 30 Siz: „Ata-babalarymyzyň döwründe ýaşan bolsadyk, olara pygamberleri öldürmäge kömek etmezdik“ diýýärsiňiz. 31 Şeýle diýip, pygamberleri öldüren adamlaryň neslidigiňizi boýun alýarsyňyz+. 32 Onda ata-babalaryňyzyň başlan işini dowam ediberiň.

33 Eý ýylanlar, alahöwrenler nesli!+ Siz höküm edilmekden we Jähennemden* gaçyp gutularyn öýdýäňizmi?+ 34 Men size pygamberleri+, akyldarlary we mugallymlary+ ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz+, pürse çüýlärsiňiz, käbirini bolsa sinagogalarda gamçylarsyňyz+, olary şäherden-şähere yzarlarsyňyz+. 35 Siz Habyldan+ tä ybadathananyň mukaddes ýeri bilen gurbanlyk ojagynyň arasynda öldürilen Berekýanyň ogly Zekerýa çenli ähli dogruçyl adamlaryň dökülen ganyna günäkärsiňiz+. 36 Size hakykaty aýdýaryn, şu nesil ähli zat üçin jogap berer.

37 Eý Iýerusalim, pygamberleri öldürýän we Hudaýyň iberen adamlaryny daşlaýan Iýerusalim!+ Towugyň jüýjelerini ganatynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, men hem çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, ýöne sen islemediň+. 38 Indi Hudaý seniň öýüňi taşlap gider*+. 39 Size diýýärin, indi „Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!“+ diýýänçäňiz, meni asla görmersiňiz».

24 Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ýanyna gelip, ybadathananyň binalaryny görkezdiler. 2 Isa: «Binalara haýran galýaňyzmy? Size hakykaty aýdýaryn, şu ýerde daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular»+ diýdi.

3 Isa Zeýtun dagynda ýeke özi otyrka, şägirtleri ýanyna gelip: «Aýdan zatlaryň haçan bolar? Seniň gelendigiňi*+ we dünýäniň* soňuny haýsy alamatdan bilse bolar?»+ diýip soradylar.

4 Isa şeýle jogap berdi: «Seresap boluň, sizi aldaýmasynlar+. 5 Sebäbi köpler meniň adymdan gelip: „Men Mesih“ diýip, köp adamlary aldarlar+. 6 Siz uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşidersiňiz. Seresap boluň, howsala düşäýmäň. Sebäbi şeýle zatlar bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir+.

7 Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar+, käbir ýerlerde açlyk+ we ýertitremeler bolar+. 8 Emma olar betbagtçylygyň başlangyjydyr*.

9 Adamlar sizi yzarlarlar+ we öldürerler+, meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener+. 10 Şonda köp adamlar imandan däner, bir-birine dönüklik eder we bir-birini ýigrener. 11 Ençeme ýalan pygamberler döräp, köp adamlary aldarlar+. 12 Kanunsyzlygyň artýandygy sebäpli, köp adamlaryň söýgüsi sowar. 13 Emma soňuna çenli çydan halas bolar+. 14 Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler*+, soňra dünýäniň soňy geler.

15 Danyýar pygamberiň aýdan weýrançylyk getirýän ýigrenji zadynyň mukaddes ýerde durandygyny göreniňizde+ (muny okaýan düşünjek bolsun), 16 Ýahudadakylar daglara gaçsyn+. 17 Şonda jaýyň üçegindäki adam zatlaryny almak üçin öýüne girmesin. 18 Mellekdäki daýhan donuny almak üçin yzyna dolanmasyn. 19 Şol günler göwreli we çaga emdirýän aýallaryň dat gününe! 20 Gaçmaly günüňiz gyş ýa-da Sabat güni* bolmaz ýaly doga ediň. 21 Şonda şeýle bir uly betbagtçylyk bolar+, ol dünýä döräli bäri şu güne çenli ne bolandyr, ne-de bolar+. 22 Eger şol günler gysgaldylmadyk bolsa, hiç kim halas bolmazdy. Ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar+.

23 Size „Serediň, Mesih bärde!“+ ýa-da „Ol ýerde!“ diýseler ynanmaň+. 24 Sebäbi ýalan Mesihler we ýalan pygamberler dörär+. Olar saýlananlary-da aldamak üçin uly alamatlar we gudratlar görkezerler+. 25 Men size öňünden duýdurýaryn. 26 Şonuň üçin biri: „Ol çölde“ diýse, çöle gitmäň. Ýa-da: „Ol öýde“ diýse ynanmaň+. 27 Sebäbi gündogarda ýyldyrym çaksa, ýagtylygy günbatarda görünýär. Ynsan oglunyň gelşi-de* şeýle bolar+. 28 Maslyk* nirede bolsa, bürgütler hem şol ýere üýşer+.

29 Şol günlerdäki betbagtçylygyň yzyýany Günüň ýüzi garalar+, Aý ýagtylyk bermez, gökden ýyldyzlar gaçar we asman jisimleri* titrär+. 30 Soňra gökden Ynsan oglunyň alamaty görner we ýer ýüzündäki ähli halklar* hasrat çekip, gursagyna urarlar+. Olar Ynsan oglunyň+ asman bulutlarynyň içinden güýç we uly şöhrat bilen gelýänini görerler+. 31 Ol güýçli surnaý sesi bilen perişdelerini iberer. Perişdeler ýeriň dört künjeginden*, asmanyň bir ujundan beýleki ujuna çenli saýlananlary ýygnarlar+.

