LUKANYŇ HOŞ HABARY
1 Hormatly Teofil, köp adamlar bolan wakalary ýazmaga çalyşdylar. Hemmeler şol wakalaryň bolandygyna ynanýar+. 2 Olaryň ýazan zatlary ilkinji şaýatlaryň+ we Hudaýyň sözüni wagyz edenleriň aýdanlaryna hem gabat gelýär+. 3 Men hem bolan wakalaryň ählisini başdan-aýak derňäp, olary jikme-jik* ýazmagy makul bildim+. 4 Sebäbi seniň öwrenen zatlaryň dogrudygyna göz ýetirmegiňi isleýärin+.
5 Ýahudanyň patyşasy Hirodesiň* günlerinde+ Zekerýa atly ruhany bardy. Ol Abyýaryň+ ruhanylar toparyndandy. Onuň aýaly Elizabetdi, ol Harunyň neslindendi. 6 Olaryň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamdy, Ýehowanyň* ähli tabşyryklaryny we talaplaryny wepaly ýerine ýetirýärdiler. 7 Ýöne olaryň çagasy ýokdy, sebäbi Elizabet önelgesizdi. Är-aýalyň ikisiniň-de ýaşy bir çene ýetipdi.
8 Zekerýa Hudaýyň öňünde ruhanylyk borjuny+ berjaý edip başlady, sebäbi onuň toparynyň nobaty gelip ýetipdi. 9 Ruhanylyk düzgüni boýunça, onuň tütetgi ýakmaly nobaty geldi+. Şonda ol Ýehowanyň* ybadathanasyna+ girdi. 10 Tütetgi ýakylýan wagty adamlar üýşüp daşarda doga edip durdylar. 11 Şonda Ýehowanyň* perişdesi tütetgi ojagynyň* sag tarapynda peýda bolup, Zekerýa göründi. 12 Zekerýa perişdäni görende, aljyrap örän gorkdy. 13 Perişde şeýle diýdi: «Gorkma, Zekerýa, Hudaý dilegiňi eşitdi. Aýalyň Elizabet ogul dograr, adyna Ýahýa dakarsyň+. 14 Sen begenip, örän şatlanarsyň. Onuň doglanyna köp adamlar begener+. 15 Ol Ýehowanyň* öňünde beýik adam bolar+. Ol hiç hili şerap ýa-da çakyr içmeli däldir+. Çaga dünýä inmänkä+ Hudaý oňa mukaddes ruhuny berer. 16 Ol Ysraýyl ogullarynyň köpüsine Ýehowa* Hudaýyna dolanmaga kömek eder+. 17 Ol Hudaýyň huzurynda Ylýas pygamber ýaly ýürekli* we güýçli bolar+. Ol atalaryň ýüregini çagalaryna tarap öwrer+, gulak asmaýan adamlara paýhasly bolup, dogry işleri etmäge kömek eder. Şeýdip, halky Ýehowa* üçin taýýarlar»+.
18 Zekerýa perişdä: «Şeýle zat bolup bilermi? Men hem garradym, aýalym hem garrady» diýdi. 19 Perişde: «Men Allanyň huzurynda durýan+ Jebraýyl perişde+. Saňa hoş habar aýtmak üçin iberildim. 20 Meniň aýdanlarym ýerine ýetýänçä, lal bolarsyň, gepläp bilmersiň. Meniň sözlerim bellän wagtym hökman ýerine ýeter, ýöne sen olara ynanmadyň» diýdi. 21 Şol wagt adamlar daşarda Zekerýa garaşyp durdylar, onuň ybadathanada köp eglenýändigine geň galdylar. 22 Zekerýa daşaryk çykanda, adamlar bilen gepleşip bilmedi. Şonda halk Zekerýanyň ybadathanada görnüş* görendigine düşündiler. Zekerýa gepläp bilmänsoň, adamlara yşarat edip düşündirýärdi. 23 Mukaddes borjuny ýerine ýetirmeli günleri tamamlanandan soň bolsa öýüne gaýtdy.
24 Birnäçe günden Zekerýanyň aýaly Elizabet göwreli bolup, bäş aýlap hiç ýere çykmady. 25 Elizabet: «Ýehowa* maňa, gör, nähili ýagşylyk etdi. Ol maňa nazar saldy, meni masgaraçylykdan gutardy»+ diýýärdi.
26 Elizabet alty aýlyk göwrelidi. Şonda Hudaý Jebraýyl perişdäni+ Jeliläniň Nazaret şäherine iberdi. 27 Ol durmuşa çykmadyk+ Merýem atly gyzyň ýanyna geldi. Merýem Dawudyň neslinden Ýusuba adaglydy+. 28 Perişde Merýemiň ýanyna gelip: «Salam, Hudaýyň ýalkan gyzy! Ýehowa* seniň bilendir!» diýdi. 29 Şonda Merýem örän aljyrady, perişdäniň sözleriniň manysyna düşünjek boldy. 30 Perişde: «Gorkma, Merýem, Hudaý senden razydyr. 31 Sen göwreli bolup, ogul dograrsyň+, adyna Isa dakarsyň+. 32 Ol beýik bolar+, oňa Allatagalanyň Ogly diýerler+. Ýehowa* Hudaý oňa atasy Dawudyň tagtyny berer+. 33 Ol Ýakubyň nesline ebedi patyşa bolar, Patyşalygynyň soňy bolmaz»+ diýdi.
34 Merýem bolsa perişdä: «Nädip beýle bolup biler? Men durmuşa çykmadym ahyryn»+ diýdi. 35 Perişde: «Seniň üstüňe mukaddes ruh iner+, seni Allatagalanyň güýji gorar. Dünýä injek çaga mukaddes bolar+, oňa Hudaýyň Ogly+ diýerler. 36 Biler bolsaň, garyndaşyň Elizabet garran çagynda göwreli boldy. Adamlar oňa önelgesiz diýse-de, ol alty aýlyk göwreli. 37 Sebäbi Hudaýyň başarmajak zady ýok»+ diýdi. 38 Merýem: «Men Ýehowanyň* gyrnagy! Goý, aýdyşyň ýaly bolsun!» diýdi. Şonda perişde gyzyň ýanyndan gitdi.
39 Birnäçe günden Merýem derrew ýol şaýyny tutup, Ýahudanyň daglarynda ýerleşýän şähere gitdi. 40 Ol Zekerýanyň öýüne baryp, Elizabete salam berdi. 41 Elizabet Merýemiň salamyny eşiden badyna, göwresindäki çaga gymyldady. Elizabete mukaddes ruh indi. 42 Şonda Elizabet batly ses bilen: «Sen iň bagtly aýal, göwräňdäki çaga-da bagtly! 43 Meniň öýüme Halypamyň ejesi geldi! Meniň üçin uly hormat. 44 Beren salamyňy eşiden badyma, göwrämdäki çaga begenjinden ýaňa gymyldady. 45 Hudaýyň aýdanlaryna ynanandygyň üçin bagtlysyň! Ýehowa* beren wadasyny amala aşyrar» diýdi.
46 Merýem alkyş aýdyp: «Ýehowa* şöhrat bolsun!+ 47 Halasgär Hudaýymyň+ eden işlerine diýseň guwanýaryn. 48 Sebäbi ol pesgöwünli gyrnagyna nazar saldy+. Maňa bütin nesiller bagtly diýerler+. 49 Gudratygüýçli Hudaý meniň üçin beýik işleri etdi. Onuň ady mukaddesdir+. 50 Hudaý nesilden-nesle hudaýhonlara rehim edýär+. 51 Ol güýçli gollary bilen uly işleri etdi. Tekepbir adamlary dumly-duşa dargatdy+. 52 Beýik adamlary tagtdan düşürdi+, pesgöwünlileri beýgeltdi+. 53 Açlary näz-nygmatdan doýurdy+, baýlaryň elini boş goýberdi. 54 Ol guly Ysraýyla kömege geldi, beren wadasyny unutmady+. 55 Ol muny atamyz Ybraýyma we onuň nesline* wada beripdi»+ diýdi. 56 Merýem Elizabetiň ýanynda üç aýa golaý boldy, soňra öýüne gaýtdy.
57 Elizabetiň aýy-güni dolup, ogul dogurdy. 58 Goňşy-golamlary we dogan-garyndaşlary Ýehowanyň* Elizabete eden ýagşylygyny* eşidip, örän begendiler+. 59 Çaganyň doglanyna sekiz gün bolanda, ony sünnetlemäge geldiler+. Olar çaga kakasy Zekerýanyň adyny dakjak boldular. 60 Emma ejesi: «Ýok, adyna Ýahýa dakmaly» diýdi. 61 Gelen adamlar: «Dogan-garyndaşlaryňyzyň arasynda Ýahýa atly ýok ahyry» diýdiler. 62 Olar yşarat bilen Zekerýadan oglunyň adyna näme dakmak isleýändigini soradylar. 63 Zekerýa olardan bir tagta sorap, oňa: «Çaganyň ady Ýahýa bolar»+ diýip ýazdy. Hemmeler muňa haýran galdy. 64 Şol bada onuň dili açylyp, gepläp başlady+ we Hudaýy şöhratlandyrdy. 65 Şonda goňşy-golamlary gorkdy. Adamlar bolan wakany tutuş Ýahuda ýurdunda gürrüň etdiler. 66 Muny eşidenleriň bary içinden: «Çaga nähili adam bolup ýetişerkä?» diýişýärdiler. Ýehowa* hem çagany goldaýardy.
67 Çaganyň kakasy Zekerýa mukaddes ruhdan dolup, şeýle pygamberlik etdi: 68 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa* şöhrat bolsun!+ Sebäbi ol halkyna nazar saldy, olara gutulyş berdi+. 69 Ol guly Dawudyň neslinden+ güýçli halasgär*+ berdi. 70 Hudaý muny gadymy döwürde ýaşan pygamberleri arkaly aýdypdy+. 71 Ol duşmanlardan we bizi ýigrenýänlerden halas etjekdigini wada berdi+. 72 Ata-babalarymyza beren wadasyna görä, bize rehim eder we mukaddes ähtini ýatlar+. 73 Ol muny atamyz Ybraýyma wada beripdi+. 74 Hudaý bizi duşmanlardan halas etdi, hormatly gullugy ynandy, 75 indi oňa ömürboýy wepaly we dogruçyl hyzmat ederis. 76 Balam, sen Allatagalanyň pygamberi bolarsyň. Ýehowa* seni öňünden iberip, ýol taýýarladar+. 77 Günäleriň bagyşlanmagy üçin, adamlara gutulyş habaryny yglan edersiň+. 78 Hudaýymyz örän rehimdardyr, rehimdarlygy bilen säheriň ýagtysy üstümize nur saçar. 79 Garaňkylykda we ölüm kölegesinde oturanlaryň üstüne ýagty saçar+, parahat ýaşamak üçin ýol görkezer».
80 Çaga ulalyp, Hudaýyň mukaddes ruhundan doldy. Ol Ysraýyl halkyna wagyz etmeli wagty gelýänçä, çölde ýaşady.
2 Şol günler Sezar Awgust bütin imperiýada* ilat ýazuwyny geçirmelidigi hakynda karar çykardy. 2 Ol Siriýanyň häkimi Krynwusyň döwründe geçirilen ilkinji ilat ýazuwydy. 3 Şonda adamlaryň ählisi ilat ýazuwyndan geçmek üçin dogduk mekanyna gitdiler. 4 Ýusup+ Dawudyň neslinden bolandygy üçin Jeliläniň Nazaret şäherinden Ýahuda, ýagny Dawudyň dogduk mekany Beýtullahama+ ýola düşdi. 5 Ol ilat ýazuwyndan geçmek üçin aýaly Merýemi+ hem alyp gitdi, sebäbi tizden çagasy bolmalydy+. 6 Olar şol ýere baranda, Merýemiň dogurmaly wagty geldi. 7 Ol ilkinji çagasyny+, ogluny dogrup, gundaga dolady-da, ahyrda ýatyrdy+, sebäbi myhmanhanada ýer ýokdy.
8 Şol töwerekde sürülerini bakyp ýören çopanlar bardy. Olar gijelerini öri meýdanda geçirerdiler. 9 Birdenkä Ýehowanyň* perişdesi peýda boldy. Olaryň daş-töweregine Ýehowanyň* şöhraty ýagty saçdy. Çopanlar muňa juda gorkdular. 10 Perişde olara: «Gorkmaň! Men adamlary begendirjek hoş habary aýtmaga geldim. 11 Şu gün Dawudyň şäherinde+ siziň halasgäriňiz+ doguldy, ol Halypaňyz Mesihdir+. 12 Ine size alamat: ahyrda ýatan gundagly bäbegi görersiňiz» diýdi. 13 Birdenkä ençeme perişdeler+ peýda boldy. Olar Hudaýy şöhratlandyryp: 14 «Gökdäki Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýy razy edýän adamlaryň arasynda parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.
15 Perişdeler göge galanda, çopanlar: «Ýörüň, Beýtullahama gideliň. Ýehowanyň* aýdan zatlarynyň ýerine ýetişini göreliň» diýişdiler. 16 Olar derrew gidip, Merýem bilen Ýusuby we ahyrda ýatan bäbegi gördüler. 17 Çopanlar çagany görüp, perişdäniň aýdanlaryny gürrüň berdiler. 18 Olaryň gürrüňini eşiden adamlar haýran galýardy. 19 Merýem bolsa ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklap, olar hakda oýlanýardy+. 20 Soňra çopanlar sürüsiniň ýanyna geldiler. Olar gören hem eşiden zatlary üçin Hudaýy şöhratlandyrdylar, alkyş aýtdylar.
21 Sekizinji gün bäbegi sünnetläp+, adyna Isa dakdylar. Perişde şeýle ady dakmagy Merýem heniz göwreli bolmanka tabşyrypdy+.
22 Musanyň kanunyna görä tämizlenmeli güni gelende+, ene-atasy çagany Iýerusalime Ýehowanyň* huzuryna getirdi. 23 Sebäbi Ýehowanyň* kanunynda: «Ähli nowbahar ogullaryňyzy Ýehowa* bagyş ediň»+ diýilýär. 24 Olar Ýehowanyň* kanunyndaky: «Iki gumry ýa-da iki kepderi getiriň» diýen tabşyryga görä gurbanlyk berdiler+.
25 Iýerusalimde Şimgon atly dogruçyl we hudaýhon adam bardy. Ol Hudaýyň ysraýyllara göwünlik berjek wagtyna garaşýardy+, onda Hudaýyň mukaddes ruhy bardy. 26 Hudaý Şimgona ölmänkä Ýehowanyň* iberen Mesihini görjekdigini mukaddes ruhy arkaly aýdypdy. 27 Şimgon mukaddes ruhuň täsiri bilen ybadathana geldi. Şol gün Isanyň ene-atasy hem Töwratdaky tabşyrygy berjaý etmek üçin ogluny getiripdi+. 28 Şimgon çagany eline aldy-da, Hudaýy şöhratlandyryp: 29 «Eý Älemiň Hökümdary, aýdyşyň ýaly, indi guluň dünýäden rahat ötüp bilýär+. 30 Sebäbi gözlerim seniň halas edişiňi görýär+. 31 Indi halasgäri ähli halklar hem görýär+. 32 Ol milletleriň gözlerinden perdesini aýyrýan nurdur+, ysraýyl halkynyň şöhratydyr» diýdi. 33 Ýusup bilen Merýem Şimgonyň Isa barada aýdýanlaryna haýran galýardy. 34 Soňra Şimgon olara ak pata berip, çaganyň ejesi Merýeme: «Çaga sebäpli Ysraýylda köpler ýykylar+, köpler dikeler+ we köpler ony ýigrener+. 35 Merýem, seniň bolsa ýüregiňe gylyç sanjylan ýaly bolar+. Şonda köp adamlaryň oý-pikiri mälim bolar» diýdi.
36 Şol ýerde Anna atly garry pygamber aýal hem bardy. Ol aşer taýpasyndan Panuweliň gyzydy. Ol durmuşa çykyp, äri bilen ýedi ýyl ýaşapdy, 37 soňra dul galypdy. Häzir ol 84 ýaşyndady we ybadathanadan gitmän, agyz bekleýärdi, doga-dileg edip, gije-gündiz mukaddes gullugy berjaý edýärdi. 38 Anna hem Ýusup bilen Merýemiň ýanyna baryp, Hudaýa alkyş aýtdy. Ol Hudaýyň Iýerusalimi halas etmegine garaşýan adamlara çaga hakda gürrüň berdi+.
39 Ýusup bilen Merýem Ýehowanyň* kanunyndaky talaplary berjaý edip+, Jeliläniň Nazaret şäherine gaýtdylar+. 40 Çaga ösüp kemala gelýärdi, akyl-paýhasly bolýardy, Hudaý hem ondan razy bolýardy+.
41 Onuň ene-atasy Pasha baýramyny bellemek üçin her ýyl Iýerusalime barardy+. 42 Isa 12 ýaşady. Olar hemişekisi ýaly Iýerusalime baýramçylyga gitdiler+. 43 Baýramçylyk tamamlanyp, öýlerine gaýdanlarynda, Isa Iýerusalimde galdy. Ene-atasy bolsa mundan habarsyzdy. 44 Olar Isa beýleki ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýol ýörediler. Soňra Isany dogan-garyndaşlarynyň we tanyş-bilişleriniň arasyndan gözlediler. 45 Emma Isany tapman, Iýerusalime dolandylar we hemme ýeri gözläp çykdylar. 46 Olar üç günden Isany ybadathanadan tapdylar. Ol mugallymlary diňläp, sorag berip oturan ekeni. 47 Isany diňläp oturanlaryň hemmesi onuň düşünjesine we berýän jogaplaryna haýran galýardy+. 48 Ene-atasy Isany görüp, geň galdy. Ejesi: «Oglum, näme üçin beýle etdiň? Kakaň ikimiziň gözlemedik ýerimiz galmady?» diýdi. 49 Isa bolsa: «Meni näme üçin gözlediňiz? Atamyň öýünde+ bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi. 50 Ýöne olar Isanyň aýdanlaryna düşünmediler.
51 Isa ene-atasy bilen Nazarete gaýdyp, olaryň aýdan-diýeninden çykmady*+. Ejesi oglunyň aýdan zatlaryny ýüreginde saklady+. 52 Isa ulalyp, akylly-paýhasly boldy, Hudaýy we adamlary razy edýärdi.
3 Tiberiýus Sezaryň hökümdarlygynyň 15-nji ýylynda Pontiýus Pilatus Ýahudanyň hökümdarydy, Hirodes*+ Jeliläniň häkimidi*, Hirodesiň dogany Filipus Itureýanyň we Trahonitiň häkimidi, Lisan Abileniň häkimidi, 2 Hannan uly ruhanydy, Kaýafa+ bolsa baş ruhanydy. Şol günler Zekerýanyň ogly Ýahýa+ çöldedi+. Şonda oňa Hudaýdan habar geldi.
3 Ol Iordanyň golaýyndaky ýerlere aýlanyp: «Toba edip, suwa çümdüriliň. Şonda Hudaý günäleriňizi bagyşlar» diýip wagyz edýärdi+. 4 Sebäbi Işaýa pygamberiň kitabynda şeýle ýazylgy: «Çölde biriniň sesi eşidilýär: „Ýehowa* ýol taýýarlaň! Ýodalaryny dogrulaň!+ 5 Jülgeler dolmalydyr, dag-baýyrlar düzlenmelidir, egri ýollar gönelmelidir, büdür-südür ýerler tekizlenmelidir. 6 Ähli adamlar Hudaýyň halas edişini görerler“»+.
7 Ýahýa suwa çümdürilmäge gelýän adamlara: «Eý alahöwrenler nesli! Ýetip gelýän höküm gününden gaçyp gutularyn öýdýäňizmi?+ 8 Toba edýäniňizi iş ýüzünde görkeziň. „Biz Ybraýymyň nesli“ diýmäň. Hudaý Ybraýyma daşlardan hem nesil döredip biler. 9 Aslynda, palta agajyň aşagynda dur. Gowy miwe bermeýän agaç çapylyp, oda taşlanar»+ diýýärdi.
10 Adamlar Ýahýadan: «Biz näme etmeli?» diýip sorady. 11 Ol hem: «Iki donly adam birini donsuza bersin. Çöregi bar adam çöregi ýoga bersin»+ diýdi. 12 Hatda suwa çümdürilmäge gelen salgytçylar+ hem: «Mugallym, biz näme etmeli?» diýdiler. 13 Ýahýa olara: «Halkdan almalysyndan artyk salgyt talap etmäň»+ diýdi. 14 Esgerler hem: «Biz näme etmeli?» diýip soradylar. Ýahýa: «Hiç kime azar bermäň, hiç kime töhmet atmaň+. Alýan hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.
15 Adamlar Mesihiň gelmegine garaşýardylar, şonuň üçin Ýahýa hakda: «Ol Mesih bolaýmasyn?»+ diýip pikir edýärdiler. 16 Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma yzymdan has beýik adam gelýär. Men onuň çarygynyň* bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin+. Ol sizi mukaddes ruh we ot bilen çümdürer+. 17 Onuň elinde galla sowurýan kürek bar. Harmany arassalap, bugdaýy ammara üýşürer, samany bolsa sönmeýän otda ýakar» diýýärdi.
18 Ýahýa adamlara başga-da köp öwüt-ündewleri berýärdi we hoş habary wagyz edýärdi. 19 Emma Ýahýa welaýat häkimi Hirodese käýäpdi, sebäbi ol doganynyň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ýahýa oňa başga-da erbet işleri üçin käýäpdi. 20 Hirodes Ýahýany türmä basyp+, öňki günäleriniň üstüne ýene bir günä goşdy.
21 Adamlar suwa çümdürilýärdi, Isa-da suwa çümdürildi+. Ol doga edip durka, gök açylyp+, 22 mukaddes ruh kepderi kimin üstüne indi. Şonda gökden: «Sen meniň söýgüli Oglum, men senden razydyryn»+ diýen ses eşidildi.
23 Isa+ gullugyna başlanda, 30 ýaşlaryndady+. Aýtmaklaryna görä, ol
Ýusubyň ogludy+,
Ýusup Allynyň ogludy,
24 Ally Mattatyň ogludy,
Mattat Lewiniň ogludy,
Lewi Melhiniň ogludy,
Melhi Ýannaýyň ogludy,
Ýannaý Ýusubyň ogludy,
25 Ýusup Mattatýanyň ogludy,
Mattatýa Amosyň ogludy,
Amos Nahumyň ogludy,
Nahum Esliniň ogludy,
Esli Naggaýyň ogludy,
26 Naggaý Magatyň ogludy,
Magat Mattatýanyň ogludy,
Mattatýa Semeniň ogludy,
Semen Ýusanyň ogludy,
Ýusa Ýodanyň ogludy,
27 Ýoda Ýonanyň ogludy,
Ýonan Resawyň ogludy,
Resaw Zerubabeliň+ ogludy,
Zerubabel Şehalteliň+ ogludy,
Şehaltel Nurynyň ogludy,
28 Nury Melhiniň ogludy,
Melhi Addynyň ogludy,
Addy Kosamyň ogludy,
Kosam Elmadamyň ogludy,
Elmadam Eriň ogludy,
29 Er Isanyň ogludy,
Isa Alygezeriň ogludy,
Alygezer Ýorymyň ogludy,
Ýorym Mattatyň ogludy,
Mattat Lewiniň ogludy,
30 Lewi Simonyň ogludy,
Simon Ýahudanyň ogludy,
Ýahuda Ýusubyň ogludy,
Ýusup Ýonamyň ogludy,
Ýonam Alyýakymyň ogludy,
31 Alyýakym Melewanyň ogludy,
Melewa Mennanyň ogludy,
Menna Mattatanyň ogludy,
Mattata Natanyň+ ogludy,
Natan Dawudyň+ ogludy,
Ýesse Abytyň+ ogludy,
Abyt Bowazyň+ ogludy,
Bowaz Salmonyň+ ogludy,
Salmon Nahşonyň+ ogludy,
33 Nahşon Aminadabyň ogludy,
Aminadap Arnanyň ogludy,
Arna Hesronyň ogludy,
Hesron Pereziň+ ogludy,
Perez Ýahudanyň+ ogludy,
Ýakup Yshagyň+ ogludy,
Yshak Ybraýymyň+ ogludy,
Ybraýym Tarahyň+ ogludy,
Tarah Nahuryň+ ogludy,
Seruh Rehuwyň+ ogludy,
Rehuw Pelegiň+ ogludy,
Pelek Eberiň+ ogludy,
Eber Şelanyň+ ogludy,
36 Şela Keýnanyň ogludy,
Keýnan Arpahşatyň+ ogludy,
Arpahşat Samyň+ ogludy,
Sam Nuhuň+ ogludy,
Nuh Lemegiň+ ogludy,
Metuşelah Idrisiň ogludy,
Idris Jaretiň+ ogludy,
Jaret Mahalaleliň+ ogludy,
Mahalalel Keýnanyň+ ogludy,
Enoş Şisiň+ ogludy,
Şis Adam atanyň+ ogludy,
Adam ata hem Hudaýyň ogludy.
4 Isa mukaddes ruhdan dolup, Iordan derýasyndan gaýdyp geldi, soňra ruhuň täsiri bilen çöle gitdi+. 2 Isa 40 gün çölde boldy, şonda Iblis ony synamaga geldi+. Isa hiç zat iýip içmänsoň ajykdy. 3 Iblis: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, daşy çörege öwür» diýdi. 4 Emma Isa şeýle jogap berdi: «„Adam diňe çörek bilen ýaşamaly däldir“ diýip ýazylgy»+.
5 Iblis Isany bir daga çykaryp, göz açyp-ýumasy salymda ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary görkezdi+. 6 Iblis: «Men ähli patyşalyklary we olaryň şan-şöhratyny saňa bererin, sebäbi olar maňa berildi. Men olary kime bermek islesem, şoňa-da berýärin+. 7 Eger maňa sežde etseň, ählisi seniňki bolar» diýdi. 8 Isa şeýle jogap berdi: «„Ýehowa* Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk* etmeli“ diýip ýazylgy»+.
9 Iblis Isany Iýerusalime alyp gitdi we ybadathananyň diwarynyň üstüne* çykaryp, şeýle diýdi: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, özüňi aşak zyň+. 10 Sebäbi: „Ol perişdelerine seni halas etmegi buýrar. 11 Aýaklaryň daşa degmez ýaly, olar seni ellerinde göterer“ diýip ýazylgy»+. 12 Isa şeýle jogap berdi: «„Ýehowa* Hudaýyňy synama“ diýip ýazylgy»+. 13 Iblis Isany synandan soňra ýanyndan gidip, amatly pursada garaşdy+.
14 Isa mukaddes ruhuň täsiri bilen Jelilä geldi+. Isa hakda ýagşy gürrüňler daş-töwerege ýaýrady. 15 Ol sinagogalarda* öwredip başlady we ähli adamlaryň öwgüsini gazandy.
16 Şondan soň Isa önüp-ösen şäheri Nazarete geldi+. Ol hemişekisi ýaly Sabat güni* sinagoga baryp+, Hudaýyň sözüni okamak üçin ýerinden turdy. 17 Isa Işaýa pygamberiň golýazmasyny berdiler. Ol golýazmany açyp, şu sözleri tapyp okady: 18 «Meniň üstüme Ýehowanyň* ruhy indi. Ol maňa garyplara hoş habary aýtmagy tabşyrdy. Ýesirlere azat boljagyny wagyz etmäge, körleriň gözüni açmaga, ezilenleri erkinlige çykarmaga+, 19 Ýehowanyň* rehim edýän döwri barada aýtmaga iberdi»+. 20 Soňra ol golýazmany düýrläp, hyzmatça berdi-de, ýerine geçip oturdy. Sinagogada oturanlar oňa gözüni aýyrman seredýärdiler. 21 Şonda ol: «Şu gün eşiden sözleriňiz ýerine ýetdi» diýdi+.
22 Adamlaryň hemmesi Isany öwüp başladylar, onuň ýakymly sözlerine+ haýran galyp: «Ol Ýusubyň ogly dälmi?»+ diýişdiler. 23 Isa olara: «Elbetde, siz maňa: „Eý lukman, ilki özüňi sagalt. Biz Kapernawumda+ eden gudratlaryň hakda eşitdik, olary bärde-de, ýaşaýan şäheriňde-de görkez“ diýersiňiz. 24 Size hakykaty aýdýaryn, dogduk mekanynda pygamberiň gadyry bilinmez+. 25 Meselem, Ylýas pygamberiň ýaşan döwründe Ysraýylda dul aýal köpdi. Üç ýarym ýyllap ýagyş ýagman, tutuş ýurtda güýçli açlyk boldy+. 26 Emma Hudaý Ylýasy Ysraýyldaky dul aýallaryň öýüne däl-de, Sidon ýurdundaky Sareptada ýaşaýan dul aýalyň öýüne iberdi+. 27 Şeýle-de Alyşa pygamberiň döwründe Ysraýylda heýwere* keselli adamlar köpdi. Emma diňe siriýaly Nagyman sagaldy»+ diýdi. 28 Sinagogada oturanlar muny eşidip gahar-gazaba mündüler+. 29 Olar ýerinden turup, Isa topuldylar we şäherden çykardylar. Şäher dagyň üstünde gurlupdy. Adamlar Isany dagyň gyrasyna eltip, aşak zyňjak boldular. 30 Emma Isa adamlaryň arasyndan geçip, ýoluny dowam etdi+.
31 Isa Jeliledäki Kapernawum şäherine baryp, Sabat günleri adamlara öwredýärdi+. 32 Olar Isanyň öwredişine haýran galýardylar+, sebäbi ol ygtyýarly adam ýaly gepleýärdi. 33 Sinagogada jynly adam bardy. Ol batly ses bilen+: 34 «Eý nazaretli Isa+, biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men bilýän, sen Hudaýyň Mukaddesi!»+ diýdi. 35 Isa jyna käýäp: «Kes sesiňi, çyk içinden!» diýdi. Jyn hemmeleriň gözüniň alnynda adamy ýere pylçap urdy, ýöne hiç hili zyýan ýetirmän içinden çykdy. 36 Hemmeler haýran galyp: «Onuň gepleýşine serediň! Ol şeýle güýçli hem ygtyýarly welin, jynlar tabyn bolup, adamlardan çykýar» diýişdiler. 37 Şeýlelikde, Isa hakdaky gürrüňler ýurduň ähli ýerine ýaýrady.
38 Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne geldi. Simunyň gaýynenesiniň güýçli gyzgyny galyp ýatyrdy. Şonda Isadan kömek etmegi haýyş etdiler+. 39 Isa syrkawyň ýanyna baryp, gyzgynyny aýyrdy. Ol şol bada sagalyp ýerinden turdy-da, myhmanlara hyzmat edip başlady.
40 Gün ýaşanda, halk Isanyň ýanyna dürli keselli adamlary getirdi. Isa olaryň hersiniň üstüne elini goýup sagaldýardy+. 41 Adamlaryň içinden çykýan jynlar: «Sen Hudaýyň Ogly»+ diýip gygyrýardylar. Isa bolsa käýäp, olara geplemäge rugsat bermeýärdi+, sebäbi olar Isanyň Mesihdigini bilýärdi+.
42 Daň atanda, Isa şol ýerden gaýdyp, çola ýere gitdi+. Adamlar ony gözläp başlady. Olar Isany tapyp, başga ýere gitme diýip haýyş etdiler. 43 Isa olara: «Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlerde-de wagyz etmeli, sebäbi men şonuň üçin geldim»+ diýdi. 44 Şeýlelikde, Isa Ýahudanyň sinagogalarynda wagyz etmäge gitdi.
5 Bir gezek Isa Genesaret kölüniň*+ ýakasynda Hudaýyň sözüni öwredip durka, märeke her tarapdan gysyp başlady. 2 Şonda Isa kenaryň ýakasynda iki gaýyk gördi. Balykçylar hem gaýykdan düşüp, torlaryny ýuwup durdylar+. 3 Isa gaýyklaryň birine münüp, kenardan biraz uzagrak ýüzmegi haýyş etdi. Gaýyk Simunyňkydy. Soňra Isa gaýykda oturyp, halka öwredip başlady. 4 Isa sözüni tamamlap, Simuna: «Deňziň çuň ýerine ýüzüp, torlaryňy taşla» diýdi. 5 Simun bolsa: «Mugallym, bütin gije jan etsegem, hiç zat tutup bilmedik+. Ýöne sen aýdaňsoň torlarymy suwa taşlaýaryn» diýdi. 6 Torlaryny taşlanlarynda, şeýle köp balyk düşdi welin, torlary ýyrtylyp başlady+. 7 Şonda olar ellerini galgadyp beýleki gaýykdaky balykçylary kömege çagyrdylar. Olaryň iki gaýygy-da balykdan doldy, gaýyklar tas suwa çümüpdi. 8 Simun Petrus muny görende, Isanyň öňünde dyza çöküp: «Halypam, men bir günäli adam, ýanyňda ýöremäge mynasyp däl» diýdi. 9 Sebäbi Simun bilen gaýykdakylaryň ählisi tora köp balygyň düşendigini görüp haýran galdylar. 10 Simunyň ýanyndaky balykçylar, ýagny Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýa+ hem haýran galdy. Isa Simuna: «Gorkma, mundan beýläk adam tutýan balykçy bolarsyň» diýdi+. 11 Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zadyny taşlap, Isanyň yzyna düşdüler+.
12 Isa bir şähere baranda tutuş endamy heýwere keselli adam ýanyna geldi. Ol Isanyň öňünde ýüzin ýykyldy-da, ýalbaryp: «Agam, sen isleseň, meni sagaldyp bilersiň» diýdi+. 13 Isa elini degrip: «Elbetde, isleýärin!» diýdi. Ol heýwere keselinden şol bada sagalyp, tämiz boldy+. 14 Isa oňa hiç kime aýtmazlygy tabşyryp: «Ýöne baryp, ruhana görün. Musanyň tämizlenmek baradaky tabşyrygyna görä gurbanlyk ber+. Goý, ruhanylar sagalandygyňy görsün»+ diýdi. 15 Emma Isa baradaky gürrüňler hemme ýere ýaýrady. Adamlar diňlemek we keselinden sagalmak üçin ýanyna gelýärdiler+. 16 Isa bolsa Hudaýa doga etmek üçin köplenç çola ýere gidýärdi.
17 Bir gün Isa adamlara öwredip otyrdy. Halkyň arasynda Jeliläniň, Ýahudanyň obalaryndan we Iýerusalimden gelen fariseýler*, Töwrady öwredýän mugallymlar bardy. Ýehowa* syrkawlary sagaltmak üçin Isa güýç berýärdi+. 18 Adamlar bir ysmaz ýatan adamy Isanyň ýanyna eltjek boldular+. 19 Emma adam köp bolansoň, olar öýe girip bilmediler. Olar jaýyň üstüne çykyp, üçegini açdylar-da, ysmazy düşegi bilen märekäniň ortasynda oturan Isanyň öňüne düşürdiler. 20 Isa olaryň imanyny görüp, ysmaz adama: «Günäleriň bagyşlandy»+ diýdi. 21 Şonda kanunçylar bilen fariseýler*: «Hudaýdan başga günäleri bagyşlap bilýän barmy?+ Hudaýa dil ýetirer ýaly, ol kim bolupdyr?» diýişdiler. 22 Isa olaryň pikirini bilip: «Siz näme üçin erbet pikir edýärsiňiz? 23 Siziň pikiriňizçe: „Günäleriň bagyşlandy“ diýmek aňsatmy ýa-da „Tur, ýöre!“ diýmek? 24 Emma siz Ynsan oglunyň günäleri bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyna düşünmegiňiz üçin...» diýip, ysmaz adama: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi alyp, öýüňe gaýt»+ diýdi. 25 Ol hemmeleriň gözüniň alnynda ýerinden turup, düşegini aldy-da, Hudaýy şöhratlandyryp, öýüne gaýtdy. 26 Adamlar muňa haýran galyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar we gorkudan ýaňa: «Beýle zady heniz görmändik» diýişdiler.
27 Şondan soň Isa ýoldan geçip barýarka, salgythanada oturan Lewi* salgytçyny görüp: «Meniň yzyma düş»+ diýdi. 28 Ol hem ýerinden turdy-da, ähli zadyny taşlap, Isanyň yzyna düşdi. 29 Şonda salgytçy Lewi Isany myhmançylyga çagyryp, öýünde uly oturyşyk gurnady. Saçak başynda oturanlaryň arasynda köp salgytçylar hem bardy+. 30 Fariseýler bilen kanunçylar hüňürdeşip, Isanyň şägirtlerine: «Siz näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen iýip içýäňiz?» diýdiler+. 31 Isa olara: «Lukman sag adama däl, syrkawa gerek+. 32 Men hudaýhon* adamlary däl-de, günäkärleri toba etdirmäge geldim»+ diýdi.
33 Adamlar Isa: «Ýahýanyň we fariseýleriň şägirtleri häli-şindi agyz bekleýärler, Hudaýa ýalbaryp doga edýärler. Seniň şägirtleriň bolsa iýip-içip ýörler» diýdiler+. 34 Isa: «Öýlenýän ýigit ýanlarynda bolsa, dostlaryna agyz bekledip bilersiňizmi? 35 Emma öýlenýän ýigit+ dostlaryndan aýra düşer. Şonda olar agyz beklärler»+ diýdi.
36 Isa olara şeýle mysal getirdi: «Hiç kim täze dondan gyrkyp alyp, köne dona ýama salmaz. Eger şeýle etse, onda täze ýama köne dony ýyrtar. Täze dondan alnan ýama köne dona gelişmez+. 37 Şeýle-de hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaýar. Eger guýaýsa, meşikler ýyrtylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. 38 Adamlar täze şeraby täze meşiklere guýýarlar. 39 Köne şeraby içip gören adam täze şeraby içesi gelmez. Ol: „Köne şerap gowy eken“ diýer».
6 Bir gezek Isa şägirtleri bilen Sabat güni* bugdaýlygyň içinden geçip barýardy. Şägirtler bugdaý başlaryny ýolup+, elleriniň aýasynda arassalap iýýärdiler+. 2 Fariseýler olary görüp: «Siz näme üçin Sabat güni işläp, kanuny bozýarsyňyz?»+ diýdiler. 3 Isa: «Siz Dawut bilen ýoldaşlarynyň ajyganda näme edendigini okamadyňyzmy?+ 4 Dawut Hudaýyň öýüne baryp, Hudaýa hödürlenen çöregi aldy-da, ýanyndakylar bilen iýdi. Emma kanun boýunça şol çöregi diňe ruhanylar iýip bilýärdi»+ diýdi. 5 Soňra Isa: «Ynsan ogly Sabat gününiň Hojaýyny»+ diýdi.
6 Başga bir Sabat güni+ Isa sinagoga baryp, adamlara öwredip başlady. Ol sag eli ysmaz* adamy gördi+. 7 Kanunçylar we fariseýler Isany günäkärlemek isleýärdiler. Olar Sabat güni ysmaz adamy sagaldarmyka diýip, Isadan gözüni aýyrman seredýärdiler. 8 Isa olaryň pikirini bilip+, eli ysmaz* adama: «Tur, orta çyk!» diýdi. Ol ýerinden turup, Isanyň ýanyna baryp durdy. 9 Isa olara: «Size soragym bar, Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Adamy halas etmek dogrumy ýa-da öldürmek?»+ diýdi. 10 Isa töweregindäkilere seredip, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, eli sagaldy. 11 Olar gahar-gazaba münüp, Isa ýamanlyk etmegiň küýüne düşdüler.
12 Günlerde bir gün Isa doga-dileg etmek üçin daga gitdi+ we bütin gijäni Hudaýa doga edip geçirdi+. 13 Daň atanda, ol şägirtlerini ýanyna çagyryp, 12-sini saýlady. Şol şägirtlerine «resullar» diýip at goýdy+. 14 Ine olaryň ady: Simun, Isa oňa Petrus hem diýýärdi; Petrusyň dogany Andreas we Ýakup, Ýahýa, Filipus+, Bartolomeý, 15 Matta, Tomas+, Alfeýiň ogly Ýakup, yhlasly diýilýän Simun, 16 Ýakubyň ogly Ýahuda hem-de Isa dönüklik eden Iuda Iskariýot.
17 Isa şägirtleri bilen dagdan düşüp, düzlüge bardy. Isanyň köp şägirtleri we Ýahudadan, Iýerusalimden, Tir bilen Sidonyň kenarýakasyndan ençeme adamlar hem ýygnanypdy. Olar Isany diňlemäge we keselinden sagalmaga gelipdiler. 18 Şonda hatda jynly adamlar hem sagaldy. 19 Bütin märeke Isa elini degirjek bolýardy+, sebäbi Isadan çykýan güýç bilen hemmeler sagalýardy.
20 Ol şägirtlerine seredip, şeýle diýdi:
«Eý garyplar, siz bagtlysyňyz! Sebäbi Hudaýyň Patyşalygy siziňkidir+.
21 Ajygýanlar bagtlydyr, sebäbi olar doýarlar+.
Aglaýanlar bagtlydyr, sebäbi olar gülerler+.
22 Ynsan ogluna iman edýändigiňiz üçin adamlar sizi ýigrenende+, yzarlanda+, sögende we töhmet atanda bagtlysyňyz. 23 Şol gün şatlanyň, begeniň*, sebäbi gökde aljak sylagyňyz uludyr. Olaryň ata-babalary-da pygamberlere şeýle edipdiler+.
24 Eý baýlar, waý günüňize!+ Sebäbi siz özüňize gerek zady eýýäm aldyňyz+.
25 Doýup-ganýanlaryň waý gününe, sebäbi olar ajygarlar.
Şatlanýanlaryň* waý gününe, sebäbi olar hasrat çekip aglarlar+.
26 Adamlar sizi öwüp arşa çykarsa, waý günüňize!+ Sebäbi olaryň ata-babalary-da ýalan pygamberlere şeýle edipdiler.
27 Men bolsa size diýýärin, duşmanlaryňyzy söýüň, sizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň+. 28 Size gargaýanlara alkyş aýdyň, sögýän adamlar üçin doga-dileg ediň+. 29 Biri ýaňagyňa ursa, beýleki ýaňagyňy hem öwür. Biri donuňy alsa, köýnegiňi hem ber+. 30 Biri zat sorasa, oňa beriň+, ýöne yzyna soramaň.
31 Adamlaryň size näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şeýle ediň+.
32 Eger siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda başgalardan näme tapawudyňyz bar? Hatda günäkärler hem özüni söýýänleri söýýärler+. 33 Eger size ýagşylyk edýänlere ýagşylyk edýän bolsaňyz, onda başgalardan näme tapawudyňyz bar? Hatda günäkärler hem şeýle edýärler. 34 Eger siz yzyna almak üçin berýän bolsaňyz, onda başgalardan näme tapawudyňyz bar?+ Hatda günäkärler hem peýda görmek üçin biri-birine zat berýärler. 35 Siz bolsa duşmanlaryňyzy söýüň, olara ýagşylyk ediň, karz berseňiz-de yzyna garaşmaň+. Şonda size uly sylag bererler, Allatagalanyň ogly diýerler. Alla gadyr bilmeýänlere-de, zalymlara-da ýagşylyk edýär+. 36 Gökdäki Ataňyzyň rehimdar bolşy ýaly, siz hem rehimdar boluň+.