32 Injir agajyndan sapak ediniň: onuň şahalary pyntyklap, ýaprak çykaryp başlanda, tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz+. 33 Şonuň ýaly siz hem şu zatlary göreniňizde, Ynsan oglunyň golaýdadygyny, gapynyň agzynda durandygyny biliň+. 34 Size hakykaty aýdýaryn, şu nesil dünýäden ötmänkä, ählisi berjaý bolar. 35 Gök we ýer geçip gider, ýöne meniň sözlerim ebedi galar+.

36 Şol güni we sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, diňe Ata bilýändir+. 37 Nuhuň günleri nähili bolan bolsa+, Ynsan ogly gelende-de* şeýle bolar+. 38 Tupandan öň, Nuhuň gämä giren gününe çenli+ adamlar iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. 39 Tupan turup, adamlaryň ählisini ýok edýänçä+, olar hiç zada üns bermediler. Ynsan ogly gelende-de* şeýle bolar. 40 Şonda mellekdäki iki daýhanyň biri alnar, beýlekisi galar. 41 Degirmende galla üwäp oturan iki aýalyň biri alnar, beýlekisi galar+. 42 Oýa boluň, sebäbi Halypaňyzyň haýsy gün geljekdigini bilmeýärsiňiz+.

43 Bilip goýuň, adam ogrynyň haçan* geljekdigini bilse+, oýa bolardy, öýüni talatmazdy+. 44 Siz hem taýýar boluň+, sebäbi Ynsan ogly garaşmaýan wagtyňyz geler.

45 Hojaýynyň öýdäki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin bellän wepaly hem paýhasly hyzmatkäri kim?+ 46 Hojaýyn gelip, hyzmatkäriň işläp ýörenini görse, hyzmatkäriniň begenjiniň çägi bolmaz+. 47 Size hakykaty aýdýaryn, hojaýyn oňa ähli emlägini ynanar.

48 Zalym gul bolsa içinden: „Hojaýyn gijä galýar“+ diýip, 49 ýoldaşlaryny ursa, arakhorlar bilen iýip içse, 50 hojaýyn onuň garaşmaýan güni we pikir etmeýän wagty geler+. 51 Şonda ol guluna agyr jeza berip, ikiýüzlüleriň arasyna taşlar. Ol gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjar»+.

25 «Gökdäki Patyşalygy çyralaryny alyp+, öýlenýän ýigidi garşylamaga çykan on gyza meňzetse bolar+. 2 Olaryň bäşisi akylsyz, bäşisi paýhaslydy+. 3 Akylsyz gyzlar çyralaryny aldylar, ýöne ýeterlik ýag almadylar. 4 Paýhasly gyzlar bolsa çyralary üçin gapda ýag aldylar. 5 Öýlenýän ýigidiň eglenendigi sebäpli, gyzlaryň ählisi irkilip, uklap galdy. 6 Ýarygije: „Öýlenýän ýigit gelýär! Garşylamaga çykyň!“ diýen ses eşidildi. 7 Şonda gyzlaryň hemmesi turup, çyralaryny taýýarladylar+. 8 Akylsyz gyzlar paýhasly gyzlara: „Çyralarymyz sönüp barýar, biraz ýag beräýiň“ diýdiler. 9 Paýhasly gyzlar: „Ýag hemmämize ýetmez. Baryň, ýag satyn alyň“ diýdiler. 10 Olar ýag satyn almaga gidende, öýlenýän ýigit geldi. Taýýar duran gyzlar onuň bilen toý jaýyna girdiler+, şonda gapy ýapyldy. 11 Soňra beýleki bäş gyz hem gelip: „Agam, agam, gapyny aç!“+ diýdiler. 12 Öýlenýän ýigit bolsa: „Men-ä sizi tanamok“ diýdi.

13 Siz hem oýa boluň+, sebäbi şol güni we sagady bilmeýärsiňiz+.

14 Şeýle-de gökdäki Patyşalygy gullaryny çagyryp, emlägini ynanan we başga ýurda giden adama meňzetse bolýar+. 15 Ol gullarynyň ukybyny göz öňünde tutup, birine bäş batman* kümüş, beýlekisine iki, üçünjisine bir batman kümüş berip, başga ýurda gitdi. 16 Bäş batman kümüş alan gul şol bada gitdi-de, söwda edip, ýene bäş batman kümüş gazandy. 17 Iki batman kümüş alan gul hem gidip, ýene iki batman kümüş gazandy. 18 Emma bir batman kümüş alan gul hojaýynyň beren kümşüni gömüp goýdy.

19 Hojaýyn uzak wagtdan dolanyp gelende, gullaryndan hasabat sorady+. 20 Bäş batman kümüş alan gul gazanan bäş batmanyny getirip: „Hojaýyn, beren bäş batman kümşüň üstüne ýene bäş batman kümüş gazandym“+ diýdi. 21 Hojaýyn: „Berekella, wepaly hem ýagşy gul! Sen az zatda wepaly bolduň, şonuň üçin saňa köp zady ynanaryn+. Gel, meniň şatlygyma goşul!“+ diýdi. 22 Soňra iki batman kümüş alan gul hem gazanan iki batmanyny getirip: „Hojaýyn, beren iki batman kümşüň üstüne ýene iki batman kümüş gazandym“+ diýdi. 23 Hojaýyn: „Berekella, wepaly hem ýagşy gul! Sen az zatda wepaly bolduň, şonuň üçin saňa köp zady ynanaryn. Gel, meniň şatlygyma goşul!“ diýdi.