37 Adamlary ýazgarmaň, şonda sizi-de ýazgarmazlar+. Adamlary tankytlamaň, şonda sizi-de tankytlamazlar. Adamlary bagyşlaň, şonda Hudaý hem sizi bagyşlar+. 38 Beriň, şonda size-de bererler+. Gujagyňyzy doldurarlar, üstünden basyp-basyp, silkip-silkip bererler we püre-pür edip guýarlar. Nähili ölçeg bilen ölçäp berseňiz, size-de şeýle ölçeg bilen ölçäp bererler».
39 Isa ýene-de mysal getirip, şeýle diýdi: «Kör köri idip bilermi? Eger kör köri itse, ikisi-de çukura gaçmazmy?+ 40 Şägirt halypasyndan beýik däldir, ýöne gowy öwrense, halypasy ýaly bolar. 41 Sen näme üçin doganyň gözündäki çöpi görýäň-de, öz gözüňdäki agajy görmeýäň?+ 42 Öz gözüňde agaç barka: „Doganym, gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýip, nädip aýdyp bilýäň? Eý ikiýüzli! Ilki öz gözüňdäki agajy çykar, şonda doganyň gözünden çöpi çykaryp bilersiň.
43 Erbet agaç erbet* miwe berýär, gowy agaç gowy miwe berýär+. 44 Agaç miwesinden tanalýandyr+. Tikenekden injir, ýandakdan üzüm ýygylmaýar. 45 Ýagşy adam gowy zatlary gürrüň berýär, sebäbi ýüregi* ýagşylykdan doly. Erbet adam bolsa erbet zatlary aýdýar, sebäbi ýüregi erbetlikden doly. Adamyň ýüregindäki dilindedir+.
46 Siz: „Halypam! Halypam!“ diýip-de, aýdanlarymy näme üçin berjaý etmeýärsiňiz?+ 47 Meniň sözlerimi diňleýän we berjaý edýän adamyň kime meňzeýändigini aýdaýyn+: 48 Ol ýeri çuň gazyp, jaýyň düýbüni berk tutan* adam ýalydyr. Sil gelip, derýa joşup, jaýa ursa-da, gymyldadyp hem bilmez, sebäbi jaý berk gurlupdyr+. 49 Meniň sözlerimi diňläp, ýöne berjaý etmedik adam+ jaýyň düýbüni tutman* çägäniň üstünde guran adam ýalydyr. Derýa joşup, jaýa ursa, ol şol bada ýumrular, ýer bilen ýegsan bolar».
7 Isa halka ähli zady aýdyp bolansoň, Kapernawuma bardy. 2 Ol ýerde ýüzbaşynyň gowy görýän guly keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy+. 3 Ýüzbaşy Isa hakda eşidende, onuň ýanyna ýehudy ýaşulularyny iberip, guluny sagaltmagy haýyş etdi. 4 Olar Isanyň ýanyna gelip ýalbardylar: «Oňa kömek et, ol gowy adam. 5 Ol halkymyzy gowy görýär, bize sinagoga-da gurup berdi». 6 Isa olar bilen gitdi. Ýüzbaşynyň öýüne golaýlanlarynda, ýüzbaşy dostlaryny iberip, şeýle diýmegi tabşyrdy: «Agam, alada etme! Öýüme geler ýaly, men mynasyp adam däl+. 7 Özümi mynasyp görmämsoň ýanyňa barmadym. Ýekeje söz aýtsaň ýetik, hyzmatkärim sagalar. 8 Sebäbi menem birine tabyn bolýaryn, maňa-da tabyn bolýan esgerler bar. Olaryň birine: „Git!“ diýsem, gidýär. Başga birine: „Gel!“ diýsem, gelýär. Guluma: „Şuny et!“ diýsem, edýär». 9 Isa onuň sözlerine haýran galyp, yzyna düşüp gelýän märekä: «Size diýýärin, şeýle imanly adamy Ysraýylda heniz görmedim»+ diýdi. 10 Isanyň ýanyna gelen adamlar yzyna baranlarynda, gul sagalan eken+.
11 Biraz wagtdan Isa Naýyn şäherine gitdi. Onuň ýanynda şägirtleri we birgiden adam bardy. 12 Ol şäheriň derwezesine golaýlanda, adamlar dul aýalyň ýekeje oglunyň tabydyny göterip gelýärdiler+. Dul aýalyň ýanynda şäherden gelen köp adamlar bardy. 13 Isanyň aýaly görende ýüregi awap+: «Aglama!»+ diýip, 14 tabyda elini degirdi, göterip barýanlar hem durdular. Isa: «Ýaş ýigit, saňa diýýärin, ýeriňden tur!»+ diýdi. 15 Oglan ýerinden turup, gepläp başlady. Isa hem oglany ejesine tabşyrdy+. 16 Şonda ähli adamlar gorkup: «Aramyzda beýik pygamber peýda bolupdyr+. Hudaý halkyna nazar saldy»+ diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. 17 Şeýdip, Isa hakdaky gürrüňler daş-töwerege we tutuş Ýahuda ýaýrady.
18 Ýahýanyň şägirtleri halypasyna bolan wakalary gürrüň berdiler+. 19 Şonda Ýahýa iki şägirdini çagyryp: «Gelmeli Mesih senmi+ ýa-da başga birine garaşmalymy?» diýip soratmak üçin Halypanyň ýanyna iberdi. 20 Olar Isanyň ýanyna gelip: «Suwa çümdürýän Ýahýa: „Gelmeli Mesih senmi ýa-da başga birine garaşmalymy?“ diýip soraýar» diýdiler. 21 Şonda Isa köp syrkawlary+, agyr keselli we jynly adamlary sagaltdy, ençeme körleriň gözüni açdy. 22 Isa olara: «Baryň, gören we eşiden zatlaryňyzy Ýahýa gürrüň beriň: körler görýär+, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär+, ölüler direlýär, garyplara hoş habar aýdylýar+. 23 Maňa şübhelenmeýän* adam bagtlydyr»+ diýdi.
24 Ýahýanyň şägirtleri gidensoň, Isa märekä ýüzlenip, Ýahýa barada şeýle diýdi: «Siz çöle näme görmäge gitdiňiz? Ýele yranýan gamşymy?+ 25 Siz näme görmäge gitdiňiz? Gowy geýnen adamymy?+ Gowy geýinýän we bolelin ýaşaýan adamlar patyşanyň köşgünde bolýar. 26 Dogrudan-da, çöle näme üçin gitdiňiz? Pygamberi görmägemi? Size diýýärin, ol pygamberden hem has beýikdir+. 27 Ol hakda şeýle ýazylandyr: „Seniň öňüňden habarçymy ýollaýaryn, ol saňa ýol taýýarlar“+. 28 Size diýýärin, şu wagta çenli adamlaryň arasynda Ýahýadan beýigi bolan däldir. Emma Hudaýyň Patyşalygynda iň pesi ondan beýikdir»+. 29 Isany diňläp duran adamlar we salgytçylar Hudaý adalatly diýdiler, sebäbi olar Ýahýanyň aýdyşy ýaly, suwa çümdürilipdiler+. 30 Emma fariseýler we Töwradyň mugallymlary Hudaýyň beren maslahatyny* kabul etmediler+, sebäbi olar Ýahýanyň aýdyşy ýaly, suwa çümdürilmändiler.
31 Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Men şu nesli kime meňzedeýin?+ 32 Olar bazarda oturyp, biri-birine: „Size tüýdük çalyp berdik, tans etmediňiz; zaryn-zaryn agladyk, hasrat çekmediňiz“ diýýän çagalar ýalydyr. 33 Suwa çümdürýän Ýahýa geldi, hemmeler ýaly çörek iýmedi, şerap içmedi+, ýöne siz: „Ol jynly“ diýdiňiz. 34 Ynsan ogly geldi, iýip içdi, ýöne siz: „Ol hajymelik*, arakhor, salgytçylaryň we günäkärleriň dosty“+ diýýärsiňiz. 35 Emma adamyň akyldarlygy edýän işinden görünýär»+.
36 Fariseýleriň biri Isany myhmançylyga çagyrdy. Isa onuň öýüne baryp, saçak başynda oturdy. 37 Şol şäherde bir günäkär aýal bardy. Ol Isanyň fariseýiň öýündedigini eşidip, atyr ysly ýagly gaby* alyp geldi+. 38 Aýal Isanyň aýagujunda dyza çöküp aglady, gözýaşlary bilen onuň aýagyny ýuwdy, saçy bilen süpürip, aýaklaryny mähirli ogşaýardy we aýaklaryna atyr ysly ýag çaldy. 39 Isany myhmançylyga çagyran fariseý içinden: «Ol pygamber bolsa, aýaklaryna kimiň el degirýändigini bilerdi. Ol günäkär aýal ahyry» diýdi+. 40 Isa bolsa: «Simun, saňa bir zat aýdaýyn» diýdi. Ol: «Aýdyber, Mugallym!» diýdi.
41 «Biri iki adama karzyna pul berýär. Birine 500 teňňe*, beýlekisine 50 teňňe. 42 Olaryň bergisini berere hiç zady ýokdy. Şonda karz beren adam ikisiniň hem bergisini geçýär. Seniň pikiriňçe, olaryň haýsysy karz bereni has gowy görer?» 43 Simun: «Kimiň bergisi köp bolsa, şol has gowy görer» diýip jogap berdi. Isa: «Dogry aýtdyň» diýdi. 44 Soňra Isa aýala seredip, Simuna: «Aýaly görýäňmi? Men öýüňe myhmançylyga geldim, sen bolsa aýagymy ýuwara-da suw bermediň. Şu aýal bolsa aýaklarymy gözýaşlary bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi. 45 Sen meni ogşap garşy almadyň, aýal bolsa geleni bäri aýaklarymy ogşap otyr. 46 Sen meniň başyma ýag guýmadyň, aýal bolsa atyr ysly ýagy aýaklaryma guýdy. 47 Saňa diýýärin, ol köp günä edenem bolsa, günäleri bagyşlanýar+. Şonuň üçin hem ol meni has gowy görýär. Az günä eden adam bagyşlansa welin, kän gowy görmez» diýdi. 48 Isa aýala: «Günäleriň bagyşlandy»+ diýdi. 49 Isa bilen saçak başynda oturanlar: «Günäleri bagyşlar ýaly ol kimmişin?»+ diýişdiler. 50 Isa bolsa aýala: «Imanyň seni halas etdi+, sag-aman gaýt» diýdi.
8 Biraz wagtdan Isa şäher-şäher, oba-oba aýlanyp, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip başlady+. Isanyň ýanynda 12 resuly, 2 içinden jyn çykan we keselden sagalan aýallar bardy. Şeýle-de içinden ýedi jyn çykan magdalaly diýilýän Merýem hem-de 3 Hirodesiň öýüniň gözegçisi Huzanyň aýaly Ýanna+ we Suzanna bardy. Olar hiç zadyny gaýgyrman Isa hyzmat edýärdiler+.
4 Isanyň ýanyna ençeme şäherlerden adamlar geldi, şonda uly märeke ýygnandy. Isa şeýle mysal getirdi+: 5 «Bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ol tohum sepdi. Tohumlaryň käbiri ýoluň gyrasyna düşdi, adamlar olary depeläp geçdi, guşlar bolsa iýip gitdi+. 6 Käbir tohumlar daşlyk topraga düşdi, olar gögerip çykdy, ýöne suwsuzlykdan ýaňa gurady+. 7 Käbir tohumlar ýandaklaryň arasyna düşdi, ýandaklar tohum bilen bile ösüp, olary bogdy+. 8 Käbiri bolsa mes topraga düşdi, olar gögerip, 100 esse hasyl berdi»+. Soňra Isa batly ses bilen: «Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+ diýdi.
9 Şägirtler bolsa Isadan mysalyň manysyny soradylar+. 10 Ol şeýle diýdi: «Hudaý size gökdäki Patyşalygynyň mukaddes syryny düşündirýär. Başgalar üçin bolsa aýdan zatlarym ýöne bir mysal bolup galýar+. Olar seretse-de, görmeýärler, eşitse-de, düşünmeýärler+. 11 Ine mysalyň manysy: tohum Hudaýyň sözüdir+. 12 Ýoluň gyrasyna düşen tohumlar sözi eşiden adamlardyr. Emma Iblis gelip, olaryň iman etmezligi we halas bolmazlygy üçin ýüregindäki sözi sogrup alýar+. 13 Daşlaryň arasyna düşen tohumlar bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Tohum olaryň ýüreginde kök urmansoň, az wagtlyk iman edýärler we synaga düşende imandan dänýärler+. 14 Ýandaklaryň arasyna düşen tohumlar sözi eşidýän, emma durmuşyň gaýgy-aladalary sebäpli ünsi sowulýan we baýlyga+, keýpi-sapa kowalaşýan+ adamlardyr. Şol zatlar sözi bogup, hasyl bermeýär+. 15 Mes topraga düşen tohum sözi eşidýän päk ýürekli adamlardyr+. Olar sözi ýürekden kabul edip, kynçylyklara çydap hasyl berýärler+.
16 Adamlar çyrany ýakyp, sebediň ýa-da stoluň* aşagynda däl-de, öýe girenlere yşyk berer ýaly şemdanyň üstünde goýýarlar+. 17 Üsti açylmajak gizlin zat ýokdur. Näçe gizlin saklansa-da, bilinmejek zat ýokdur+. 18 Şonuň üçin aýdýan zatlarymy ünsli diňläň, sebäbi kimde bar bolsa, oňa has köp berler+, kimde ýok bolsa, bardyr öýdýän zady-da elinden alnar»+.
19 Isanyň ejesi bilen doganlary+ ony görmäge geldiler. Ýöne adam köp bolansoň, öýe girip bilmediler+. 20 Şonda: «Ejeň bilen doganlaryň daşarda garaşyp dur, seni görmäge gelipdirler» diýdiler. 21 Isa: «Kim Hudaýyň sözüni diňläp, berjaý etse, ol meniň ejem we doganlarymdyr»+ diýdi.
22 Bir gün Isa şägirtleri bilen gaýyga münüp: «Deňziň beýleki kenaryna geçeliň» diýdi. Olar gaýykda ýüzüp gitdiler+. 23 Ýüzüp barýarkalar, Isa uklap galdy. Şonda deňizde güýçli tupan turdy, olar howply ýagdaýa düşdi, sebäbi gaýyk suwdan dolup barýardy+. 24 Şägirtler Isany oýaryp: «Mugallym, Mugallym, gark bolup barýarys!» diýdiler. Ol ýerinden turup, ýele we tolkunlara käýedi welin, tupan ýatyp, ümsümlik boldy+. 25 Soňra Isa şägirtlerine: «Hany siziň imanyňyz?» diýdi. Olar bolsa haýran galyp, gorkudan ýaňa biri-birine: «Bu kimkä? Ol ýele-de, deňze-de buýruk berýär, olar hem gulak asýar» diýişdiler+.
26 Isa şägirtleri bilen Jeliläniň beýleki tarapynda ýerleşýän Gerasena welaýatyna bardy+. 27 Isa gaýykdan düşen badyna, öňünden jynly adam çykdy. Ol golaýdaky şäherleriň birinde ýaşaýardy. Emma ol köp wagtdan bäri öýüne barman, mazarçylykda egin-eşiksiz gezip ýördi+. 28 Ol Isanyň öňünde dyza çöküp, batly ses bilen: «Eý Allatagalanyň Ogly, Isa! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýaryn, meni gynama»+ diýdi. 29 Isa jyna onuň içinden çykmagy buýurdy. Jyn gaýta-gaýta* adamyň tutgaýyny tutdurýardy+. Şonda ony gandallap, zynjyr bilen daňýardylar we garawullap oturýardylar. Emma ol gandallary döwüp, zynjyrlary üzüp, jynyň güýji bilen çola ýere gaçyp giderdi. 30 Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Goşun*» diýip jogap berdi, sebäbi onuň içine köp jyn giripdi. 31 Jynlar Isadan düýpsüz çuňluga kowma diýip ýalbardylar+. 32 Golaýdaky baýyrlykda doňuz+ sürüsini bakýardylar. Jynlar Isa ýalbaryp, doňuzlaryň içine girmäge rugsat soradylar. Isa hem rugsat berdi+. 33 Jynlar adamdan çykyp, doňuzlaryň içine girdiler. Şonda tutuş süri dazyrdaşyp, uçut gaýadan deňze böküp gark boldular. 34 Çopanlar bolan zatlary görüp, gaçyp gitdiler we muny şäherlere, obalara habar berdiler.
35 Adamlar bolan wakany görmek üçin Isanyň ýanyna geldiler. Olar içinden jyn çykan adamyň egin-eşiklidigini, akyl-huşunyň ýerindedigini görüp, juda gorkdular. Ol Isanyň ýanynda otyrdy. 36 Bolan zatlary görenler şäherden gelenlere jynly adamyň nädip sagalandygyny gürrüň berdiler. 37 Gerasena welaýatyndan gelen adamlaryň ählisi Isadan başga ýere gitmegi haýyş etdiler, sebäbi örän gorkupdylar. Isa gaýyga münüp, ol ýerden gitjek bolanda, 38 içinden jyn çykan adam ýalbaryp, ýany bilen alyp gitmegini haýyş etdi. Ýöne Isa rugsat bermän+: 39 «Bar, öýüňe gaýt, Hudaýyň saňa eden ýagşylygyny hemmelere gürrüň ber» diýdi. Ol şähere aýlanyp, Isanyň eden ýagşylygyny hemmelere gürrüň berdi.
40 Isa Jelilä gelende, adamlar mähir bilen garşy aldylar, sebäbi hemmeler oňa garaşýardy+. 41 Şonda Ýaýrus atly sinagoga ýolbaşçysy Isanyň ýanyna gelip, aýagyna ýykyldy-da, öýüne barmagy haýyş etdi+. 42 Sebäbi onuň 12 ýaşly ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy.
Isa gidip barýarka, märeke ony dumly-duşdan gysýardy. 43 Şol ýerde 12 ýyl bäri gan akma keselinden+ ejir çekýän bir aýal bardy. Ol hiç zatdan haýyr tapmandy+. 44 Aýal Isanyň arkasyndan gelip, donunyň etegine+ elini degirdi welin, şol bada gan akmasy kesildi. 45 Şonda Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýdi. Hiç kim boýun almansoň, Petrus: «Mugallym, daşyň adamdan doly, seni gysyp barýar» diýdi+. 46 Isa bolsa: «Biri maňa elini degirdi, sebäbi özümden güýjüň çykanyny duýdum»+ diýdi. 47 Aýal Isanyň bilendigine düşünip, gorkudan ýaňa titräp, öňünde dyza çökdi. Ol hemmeleriň öňünde näme üçin oňa elini degrendigini we dessine sagalandygyny gürrüň berdi. 48 Isa: «Gyzym, seni imanyň sagaltdy. Sag-aman gaýt»+ diýdi.
49 Isa gepläp durka, sinagoga ýolbaşçysynyň öýünden bir adam gelip, Ýaýrusa: «Gyzyň aradan çykdy. Mugallymy alada goýup oturma» diýdi+. 50 Isa onuň aýdanlaryny eşidip, Ýaýrusa: «Gorkma, diňe iman et! Gyzyň ýaşar»+ diýdi. 51 Isa onuň öýüne gelip, içeri diňe Petrusy, Ýahýany, Ýakuby we gyzyň ene-atasyny saldy. 52 Adamlar gyzyň ölendigine zaryn-zaryn aglaşyp, gursaklaryna urýardylar. Isa olara: «Aglamaň+, gyzjagaz ölenok, uklap ýatyr»+ diýdi. 53 Olar Isany ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar, sebäbi gyzyň ölendigini bilýärdiler. 54 Isa gyzjagazyň elinden tutup: «Gyzjagaz, tur!»+ diýdi. 55 Şol bada gyz direlip*+, ýerinden turdy+. Isa gyzy naharlamagy tabşyrdy. 56 Gyzyň ene-atasy muňa örän begendi. Emma Isa bolan wakany hiç kime gürrüň bermezligi tabşyrdy+.
9 Isa 12 resulyny ýanyna çagyryp, jynlary kowup çykarmaga+, syrkawlary sagaltmaga güýç we ygtyýar berdi+. 2 Şeýle-de olary Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmäge we syrkawlary sagaltmaga iberip: 3 «Ýanyňyz bilen hiç zat almaň: ne hasa, ne iýmit, ne torba, ne pul*, ne-de eşik+. 4 Haýsy öýe barsaňyz, gaýdýançaňyz, şol ýerde boluň+. 5 Adamlar sizi kabul etmese, şäherden çykyp barýarkaňyz, duýduryş hökmünde aýagyňyzyň tozanyny kakyň»+ diýdi. 6 Şondan soň olar oba-oba aýlanyp, ähli ýerlerde hoş habary wagyz etdiler we syrkawlary sagaltdylar+.
7 Welaýat häkimi* Hirodes* hem bolýan zatlary eşidip, örän aljyrady, sebäbi adamlaryň käbiri Ýahýa direlipdir diýýärdiler+. 8 Käbirleri Ylýas pygamber gelipdir, başgalar bolsa öňki pygamberleriň biri direlipdir diýişýärdiler+. 9 Hirodes: «Men Ýahýanyň kellesini kesdim+. Onda halk kimiň gürrüňini edýärkä?» diýip, Isany görmek isleýärdi+.
10 Resullar gaýdyp gelenlerinde, eden işlerini Isa gürrüň berdiler+. Şonda Isa hiç kime bildirmän olar bilen Beýtsaýda şäherine gitdi+. 11 Märeke muny bilip, Isanyň yzyna düşdi. Emma Isa adamlary mähirli garşylap, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berdi, syrkawlary sagaltdy+. 12 Gün ýaşyp barýarka, 12 resul Isanyň ýanyna gelip: «Bäri çola, märekäni iber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer tapsynlar, iýere zat satyn alsynlar»+ diýdiler. 13 Isa resullaryna: «Olara siz iýere zat beriň»+ diýdi. Olar: «Bizde diňe bäş çörek bilen iki balyk bar. Adamlara çöregi biz satyn alalymy?» diýdiler. 14 Ol ýere 5 000-e golaý erkek adam ýygnanypdy. Isa şägirtlerine: «Adamlary elli-elliden toparlara bölüp oturdyň» diýdi. 15 Olar hem Isanyň aýdyşy ýaly etdiler. 16 Isa bäş çörek bilen iki balygy aldy-da, göge bakyp doga etdi*. Soňra olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, olar hem märekä paýladylar. 17 Adamlar iýip doýdular. Artyp galan zatlary ýygnanlarynda, 12 sebet doldy+.
18 Bir gün Isa ýeke özi doga edip otyrka, ýanyna şägirtleri geldiler. Isa olardan: «Adamlar maňa kim diýýär?»+ diýip sorady. 19 Olar hem: «Käbiri suwa çümdürýän Ýahýa, käbiri Ylýas, käbiri bolsa öňki pygamberleriň biri direlipdir diýýärler»+ diýip jogap berdiler. 20 Isa olara: «Siz maňa kim diýýärsiňiz?» diýdi. Şonda Petrus: «Sen Hudaýyň iberen Mesihi»+ diýip jogap berdi. 21 Isa muny hiç kime aýtmazlygy berk tabşyryp+: 22 «Ynsan ogly ýaşulularyň, uly ruhanylaryň we kanunçylaryň elinden köp ejir çeker, ondan ýüz öwrerler, öldürerler+, ýöne ol üçünji gün direler»+ diýdi.
23 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de+, jebir pürsüni* alyp, her gün yzyma düşsün+. 24 Kim janyny* halas etmek islese, ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony halas eder+. 25 Adam dünýäniň bar mal-mülküni edinse-de, janyny ýitirse ýa-da özüne zyýan ýetirse näme peýdasy bar?+ 26 Kim meniň şägirdimdigine, sözlerime ynanýandygyna utansa, Ynsan ogly-da şan-şöhraty, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şan-şöhraty bilen gelende, oňa şägirdim diýmäge utanar+. 27 Size hakykaty aýdýaryn, şu ýerde duranlaryň käbiri Hudaýyň Patyşalygyny görmän ölmez»+.
28 Isanyň şu sözleri aýdanyna takmynan sekiz gün geçdi. Şonda Isa Petrus, Ýahýa we Ýakup bilen doga etmäge daga çykdy+. 29 Doga edip durka, onuň ýüz keşbi üýtgedi, egin-eşigi ap-ak boldy. 30 Birdenkä iki adam peýda bolup, Isa bilen gepleşip başlady. Olar Musa bilen Ylýasdy. 31 Olar nur kimin şöhle saçýardy hem-de Isanyň şu dünýäden gitjekdigi barada we Iýerusalimde bolmaly zatlar hakda gürrüň edýärdiler+. 32 Petrusy, Ýahýany we Ýakuby agyr uky basýardy, ýöne olar ukusyndan açylyp, Isanyň şöhratyny+ hem-de ýanynda duran iki adamy gördüler. 33 Olar Isanyň ýanyndan gidip barýarkalar, Petrus: «Mugallym, bäri gowy ekeni. Rugsat berseň, üç çadyr guraly: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi. Emma Petrus näme diýýändigine düşünmeýärdi. 34 Petrus heniz gepläp durka, olaryň daşyny bulut gurşady. Şägirtler muňa juda gorkdular. 35 Şonda bulutdan: «Ine meniň Oglum, meniň saýlanym+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi+. 36 Olar sesi eşidende, Isanyň ýanynda hiç kim ýokdy. Şägirtleri bolsa gören zatlaryny şol wagt hiç kime aýtmadylar+.
37 Ertesi gün olar dagdan düşenlerinde, Isanyň öňünden uly märeke çykdy+. 38 Märekäniň arasyndan bir adam gygyryp: «Mugallym, ýalbarýaryn, ogluma kömek et! Ol meniň ýalňyz perzendim+. 39 Jyn oglumyň tutgaýyny tutduranda, ony gygyrdyp, güýçli sandyradýar. Oglumyň agzyny köpürjikledýär, ony halys ysgyndan gaçyrýar, diňe şondan soň oglumdan el çekýär. 40 Onuň içinden jyny çykarmagy şägirtleriňe haýyş etdim, ýöne başarmadylar» diýdi. 41 Isa: «Eý imansyz we azgyn nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Ogluňy ýanyma getir»+ diýdi. 42 Oglan Isanyň ýanyna baranda, jyn ony ýere pylçap urdy we tutgaýyny tutdurdy. Isa jyna käýedi-de, oglany sagaldyp, kakasyna tabşyrdy. 43 Adamlar Hudaýyň gudratyny görüp, haýran galdylar.
Olar geň galyşyp durka, Isa şägirtlerine: 44 «Meni ünsli diňläp, sözlerimi ýadyňyzda saklaň: Ynsan ogly duşmanlaryň eline berler»+ diýdi. 45 Emma şägirtleri onuň aýdanlaryna düşünmediler, sebäbi sözleriň manysy olara açylmandy. Isadan soramaga-da çekinýärdiler.
46 Şägirtler öz aralarynda kimiň uludygy barada jedelleşýärdiler+. 47 Isa olaryň ýüregindäkini bilip, bir çagany çagyrdy-da, ýanynda durzup: 48 «Meniň hatyrama kim şeýle çagany kabul etse, meni kabul edýändir. Meni kabul edýän bolsa diňe meni däl, meni Ibereni-de kabul edýändir+. Araňyzda kim özüni peseltse, ol beýik bolar»+ diýdi.
49 Ýahýa: «Mugallym, bir adam seniň adyň bilen jynlary çykarýan ekeni. Biz oňa gadagan etjek bolduk, sebäbi ol yzymyza düşenok»+ diýdi. 50 Isa olara: «Oňa degmäň, size garşy çykmadyk adam siziň tarapyňyzdadyr» diýdi.
51 Isanyň göge galmaly wagty golaýlanda+, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. 52 Ol käbir şägirtlerini öňünden iberdi. Olar hem Isa gerekli zatlary taýýarlamak üçin Samariýanyň bir obasyna gitdiler. 53 Emma samariýalylar Isany kabul etmediler+, sebäbi ol Iýerusalime gitmegi ýüregine düwüpdi. 54 Ýakup bilen Ýahýa+ muny görüp: «Halypam, gökden ot ýagdyryp, olary ýok edelimi?»+ diýdiler. 55 Isa olara seredip, ikisine-de käýedi. 56 Soňra Isa şägirtleri bilen başga oba gitdi.
57 Ýolda barýarkalar, bir adam Isa: «Sen nirä gitseň, seniň bilen giderin» diýdi. 58 Isa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bar, ýöne Ynsan oglunyň başyny goýara-da ýeri ýok»+ diýdi. 59 Isa başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Ol bolsa: «Halypam, maňa öňürti kakamy jaýlamaga rugsat ber»+ diýdi. 60 Isa: «Goý, ölüleri ölüler+ jaýlasyn! Sen bolsa gidip, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz et»+ diýdi. 61 Başga biri gelip: «Halypam, seniň yzyňa eýererin, ýöne ilki öýdäkiler bilen hoşlaşaýyn» diýdi. 62 Isa: «Azaly eline alyp, yzyna seredýän adam+ Hudaýyň Patyşalygyna girmäge mynasyp däldir»+ diýdi.
10 Şondan soň Isa* ýene-de 70 şägirt saýlap, olary iki-ikiden+ öz gitjek bolýan şäherlerine we obalaryna iberdi. 2 Isa olara şeýle diýdi: «Dogrudan-da, hasyl bol, ýöne işçi az. Şonuň üçin hasyl ýygnamaga işçi iberer ýaly, hasyl Eýesine ýalbaryň+. 3 Seresap boluň, men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin iberýärin+. 4 Ýanyňyza pul, iýmit, torba we çaryk* almaň+. Ýolda barýarkaňyz, hiç kime salam bermäň*. 5 Haýsy öýe barsaňyz ilki: „Size parahatlyk bolsun!“+ diýiň. 6 Eger öýde parahatlygy söýýän* bar bolsa, parahatlygyňyz şol öýde galar. Eger bolmasa, size gaýdyp geler. 7 Parahatlygy söýýän adamyň öýünde galyň+, näme berse iýip içiň+, sebäbi işçi öz hakyna mynasypdyr+. Bir öýden başga öýe göçüp-gonup ýörmäň.
8 Baran şäheriňizde kabul etseler, öňüňizde näme goýsalar iýiň. 9 Ol ýerdäki syrkawlary sagaldyp: „Hudaýyň Patyşalygy golaýlady“+ diýiň. 10 Eger baran şäheriňizde kabul etmeseler, uly köçelerine çykyp: 11 „Size şaýatlyk hökmünde, şäheriňiziň tozanyny aýagymyzdan kakýarys+. Emma bilip goýuň, Hudaýyň Patyşalygy golaýlandyr“ diýiň. 12 Size diýýärin, Kyýamat güni* ol şähere garanyňda Sodoma has aňsat düşer+.
13 Waý günüňize, Horaziniň halky! Waý günüňize, Beýtsaýdanyň ilaty! Eger sizde edilen gudratlar Tir bilen Sidonda edilen bolsady, olar bireýýäm toba edip, jul geýerdiler, kül üstünde oturardylar+. 14 Kyýamat güni* size garanyňda Tir bilen Sidona has aňsat düşer. 15 Eý Kapernawum halky, Hudaý sizi arşa çykarar öýdýäňizmi? Ýok, ol sizi mazara* inderer.
16 Sizi diňleýän, meni diňleýändir+. Sizden ýüz öwürýän, menden hem ýüz öwürýändir. Menden ýüz öwürýän adam bolsa meni Iberenden-de ýüz öwürýändir»+.
17 Soňra 70 şägirt şatlyk bilen dolanyp gelip: «Halypa, seniň adyňy tutanymyzda, jynlar hem tabyn bolýardy»+ diýdiler. 18 Isa olara: «Men Şeýtanyň ýyldyrym kimin gökden aşak inenini gördüm+. 19 Men size ýylanlary, içýanlary depelemäge, duşman güýjünden üstün çykmaga ygtyýar berdim+. Size hiç zat zyýan ýetirip bilmez. 20 Emma jynlaryň size tabyn bolýandygyna däl, atlaryňyzyň gökde ýazylandygyna begeniň»+ diýdi. 21 Şonda Isa örän şatlandy we mukaddes ruhdan dolup: «Eý Atam, ýeriň-gögüň Eýesi! Saňa hemmeleriň öňünde alkyş aýdýaryn, sebäbi sen hakykaty akyldar hem bilimli adamlardan pugta gizläp+, çaga ýaly pesgöwünli adamlara açdyň. Eý Atam, sen şeýle bolmagyny islediň+. 22 Atam ähli zady maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oglundan we Oglunyň tanatmak isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir»+ diýdi.
23 Şägirtler ýeke galanda, Isa: «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän adamlar bagtlydyr!+ 24 Size diýýärin, köp pygamberler we patyşalar siziň görýän zatlaryňyzy görmek islediler, ýöne görüp bilmediler+, siziň eşidýän zatlaryňyzy eşitmek islediler, ýöne eşidip bilmediler» diýdi.
25 Şonda Töwradyň mugallymy Isany synamak üçin: «Mugallym, ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?»+ diýip sorady. 26 Isa: «Töwratda näme ýazylgy? Okan zatlaryňa nähili düşündiň?» diýdi. 27 Ol: «„Ýehowa* Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň*, bütin güýjüň we bütin aň-düşünjäň bilen söý“+. Şeýle-de: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“+ diýilýär» diýip jogap berdi. 28 Isa: «Dogry aýtdyň, olary berjaý etseň, ebedi ýaşaýşy miras alarsyň»+ diýdi.
29 Ol bolsa özüni aklajak bolup+, Isadan: «Meniň ýakynym kim?» diýip sorady. 30 Isa şeýle diýdi: «Bir adam Iýerusalimden Ýerihona barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Garakçylar onuň eşiklerini sypyryp alýarlar, özüni hem urup, çalajan halda taşlap gidýärler. 31 Şol ýoldan ruhany geçip barýardy. Ol ýaralanan adamy görüp, ýoluň beýleki tarapyna geçip gidýär. 32 Bir lewi hem şol ýoldan barýarka, ony görüp, ýoluň beýleki tarapyna geçýär. 33 Şol ýoldan samariýaly adam+ geçip barýarka, ýaralanan adamy görüp ýüregi gyýylýar. 34 Samariýaly adam onuň ýanyna baryp, ýaralaryna ýag çalyp we şerap guýup saraýar. Soňra ony eşegine mündürýär-de, kiçiräk myhmanhana getirip aladasyny edýär. 35 Ertesi gün ol myhmanhananyň eýesine iki teňňe* berip: „Gowuja serediň, ýene çykdajy etseňiz, yzyma gelenimde bererin“ diýýär. 36 Seniň pikiriňçe, olaryň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň ýakyny+ bolýar?» 37 Ol: «Rehimi inen adam»+ diýip jogap berdi. Isa hem: «Bar, senem şonuň ýaly et»+ diýdi.
38 Isa bilen şägirtleri ýoluny dowam edip, bir oba baryp ýetdiler. Marta+ atly aýal Isany myhmançylyga çagyrdy. 39 Onuň Merýem diýen uýasy bardy. Merýem Halypanyň aýagujunda oturyp, gürrüňlerini diňleýärdi. 40 Marta bolsa nahar bişirmek bilen başagaý bolup ýördi. Ol Isanyň ýanyna gelip: «Halypam, uýamyň kömek etmeýändigini göreňokmy? Oňa aýtsana, maňa kömek etsin» diýdi. 41 Halypamyz oňa: «Marta, Marta, sen köp zadyň aladasyny edip başagaý bolýarsyň. 42 Emma köp zat gerek däl, ýekeje zat bolsa-da bolýar. Merýem gowusyny saýlady+, saýlan zady elinden hiç haçan alynmaz» diýdi.
11 Bir gezek Isa doga edip bolandan soň, şägirtleriniň biri: «Halypam, Ýahýanyň şägirtlerine doga etmegi öwredişi ýaly, senem bize öwredäý» diýdi.
2 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Doga edeniňizde: „Atam, adyň mukaddes bolsun!+ Patyşalygyň gelsin!+ 3 Bize her günki çöregimizi ýetirip dur+. 4 Adamlaryň günäsini* bagyşlaýşymyz ýaly+, sen hem biziň günälerimizi bagyşla+; bize synaga düşmäge ýol berme“+ diýiň».
5 Isa olara: «Aýdaly, biriňiz ýarygije dostuňyzyň öýüne baryp: „Dostum, üç çörek karz beräý! 6 Uzak ýoldan bir dostum geldi, öňünde goýara çöregim ýok“ diýýärsiňiz. 7 Öý eýesi içerden: „Meni bimaza etme, gapy gulply, çagalarym hem ýanymda ýatyr. Men turup, hiç zat berip biljek däl“ diýýär. 8 Size diýýärin, ol dostlugynyň hatyrasyna hiç zat bermese-de, gaýta-gaýta sorany üçin+ ýerinden turup, gerek zadyny berer. 9 Size diýýärin, gaýta-gaýta diläň+, size berler, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta-gaýta kakyň, size açylar+. 10 Sebäbi dilän alar+, agtaran tapar, gapyny kakana açarlar. 11 Ogly balyk dilese, kakasy ýylan berermi?+ 12 Ýa-da ýumurtga dilese, içýan berermi? 13 Eger siz erbet adam bolup, çagalaryňyza gowy zatlary berýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz dileýänlere mukaddes ruhuny bermezmi näme?»+ diýdi.
14 Biraz wagtdan Isa lal adamyň içinden jyny çykardy, sebäbi şol jyn adamy lal eden ekeni+. Lal adam gepläp başlanda, adamlar muňa haýran galdy+. 15 Emma käbir adamlar: «Ol jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebulyň* kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler. 16 Käbirleri bolsa Isany synamak üçin gökden alamat görkezmegi talap etdiler+. 17 Isa olaryň niýetini bilip+, şeýle diýdi: «Eger bir patyşalygyň ilaty agzala bolsa, patyşalyk ýykylar. Bir maşgalada agzalalyk bolsa, maşgala dargar. 18 Eger Şeýtan hem öz-özüne garşy çykýan bolsa, onuň patyşalygy durarmy? Siz maňa jynlary Beýelzebulyň kömegi bilen kowup çykarýarsyň diýýärsiňiz. 19 Men jynlary Beýelzebulyň kömegi bilen çykarýan bolsam, onda siziň şägirtleriňiz kimiň kömegi bilen çykarýarlar? Siziň ýalňyşýandygyňyzy şägirtleriňiziň edýän işleri görkezýär. 20 Eger men jynlary Hudaýyň güýji*+ bilen kowup çykarýan bolsam, diýmek, Hudaýyň Patyşalygy gelip ýetipdir, ýöne siz muňa düşünmediňiz+. 21 Eli ýaragly we güýçli adam öýüni gorasa, hiç kim onuň zadyny ogurlap bilmez. 22 Emma ondan has güýçli biri topulyp, ony ýeňse, elinden ähli ýaraglaryny alar we talan zatlaryny başgalar bilen paýlaşar. 23 Meniň tarapymy tutmadyk adam maňa garşy çykýandyr. Meniň bilen adamlary ýygnamadyk olary menden kowýandyr+.
24 Zalym ruh adamyň içinden çykyp, çöllere aýlanýar, dynç almaga ýer gözleýär, ýöne tapyp bilmeýär. Soňra ol: „Gowusy, men çykyp gaýdan öýüme dolanaýyn“+ diýýär. 25 Ol gelip, öýüň arassalanyp, bezelendigini görýär. 26 Ol gidip, özünden hem has zalym ýedi ruhy getirýär we öýde ýaşap başlaýar. Şonda adamyň ýagdaýy öňküsinden-de erbetleşýär».
27 Isa muny aýdyp durka, märekäniň içinden bir aýal gygyryp: «Seni dünýä indiren, seni emdiren aýal nähili bagtly!»+ diýdi. 28 Isa bolsa: «Ýok, Hudaýyň sözüni eşidip, berjaý edýänler bagtly!»+ diýdi.
29 Märeke ýygnananda, Isa: «Zalym nesil alamat isleýär, emma Ýunus pygamberiňkiden başga alamat görkezilmez+. 30 Ýunusyň+ ninewiýalylara alamat bolşy ýaly, Ynsan ogly-da şu nesle alamat bolar. 31 Kyýamat güni* Gündogaryň aýal patyşasy+ şu nesil bilen direlip, olary utandyrar*. Sebäbi ol Süleýmanyň paýhasly sözlerini diňlemek üçin ýeriň aňry ujundan gelipdi. Emma bärde Süleýmandan-da beýik biri dur+. 32 Kyýamat güni* Ninewiýanyň halky şu nesil bilen direlip, olary utandyrar*. Sebäbi Ýunus pygamber wagyz edende, olar toba edipdiler+. Emma bärde Ýunusdan-da beýik biri dur. 33 Adamlar çyrany ýakyp, sebediň aşagynda goýmaýar ýa-da başga ýerde gizlemeýär. Gaýtam öýe girenlere yşyk berer ýaly, şemdanyň üstünde goýýarlar+. 34 Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sada* bolsa, bütin bedeniň ýagty bolar. Emma gözüň erbet* bolsa, bütin bedeniň garaňky bolar+. 35 Şonuň üçin seresap bol, sendäki ýagtylyk garaňky bolaýmasyn. 36 Eger bütin bedeniň ýagty bolup, hiç ýeri garaňky bolmasa, onda çyranyň yşyk berişi ýaly, bütin bedeniň hem ýagty bolar» diýdi.
37 Isa sözüni tamamlanda, bir fariseý ony myhmançylyga çagyrdy. Isa hem öýe baryp, saçak başyna geçdi. 38 Emma fariseý Isanyň nahardan öň elini ýuwmandygyna* haýran galdy+. 39 Şonda Halypamyz şeýle diýdi: «Fariseýler, siz gap-gaçlaryň daşyny ýuwsaňyz-da, içiňiz açgözlükden we erbetlikden doly+. 40 Eý akylsyzlar, daşyny ýaradan Hudaý içini hem ýaratmadymy? 41 Garyplara ýürekden ýagşylyk ediň*. Şonda doly tämiz bolarsyňyz. 42 Waý günüňize, eý fariseýler! Sebäbi siz narpyzyň, porsykertiň we başga-da ösümlükleriň ondan bir bölegini berýärsiňiz+, ýöne Hudaýyň adalatyna we söýgüsine sowuk-sala garaýarsyňyz. Aslynda, şeýle zatlary bermäge borçludyňyz, ýöne wajyp zatlara-da sowuk-sala garamaly däldiňiz+. 43 Waý günüňize, fariseýler! Siz sinagogalarda öňdäki hatarlarda oturmagy we bazarlarda adamlaryň hormat bilen salam bermeklerini gowy görýärsiňiz+. 44 Waý siziň halyňyza! Siz adamlaryň bilmän basalap ýören mazaryna meňzeýärsiňiz»+.
45 Şonda Töwradyň mugallymlarynyň biri Isa: «Mugallym, şeýle diýmek bilen biziň hem göwnümize degýärsiň» diýdi. 46 Isa şeýle diýdi: «Töwradyň mugallymlary, siziň hem dat günüňize! Sebäbi siz adamlaryň egnine agyr ýük atýarsyňyz, özüňiz bolsa ýüki götermek üçin barmagyňyzy-da gymyldatmaýarsyňyz+.