24 Soňra bir batman kümüş alan gul hem gelip: „Hojaýyn, men seniň talapkär adamdygyňy bilýärin. Sen ekmedik ýeriňden bugdaý orýarsyň, harmanda galla sowurmasaň-da, oňa eýe çykýarsyň+. 25 Şonuň üçin senden gorkup, beren kümşüňi gömüp goýdum. Ine bir batman kümşüň“ diýdi. 26 Hojaýyn: „Eý zalym hem ýalta gul! Sen ekmedik ýerimden bugdaý orup, harmanda galla sowurmasam-da, eýe çykýanymy bilýän bolsaň, 27 näme üçin bir batman kümşi söwdagärlere bermediň? Beren bolsaň, dolanyp gelenimde girdeji alardym.

28 Guluň bir batman kümşüni elinden alyň, ony on batman kümüşlä beriň+. 29 Sebäbi kimde bar bolsa, oňa ýene berler, onuň zady bol bolar. Kimde ýok bolsa, barja zady hem elinden alnar+. 30 Ýalta guly bolsa garaňkylyga taşlaň. Ol gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjar“ diýdi.

31 Ynsan ogly+ ähli perişdeleri+ we uly ygtyýar bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. 32 Ähli halklary onuň öňüne ýygnarlar. Şonda ol çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, adamlary iki topara böler. 33 Ol goýunlary+ sag tarapynda, geçileri bolsa çep tarapynda goýar+.

34 Patyşa sagynda duranlara: „Eý Atamyň ýalkan adamlary! Geliň, dünýä döräli bäri siziň üçin taýýarlanan Patyşalygy miras alyň. 35 Sebäbi açkam, naharladyňyz; suwsan wagtym, suw berdiňiz; meni tanamasaňyz-da, myhman aldyňyz+; 36 eşigim ýokka, geýere eşik berdiňiz+; syrkawkam, aladamy etdiňiz; tussaglykdakam, halymdan habar aldyňyz“+ diýer. 37 Şonda dogruçyl adamlar: „Agam, haçan seniň açdygyňy görüp, naharladyk ýa-da suwsan wagtyň, suw berdik?+ 38 Seni haçan tanaman myhman aldyk ýa-da eşigiň ýokka, geýere eşik berdik? 39 Haçan seniň syrkawdygyňy ýa-da tussaglykdadygyňy görüp, halyňdan habar aldyk?“ diýerler. 40 Patyşa olara: „Size hakykaty aýdýaryn, eger doganlarymyň iň kiçilerinden birine ýagşylyk eden bolsaňyz, onda maňa ýagşylyk etdigiňiz bolar“+ diýer.

41 Soňra Patyşa çepinde duranlara: „Eý nälet siňen adamlar, ýanymdan aýrylyň!+ Iblis we onuň jynlary üçin taýýarlanan+ ebedi otda ýanyň+. 42 Sebäbi men açkam, naharlamadyňyz; suwsan wagtym, suw bermediňiz. 43 Meni ýat görüp, myhman almadyňyz; eşigim ýokka, geýere eşik bermediňiz; syrkawkam we tussaglykdakam, aladamy etmediňiz“ diýer. 44 Şonda olar: „Agam, haçan açdygyňy, suwsandygyňy, ýolagçydygyňy, syrkawdygyňy ýa-da tussaglykdadygyňy görüp, saňa hyzmat etmedik?“ diýerler. 45 Ol bolsa: „Size hakykaty aýdýaryn, iň kiçi doganlaryma ýagşylyk etmedik bolsaňyz, maňa-da eden dälsiňiz“+ diýer. 46 Şeýlelikde, olar ebedilik ýok ediler+, dogruçyl adamlar bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar»+.

26 Isa sözüni tamamlap, şägirtlerine: 2 «Iki günden Pasha baýramynyň boljagyny+ we Ynsan oglunyň duşman eline berlip, pürse çüýlenjegini bilýärsiňiz»+ diýdi.

3 Şol wagt uly ruhanylar we halkyň ýaşululary baş ruhany Kaýafanyň+ howlusyna ýygnandylar. 4 Olar Isany mekirlik bilen tussag edip, öldürmek üçin dil düwüşdiler+. 5 Emma olar: «Halk gozgalaň turuzmaz ýaly, Isany baýramçylyk güni tussag etmäliň» diýişdiler.

6 Isa Betaniýada heýwere keselinden gutulan Simunyň öýüne geldi+. 7 Isa saçak başynda ýassanyp otyrka, bir aýal atyr ysly gymmatbaha ýag* alyp geldi-de, onuň başyna guýdy. 8 Şägirtler hüňürdeşip: «Ýagy biderek zaýalamak nämä gerek? 9 Gymmat satyp, puluny garyplara paýlasa bolardy» diýdiler. 10 Isa olaryň näme hakda gürrüň edýändigini bilip: «Siz näme üçin aýaly günäkärleýäňiz? Ol maňa ýagşylyk etdi. 11 Garyplar hemişe ýanyňyzda bolar+, emma men siziň ýanyňyzda hemişe bolmaryn+. 12 Ol üstüme* atyr ysly ýag guýup, meni jaýlamaga taýynlady+. 13 Size hakykaty aýdýaryn, hoş habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, şu aýalyň eden ýagşylygy hakda hem aýdylar»+ diýdi.

14 Şondan soň 12 resulyň biri Iuda Iskariýot+ uly ruhanylaryň ýanyna gitdi+. 15 Ol: «Isany tutmaga kömek etsem näme berersiňiz?»+ diýdi. Olar 30 kümüş teňňe bereris diýdiler+. 16 Şol günden soň Iuda Iskariýot Isany satmak üçin amatly pursat gözläp başlady.