47 Waý siziň halyňyza! Siz ata-babalaryňyzyň öldüren pygamberlerine mazarçylyk gurýarsyňyz+. 48 Ata-babalaryňyzyň näme edendigini bilseňiz-de, olary goldap, öldüren pygamberlerine+ mazar gurýarsyňyz. 49 Şonuň üçin akyldar Hudaý şeýle diýdi: „Men olaryň ýanyna pygamberleri we resullary ibererin. Emma olar käbirini öldürerler, käbirini yzarlarlar. 50 Şeýlelikde, dünýä döräli bäri öldürilen pygamberleriň gany şu nesilden soralar+. 51 Habyldan+ başlap tä Hudaýyň öýi bilen gurbanlyk ojagynyň* arasynda öldürilen Zekerýa çenli hemmeleriň gany şu nesilden soralar“+. Size diýýärin, olaryň gany üçin şu nesle jeza berler.
52 Waý günüňize, Töwradyň mugallymlary! Siz bilimiň açaryny alyp, ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjek adamlara ýol berýärsiňiz»+.
53 Isa ol ýerden çykanda, kanunçylar we fariseýler dumly-duşdan gysýardylar, sorag baryny ýagdyrýardylar. 54 Olar Isany sözünde tutjak bolýardylar+.
12 Şol wagt müňlerçe adam ýygnandy. Olar biri-birini gysyp barýardy. Şonda Isa şägirtlerine ýüzlenip şeýle diýdi: «Fariseýleriň hamyrmaýasyndan ägä boluň, sebäbi olar ikiýüzlüdir+. 2 Näçe gizlin saklansa-da, açylmajak we gizlin galjak zat ýokdur+. 3 Garaňkylykda aýdan zadyňyz ýagtylykda eşidiler, otagyňyzda pyşyrdap aýdanyňyz jaýyň üçeginden jar ediler. 4 Dostlarym+, size diýýärin, bedeni öldürip, başga hiç zat edip bilmeýän adamdan gorkmaň+. 5 Emma adamy öldürip, Jähenneme*+ taşlap bilýän Hudaýdan gorkuň. Size diýýärin, Hudaýdan gorkuň!+ 6 Bäş serçäni iki teňňä* satýarlar, şeýle dälmi? Emma Hudaý olaryň hiç birini unutmaýar+. 7 Siziň bolsa saçyňyz hem sanalgy+. Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatly+.
8 Size diýýärin, eger biri adamlaryň öňünde meniň şägirdimdigini aýtmaga çekinmese+, Ynsan ogly-da ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde şägirdi hasaplamaga çekinmez+. 9 Emma kim adamlaryň öňünde menden ýüz öwürse, men hem Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ondan ýüz öwrerin+. 10 Ynsan ogluna dil ýetiren adam bagyşlanar, emma mukaddes ruha dil ýetiren adam bagyşlanmaz+. 11 Adamlar sizi jemagatyň*, hökümdarlaryň we ygtyýarly adamlaryň öňüne eltenlerinde, özüňizi goramak üçin näme diýerin ýa-da nädip aýdaryn diýip alada etmäň+. 12 Sebäbi näme diýmelidigini mukaddes ruh şol wagt öwreder»+.
13 Märekäniň içinden biri: «Mugallym, agama aýt, mirasyny meniň bilen paýlaşsyn» diýdi. 14 Isa: «Kim meni kazy ýa-da araçy edip belledi?» diýdi. 15 Soňra Isa märekä: «Hüşgär boluň, açgözlügiň her hili görnüşinden seresap boluň+. Adamyň baýlygy ömrüni uzaltmaýar»+ diýdi. 16 Isa olara şeýle mysal gürrüň berdi: «Bir baý adamyň mellegi bol hasyl berýär. 17 Ol içinden: „Men näme etsemkäm, gallamy goýara ýerim ýok?“ diýip pikir edýär. 18 Ol: „Gowusy, men şeýle edeýin+: ammarlarymy ýykyp, has ulularyny guraýyn we bar gallamy, bar zadymy şol ýerde saklaýyn. 19 Soňra özüme şeýle diýerin: Hezil edip iýip içeýin, sebäbi ýygnan zadym bütin ömrüme ýeter“ diýýär. 20 Emma Hudaý: „Eý akylsyz, şu gije janyň alnar. Şonda ýygnan zatlaryň kime galar?“+ diýdi. 21 Hudaýyň öňünde baý bolman, özüne baýlyk ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýle bolýandyr»+.
22 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Size diýýärin, mundan beýläk näme iýeris diýip janyňyzy alada etmäň, näme geýeris diýip bedeniňizi gaýgy etmäň+. 23 Adamyň jany* iýmitden, bedeni egin-eşikden has gymmatlydyr. 24 Gargalara serediň: olar ne ekýärler, ne-de ammara iýmit ýygnaýarlar. Emma şonda-da Hudaý olary iýmitlendirýär+. Siz guşlardan has gymmatly dälmi?+ 25 Siziň haýsyňyz alada edip, ömrüňizi biraz* uzaldyp bilýäňiz? 26 Eger siz ýönekeýje zady başarmaýan bolsaňyz, onda başga zatlaryň aladasyny etmegiň näme peýdasy bar?+ 27 Çigildemleriň ösüşine syn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de eşik tikýärler. Emma men size diýýärin, şan-şöhratly Süleýman patyşa-da şeýle owadan geýnen däldir+. 28 Eý imany azlar, eger şu gün ösüp, ertir ojaga atylýan gülleri we otlary Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, onda sizi has-da gowy geýindirmezmi? 29 Şonuň üçin näme iýerin, näme içerin diýip alada etmäň+. 30 Şeýle zatlaryň aladasyny başga halklar edýär, ýöne Ataňyz size nämäniň gerekdigini bilýär+. 31 Hudaýyň Patyşalygyny hemişe birinji orunda goýuň, şonda gerekli zatlar üstüne goşulyp berler+.
32 Gorkma, kiçi süri!+ Ataňyz size Patyşalygy bermek isleýär+. 33 Emlägiňizi satyň-da, garyplara paýlaň*+. Könelmejek pul torbasyny alyp, gökde hiç haçan egsilmejek baýlyk toplaň+. Göge ne ogrular girýär, ne-de baýlygyňyzy güýe iýýär. 34 Baýlygyňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
35 Egin-eşigiňizi geýip, biliňizi guşaň+, çyraňyz ýanyp dursun+. 36 Toýdan+ gelýän hojaýynyny garşylaýan hyzmatkärler ýaly boluň+. Sebäbi hojaýyn gapyny kakanda, hyzmatkärler dessine gapyny açyp biler. 37 Hojaýyny gelende, oýa bolan hyzmatkärler nähili bagtly! Size hakykaty aýdýaryn, ol hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar-da, bilini guşap, hyzmat eder. 38 Eger ol gijäniň ikinji nobatynda* ýa-da üçünji nobatynda* gelip, olaryň oýadygyny görse, şol hyzmatkärler nähili bagtly! 39 Bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň haçan geljekdigini bilse, öýüni talatmaz+. 40 Siz hem taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly garaşmaýan wagtyňyz geler»+.
41 Petrus: «Halypam, sen mysaly diňe bize gürrüň berýäňmi ýa-da hemmelere?» diýip sorady. 42 Halypamyz şeýle diýdi: «Hojaýynyň hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin bellejek wepaly hem paýhasly iş dolandyryjysy kim?+ 43 Hojaýyn gelip, hyzmatkäriň işläp ýörenini görse, hyzmatkäriniň begenjiniň çägi bolmaz. 44 Size hakykaty aýdýaryn, hojaýyn oňa ähli emlägini ynanar. 45 Emma gul içinden: „Hojaýynym gijä galýar“ diýip, beýleki gullary we gyrnaklary urup, özi bolsa iýip-içip, serhoş bolsa+, 46 hojaýyn onuň garaşmaýan güni we pikir etmeýän wagty geler. Şonda ol guluna agyr jeza berip, biwepalyk edenleriň arasyna taşlar. 47 Hojaýynyň islegini bilip-de, taýyn bolmadyk ýa-da buýrugyny ýerine ýetirmedik gul ençeme gezek urlar+. 48 Emma hojaýynyň islegine düşünmedik, ýöne urulmaga mynasyp işleri eden guly az urarlar. Dogrudan-da, kime köp zat berlen bolsa, ondan köp zat talap ediler, kime köp zat ynanylan bolsa, ondan has köp zat talap ediler+.
49 Men ýer ýüzüne ot ýakmaga geldim. Eger ot eýýäm ýanan bolsa, onda maňa mundan artyk zat gerek däl. 50 Men başgaça suwa çümdürilmäge garaşýaryn, şoňa çenli ýüregim dertli bolar+. 51 Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendirin öýdýäňizmi? Ýok, men parahatlyk däl, agzalalyk döretmäge geldim+. 52 Mundan beýläk öýde agzalalyk bolar: bäş adamyň üçüsi ikisine garşy, ikisi-de üçüsine garşy çykar. 53 Kakasy ogluna, ogly hem kakasyna garşy çykar, ejesi gyzyna, gyzy hem ejesine garşy çykar, gaýynenesi gelnine, gelni hem gaýynenesine garşy çykar»+.
54 Isa märekä: «Günbatarda bulut göreniňizde: „Harasat turar“ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. 55 Günortadan ýel öwsüp başlanda: „Howa yssy bolar“ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. 56 Eý ikiýüzlüler, siz ýerdäki we asmandaky hadysalary bilýärsiňiz, ýöne näme üçin häzirki bolýan zatlaryň manysyna düşünmeýärsiňiz?+ 57 Siz näme üçin dogry netijä gelip bilmeýärsiňiz? 58 Aýdaly, sen dawagäriň bilen häkimiň ýanyna barýarsyň. Heniz ýolda barýarkaň, dawagäriň bilen meseläňi çöz, ýogsam seni kazyýetde günäkärläýmesin. Şonda kazy seni garawula tabşyrar, ol hem türmä basar+. 59 Saňa diýýärin, soňkuja teňňäňi* berýänçäň, türmeden çykmarsyň» diýdi.
13 Şol wagt märekäniň arasynda duranlaryň käbiri ybadathanada gurbanlyk beren jelileli adamlary Pilatusyň öldürendigini Isa habar berdiler. 2 Isa olara: «Öldürilen jelileliler beýleki jelileli adamlardan köp günä edendir öýdýäňizmi? 3 Ýok, beýle däl. Eger toba etmeseňiz, siz hem şol adamlar ýaly heläk bolarsyňyz+. 4 Silowam diňi ýykylanda, 18 adam ölüpdi. Siz olary Iýerusalimde ýaşaýan beýleki adamlardan has günäli hasaplaýaňyzmy? 5 Ýok, beýle däl. Eger toba etmeseňiz, siz hem şol adamlar ýaly heläk bolarsyňyz» diýdi.
6 Isa olara şeýle mysaly gürrüň berdi: «Bir adamyň üzümçiliginde injir agajy bardy. Ol injir ýygmaga gelende, hiç zat tapmaýar+. 7 Ol bagbana: „Men üç ýyl bäri injir almaga gelýärin, ýöne hiç zat tapamok. Ony çapyp taşla. Miwe bermeýän agaç nämä gerek?“ diýýär. 8 Bagban: „Hojaýyn, ýene bir ýyl garaşaly. Men agajyň düýbüni ýumşadyp, dökün dökeýin. 9 Belki, ol miwe berer. Eger bermese, çaparys“+ diýýär».
10 Isa Sabat güni* sinagogalaryň birinde öwredip durdy. 11 Bir aýala jyn girip, bilini iki büküpdi. Ol iki eplenip, hatda dikelip bilmeýärdi, 18 ýyl bäri kösenýärdi. 12 Isa ony görüp: «Sen derdiňden gutuldyň»+ diýdi. 13 Soňra elini degirdi welin, aýal şol bada dikelip, Hudaýa alkyş aýdyp başlady. 14 Emma sinagoga ýolbaşçysy Isanyň Sabat güni aýaly sagaldandygyna gahary gelip, märekä: «Işlejek bolsaňyz alty gün bar+. Sagaljak bolsaňyz Sabat güni däl, başga günler geliň»+ diýdi. 15 Halypamyz: «Eý ikiýüzlüler+, siz Sabat güni öküziňiziň ýa-da eşegiňiziň ýüpüni çözüp, suwa ýakmaga alyp gideňizokmy?+ 16 Onda Şeýtanyň 18 ýyl bäri baglap saklan Ybraýymyň gyzyny Sabat güni azat etmeli dälmi?» diýdi. 17 Isanyň aýdanlaryna duşmanlary utandy, adamlar bolsa onuň eden täsin işlerine diýseň begendiler+.
18 Isa sözüni dowam edip: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzetse bolar? Ony näme bilen deňeşdireýin? 19 Ol bir adamyň bagynda eken gorçisa dänesi ýalydyr. Ol ösüp uly agaç bolýar, şahalarynda guşlar höwürtge ýasaýar»+ diýdi.
20 Isa ýene-de: «Hudaýyň Patyşalygyny ýene näme bilen deňeşdireýin? 21 Patyşalyk aýalyň üç kersen* una goşan hamyrmaýasyna meňzeýär. Ol tutuş hamyry turşadýar»+ diýdi.
22 Isa şäher-şäher, oba-oba aýlanyp, Iýerusalime barýança, ýolboýy öwredýärdi. 23 Şonda bir adam: «Agam, halas boljaklar azmy?» diýip sorady. Isa olara: 24 «Dar gapydan girmäge jan ediň+. Sebäbi köp adamlar ondan girjek bolar, ýöne girip bilmezler. 25 Öý eýesi gapyny ýapanda, siz daşynda galyp: „Agam, gapyny aç!“+ diýip kakarsyňyz. Ol bolsa: „Sizi tanamok“ diýip jogap berer. 26 Şonda siz: „Biz seniň bilen bir saçakda iýip içdik. Sen şäherimiziň uly köçelerinde öwredipdiň“+ diýersiňiz. 27 Emma ol size: „Men sizi tanamok. Eý zalymlar, baryň, gidiň!“ diýer. 28 Siz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň we ähli pygamberleriň Hudaýyň Patyşalygyna girendigini, özüňiziň bolsa daşynda galandygyňyzy bilip, aglarsyňyz, alaçsyzlykdan ýaňa dişiňizi gyjarsyňyz+. 29 Şeýle-de gündogardan, günbatardan, demirgazykdan we günortadan adamlar gelip, Hudaýyň Patyşalygynda saçak başynda oturarlar. 30 Şonda soňkular ilkinji, ilkinjiler bolsa soňky bolar»+ diýdi.
31 Şol wagt käbir fariseýler gelip: «Tur, bärden git, Hirodes seni öldürjek bolýar» diýdiler. 32 Isa olara şeýle diýdi: «Baryň, ol tilkä aýdyň: „Men şu gün we ertir jynlary kowup çykararyn, syrkawlary sagaldaryn, üçünji gün bolsa ähli işlerimi edip bolaryn“. 33 Näme bolaýanda-da, şu gün, ertir we birigün etmeli işlerimi ederin. Sebäbi pygamber Iýerusalimde öldürilmelidir+. 34 Eý Iýerusalim, pygamberleri öldürýän we Hudaýyň iberen adamlaryny daşlaýan Iýerusalim!+ Towugyň jüýjelerini ganatynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, men hem çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, ýöne sen islemediň+. 35 Indi Hudaý seniň öýüňi taşlap gider+. Size diýýärin: „Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!“ diýýänçäňiz, meni görmersiňiz»+.
14 Bir gezek fariseýleriň ýolbaşçysy Isany Sabat güni* nahara çagyrdy. Öýde oturanlar Isany synlaýardylar. 2 Şol ýerde el-aýagy çişen* adam bardy. 3 Isa Töwradyň mugallymlaryndan we fariseýlerden: «Kanuna görä Sabat güni syrkawy sagaltsa bolýarmy ýa-da ýok?»+ diýip sorady. 4 Olar sesini çykarmadylar. Şonda Isa syrkaw adama elini degrip sagaltdy-da, ony ugratdy. 5 Isa: «Ogluňyz ýa-da öküziňiz Sabat güni guýa gaçsa+, derrew çykarmarsyňyzmy?»+ diýdi. 6 Olar hiç zat jogap berip bilmediler.
7 Myhmançylyga gelenler törde oturjak bolýardylar+. Isa muny görüp, şeýle mysaly gürrüň berdi: 8 «Seni toýa çagyrsalar, törde oturma+. Belki, senden-de has abraýly adam toýa çagyrylandyr. 9 Şonda seni çagyran adam: „Sen ýeriňden tur, ol otursyn“ diýse, sen masgara bolup, gapynyň agzynda oturmaly bolarsyň. 10 Emma myhmançylyga çagyranlarynda, töre geçme. Şonda öý eýesi gelip: „Dostum, töre geçsene!“ diýer. Şonda hemmeleriň öňünde hormata eýe bolarsyň+. 11 Sebäbi özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler»+.
12 Isa öý eýesine: «Günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyna dostlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy ýa baý goňşularyňy çagyrma. Sebäbi olar hem seni myhmançylyga çagyryp, edeniňi gaýtararlar. 13 Emma toý-meýlis gurnanyňda, garyplary, maýyplary, agsaklary we körleri çagyr+. 14 Şonda özüňi bagtly duýarsyň, sebäbi olar saňa gaýtaryp bilmezler. Ýöne dogruçyl adamlar direlende+, saňa gaýtaryp berler» diýdi.
15 Isany diňläp oturan myhmanlaryň biri: «Hudaýyň Patyşalygynda saçak başynda oturjak adam bagtlydyr» diýdi.
16 Isa şeýle diýdi: «Bir adam uludan toý tutup+, köp adamlary çagyrdy. 17 Nahar taýyn bolanda, çagyran adamlarynyň öýüne guluny iberip: „Geliň, hemme zat taýýar“ diýmegi tabşyrdy. 18 Emma ähli çagyrylanlar ötünç sorap başladylar+. Biri: „Meni bagyşlaň, mellek satyn aldym, görmäge gitjek“ diýdi. 19 Başga biri: „Meni bagyşlaň, on sany öküz satyn aldym, ýer sürşüni görmäge gitjek“+ diýdi. 20 Ýene biri: „Men ýaňy öýlendim, baryp biljek däl“ diýdi. 21 Gul gelip, ähli zady hojaýyna gürrüň berdi. Hojaýyn gaharlanyp: „Bar, şäheriň uly we kiçi köçelerine aýlanyp, garyplary, maýyplary, körleri we agsaklary çagyryp getir“ diýdi. 22 Gul yzyna gelip: „Hojaýyn, aýdyşyň ýaly etdim, ýöne myhman çagyrara henizem öýde ýer bar“ diýdi. 23 Şonda hojaýyn: „Bar, ýollara we ýodalara aýlanyp çyk. Boş ýer galmaz ýaly, adamlary mejburlap getir+. 24 Size diýýärin, başda çagyranlarymyň hiç biri naharymdan datmaz“+ diýdi».
25 Isa ýolda barýarka, yzyna düşüp gelýän uly märekä tarap öwrülip, şeýle diýdi: 26 «Kim yzyma düşübem, kakasyny, ejesini, aýalyny, çagalaryny, doganlaryny, uýalaryny, hatda öz janyny menden artyk söýse*+, şägirdim bolup bilmez+. 27 Kim jebir pürsüni* göterip, yzyma düşmese, şägirdim bolup bilmez+. 28 Eger siz jaý* gurmakçy bolsaňyz, ilki çykdajysyny hasaplap, doly gurup biljegiňize göz ýetirmersiňizmi? 29 Şeýle etmeseňiz, jaýyň düýbüni tutsaňyz-da, doly gurup bilmersiňiz. Şonda adamlar üstüňizden gülüp: 30 „Ol jaýynyň düýbüni tutdy, ýöne doly gurup bilmedi“ diýşerler. 31 Eger patyşa başga bir patyşa bilen söweşjek bolsa: „Men 10 000 esgerim bilen 20 000 esgeri ýeňip bilermikäm?“ diýip, ilki maslahatlaşmazmy? 32 Güýjüniň ýetmejegini bilse, duşmany golaý gelmänkä, wekillerini ýollap, ylalaşyk baglaşar. 33 Şonuň ýaly siz hem ähli zadyňyzdan geçmeseňiz, şägirdim bolup bilmersiňiz+.
34 Duz gowy zat, ýöne ol tagamyny ýitirse, ony ýene-de nädip tagamly edip bolar?+ 35 Ol ne topraga peýda berer, ne-de dökün bolar. Adamlar ony zyňarlar. Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+
15 Salgytçylar we günäkärler Isany diňlemek üçin daşyna üýşdüler+. 2 Fariseýler bilen kanunçylar bolsa hüňürdeşip: «Ol günäkärleri gowy garşylaýar, olar bilen iýip içýär» diýişdiler. 3 Isa olara şeýle mysaly gürrüň berdi: 4 «Eger siziň 100 goýnuňyz bolup, biri ýitse, 99 goýnuňyzy çölde goýup, ýiten goýnuňyzy gözlemäge gitmersiňizmi?+ 5 Eger ýiten goýnuňyzy tapsaňyz, begenjiňizden ýaňa ony egniňizde göterersiňiz. 6 Öýüňize gelip, dost-ýarlaryňyzy we goňşy-golamlaryňyzy çagyryp: „Ýiten goýnumy tapdym, bile şatlanalyň“+ diýersiňiz. 7 Size diýýärin, toba mätäç bolmadyk 99 dogruçyl adama garanyňda toba eden ýekeje günäkär+ üçin gökde has köp begenerler.
8 Bir aýalyň on kümüş teňňesi* bolup, birini ýitirse, çyrany ýakar-da, öýüni süpürişdirip, teňňesini tapýança gözlemezmi? 9 Teňňesini tapanda, joralaryny we goňşularyny çagyryp: „Ýitiren teňňämi* tapdym, bile şatlanalyň“ diýer. 10 Size diýýärin, bir günäkär toba etse, Hudaýyň perişdeleri has köp begenýärler»+.