17 Petir baýramynyň birinji güni+ şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Pasha naharyny nirede taýýarlaly?»+ diýdiler. 18 Isa şeýle diýdi: «Şähere gidiň-de, pylan adamyň ýanyna baryp: „Mugallym şeýle diýýär: „Meniň öldüriljek wagtym golaýlady; şägirtlerim bilen Pasha baýramyny seniň öýüňde bellemekçi“ diýiň». 19 Şägirtler Isanyň aýdyşy ýaly edip, Pasha baýramyna taýýarlyk gördüler.

20 Agşam düşende+, Isa bilen 12 şägirdi saçak başyna geçdi+. 21 Nahar iýip otyrkalar, Isa: «Size hakykaty aýdýaryn, biriňiz maňa dönüklik edersiňiz»+ diýdi. 22 Şägirtler muňa juda gynanyp, yzly-yzyna: «Mugallym, men däl gerek?» diýişdiler. 23 Isa: «Meniň bilen bir tabakdan nahar iýen adam maňa dönüklik eder+. 24 Ýazylyşy ýaly, Ynsan ogly araňyzdan gidip barýar. Ýöne Ynsan ogluna dönüklik edýän adamyň waý gününe!+ Ol dünýä inmedik bolsa gowy bolardy»+ diýdi. 25 Dönüklik etjek Iuda: «Mugallym*, men däl gerek?» diýip sorady. Isa: «Özüň gowy bilýänsiň» diýip jogap berdi.

26 Nahar iýip otyrkalar, Isa çöregi alyp, doga etdi we çöregi bölüşdirip+ şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň. Çörek meniň bedenimi aňladýar»+ diýdi. 27 Soňra şeraply käsäni aldy we Hudaýa doga edip, minnetdarlyk aýtdy-da: «Hemmäňiz içiň+. 28 Ol köp adamlaryň günäsi üçin döküljek+ ganymy+, „äht ganyny“+ aňladýar. 29 Size diýýärin, Atamyň Patyşalygynda siziň bilen täze şerap içýänçäm, indi şerap içmerin»+ diýdi. 30 Soňra olar Hudaýyň şanyna aýdymlar* aýdyp, Zeýtun dagyna gitdiler+.

31 Isa şägirtlerine: «Şu gije hemmäňiz menden ýüz öwrersiňiz*. Sebäbi: „Çopany öldürerin, goýunlar hem dargar“+ diýip ýazylgy. 32 Ýöne direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn»+ diýdi. 33 Petrus: «Hemmeler senden ýüz öwürse-de, men hiç haçan ýüz öwürmerin!*»+ diýdi. 34 Isa oňa: «Saňa hakykaty aýdýaryn, şu gije horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýdi. 35 Petrus: «Seniň bilen ölmeli bolsam-da, senden asla ýüz döndermerin»+ diýdi. Beýleki şägirtler hem şeýle diýdiler.

36 Soňra Isa olar bilen Getseman bagyna geldi+. Ol şägirtlerine: «Doga edip gelýänçäm, şu ýerde oturyň»+ diýdi. 37 Isa ýany bilen Petrusy we Zebedeýiň iki ogluny alyp gitdi. Ol gaýgy-gama batyp, juda hasrat çekýärdi+. 38 Isa olara: «Janym juda hasrat çekýär, gaýgydan ýaňa ölüp barýaryn. Siz bärde galyň, meniň ýaly oýa boluň»+ diýdi. 39 Özi bolsa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin ýykylyp+: «Atam, mümkin bolsa, şu käseden+ içirme. Ýöne meniň islegim däl, seniň islegiň bolsun»+ diýip doga etdi.

40 Isa üç şägirdiniň ýanyna gelende, olar uklap ýatan eken. Ol Petrusa: «Meniň bilen ýekeje sagat hem oýa bolup bilmediňizmi?+ 41 Synaga düşmez ýaly+ oýa bolup+, dyngysyz doga ediň+. Dogrudanam, ýürek* yhlasly, ýöne beden ejiz»+ diýdi. 42 Soňra ikinji gezek gidip: «Atam, şu käseden hökman içmeli bolsam, goý, seniň islegiň bolsun»+ diýip doga etdi. 43 Isa şägirtleriniň ýanyna gelende, olar ýene-de uklap ýatan eken, sebäbi olary agyr uky basypdy. 44 Isa gidip, üçünji gezegem öňküsi ýaly doga etdi. 45 Soňra şägirtleriniň ýanyna gelip: «Şeýle wajyp pursatda ýatyp, dynç alýaňyzmy? Ynsan oglunyň günäkärleriň eline tabşyryljak wagty golaýlaşdy. 46 Turuň, gideliň. Maňa dönüklik edýän adam ýetip gelýär» diýdi. 47 Isa entek sözüni tamamlamanka, 12 resulyň biri Iuda geldi. Onuň ýanynda eli gylyçly we taýakly märeke bardy. Olary uly ruhanylar we halkyň ýaşululary iberipdi+.

48 Dönüklik eden şägirt adamlara: «Men kimi ogşasam, ol Isadyr, derrew tutuň» diýip, öňünden aýdypdy. 49 Soňra ol göni Isanyň ýanyna baryp: «Salam, Mugallym!*» diýip, ony mähirli ogşady. 50 Isa oňa: «Sen näme üçin geldiň?»+ diýdi. Şonda adamlar Isany tussag etdiler. 51 Isanyň ýanynda duranlaryň biri gylyjyny çykardy-da, baş ruhanynyň hyzmatkäriniň gulagyny kesdi+. 52 Isa: «Gylyjyňy gynyna sal+, sebäbi gylyç göteren gylyçdan hem öler+. 53 Men Atamdan häziriň özünde 12 goşundan* hem köp perişde ibermegini haýyş edip bilmerin öýdýäňmi?+ 54 Eger şeýle etsem, pygamberlikler nädip ýerine ýeter?» diýdi. 55 Soňra Isa märekä ýüzlenip: «Taýakly hem gylyçly geler ýaly, men garakçymy? Tussag etjek bolsaňyz, her gün ybadathanada öwredýän wagtym+ meni görmediňizmi?+ 56 Emma pygamberlikleriň ählisi ýerine ýetmelidir»+ diýdi. Şonda ähli şägirtleri Isany taşlap, gaçyp gitdiler+.

57 Isany tussag edip, baş ruhany Kaýafanyň+ öýüne getirdiler. Kanunçylar bilen ýaşulular hem ýygnanyşypdyr+. 58 Petrus bolsa uzagrakdan Isanyň yzyndan ýöräp, baş ruhanynyň howlusyna geldi. Soňra içeri girip, nämeleriň boljakdygyny bilmek üçin hyzmatkärleriň ýanynda oturdy+.

59 Uly ruhanylar we Mejlisiň* ähli agzalary Isa ölüm jezasyny bermek üçin, ýalan şaýatlyk etjek adamlary gözlediler+. 60 Ýalan şaýatlyk etmäge gelenler köpdi, ýöne aýdýanlary deň gelmedi+. Ahyry iki şaýat tapyldy. 61 Olar şeýle diýdi: «Ol: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, üç günde guraryn“ diýdi»+. 62 Şonda baş ruhany ýerinden turup: «Seniň aýtjak zadyň ýokmy? Olaryň seni nämede günäkärleýändigini eşideňokmy?»+ diýdi. 63 Ýöne Isa dymyp durdy+. Baş ruhany bolsa: «Biribardan ant iç. Bize aýt, sen Hudaýyň Ogly Mesihmi?»+ diýdi. 64 Isa oňa: «Aýdyşyň ýalydyr. Ýöne bilip goýuň, indi Ynsan oglunyň+ Gudratygüýçli Allanyň sagynda oturanyny+ we gökdäki bulutlaryň içinden gelýänini görersiňiz»+ diýdi. 65 Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirýär! Başga şaýat nämä gerek? Hudaýa dil ýetirýändigini eşidip otyrsyňyz. 66 Siz näme pikir edýäňiz?» diýdi. Olar: «Öldürmeli!»+ diýişdiler. 67 Olar Isanyň ýüzüne tüýkürdiler+. Käbiri ony ýumrugy bilen urdy+, käbiri bolsa şarpyk çaldy+. 68 Olar: «Eý Mesih, seni kim urdy? Pygamber bolsaň, aýt hany?» diýdiler.

69 Petrus şol wagt howluda otyrdy. Onuň ýanyna hyzmatkär gyz gelip: «Senem jelileli Isanyň ýanyndadyň»+ diýdi. 70 Petrus bolsa adamlaryň öňünde: «Men-ä näme diýýändigine düşünemok» diýip, boýun almady. 71 Ol derwezä golaýlaşanda, başga bir gyz: «Şu adam hem nazaretli Isanyň ýanyndady»+ diýdi. 72 Petrus ant içip: «Men ony tanamok!» diýip, ýene-de boýun almady. 73 Biraz wagtdan soň, şol ýerdäki adamlar Petrusa: «Sen-ä şolaryň biri, gepleýşiňden* bildirýär» diýdiler. 74 Şonda ol*: «Men ony tanamok!» diýip, ant içip, awy ýalady. Edil şol wagt horaz gygyrdy. 75 Şonda Isanyň: «Horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi. Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady.

27 Ertesi irden uly ruhanylar we halkyň ýaşululary Isany öldürmek hakda maslahatlaşdylar+. 2 Soňra Isanyň ellerini daňyp, alyp gitdiler we hökümdar Pilatusyň eline tabşyrdylar+.

3 Dönüklik eden Iuda Isa ölüm jezasynyň berlendigini görüp, eden işine ökündi we uly ruhanylaryň, ýaşulularyň ýanyna baryp, 30 kümüş teňňäni yzyna berdi+. 4 Ol: «Men bigünä adamy satyp, günä etdim» diýdi. Olar: «Bize näme? Näme etseň şony et» diýdiler. 5 Şonda Iuda kümüş teňňeleri ybadathana zyňyp, çykyp gaýtdy-da, özüni asdy+. 6 Uly ruhanylar kümüş teňňeleri alyp: «Muny ybadathananyň hazynasyna atsak nädogry bolar, sebäbi olar adam öldürmek üçin tölendi» diýdiler. 7 Olar maslahatlaşyp, şol pula gelmişekleri jaýlamak üçin küýzegäriň mellegini satyn aldylar. 8 Şonuň üçin ol ýere häzire çenli «Ganly mellek»+ diýilýär. 9 Şeýlelikde, Hudaýyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözleri ýerine ýetdi: «Olar 30 kümüş teňňäni, Ysraýyl ogullarynyň şol adama kesen bahasyny aldylar. 10 Ýehowanyň* maňa tabşyryşy ýaly, olar şol pula küýzegäriň mellegini satyn aldylar»+.

11 Isa hökümdaryň öňünde durdy. Pilatus: «Sen ýehudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi+. 12 Emma uly ruhanylar we ýaşulular Isany günäkärlände, ol hiç zat jogap bermedi+. 13 Pilatus: «Olaryň seni nämede günäkärleýändigini eşideňokmy?» diýdi. 14 Isa şonda-da hiç zat jogap bermedi. Hökümdar muňa diýseň geň galdy.