11 Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Bir adamyň iki ogly bardy. 12 Körpe ogly: „Kaka, mal-mülküňden meniň paýymy ber“ diýdi. Şonda ol mal-mülküni iki ogluna bölüp berdi. 13 Birnäçe günden körpe ogly ähli zadyny ýygnap, başga ýurda gitdi. Ol keýpi-sapada ýaşap, ähli zadyny ýele sowurdy. 14 Bar puluny sowanda, şol ýurtda açlyk başlady. Şonda ol köp horluk çekdi. 15 Ol hatda şol ýurtda biriniň öýünde hyzmat edip başlady. Öýüň eýesi oglany doňuz bakmaga iberdi+. 16 Oglan hatda doňuzlara berilýän iýmden iýmäge-de razydy, ýöne hiç zat bermeýärdiler.
17 Ol akylyna aýlananda, öz-özüne şeýle diýdi: „Kakamyň hakyna tutan işçileriniň iýere çöregi bar, men bolsa açlygymdan ölüp barýaryn. 18 Gowusy, kakamyň ýanyna baryp: „Kaka, men Hudaýyň we seniň öňüňde günä etdim. 19 Men seniň ogluň bolmaga mynasyp däl. Men hakyna tutan işçiň bolaýyn“ diýeýin“. 20 Şeýlelikde, ol kakasynyň ýanyna gitdi. Oglan heniz uzakdaka, kakasy ony görüp, ýüregi awady. Ol ylgap bardy-da, ogluny gujaklap* ogşady. 21 Ogly: „Kaka, men Hudaýyň we seniň öňüňde günä etdim+. Seniň ogluň bolmaga mynasyp däl“ diýdi. 22 Kakasy gullaryna: „Hany, çaltrak boluň! Iň gowy dony getirip, oňa geýdiriň, barmagyna ýüzük dakyň, aýagyna-da çaryk* geýdiriň. 23 Baga bakylan öküzçäni soýuň. Geliň, toý tutalyň, iýip içeliň! 24 Sebäbi oglum ölüpdi, indi direldi+, ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýdi. Şeýlelikde, olar şatlandylar.
25 Şol wagt uly ogly mellekde işläp ýördi. Ol öýüne golaýlanda, aýdym-sazyň we tans edýänleriň sesini eşitdi. 26 Ol hyzmatkärleriň birini çagyryp, öýde näme bolýandygyny sorady. 27 Hyzmatkär oňa: „Iniň gaýdyp geldi. Onuň sag-aman gelendigi üçin, kakaň semiz öküzçe soýdurdy“ diýdi. 28 Ol gaharlanyp, öýe-de girmedi. Kakasy daşaryk çykyp, ogluna ýalbaryp başlady. 29 Ol hem kakasyna şeýle diýdi: „Saňa ençeme ýyl bäri hyzmat edýärin, hemişe gulak asýaryn. Ýöne dostlarym bilen iýip, şatlanar ýaly ýekeje owlagam bermediň. 30 Emma mal-mülküňi ahlaksyz aýallara sowran ogluň geldi welin, onuň üçin semiz öküzçe soýduň“. 31 Şonda kakasy: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda, ähli zadym seniňki ahyryn. 32 Ýöne doganyň ölüpdi, indi direldi, ýitipdi, tapyldy. Şonuň üçin hem şatlanyp toý tutýarys“ diýdi».
16 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bardy. Adamlar baýyň mal-mülküni hyzmatkäriniň ýele sowurýandygyny hojaýyna habar berdiler. 2 Şonda hojaýyn iş dolandyryjysyny çagyryp: „Sen hakda erbet gürrüňleri eşidýärin. Işi dolandyryşyň hakda hasabat ber. Indi seni borjuňdan aýraryn“ diýdi. 3 Hyzmatkär içinden: „Näme etsemkäm? Hojaýyn borjumy elimden alýar. Ýer gazyp bilemok, dilegçilik etmäge-de utanýan. 4 Hä, indi bildim! Işsiz galanymda adamlar meni güler ýüz bilen kabul eder ýaly şeýle edeýin“ diýdi. 5 Ol hojaýynyň algydarlaryny ýanyna çagyryp, olaryň birine: „Hojaýynyma näçe bergiň bar?“ diýdi. 6 Ol: „Ýüz çelek* zeýtun ýagy“ diýdi. Iş dolandyryjy: „Derrew dilhatyňy al-da, 50 diýip ýaz“ diýdi. 7 Soňra beýlekisinden: „Seniň näçe bergiň bar?“ diýip sorady. Ol: „Ýüz ganar* bugdaý“ diýip jogap berdi. Ol: „Dilhatyňy alyp, 80 diýip ýaz“ diýdi. 8 Hyzmatkär dogruçyl däldi, ýöne hojaýyn ony paýhasly bolandygy üçin öwdi. Şu dünýäniň* ogullary döwürdeşleri bilen işleşende, nur ogullaryndan+ paýhaslydyr.
9 Size diýýärin, şu dünýäniň baýlygyny ulanyp, dost tutunyň+, sebäbi hiç zatsyz galanyňyzda, dostlaryňyz ebedi mekana kabul ederler+. 10 Az zatda ynamdar* adam köp zatda-da ynamdardyr*. Az zatda ynamdar* bolmadyk köp zatda-da ynamdar* däldir. 11 Eger siz dünýäniň baýlygyny ulanmakda ynamdar bolmasaňyz, onda size hakyky baýlyk nädip ynanylsyn? 12 Eger biri size emlägini ynansa, siz hem ynamyny ödemeseňiz, onda kim size sylagyňyzy berer?+ 13 Bir adam iki hojaýynyň hyzmatkäri bolup bilmez, sebäbi birini ýigrenip, beýlekisini gowy görer, birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezçilik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz»+.
14 Puly söýýän fariseýler Isanyň aýdanlaryny eşidip, üstünden gülüp başladylar+. 15 Isa olara şeýle diýdi: «Siz adamlaryň öňünde dogruçyl bolan bolýarsyňyz+, emma Hudaý ýürekleriňizi görýär+. Adamlaryň öwüp arşa çykarýan zady Hudaý üçin ýigrenjidir+.
16 Töwratda we Pygamberler kitabynda ýazylanlar Ýahýanyň günlerine çenli pygamberlik edildi. Şondan soň Hudaýyň Patyşalygy hoş habar hökmünde wagyz edilýär, adamlar hem oňa girmek üçin jan edýärler+. 17 Asman we ýer geçip gidip biler, ýöne Töwratdaky ýekeje söz-de* ýerine ýetmän galmaz+.
18 Aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlenýän adam zyna edýändir. Aýrylyşan aýala öýlenen hem zyna edýändir+.
19 Bir baý adam bardy. Ol gymmatbaha egin-eşik geýýärdi we her gününi keýpi-sapada geçirýärdi. 20 Endam-jany ýaraly bir dilegçi bardy, ady Lazardy. Ony her gün baýyň derwezesiniň öňüne getirip giderdiler. 21 Ol baýyň saçagyndan galan-gaçan zatlar bilen garnyny doýrasy gelýärdi. Itler bolsa onuň ýaralaryny ýalardy. 22 Bir gün Lazar aradan çykýar, perişdeler hem ony Ybraýym pygamberiň ýanyna eltýärler.
Baý adam hem aradan çykyp jaýlanýar. 23 Ol mazarda* ejir çekip otyrka, başyny galdyryp, uzakdan Ybraýym bilen Lazaryň durandygyny görýär. 24 Şonda ol: „Ybraýym, atam, maňa rehim et. Lazary iberäý, ol barmagyny suwa batyryp, dilime suw damdyrsyn. Ýogsam oduň ýalny ýakyp-ýandyryp barýar“ diýdi. 25 Ybraýym: „Oglum, ýadyňdamy, sen dirikäň gowy ýaşadyň. Lazar bolsa ejir çekip ýaşady. Indi ol rahat ýaşaýar, sen bolsa ejir çekýärsiň. 26 Şeýle-de aramyzda uly çukur bar. Şonuň üçin bizden hiç kim size tarap geçip bilmez, sizden-de bize hiç kim gelip bilmez“ diýdi. 27 Şonda baý adam: „Atam, haýyş edýän, Lazary kakamyň öýüne iber. 28 Meniň bäş doganym bar, olar bärik düşüp, ejir çekmez ýaly, Lazar olara gowuja düşündirsin“ diýdi. 29 Ybraýym: „Olarda Töwrat bilen Pygamberler kitaby bar. Goý, şolary okasynlar!“+ diýdi. 30 Baý adam bolsa: „Ybraýym, atam, ölen adam direlip barmasa, toba etmezler“ diýdi. 31 Ybraýym: „Musa+ bilen pygamberlere gulak asmadyk adam ölen direlip barsa-da ynanmaz“ diýdi».
17 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamyň imanyny gowşatjak* zatlar hökman bolar. Ýöne şol zatlara sebäp bolýan adamyň dat gününe. 2 Pesgöwünli adamlary büdredenden, onuň boýnuna degirmen daşyny asyp, deňze zyňlany has gowy bolardy+. 3 Ägä boluň! Doganyň günä etse, oňa käýe+, toba etse, ony bagyşla+. 4 Eger ol günde ýedi gezek saňa garşy günä edip, ýedi gezek hem: „Meni bagyşla!“ diýse, ony bagyşla»+.
5 Resullar Isa: «Halypam, imanymyzy berkit»+ diýdiler. 6 Halypamyz olara şeýle diýdi: «Eger siziň gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, tut agajyna: „Köküň bilen sogrulyp, deňziň içinde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar+.
7 Aýdaly, siziň guluňyz bar. Ol ýer sürüp ýa-da mal bakyp gelende haýsyňyz oňa: „Gel, saçak başyna geç!“ diýersiňiz? 8 Gaýtam: „Maňa agşamlyk naharyny taýýarla. Öňlügiňi dakyp, iýip-içýänçäm hyzmat et. Sen soň iýip içersiň“ diýersiňiz, şeýle dälmi? 9 Heý-de, siz guluňyza aýdanyňyzy edeni üçin minnetdarlyk aýdarsyňyzmy? 10 Siz hem aýdylan zatlary edeniňizden soň: „Biz bir ýönekeý gul, etmeli işimizi etdik“+ diýiň».
11 Isa Samariýa bilen Jeliläniň arasyndan geçip, Iýerusalime barýardy. 12 Ol oba girende, öňünden heýwere keselli on adam çykdy. Olar uzakda durup+, 13 batly ses bilen gygyryp: «Isa, Mugallym, bize rehim et!» diýdiler. 14 Isa olara: «Baryň, özüňizi ruhanylara görkeziň»+ diýdi. Olar ýolda barýarka sagaldylar+. 15 Olaryň biri sagalandygyny duýup, yzyna dolandy we batly ses bilen Hudaýa alkyş aýtdy. 16 Ol Isanyň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, minnetdarlyk aýtdy. Ol samariýaly adamdy+. 17 Şonda Isa: «Keselinden sagalanlar on däldimi? Hany, dokuzysy nirede? 18 Hudaýa alkyş aýtmaga diňe başga milletli adam geldimi?» diýdi. 19 Isa oňa: «Tur, sag-aman git, seni imanyň sagaltdy»+ diýdi.
20 Bir gezek fariseýler Isadan Hudaýyň Patyşalygynyň haçan geljekdigini soradylar+. Isa: «Hudaýyň Patyşalygy adamlara görnüp gelmez. 21 Adamlar: „Ol bärde!“ ýa-da „Aňyrda!“ diýmezler. Sebäbi Hudaýyň Patyşalygy siziň araňyzda»+ diýip jogap berdi.
22 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şeýle günler geler, Ynsan oglunyň ýanyňyzda birje gün bolmagyny islärsiňiz, ýöne görmersiňiz. 23 Adamlar: „Serediň, ol aňyrda!“ ýa-da „Bärde!“ diýerler. Ýöne olara ynanmaň, yzlaryna-da düşmäň+. 24 Ýyldyrym çakanda, asmanyň bir ujundan beýleki ujuna çenli ýagtyldýar. Ynsan oglunyň+ gününde-de şeýle bolar+. 25 Ýöne ol öňürti köp görgi görmeli, şu nesil hem ondan ýüz öwrer+. 26 Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa+, Ynsan oglunyň günlerinde-de şeýle bolar+. 27 Adamlar Nuhuň gämä giren gününe çenli+ iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. Ýöne Tupan turanda, olaryň ählisi heläk boldy+. 28 Lutuň günlerinde-de şeýle bolupdy+: adamlar iýip içýärdiler, satýardylar, alýardylar, ekýärdiler we jaý salýardylar. 29 Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot we kükürt ýagyp, adamlaryň ählisini ýok etdi+. 30 Ynsan oglunyň äşgär boljak güni hem şeýle bolar+.
31 Şol gün jaýyň üçegindäki adam zatlaryny almak üçin aşak düşmesin. Mellekdäki daýhan hem öýünde galan zatlaryny almak üçin yzyna dolanmasyn. 32 Lutuň aýalyny ýada salyň+. 33 Kim janyny halas etjek bolsa, ony ýitirer. Ýöne janyny ýitiren, ony halas eder+. 34 Size diýýärin, şol gije bir düşekde ýatan iki adamyň biri alnar, beýlekisi galar+. 35 Degirmende galla üwäp oturan iki aýalyň biri alnar, beýlekisi galar». 36 *—— 37 Şägirtler Isadan: «Halypam, ol nirede bolar?» diýip soradylar. Ol: «Maslyk nirede bolsa, bürgütler hem şol ýere üýşer»+ diýdi.
18 Isa ruhdan düşmän, hemişe doga etmegiň wajypdygy+ hakda şägirtlerine şeýle mysal getirdi: 2 «Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan, adamlary hem sylamaýan kazy bardy. 3 Şol şäherde dul aýal hem ýaşaýardy. Ol kazynyň ýanyna gatnap: „Dawamy adalatly çözüp ber“ diýerdi. 4 Kazy köp wagtlap aýalyň dawasyny çözmek islemedi. Ýöne soň öz-özüne: „Hudaýdan gorkamok, adamlary hem sylamok, 5 emma dul aýal ýüregime düşdi, şonuň üçin dawasyny adalatly çözüp bereýin. Ýogsam ýanyma gatnap bizar eder“+ diýdi». 6 Halypamyz sözüni şeýle dowam etdi: «Siz adalatsyz kazynyň näme diýenine üns berdiňizmi? 7 Eger ol şeýle eden bolsa, onda Hudaý gije-gündiz perýat edýän saýlanlaryna+ sabyrly bolup+, adalaty dikeltmezmi? 8 Size diýýärin, Hudaý olar üçin adalaty hökman dikelder. Ýöne Ynsan ogly gelende, iman edýän adamlary taparmy?»
9 Isa özüni dogruçyl hasaplaýan we başgalary äsgermeýän adamlar hakda şeýle mysal getirdi: 10 «Iki adam doga etmek üçin ybadathana barýar. Olaryň biri fariseý, beýlekisi salgytçy. 11 Fariseý içinden şeýle doga edip başlaýar: „Eý Alla, saňa şükür edýärin! Men başgalar ýaly talaňçy, ýalançy, zynahor, hatda şu duran salgytçy ýaly däl. 12 Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, gazanjymyň ondan bir bölegini sadaka berýärin“+. 13 Emma salgytçy gyrada durup, başyny galdyrmaga-da ýürek etmän, gursagyna urup: „Eý Allam, men günäkäre rehim et!“+ diýýär. 14 Size diýýärin, salgytçy fariseýden has dogruçyl bolup öýüne gaýtdy+. Sebäbi özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler»+.
15 Adamlar çagalaryny* Isanyň ýanyna getirdiler we olara elini goýup, ak pata bermegi haýyş etjek boldular. Emma şägirtleri adamlara käýediler+. 16 Isa bolsa çagalary* ýanyna çagyryp: «Çagalary saklamaň, goý, ýanyma gelsinler. Olara degmäň, sebäbi Hudaýyň Patyşalygy çagalar ýaly adamlaryňkydyr+. 17 Size hakykaty aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygyny çaga ýaly kabul etmeseňiz, oňa asla girip bilmersiňiz»+ diýdi.
18 Baştutanlaryň biri Isadan: «Ýagşy Mugallym, ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?»+ diýip sorady. 19 Isa: «Näme üçin maňa ýagşy diýýärsiň? Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir+. 20 Sen: „Zyna etme+, adam öldürme+, ogurlyk etme+, ýalan şaýatlyk etme+, ene-ataňa hormat goý“+ diýen tabşyryklary bilýänsiň» diýdi. 21 Ol: «Men olaryň ählisini çagalygymdan bäri berjaý edýärin» diýdi. 22 Isa ony diňläp: «Saňa birje zat ýetenok. Bar, ähli zadyňy sat-da, garyplara paýla, şonda gökde baýlygyň bolar. Soňra gel-de, şägirdim bol»+ diýdi. 23 Ol muny eşidip, tukat boldy, sebäbi örän baýdy+.
24 Isa oňa seredip: «Baý adama Hudaýyň Patyşalygyna girmek örän kyn bolar+. 25 Düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr»+ diýdi. 26 Diňläp duranlar: «Onda kim halas bolar?»+ diýdiler. 27 Isa: «Adamlar muny başarmaz, ýöne Hudaý ähli zady başarýar»+ diýdi. 28 Petrus: «Biz ähli zadymyzy goýup, seniň yzyňa düşdük»+ diýdi. 29 Isa olara: «Size hakykaty aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny ýa-da çagalaryny taşlan adam+ 30 şu döwürde has köp bereket alar, gelejekde* bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar»+ diýdi.
31 Isa 12 resulyny bir gyra çekip: «Biz Iýerusalime barýarys, pygamberleriň Ynsan ogly hakda ýazan ähli zatlary berjaý bolar+. 32 Ony başga milletli adamlaryň eline tabşyrarlar+, üstünden gülerler+, kemsiderler we üstüne tüýkürerler+, 33 gamçylarlar, soňra öldürerler+. Emma ol üçünji gün direler»+ diýdi. 34 Ýöne şägirtler onuň sözleriniň birine-de düşünmediler, sebäbi manysy olara açylmandy. Şol sebäpli olar Isanyň näme hakda gürrüň edýändigine düşünmediler.
35 Isa Ýerihona golaýlanda, ýoluň ugrunda dilegçilik edýän kör adam oturan eken+. 36 Kör adam geçip barýanlaryň sesini eşidip, näme bolýandygyny sorady. 37 Adamlar: «Nazaretli Isa geçip barýar» diýdiler. 38 Şonda ol: «Eý Dawut Ogly Isa, maňa rehim et!» diýip gygyrdy. 39 Onuň ýanynda duranlar käýäp, dymyp oturmagy tabşyrdylar. Emma ol öňküden beter gygyryp: «Dawut Ogly, maňa rehim et!» diýdi. 40 Isa aýak çekip, kör adamy ýanyna getirmegi buýurdy. Ýanyna getirenlerinde, Isa ondan: 41 «Saňa näme kömek edeýin?» diýip sorady. Ol: «Agam, gözlerimi açaý!» diýdi. 42 Isa: «Gözleriň açylsyn, seni imanyň sagaltdy»+ diýdi. 43 Onuň şol bada gözleri açyldy we Alla alkyş aýdyp, Isanyň yzyna düşüp gitdi+. Muny gören adamlar bolsa Hudaýy şöhratlandyrdylar+.
19 Isa Ýerihon şäherine girip, onuň içi bilen geçip barýardy. 2 Ol ýerde Zakkaý atly baý adam bardy, ol salgytçylaryň başlygydy. 3 Zakkaý Isany görmek isleýärdi, ýöne boýy gysgady, adamlar hem köpdi, şonuň üçin Isany görüp bilmeýärdi. 4 Zakkaý Isany görjek bolup, ylgap gitdi-de, injir agajyna dyrmaşyp çykdy, sebäbi ol şol ýoldan geçmelidi. 5 Isa agajyň golaýyna baranda, ony görüp: «Zakkaý, çaltrak aşak düş. Men şu gün size myhmançylyga barjak» diýdi. 6 Zakkaý derrew agaçdan düşüp, Isany höwes bilen myhman aldy. 7 Olary görenler hüňürdeşip: «Ol günäkäriň öýüne barýar» diýişdiler+. 8 Zakkaý bolsa ýerinden turup: «Agam, mal-mülkümiň ýarysyny garyplara paýlaryn. Kimi gorkuzyp*, elinden zadyny alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp bererin»+ diýdi. 9 Isa: «Şu gün Hudaý seni we öý-içeriňi halas etdi. Sebäbi sen hem Ybraýymyň ogly. 10 Ynsan ogly ýiten adamlary gözläp tapmaga we olary halas etmäge geldi»+ diýdi.
11 Şägirtler Isany diňläp durdylar. Olar Hudaýyň Patyşalygy häzir geler öýdýärdiler+, sebäbi Isa Iýerusalimiň golaýyna barypdy. Şonda Isa olara ýene bir mysal gürrüň berdi: 12 «Abraýly maşgaladan bir adam patyşa bolmak üçin uzak ýurda gidýär+. 13 Ol gulunyň onusyny ýanyna çagyryp, olara on gadak* kümüş berip: „Men dolanyp gelýänçäm, beren pulumy işlediň“+ diýýär. 14 Emma şäheriň ilaty ony halamaýardy, şonuň üçin öz wekillerini iberip: „Biz onuň patyşa bolmagyny islämizok“ diýdiler.
15 Ol adam patyşa bolup yzyna gelende, gullaryny çagyryp, olardan näçe pul gazanandyklaryny sorady+. 16 Gullaryň biri gelip: „Hojaýyn, beren kümşüňden on esse girdeji aldym“+ diýdi. 17 Hojaýyn: „Berekella, ýagşy gul! Az zatda ynamdar bolanyň üçin, seni on şähere häkim edip bellärin“+ diýdi. 18 Başga bir gul gelip: „Hojaýyn, beren kümşüňden bäş esse girdeji aldym“+ diýdi. 19 Hojaýyn: „Seni hem bäş şähere häkim edip bellärin“ diýdi. 20 Emma başga bir gul gelip: „Hojaýyn, ine kümüş puluň. Men puluňy düwünçege düwüp goýdum. 21 Men seniň rehimsiz adamdygyňy bilýärin. Sen goýmadyk zadyňy alýarsyň, ekmedik ýeriňden orýarsyň. Şonuň üçin senden gorkdum“+ diýdi. 22 Hojaýyn: „Eý zalym gul, sen diliňden bela galdyň. Meniň rehimsiz adamdygymy, goýmadyk zadymy alyp, ekmedik ýerimden orýandygymy bilýärdiň, şeýle dälmi?+ 23 Onda näme üçin pulumy dolanyşyga bermediň?* Şonda men ondan peýda görerdim“ diýdi.
24 Hojaýyn hyzmatkärlerine: „Elinden kümüşlerini alyň-da, on gadak kümüşlä beriň“+ diýdi. 25 Olar: „Hojaýyn, onuň şonsuzam on gadak kümşi bar ahyryn“ diýdiler. 26 Hojaýyn: „Size diýýärin, kimde bar bolsa, ýene-de berler, kimde ýok bolsa, barja zady hem elinden alnar+. 27 Patyşa bolmagymy islemedik duşmanlary bolsa getirip, gözümiň alnynda öldüriň“ diýdi».
28 Isa sözüni tamamlandan soň, Iýerusalime tarap ýola düşdi. 29 Olar Zeýtun dagynyň+ etegindäki Beýtfagiýa bilen Betaniýa golaýlanlarynda, Isa iki şägirdine+ 30 şeýle diýdi: «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran münülmedik taýhary görersiňiz. Taýharyň ýüpüni çözüp, alyp gaýdyň. 31 Biri size: „Taýhary nirä alyp barýaňyz?“ diýse, siz: „Halypamyza gerek“ diýiň». 32 Şägirtler baryp görseler, Isanyň aýdyşy ýaly, taýhar duran eken+. 33 Olar taýhary çözüp durkalar, onuň eýesi: «Taýhary nirä alyp barýaňyz?» diýdi. 34 Olar: «Halypamyza gerek» diýdiler. 35 Şägirtler taýhary Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar. Isa hem taýhara mündi+.
36 Adamlar donlaryny Isanyň gelýän ýoluna ýazýardylar+. 37 Isa Zeýtun dagyndan düşülýän ýola ýetende, onuň gudratlaryny gören ençeme şägirtler şatlanyp, batly ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp başladylar. 38 Olar: «Ýehowanyň* adyndan gelýän Patyşa şöhrat bolsun! Gökde parahatlyk bolsun, gökdäki Hudaýa şöhrat bolsun!»+ diýýärdiler. 39 Märekäniň arasynda duran käbir fariseýler: «Mugallym, şägirtleriňi dymdyr»+ diýdiler. 40 Isa bolsa: «Size diýýärin, eger olar dymsa, daşlar gygyrar» diýdi.
41 Isa Iýerusalimiň golaýyna gelende, şäheri görüp aglap+, 42 şeýle diýdi: «Şu gün saňa nämäniň parahatlyk berýändigini bilsediň... Ýöne häzir olary görüp bilmeýärsiň+. 43 Şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş-töweregiňe pürsler dikip gabarlar. Seni dumly-duşdan gysarlar+. 44 Olar seni ýer bilen ýegsan ederler, çagalaryňy gyrarlar+, daş üstünde daş goýmazlar+. Sebäbi Hudaýyň barlamaga gelendigine düşünmediň».
45 Isa ybadathana girip, satyjylary kowup başlady+. 46 Olara: «„Meniň öýüme doga-dileg öýi diýler“+ diýip ýazylgydyr. Siz bolsa ony garakçylaryň mekanyna dönderdiňiz»+ diýdi.
47 Isa her gün ybadathanada öwredýärdi. Uly ruhanylar, kanunçylar we halkyň abraýly adamlary bolsa Isany öldürmegiň küýüne düşdüler+. 48 Ýöne amatly pursat tapmaýardylar, sebäbi Isany diňlemäge gelen adamlar ýanyndan aýrylmaýardy+.
20 Bir gün Isa ybadathanada adamlara öwredip, hoş habary wagyz edip durka, uly ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular gelip: 2 «Bize aýt, sen bulary kimiň güýji bilen edýärsiň? Kim saňa ygtyýar berdi?»+ diýip soradylar. 3 Isa şeýle diýdi: «Mende-de bir sorag bar. Şoňa jogap beriň: 4 „Ýahýa suwa çümdürmäge kim ygtyýar berdi? Hudaýmy ýa-da adamlar?*“» 5 Olar öz aralarynda şeýle diýişdiler: «Eger Hudaý* diýsek, „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. 6 Eger adamlar diýsek, halk bizi daşlap öldürer, sebäbi olar Ýahýany pygamber hasaplaýarlar»+. 7 Şonda olar Ýahýanyň ygtyýary kimden alandygyny bilmeýäris diýdiler. 8 Isa olara: «Onda menem kimiň ygtyýary bilen edýändigimi aýtjak däl» diýdi.
9 Soňra Isa adamlara bir mysaly gürrüň berdi: «Bir adam melleginde üzüm ekip+, bagbanlara kärendesine berýär we uzak wagtlyk başga ýurda gidýär+. 10 Hasyl döwri bolsa biraz miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna guluny iberýär. Ýöne bagbanlar guly urup, hiç zat bermän goýberýärler+. 11 Ol başga bir guluny iberýär. Bagbanlar ony hem urup, kemsidip, hiç zat bermän goýberýärler. 12 Şonda ol üçünji guluny iberýär. Bagbanlar onuň endam-janyny ýaralap, kowup goýberýärler. 13 Soňra üzümçiligiň eýesi: „Indi näme etsemkäm? Gowy görýän oglumy ibereýin+. Olar oglumy-ha sylarlar“ diýýär. 14 Emma bagbanlar hojaýynyň ogluny görüp, biri-birine: „Ol üzümçiligiň mirasdüşeri. Geliň, ogluny öldüreliň, mirasy bize galar“ diýýärler. 15 Olar ogluny üzümçilikden çykaryp öldürýärler+. Indi üzümçiligiň eýesi bagbanlary näme eder? 16 Ol gelip, bagbanlary öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer».
Adamlar muny eşidip: «Beýle zat bolup bilmez» diýdiler. 17 Isa olara seredip: «Onda: „Ussalaryň zyňan daşy indi esasy daş* boldy“+ diýen sözler näme aňladýar? 18 Kim şol daşa büdrese, ýykylyp heläk bolar+. Daş kimiň üstüne gaçsa, ony mynjyradar» diýdi.
19 Kanunçylar we uly ruhanylar mysalyň özleri hakda aýdylandygyna düşünip, Isany şol wagt tussag etmek islediler, ýöne adamlardan gorkdular+. 20 Olar Isany sözünde tutmak üçin birnäçe adama hak tölediler+. Olar dogruçyl bolan bolup, Isa häkimiýete garşy bir zat diýdirip, hökümdara tabşyrjak boldular. 21 Olar Isa: «Mugallym, sen ýüz görmän, dogry zatlary aýdýarsyň. Hudaý barada hakykaty öwredýärsiň. 22 Aýtsana, patyşa* salgyt tölemek dogrumy ýa-da ýok?» diýdiler. 23 Isa olaryň mekirlik edýändigini bilip: 24 «Hany, maňa bir teňňe* görkeziň. Teňňede kimiň suraty, kimiň ady bar?» diýdi. Olar: «Patyşanyň*» diýip jogap berdiler. 25 Isa: «Onda patyşanyňkyny patyşa+, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň»+ diýdi. 26 Olar Isany sözünde tutup bilmediler, gaýtam beren jogabyna haýran galyp dymdylar.
27 Isanyň ýanyna direlişe ynanmaýan saddukeýler* gelip+: 28 «Mugallym, Musa pygamberiň aýtmagyna görä, bir adam perzentsiz dünýäden ötüp, yzynda aýaly galsa, dogany oňa öýlenip, neslini dowam etmeli+. 29 Ýedi dogan bardy. Olaryň birinjisi öýlenip, perzentsiz aradan çykdy. 30 Ikinji dogany bilen hem, 31 üçünji dogany bilen hem şeýle boldy. Şeýlelikde, ýedi doganyň ählisi ol aýala öýlenip, perzentsiz dünýäden ötdi. 32 Soňunda aýal hem aradan çykdy. 33 Doganlaryň ýedisi-de şol aýala öýlenipdi. Indi direlişde ol haýsysynyň aýaly bolar?» diýdiler.
34 Isa olara şeýle diýdi: «Şu dünýädäki* adamlar öýlenýärler, durmuşa çykýarlar. 35 Emma geljekki ýaşaýşa we direlişe mynasyp bolanlar ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar+. 36 Olar indi ölmezler, sebäbi perişdeler ýaly bolarlar. Olar direlip, Hudaýyň perzentleri bolarlar. 37 Aslynda, ölüleriň direljekdigi hakda Musa pygamber hem aýdypdy. Ol ýanyp duran ýandak baradaky wakany gürrüň berende, Ýehowa* „Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“+ diýdi. 38 Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýy. Sebäbi olaryň ählisi Hudaý üçin diridir»+. 39 Şonda käbir kanunçylar: «Mugallym, dogry aýtdyň» diýdiler. 40 Olar şondan soň sorag bermäge milt edip bilmediler.
41 Isa olara şeýle sorag berdi: «Adamlar näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler?+ 42 Dawut Zebur kitabynda şeýle diýipdi: „Ýehowa* meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm, 43 sagymda otur“+ diýdi“. 44 Eger Dawut oňa Halypam diýen bolsa, ol nädip onuň ogly bolýar?»
45 Adamlar Isany diňläp durka, ol şägirtlerine: 46 «Kanunçylardan seresap boluň. Olar uzyn don geýip aýlanmagy gowy görýärler, bazarlarda adamlaryň hormat bilen salam bermeklerini isleýärler. Sinagogalarda öňdäki hatarlarda, myhmançylykda törde oturmagy halaýarlar+. 47 Olar dul aýallaryň öýlerini talaýarlar, göz üçin uzyn-uzyn doga-dileg edýärler. Olar has agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi.
21 Isa daş-töweregine göz aýlanda, baýlaryň ybadathanadaky gutulara pul atýandygyny gördi+. 2 Ol garyp dul aýalyň ikije teňňe* atandygyny görüp+: 3 «Size hakykaty aýdýaryn, şol garyp dul aýal pul atanlaryň hemmesinden köp atdy+. 4 Sebäbi hemmeler özlerinden artanyny atdylar, emma ol mätäçlik çekýänem bolsa*, barja zadyny atdy»+ diýdi.
5 Adamlaryň käbiri ybadathananyň owadan daşlar we Hudaýa bagyş edilen zatlar bilen bezelendigi hakda gürrüň edenlerinde+, 6 Isa: «Şeýle bir günler geler, şu görýän zatlaryňyzdan hiç zat galmaz, daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular»+ diýdi. 7 Şonda olar: «Mugallym, aýdan zatlaryň haçan bolar? Haýsy alamatdan bilse bolar?»+ diýip soradylar. 8 Isa: «Seresap boluň, sizi aldaýmasynlar+. Sebäbi köpler meniň adymdan gelip: „Men Mesih“ we „Bellenen wagt golaýlady“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň+. 9 Uruşlar we gozgalaňlar barada eşidip gorkmaň, sebäbi öňürti şeýle zatlar bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy gelmez»+ diýdi.
10 Soňra Isa şeýle diýdi: «Millet millete+, patyşalyk patyşalyga garşy çykar+. 11 Güýçli ýertitremeler, käbir ýerlerde açlyk we gyrgynçylyk bolar+. Adamlar gorkunç zatlary we gökde uly alamatlary görerler.
12 Şu wakalar bolmazyndan öňürti sizi tussag ederler, yzarlarlar+, sinagogalara tabşyrarlar we türmä basarlar. Meniň adym üçin, sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň öňüne alyp bararlar+. 13 Şonda wagyz etmäge mümkinçilik bolar. 14 Siz özüňizi goramak üçin öňünden alada etmäň+. 15 Sebäbi men size akyldarlyk bererin, näme diýmelidigini öwrederin. Şonda duşmanlaryňyz size ne garşy durup biler, ne-de zat diýip biler+. 16 Onsoňam, sizi ene-ataňyz, dogan-garyndaşlaryňyz, dost-ýarlaryňyz hem tutdurarlar*, olar käbiriňizi öldürerler+. 17 Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener+. 18 Ýöne siziň saçyňyzyň ýekeje tary-da gaçmaz+. 19 Siz çydamly bolup, janyňyzy halas edersiňiz+.
20 Siz Iýerusalimiň gabalandygyny görseňiz+, onuň tizden harabaçylyga öwrüljekdigini biliň+. 21 Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn+, Iýerusalimiň içindäkiler çyksyn, daş-töweregindäkiler hem oňa girmesin. 22 Şol günler Hudaýyň gahar-gazaby inip, ähli ýazylan zatlar ýerine ýeter. 23 Şol günler göwreli we çaga emdirýän aýallaryň dat gününe!+ Sebäbi ýurtda betbagtçylyk bolar, ilaty almytyny alar. 24 Olar gylyçdan geçiriler, ýat ýurtlara sürgün ediler+. Milletlere berlen wagt tamamlanýança, Iýerusalimi başga halklar depelärler+.
25 Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar bolar+. Ýer ýüzündäki halklar deňziň güwwüldisinden we gaý-tupandan ýaňa näme etjegini bilmän howsala düşerler. 26 Adamlar ýer ýüzünde boljak betbagtçylyklara garaşyp, gorkudan ýaňa aljyrarlar, sebäbi asman jisimleri* titrär. 27 Olar Ynsan oglunyň+ bulutlaryň içinden uly güýç we şöhrat bilen gelýänini görerler+. 28 Şu zatlar ýerine ýetip başlanda, dikeliň, başyňyzy galdyryň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlandyr».
29 Isa olara şeýle mysaly gürrüň berdi: «Injir agajyna we beýleki agaçlara serediň+. 30 Olaryň şahalary pyntyklanda, tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. 31 Siz hem şu zatlary göreniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlandygyny biliň. 32 Size hakykaty aýdýaryn, şu nesil dünýäden ötmänkä, aýdylanlaryň ählisi berjaý bolar+. 33 Gök we ýer geçip gider, ýöne meniň sözlerim ebedi galar+.
34 Siz bolsa ägä boluň! Iýermenlik, serhoşlyk+ we durmuşyň gaýgy-aladalary+ ýüregiňize ýük bolup, şol gün üstüňize duýdansyz geläýmesin, 35 duzaga düşüräýmesin+. Sebäbi şol gün ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne geler. 36 Siz bolsa oýa boluň!+ Boljak zatlardan gaçyp gutulyp, Ynsan oglunyň öňünde durup biler ýaly+, hemişe doga-dileg ediň»+.
37 Isa gündizine ybadathanada öwrederdi, gije Zeýtun dagynda bolardy. 38 Adamlar hem ir bilen ybadathana gelip, Isany diňlärdi.
22 Pasha+ diýilýän Petir baýramy golaýlapdy+. 2 Uly ruhanylar we kanunçylar Isany öldürmek üçin amatly pursat gözleýärdiler+. Emma olar halkdan gorkýardylar+. 3 Şonda Şeýtan 12 resulyň biri Iuda Iskariýotyň içine girdi+. 4 Iuda uly ruhanylaryň we ybadathananyň gözegçileriniň ýanyna baryp, Isany tutmaga kömek etjekdigini aýtdy+. 5 Olar begenip, kümüş teňňe bereris diýdiler+. 6 Iuda razy boldy we Isanyň ýanynda adamlar ýokka satmak üçin amatly pursat gözläp başlady.
7 Petir baýramy güni gelip ýetdi. Şol gün Pasha gurbanlygy berilýärdi+. 8 Isa Petrus bilen Ýahýany iberip: «Baryň, Pasha naharyny taýýarlaň»+ diýdi. 9 Olar: «Nirede taýýarlaly?» diýdiler. 10 Isa şeýle diýdi: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýan adama duşarsyňyz. Ol haýsy öýe girse, siz hem şol öýe baryň+. 11 Soňra öýüň eýesine: „Mugallym şeýle diýýär: „Şägirtlerim bilen Pasha naharyny iýmek üçin myhman otagy nirede?“ diýiň. 12 Ol size ýokarky uly otagy görkezer, içinde hemme zat bardyr. Şol otagda taýýarlaň». 13 Olar şähere baranda, ähli zat Isanyň aýdyşy ýaly boldy. Şeýlelikde, olar Pasha baýramyna taýýarlyk gördüler.
14 Nahar iýmeli wagty gelende, Isa resullary bilen saçak başyna geçdi+. 15 Isa olara: «Görgi görmänkäm, Pasha naharyny siziň bilen iýmegi arzuw edipdim. 16 Size diýýärin, ähli zat Hudaýyň Patyşalygynda berjaý bolýança, ondan asla iýmerin» diýdi. 17 Isa käsäni alyp, Hudaýa minnetdarlyk sözlerini aýtdy-da: «Alyň, biri-biriňize geçirip, hemmäňiz içiň. 18 Size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy gelýänçä, asla şerap içmerin» diýdi.
19 Isa çöregi alyp+, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy we çöregi bölüşdirdi-de, resullaryna berip: «Çörek siziň üçin berjek+ bedenimi aňladýar+. Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň»+ diýdi. 20 Nahar iýip bolanlaryndan soň, Isa şeraply käsäni alyp, şeýle diýdi: «Şu käse täze ähti aňladýar+. Ganym siziň üçin dökülende+, şol äht güýje girer+.
21 Maňa dönüklik etjek adam meniň bilen bir saçakda otyr+. 22 Pygamberlik edilişi ýaly, Ynsan ogly hakda aýdylanlar ýerine ýetýär+, ýöne oňa dönüklik etjek adamyň dat gününe!»+ 23 Şägirtleri dönüklik etjek adamyň kimdigini biri-birinden sorap başladylar+.
24 Emma olaryň arasynda kimiň uludygy hakda uly dawa turdy+. 25 Şonda Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Patyşalar halkyň üstünden agalyk edýär, wezipeli adamlara Howandar diýýärler+. 26 Ýöne siziň araňyzda beýle bolmasyn+. Kim uly bolsa, kiçi ýaly bolsun+, kim ýolbaşçy bolsa, hyzmatkär bolsun. 27 Saçak başynda oturan ulumy ýa-da hyzmat edýän adam? Saçak başynda oturan dälmi? Men welin size hyzmatkär boldum+.
28 Kynçylyga uçranymda+ ýanymda bolduňyz+. 29 Atamyň meniň bilen patyşalyk ähtini baglaşyşy ýaly, men hem siziň bilen äht baglaşýaryn+. 30 Siz Patyşalygymda meniň bilen iýip içersiňiz+ we tagtlarda oturyp+, Ysraýylyň 12 taýpasyna kazylyk edersiňiz+.
31 Simun, Simun! Şeýtan siziň ähliňizi bugdaý kimin elekden geçirmek isleýär+. 32 Emma imanyň gowşamaz ýaly, men Alla ýalbaryp kömek soradym+. Şonuň üçin dolanyp geleniňde, doganlaryň imanyny berkit»+. 33 Petrus bolsa: «Halypam, seniň bilen türmede oturmaga-da, ölmäge-de taýyn»+ diýdi. 34 Isa: «Petrus, saňa diýýärin, şu gün horaz gygyrmanka, meni tanamaýandygyňy üç gezek aýdarsyň»+ diýdi.
35 Isa olardan: «Men sizi pulsuz, çöreksiz, torbasyz we çaryksyz* iberenimde+, kem zadyňyz boldumy?» diýip sorady. Olar: «Ýok!» diýdiler. 36 Isa olara şeýle diýdi: «Indi puly barlar, ýanyna pul, çörek, torba alsyn. Gylyjy ýoklar bolsa donuny satyp, gylyç alsyn. 37 Size diýýärin: „Ol jenaýatçy hasaplandy“+ diýen sözler mende ýerine ýetmeli. Hawa, men hakda aýdylanlaryň bary ýerine ýetýär»+. 38 Olar: «Halypam, ine, iki gylyç bar» diýdiler. Isa: «Şol ýetikdir» diýdi.
39 Isa hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi+. Şägirtleri hem onuň bilen gitdiler. 40 Ol ýere baranlarynda, Isa: «Synaga düşmez ýaly doga ediň»+ diýdi. 41 Özi bolsa birnäçe ädim öňe ýöräp, dyza çöküp doga edip başlady: 42 «Atam, isleseň, şu käseden içirme. Ýöne meniň islegim däl, seniň islegiň bolsun»+. 43 Şonda gökden perişde gelip, ony berkitdi+. 44 Isa güýçli gam-gussa batyp, has-da yhlasly doga edýärdi+. Onuň deri gan damjalary kimin damýardy. 45 Isa doga edip bolansoň, şägirtleriniň ýanyna gelende, olar uklap ýatan eken. Sebäbi olar gam-gussa batyp, halys ýadapdylar+. 46 Isa: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Turuň, synaga düşmez ýaly doga ediň»+ diýdi.
47 Isa heniz sözüni tamamlamanka, 12 resulyň biri Iuda märeke bilen geldi. Ol Isanyň ýanyna baryp, ony ogşady+. 48 Emma Isa: «Iuda, Ynsan ogluny ogşap dönüklik edýäňmi?» diýdi. 49 Şägirtler bolýan zatlary görüp: «Halypam, olary gylyçdan geçirelimi?» diýdiler. 50 Olaryň biri gylyjyny çykardy-da, baş ruhanynyň hyzmatkäriniň sag gulagyny kesdi+. 51 Emma Isa: «Bes ediň!» diýip, hyzmatkäriň gulagyna elini degrip sagaltdy. 52 Soňra Isa tussag etmäge gelen uly ruhanylara, ybadathananyň gözegçilerine we ýaşululara: «Taýakly hem gylyçly geler ýaly, men garakçymy?+ 53 Ybadathanada her gün öwredýän wagtym+, meni tussag etmediňiz+. Emma häzir siziň wagtyňyz, garaňkylygyň höküm sürýän wagty»+ diýdi.