15 Hökümdar her ýyl baýramçylykda däp boýunça halkyň islän adamyny tussaglykdan boşadýardy+. 16 Şol wagt ile belli jenaýatçy Barabbas türmede otyrdy. 17 Pilatus ýygnanan adamlardan: «Hany aýdyň, kimi azat edeýin? Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýip sorady. 18 Pilatus olaryň Isa göriplik edýändigini, şonuň üçin hem tutup getirendiklerini bilýärdi. 19 Pilatus höküm kürsüsinde otyrka, aýaly: «Ol dogruçyl adama hiç zat edäýme, sebäbi ol gije düýşüme girdi, men gorkup turdum» diýip habar ýollady. 20 Uly ruhanylar we ýaşulular halky yryp, Barabbasy azat etmegi+, Isany bolsa ölüme tabşyrmagy talap etdiler+. 21 Hökümdar halkdan: «Kimi azat edeýin?» diýip sorady. Olar: «Barabbasy!» diýip jogap berdiler. 22 Pilatus: «Onda Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip sorady. Olar biragyzdan: «Pürse çüýle!» diýip gygyrdylar+. 23 Hökümdar: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýdi. Olar bolsa: «Pürse çüýle!» diýip, öňküdenem beter gygyryşdylar+.

24 Pilatus eden tagallasynyň başa barmandygyna düşündi we goh-galmagalyň güýjeýändigini görüp, suw getirtdi. Soňra adamlaryň öňünde elini ýuwup: «Men-ä bigünä adamyň ganyna galýan däldirin. Muňa siz günäkär» diýdi. 25 Şonda märeke: «Onuň ölümine özümiz hem çagalarymyz jogap berer» diýdiler+. 26 Pilatus Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp+, pürse çüýletmäge iberdi+.

27 Pilatusyň esgerleri Isany hökümdaryň köşgüne eltdiler. Şonda ähli esgerler Isanyň daşyna üýşdüler+. 28 Esgerler onuň eşigini çykaryp, egnine gyrmyzy mata atdylar+. 29 Tikenekden täç örüp, kellesine geýdirdiler, sag eline bolsa hasa berdiler. Soňra öňünde dyza çöküp: «Salam, ýehudylaryň Patyşasy!» diýip, üstünden güldüler. 30 Esgerler oňa tüýkürdiler+, elindäki hasany alyp, kellesine urdular. 31 Üstünden gülüp bolanlaryndan soň, egnindäki matany aýryp, eşigini geýdirdiler we pürse çüýlemäge alyp gitdiler+.

32 Olar ýolda kirenaly Simuna duşup, Isanyň jebir pürsüni* götertdiler+. 33 Olar Galgota, ýagny Kelleçanak diýlen ýere gelenlerinde+, 34 Isa ajy şerap berdiler+. Emma Isa dadyp gördi-de, içmedi. 35 Isany pürse çüýläp, eşiklerini paýlaşmak üçin bije atdylar+. 36 Soňra ony garawullap oturdylar. 37 Olar Isa ýöňkelýän günäni tagtanyň ýüzüne ýazyp, pürsüň ýokarsyna çüýlediler. Onda şeýle ýazylgydy: «Isa — ýehudylaryň Patyşasy»+.

38 Soňra Isanyň her tarapynda bir garakçyny pürse çüýlediler. Olaryň birini sagynda, beýlekisini çepinde+. 39 Isanyň deňinden geçip barýanlar başyny ýaýkap+, oňa sögýärdiler+. 40 Olar: «Ybadathanany ýykyp, üç günde gurjakdyň+. Indi özüňi halas et! Hudaýyň Ogly bolsaň, jebir pürsünden düş!»+ diýdiler. 41 Uly ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular Isanyň üstünden gülüp, şeýle diýýärdiler+: 42 «Ol adamlary halas edip, özüni halas edip bilmeýär. Ol Ysraýylyň Patyşasy+ bolýan bolsa, goý, jebir pürsünden düşsün! Şonda biz oňa ynanarys. 43 Ol Hudaýa bil baglaýardy. Hudaý ondan razy bolsa, goý, halas etsin!+ Sebäbi ol: „Men Hudaýyň Ogly“+ diýýärdi». 44 Ýanynda pürse çüýlenen garakçylar hem oňa sögýärdiler+.

45 Bütin ýer ýüzi günortan on ikiden* öýlän üçe* çenli tüm-garaňky boldy+. 46 Sagat üçlerde* Isa batly ses bilen: «Eli, Eli, lama sabahtani?» diýdi. Bu sözler «Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?» diýmegi aňladýar+. 47 Duranlaryň käbiri muny eşidip: «Ol Ylýasy çagyrýar» diýişdiler+. 48 Olaryň biri ylgap bardy-da, pagtany* alyp, turşy şeraba batyrdy. Ony taýaga gysdyryp, Isanyň agzyna tutdy+. 49 Beýleki adamlar bolsa: «Duruň bakaly. Hany, göreli, Ylýas halas etmäge gelermikä?» diýdiler. 50 Isa ýene-de batly ses bilen gygyryp, jan berdi*+.

51 Şonda ybadathanada mukaddes otagyň tutusy+ ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp+, ikä bölündi+. Ýer titräp, gaýalar jaýryldy. 52 Mazarlar açylyp, ölüm ukusyna giden ençeme mukaddesleriň jesetleri daşyna zyňyldy. 53 Jesetleri köp adamlar gördi. (Isa direlensoň, mazarlaryň töweregindäki adamlar gören zatlaryny mukaddes şähere baryp gürrüň berdiler). 54 Isany garawullap duranlar hem-de serkerde ýertitremäni we beýleki bolan zatlary görüp, juda gorkdular. Olar: «Dogrudanam, ol Hudaýyň Ogly eken»+ diýdiler.

55 Isa hyzmat etmek üçin Jelileden gaýdan ençeme aýallar bolýan zatlara uzakdan seredip durdylar+. 56 Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Ýakup bilen Ýusesiň ejesi Merýem we Zebedeýiň aýaly* bardy+.

57 Agşamara arimatiýaly Ýusup atly baý adam geldi. Ol hem Isanyň şägirdidi+. 58 Ýusup Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini sorady+. Pilatus hem jesedi bermegi buýurdy+. 59 Ýusup Isanyň jesedini arassa we nepis* mata dolady+. 60 Ol Isany gaýada oýup ýasalan täze mazarda jaýlady+. Soňra mazaryň agzyna uly daş goýup gitdi. 61 Emma magdalaly Merýem bilen beýleki Merýem mazaryň ýanynda oturdylar+.

62 Şol gün Sabat gününe* taýýarlyk görülýärdi+. Ertesi uly ruhanylar we fariseýler Pilatusyň ýanyna geldiler. 63 Olar Pilatusa: «Hökümdar, şol ýalançy dirikä, „Men üç günden direlerin“+ diýýärdi. 64 Şonuň üçin mazarda üç günläp garawul dursun. Ýogsam şägirtleri jesedi ogurlap+: „Ol direldi!“ diýäýmesinler. Şonda soňky aýdan ýalan sözleri öňküsinden-de beter bolar» diýdiler. 65 Pilatus: «Esgerler siziň eliňizde, nädip garawullaýyn diýseňiz garawullaň» diýdi. 66 Şonda olar mazaryň agzynda duran daşy möhürläp, garawul goýdular.

28 Sabat güni* geçensoň, hepdäniň birinji güni* jahan ýagtylyp başlanda, magdalaly Merýem bilen beýleki Merýem mazara geldiler+.

2 Birdenkä güýçli ýer titredi, Ýehowanyň* perişdesi gökden ýere indi. Ol mazaryň agzyndaky daşy aýryp, üstünde oturdy+. 3 Perişde ýyldyrym kimin ýagty saçýardy, egin-eşigi bolsa gar ýaly akdy+. 4 Şonda garawullaryň gorkudan ýaňa ýüregi ýarylyp, doňup galdylar.

5 Perişde aýallara: «Gorkmaň, men siziň pürse çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin+. 6 Isa bärde däl. Ol aýdyşy ýaly direldi+. Geliň, ýatan ýerini görüň. 7 Soňra bolsa çaltrak gidiň-de, şägirtlerine direlendigini aýdyň. Ol sizden öň Jelilä barar+, şonda görşersiňiz. Aýdanlarymy unutmaň»+ diýdi.

8 Aýallar şol bada mazardan gaýtdylar. Olar gorksalar-da, ýürekden şatlanýardylar. Aýallar şägirtlere bolan zatlary aýtmak üçin ylgap gitdiler+. 9 Olara ýolda Isa duşup: «Salam!» diýdi. Aýallar onuň aýagyna ýykylyp, tagzym etdiler. 10 Soňra Isa: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä barsynlar. Olar bilen şol ýerde görşerin» diýdi.

11 Aýallar heniz ýoldaka, garawullaryň+ birnäçesi şähere baryp, uly ruhanylara ähli zady gürrüň berdiler. 12 Şonda uly ruhanylar ýaşulular bilen maslahatlaşdylar we esgerlere köp kümüş teňňe berip, 13 halka şeýle diýmegi tabşyrdylar: «„Uklap ýatyrkak, gije şägirtler gelip, jesedi ogurlapdyrlar“+ diýiň. 14 Alada etmäň, eger muny hökümdar eşitse, ähli zady özümiz düşündireris». 15 Olar kümüş teňňeleri alyp, aýdylyşy ýaly etdiler. Esgerleriň gürrüň beren wakasy ýaýrap, häzire çenli ýehudylaryň arasynda aýdylýar.

16 On bir şägirdi Isa bilen görüşmek üçin+ Jelilä baryp+, aýdan dagyna çykdylar. 17 Şägirtleri Isany görüp, tagzym etdiler. Ýöne käbirleri onuň Isadygyna şübhelendiler. 18 Isa şägirtleriniň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi+. 19 Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň+. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriň+. 20 Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň+. Men dünýäniň* soňuna çenli siziň bilen bolaryn»+ diýdi.

Ýa-da: belleneniň; saýlananyň. Sözlüge serediň: Saýlanmak.

Ýa-da: ömri.

Hudaýyň güýji göz öňünde tutulýar.

Ýehudylaryň däbine görä adaglanan adamy goýbermek üçin onuň bilen aýrylyşmalydy.

Ýehowa — Hudaýyň ady. Injilde 237 gezek duş gelýär. Şu aýatda ilkinji sapar duş gelýär. Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: aýalyňa.

Sözme-söz: aýalyň Merýemi öýüňe getirmäge.

Ýewreýçe «Ýeşuwa» ýa-da «Ýuşa». Manysy: Ýehowa halas edýär.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: aýalyny öýüne getirdi.

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: belleneniň; saýlananyň. Sözlüge serediň: Saýlanmak.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýewreýçe baldak sözünden gelip çykan bolmaly.

Sözlüge serediň: Suwa çümdürilmek.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: aýakgabyny; köwşüni.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: küňresine; çür depesine.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: mukaddes gulluk.

Sözlüge serediň.

Manysy: On şäher.