54 Olar Isany tussag edip+, baş ruhanynyň öýüne alyp gitdiler. Petrus bolsa uzagrakdan olaryň yzyndan gitdi+. 55 Adamlar howluda ot ýakyp otyrkalar, Petrus hem ýanlaryna baryp oturdy+. 56 Şonda hyzmatkär gyz Petrusyň oduň başynda ýylnyp oturanyny görüp, oňa seretdi-de: «Şu adam hem Isanyň ýanyndady» diýdi. 57 Emma Petrus: «Men ony tanamok!» diýip boýun almady. 58 Biraz wagtdan başga biri: «Senem şägirtleriniň biri» diýdi. Petrus bolsa: «Ýok, beýle däl!»+ diýdi. 59 Bir sagada golaý wagt geçensoň, ýene biri gelip: «Şu adamam onuň ýanyndady, jelilelidigi görnüp dur» diýip, gaýta-gaýta aýtdy. 60 Petrus bolsa: «Men-ä näme diýýäniňe düşünemok» diýdi. Ol sözüni soňlamanka, horaz gygyrdy. 61 Isa hem öwrülip, Petrusa seretdi. Şonda Halypamyzyň: «Şu gün horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň» diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi+. 62 Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady.
63 Isany garawullaýan adamlar üstünden gülüp+, urup başladylar+. 64 Onuň ýüzüni ýapyp: «Pygamber bolsaň, aýt, seni kim urdy?» diýýärdiler. 65 Şeýle-de olar Isany köp kemsitdiler.
66 Daň atanda, halkyň ýaşululary, uly ruhanylar, kanunçylar Mejlise* ýygnandylar+ we Isany getirdip: 67 «Aýt, sen Mesihmi?»+ diýip soradylar. Isa olara: «Aýdanym bilenem ynanmarsyňyz. 68 Sorag bersemem, jogap berip bilmersiňiz. 69 Ýöne mundan beýläk Ynsan ogly+ Gudratygüýçli Allanyň sagynda oturar»+ diýdi. 70 Şonda olar: «Diýmek, sen Hudaýyň Ogly-da?» diýdiler. Isa: «Aýdyşyňyz ýalydyr» diýdi. 71 Olar: «Bize başga delil nämä gerek? Muny öz agzyndan eşitdik ahyryn»+ diýişdiler.
23 Şeýlelikde, olaryň ählisi ýerinden turup, Isany Pilatusyň ýanyna alyp gitdiler+. 2 Olar Isany günäkärläp+: «Ol patyşa* salgyt tölemeli+ däl diýip, halky ýoldan çykarýar. Özüne Mesih, patyşa diýýär»+ diýdiler. 3 Pilatus ondan: «Sen ýehudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi+. 4 Şonda Pilatus uly ruhanylara we halka: «Men ondan hiç hili günä tapmadym»+ diýdi. 5 Emma olar öz diýenini tutup: «Ol taglymaty bilen bütin Ýahudada, Jelileden tä şu ýere çenli ähli halky öjükdirýär» diýdiler. 6 Pilatus muny eşidip: «Ol jelilelimi?» diýip sorady. 7 Pilatus Isanyň Hirodesiň+ höküm sürýän welaýatyndan gelendigini bilip, ony Hirodesiň ýanyna iberdi, sebäbi Hirodes şol wagt Iýerusalimdedi.
8 Hirodes Isany görüp, örän begendi. Ol köp wagtdan bäri Isany görmegi arzuw edýärdi, Isa hakda ençeme zatlary eşidipdi+ we gudratlaryny görmegi umyt edýärdi. 9 Hirodes Isa sorag baryny berip başlady, ýöne ol hiç zat jogap bermedi+. 10 Uly ruhanylar we kanunçylar bolsa Isany günäkärläp, töhmet atýardylar. 11 Hirodes bilen esgerleri Isany kemsidip+, egnine gymmatbaha don atdylar, üstünden güldüler+. Soňra Isany Pilatusyň ýanyna iberdiler. 12 Öň Hirodes bilen Pilatus biri-birine duşmandy, ýöne şol gün olar dost boldular.
13 Pilatus uly ruhanylary, baştutanlary we halky ýanyna çagyryp: 14 «Siz şu adam halky öjükdirip, hökümete garşy çykarýar diýýärsiňiz. Ine, men Isany öňüňizde sorag etdim, ýöne ondan hiç hili günä tapmadym+. 15 Hirodes hem ondan hiç hili günä tapman, ýanymyza iberipdir. Diýmek, ol ölüm jezasy berler ýaly iş etmändir. 16 Şonuň üçin diňe temmi berip+, azat etjek» diýdi. 17 *—— 18 Ýygnanan märeke: «Ölüme höküm et, Barabbasy azat et!» diýip gygyrýardy+. 19 Barabbas şäherde gozgalaň turzup, adam öldürendigi üçin türmä basylypdy. 20 Pilatus halka Isany azat etjekdigini ýene-de aýtdy+. 21 Märeke bolsa: «Pürse çüýle! Pürse çüýle!» diýip gygyryşdylar+. 22 Pilatus üçünji gezek: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi? Ölüm jezasy berler ýaly, men ondan günä tapmadym. Şonuň üçin diňe temmi berip, azat etjek» diýdi. 23 Emma märeke öz diýenini tutup, pürse çüýlemegi talap edýärdi. Olar şeýle bir gygyrýardylar welin+, 24 Pilatus olaryň islegini ýerine ýetirmeli diýen karara geldi. 25 Ol halkyň aýdyşy ýaly, gozgalaňçy we ganhor Barabbasy boşatdy. Isany bolsa olaryň eline berdi.
26 Isany alyp barýarkalar, kirenaly Simun şähere girip gelýärdi. Olar Simuny tutup, jebir pürsüni* götermegi we Isanyň yzyndan ýöremegi buýurdylar+. 27 Birgiden adamlar bolsa onuň yzyna düşüp barýardylar. Olaryň käbiri Isa gynanyp gursagyna urýardylar, aýallar hem aglaşyp barýardy. 28 Isa olara tarap öwrüldi-de: «Eý Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglamaň, özüňiz we çagalaryňyz üçin aglaň+. 29 Şeýle günler geler, adamlar: „Önelgesiz aýallar, çaga dogurmadyk we emdirmedik aýallar bagtlydyr!“ diýerler+. 30 Şonda adamlar daglara: „Üstümize ýykylyň!“ we depelere: „Bizi gizläň!“ diýerler+. 31 Agaç entek guramanka şeýle edýän bolsalar, onda gurasa näme ederler?» diýdi.
32 Olar Isanyň ýanynda pürse çüýlemek üçin iki jenaýatçyny hem alyp barýardylar+. 33 Olar Kelleçanak diýilýän ýere gelenlerinde+, Isany jenaýatçylar bilen bile pürse çüýlediler: birini sag, beýlekisini çep tarapynda+. 34 Isa: «Atam, olary bagyşla, olar näme edýänini bilmeýär» diýdi. Soňra olar Isanyň egin-eşigini paýlaşmak üçin bije atdylar+. 35 Adamlar olara seredişip durdular. Halkyň baştutanlary bolsa ýaňsylap: «Ol adamlary halas edýärdi. Hudaýyň saýlan Mesihi bolýan bolsa, indi özüni halas etsin» diýýärdiler+. 36 Hatda esgerler hem Isanyň üstünden gülüp, turşy şerap içirjek boldular+. 37 Olar: «Ýehudylaryň Patyşasy bolsaň, özüňi halas et» diýýärdiler. 38 Şeýle-de olar pürsüň ýokarsyna: «Ýehudylaryň Patyşasy»+ diýen ýazgyny çüýlediler.
39 Isanyň ýanynda asylgy duran jenaýatçylaryň biri oňa sögüp+: «Mesih bolsaň, bizi-de, özüňi-de halas et» diýýärdi. 40 Şonda beýleki jenaýatçy käýäp: «Hudaýdan gorkaňokmy? Ol seniň bilen deň jeza çekýär. 41 Bize eden işimiz üçin adalatly höküm çykaryldy, emma ol hiç hili erbetlik etmedi» diýdi. 42 Soňra ol Isa ýüzlenip: «Isa, Patyşa bolanyňda* meni ýatla!»+ diýdi. 43 Isa oňa: «Saňa söz berýärin*, meniň bilen Jennetde bolarsyň»+ diýdi.
44 Bütin ýer ýüzi günortan on ikilerden* öýlän üçe* çenli tüm-garaňky boldy+, 45 sebäbi Gün şöhle saçmaýardy. Ybadathanada mukaddes otagyň tutusy+ ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi+. 46 Isa batly ses bilen: «Atam, janymy* saňa ynanýaryn»+ diýip jan berdi*+. 47 Ýüzbaşy bolan zatlary görende, Allany şöhratlandyryp: «Dogrudanam, ol dogruçyl* adam ekeni»+ diýdi. 48 Bolan wakalary gören märeke gynanyp* öýüne gaýtdy. 49 Isany tanaýan adamlar uzagrakdan bolýan wakalara seredip durdylar. Olaryň arasynda Jelileden Isanyň yzyna düşüp gelen aýallar hem bardy+.
50 Şol ýerde Mejlisiň* agzasy Ýusup hem bardy. Ol dogruçyl we ýagşy adamdy+. 51 Ýusup Isany öldürjek bolanlary goldamandy, olaryň hiç zadyna goşulmandy. Ol Ýahudanyň Arimatiýa şäherindendi we Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýardy. 52 Ýusup Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini sorady. 53 Ol jesedi pürsden düşürip+, nepis* mata dolady. Soňra ony gaýada oýulyp ýasalan we heniz hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady+. 54 Şol gün taýýarlyk görülýän gündi+. Sabat gününiň*+ başlanmagyna az wagt galypdy. 55 Isa bilen Jelileden gelen aýallar hem mazary we jesedi görmäge geldiler+. 56 Soňra olar atyr ysly ýagy we otlary taýýarlamak üçin öýüne gaýtdylar. Ýöne Kanuna görä Sabat güni dynç aldylar+.
24 Hepdäniň birinji güni* daň bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly otlaryny alyp, mazara geldiler+. 2 Görseler, mazaryň agzyndaky daş aýrylypdyr+. 3 Mazaryň içine girip görseler, Halypamyz Isanyň jesedi ýok eken+. 4 Aýallar geň galyp durkalar, olaryň öňünde dony şöhle saçyp duran iki adam peýda boldy. 5 Aýallar gorkudan ýaňa aşak seredip durdular. Ýaňky iki adam: «Siz näme üçin diri adamy ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz?+ 6 Isa bärde däl, ol direldi. Jelilede size näme diýendigini ýadyňyza salyň. 7 Ol Ynsan oglunyň günäkärleriň eline tabşyrylyp, pürse çüýlenjekdigini we üçünji güni direljekdigini aýdypdy»+ diýdiler. 8 Şonda aýallar Isanyň sözlerini ýatladylar+. 9 Olar mazardan gaýdyp, 11 resula we beýleki şägirtlere ähli zady habar berdiler+. 10 Mazara magdalaly Merýem, Ýanna we Ýakubyň ejesi Merýem gidipdi. Olar bilen giden beýleki aýallar hem bolan zatlary resullara gürrüň berdiler. 11 Emma resullar we beýleki şägirtler aýallaryň aýdýanlaryna boş gürrüňdir öýdüp ynanmadylar.
12 Petrus ýerinden turup, ylgap mazara bardy-da, eglip içine seretse, kependen* başga zat ýok eken. Ol haýran galyp, yzyna dolandy.
13 Şol gün Isanyň iki şägirdi Iýerusalimden ýedi çakrym* uzaklykdaky Emmawus obasyna barýardy. 14 Olar bolan wakalar hakda gürrüň edýärdiler.
15 Iki şägirt bolan zatlar hakda gürrüň edip gelýärkäler, Isa ýanlaryna gelip, olar bilen ýöräp gitdi. 16 Emma şägirtler ony tanamadylar+. 17 Isa olardan: «Siz näme hakda gürrüň edip gelýärsiňiz?» diýip sorady. Şägirtler aýak çekip, gamgyn halda oňa seretdiler. 18 Soňra Klepas atly şägirt: «Şu günler Iýerusalimde bolan zatlary bilmeýärsiň welin, gelmişeg-ä dälsiň?*» diýdi. 19 Isa: «Näme hakda?» diýip sorady. Olar şeýle diýdiler: «Sen nazaretli Isa hakda eşitmediňmi?+ Ol Hudaýyň we bütin halkyň öňünde gudratlar görkezen pygamberdi+. 20 Uly ruhanylar we baştutanlar oňa ölüm jezasyny berdirip+, pürse çüýletdiler. 21 Emma biz ol Ysraýyly halas eder öýdýärdik+. Bolan wakalardan bäri üç gün geçdi, ýöne hiç zat üýtgemedi. 22 Onsoňam, aýallaryň käbiri ir bilen mazara baryp, geň habar getirdiler+. 23 Olar mazardan jesedi tapmandyrlar. Şonda aýallara perişdeler görnüp, Isanyň diridigini aýdypdyrlar. 24 Şägirtleriň käbiri hem mazara baranlarynda+, aýallaryň aýdany dogry bolup çykdy. Ýöne olar Isany görmediler».
25 Isa olara: «Eý akylsyz we düşünjesiz adamlar! Siz näme üçin pygamberlere ynanmaýarsyňyz? 26 Mesih görgi baryny görüp+ şöhratlanmaly däldimi?»+ diýdi. 27 Isa olara mukaddes kitaplardaky, ýagny Musadan başlap ähli pygamberleriň kitaplarynda+ özi hakda ýazylan zatlary düşündirdi.
28 Olar oba ýetenlerinde, Isa geçip gitjek ýaly bolup göründi. 29 Şägirtler oňa ýalbaryp: «Gün batyp barýar, biziň bilen gidäý» diýdiler. Şonda Isa olar bilen gitdi. 30 Olar saçak başynda otyrkalar, Isa çöregi alyp, Hudaýa doga etdi*. Soňra çöregi bölüşdirip, şägirtlerine berdi+. 31 Şonda şägirtler Isany tanadylar, ýöne Isa gözden gaýyp boldy+. 32 Olar biri-birine: «Ol ýolda mukaddes kitaplarda ýazylanlary düşündirende, ýüregimiz tolgunypdy» diýişdiler. 33 Olar derrew ýerinden turdular-da, Iýerusalime gidip, 11 resul bilen beýleki şägirtleri tapdylar. 34 Şägirtler bilen resullar: «Dogrudanam, Halypamyz direlipdir! Ol Simuna hem görnüpdir»+ diýýärdiler. 35 Iki şägirt olara ýolda bolan wakany we Isany çörek bölüşinden tanandyklaryny gürrüň berdiler+.
36 Şägirtler bolan wakalar hakda gürrüň edip durkalar, Isa olaryň ýanynda peýda bolup: «Salam!»+ diýdi. 37 Olar gözüne perişde* görünýändir öýdüp, gorkdular we howsala düşdüler. 38 Isa olara: «Näme üçin gorkýaňyz? Näme üçin şübhelenýäňiz? 39 Elime, aýagyma serediň, bu men. Eliňizi degrip görüň, perişdäniň eti, süňki bolmaýar, ýöne meniň etim, süňküm bar» diýdi. 40 Soňra Isa elini we aýagyny görkezdi. 41 Şägirtler oňa haýran galyp, begenjinden ýaňa gözüne ynanyp bilmän durdular. Şonda Isa: «Iýere zat barmy?» diýdi. 42 Şägirtler gowrulan balykdan bir bölek berdiler. 43 Isa hem olaryň gözüniň alnynda iýdi.
44 Isa olara: «Ýadyňyzdamy, men ýanyňyzdakam, Töwratda, Pygamberler kitabynda we Zeburda özüm hakda ýazylanlaryň+ ýerine ýetmelidigini aýdypdym»+ diýdi. 45 Şägirtleri mukaddes kitaplaryň manysyna düşüner ýaly, Isa olaryň aňyny açdy+. 46 Soňra ol: «Mukaddes kitaplarda aýdylyşy ýaly, Mesih ejir çekip ölmeli we üçünji güni direlmeli+. 47 Şeýle-de Iýerusalimden başlap+ ähli halklara onuň adyndan hoş habary wagyz etmeli+, olara günäleriniň bagyşlanmagy üçin+, toba etmelidigi hakda aýtmaly. 48 Siz şol zatlar hakda gürrüň bermeli*+. 49 Men size Atamyň wada berenini iberýärin. Size gökden güýç iner, ony alýançaňyz Iýerusalimde galyň»+ diýdi.
50 Isa şägirtleri bilen Betaniýa çenli gitdi. Soňra ol elini uzadyp, olara ak pata berdi. 51 Ak pata berip durka, Isa şägirtlerinden uzaklaşyp, göge alyndy+. 52 Şägirtleri bolsa Isa tagzym edip, begenişip Iýerusalime gaýtdylar+. 53 Olar her gün ybadathanada bolup, Hudaýy şöhratlandyrýardylar+.
Ýa-da: logiki yzygiderlikde.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ruhly.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: tohumyna.
Ýa-da: rehimdarlygyny.
Sözme-söz: gutulyş şahyny. Sözlüge serediň: Şah.
Sözme-söz: bütin ýer ýüzünde.
Sözme-söz: tabynlygynda galdy.
Ýagny Hirodes Antipas. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: tetrarhydy.
Ýa-da: aýakgabynyň; köwşüniň.
Sözme-söz: mukaddes gulluk.
Ýa-da: küňresine; çür depesine.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Jelile deňziniň başga ady.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Mattanyň başga ady.
Ýa-da: halal; dogry; dogruçyl.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: şel.
Ýa-da: şel.
Sözme-söz: şatlykdan ýaňa böküň.
Ýa-da: Gülýänleriň.
Sözme-söz: çüýrük.
Sözme-söz: hazynasy.
Sözme-söz: gaýanyň üstünde guran.
Sözme-söz: jaýy fundamentsiz.
Sözme-söz: Men sebäpli büdremeýän.
Ýa-da: islegini; öwüt-nesihatyny.
Ýa-da: iýermen.
Ýa-da: alebastr gaby.
Sözme-söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: krowatyň.
Başga manysy: köp wagtdan bäri.
Sözme-söz: Legion.
Ýa-da: gyza ýaşaýyş güýji gaýdyp gelip.
Sözme-söz: kümüş.
Sözme-söz: tetrarhy.
Ýagny Hirodes Antipas. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: pata berdi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Halypamyz.
Ýa-da: aýakgap; köwüş.
Ýa-da: hiç kim bilen gujaklaşyp salamlaşmaň.
Sözme-söz: parahatlygyň dosty.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: Bize garşy günä edýänleri.
Şeýtanyň bir ady.
Sözme-söz: barmagy.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýazgarar; höküm çykarar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýazgarar; höküm çykarar.
Ýa-da: diňe bir zada seredýän.
Ýa-da: köp zada üns berýän; zalym.
Dini däbe görä eliňi ýuwmak göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: sadaka beriň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: assariýa. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: sinagogalara.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: bir tirsek. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: sadaka beriň.
Takmynan agşam sagat 9:00-dan ýarygijä çenli aralyk.
Takmynan ýarygijeden 3:00-a çenli aralyk.
Sözme-söz: leptaňy. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Bir kersen 7,33 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Adamyň endamyna suw ýygnanýan kesel.
Sözme-söz: öz janyny ýigrenmese.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: diň.
Sözme-söz: drahmasy. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: drahmamy. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: oglunyň boýnuna böküp.
Ýa-da: aýakgap; köwüş.
Bir çelek 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: Bir hum. Bir hum 220 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Ýa-da: wepaly.
Ýa-da: wepalydyr.
Ýa-da: wepaly.
Ýa-da: wepaly.
Sözme-söz: harpyň çyzygy-da.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Adamy büdretjek.
Sözme-söz: bäbeklerini.
Sözme-söz: bäbekleri.
Ýa-da: gelejekki döwürde. Sözlüge serediň.
Ýa-da: Kime töhmet atyp.
Grek gadagynyň agramy 340 g, hümmeti 100 drahma deň. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: maýa goýumyna goýmadyň?
Sözme-söz: Gökden berildimi ýa-da adamlardan?
Sözme-söz: gökden.
Sözlüge serediň.
Rim imperatory Sezar.
Sözme-söz: dinar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Rim imperatory Sezar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: döwürdäki. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: iki lepta. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: garyp bolsa-da.
Ýa-da: dönüklik ederler; kazyýete tabşyrarlar.
Sözme-söz: gögüň güýçleri.
Ýa-da: aýakgapsyz; köwüşsiz.
Sözlüge serediň.
Rim imperatory Sezar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Patyşalygyňa baranyňda.
Sözme-söz: Şu gün saňa hakykaty aýdýaryn.
Sözme-söz: takmynan altynjy sagatdan.
Sözme-söz: dokuzynjy sagada.
Sözme-söz: ruhumy. Sözlüge serediň.
Ýa-da: soňky sapar dem aldy.
Ýa-da: bigünä.
Sözme-söz: gursagyna urup.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: zygyr. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.
Sözme-söz: zygyr matadan. Sözlüge serediň.
Takmynan 11 km. Sözme-söz: 60 stadiý. Bir stadiý 185 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Başga manysy: Iýerusalime myhmançylyga geldiňmi?
Sözme-söz: oňa pata berdi.
Sözme-söz: ruh.
Ýa-da: şaýatlyk etmeli; wagyz etmeli.