Sözme-söz: Ruhy garyplar.

Ýa-da: Ýumşak.

Ýa-da: Dogruçyllyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, sebäbi olar doýup ganarlar.

Sözme-söz: çyzygy-da.

Iýerusalimiň daşynda zir-zibil ýakylýan ýer. Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: sadakaňy.

Sözme-söz: kodrantyňy. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: büdredýän.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: büdredýän.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ahlaksyzlykdan. Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: zalymdandyr.

Rim çakrymy takmynan 1,5 km deň. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: Goňşyňy.

Sözme-söz: surnaý çalmaň.

Sözme-söz: Şu günki iýjegimizi şu gün ber.

Sözme-söz: bergisini.

Sözme-söz: bergilerimizi.

Sözme-söz: zalymyň.

Ýa-da: üst-başyna seretmeýärler.

Ýa-da: hazyna.

Ýa-da: diňe bir zada seredýän.

Sözme-söz: zalym.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: bir tirsek. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: dogruçyllygyny.

Ýa-da: tankytlamaň.

Ýa-da: tankytlasaňyz.

Ýa-da: dürdäneleri.

Sözme-söz: sizi-de parçalaýmasynlar.

Edýän işleri göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: çüýrük.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: saçak başynda ýassanyp otyrka.

Ýa-da: saçak başynda ýassanyp oturdylar.

Ýa-da: halal; dogry; dogruçyl.

Sözlüge serediň.

Yhlasly diýmegi aňladýar.

Ýa-da: aýakgap; köwüş.

Ýa-da: parahatlyk.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: päk ýürekli.

Ýa-da: gamçylarlar.

Şeýtanyň bir ady.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: assariýa. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: gylyç.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: şu kiçilerden.

Sözme-söz: büdremeýän.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: göwnüňizi götereýin.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: şel.

Sözme-söz: adyna.

Şeýtanyň bir ady.

Ýa-da: şu döwür. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: çüýrük.

Sözme-söz: hazynasy.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: zynahor.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ýazgarar; höküm çykarar.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ýazgarar; höküm çykarar.

Ýa-da: diňläň.

Sözme-söz: zalym.

Ýa-da: şu döwrüň. Sözlüge serediň.

Ýa-da: aldawçy baýlygyň.

Başga manysy: dünýäniň başlangyjyndan.

Sözme-söz: zalymyň.

Ýa-da: Iblis.

Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.

Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: büdremegine.

Ýa-da: dürdäneleri.

Ýa-da: Döwrüň. Sözlüge serediň.

Ýa-da: büdrediler.

Sözme-söz: tetrarhy.

Ýagny Hirodes Antipas. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: pata berdi.

Takmynan daňdan sagat 3:00-dan 6:00-a çenli aralyk.

Dini däbe görä eliňi ýuwmak göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: Ene-atasy bilen gödek gepleşýän.

Ýa-da: büdrediler.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Sözme-söz: zynahor.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Sen büdremegime sebäp bolýarsyň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ap-akdy.

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A3.

Sözme-söz: iki drahma. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: statir. Tetradrahma göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: büdretse.

Sözme-söz: büdredýärsiňiz.

Sözme-söz: büdretjekler.

Sözme-söz: büdredýän.

Sözme-söz: büdredýän.

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A3.

Başga manysy: Ataňyz.

10 000 batman kümüş 60 million dinara deň. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: bir boýuntyryga salanyny.

Ýa-da: ahlaksyzlyk. Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Diňe Hudaý ýagşydyr.

Ýa-da: Hudaýa birkemsiz gulluk edeýin diýseň.

Ýa-da: täzelände.

Sözme-söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: üçünji sagat töweregi.

Sözme-söz: altynjy sagat töweregi.

Sözme-söz: dokuzynjy sagat töweregi.

Sözme-söz: on birinji sagat töweregi.

Sözme-söz: On birinji sagatda.

Sözme-söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: dinardan. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: dinara. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: jomartlyk.

Ýa-da: ýumşakdyr.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: oglanlaryň.

Sözme-söz: Gökden berildimi ýa-da adamlardan?

Sözme-söz: gökden.

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Rim imperatory Sezar.

Sözme-söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Rim imperatory Sezar.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: Rebbi.

Sözme-söz: Rebbi.

Dini ýolbaşçylara Ata diýip ýüzlenmek göz öňünde tutulýar.

Goşmaça maglumata serediň: A3.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: haramlykdan.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: ýeke goýar.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.

Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: burgularyň başlangyjydyr.

Sözme-söz: şaýatlyk ediler.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.

Ýa-da: Jeset.

Sözme-söz: gögüň güýçleri.

Sözme-söz: taýpalar.

Sözme-söz: ýelinden.

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.

Ýa-da: gijäniň haýsy wagty.

Grek batmany 20,4 kg deň. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme-söz: alebastr gapda ýag.

Ýa-da: bedenime.

Sözme-söz: Rebbi.

Ýa-da: mezmurlar; nagmalar.

Sözme-söz: men sebäpli büdrärsiňiz.

Sözme-söz: Hemmeler sen sebäpli büdrese-de, men hiç haçan büdremerin!

Sözme-söz: ruh. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Rebbi!

Sözme-söz: legiondan.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: çalgyrt gepleýşiňden.

Sözme-söz: ol özüne gargap.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: altynjy sagatdan.

Sözme-söz: dokuzynjy sagada.

Sözme-söz: Dokuzynjy sagat töweregi.

Ýa-da: gubkany.

Sözme-söz: ruhy çykdy. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Zebedeýiň ogullarynyň ejesi.

Sözme-söz: zygyr. Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş