IKINJI TARYH KITABY
1 Dawudyň ogly Süleýmanyň patyşalygy barha berkeýärdi. Ýehowa Hudaý Süleýmany goldap, has-da beýgeltdi+.
2 Süleýman Ysraýyldaky ähli müňbaşylary, ýüzbaşylary, kazylary, baştutanlary we tirebaşylary ýygnady. 3 Süleýman olar bilen Gibgondaky+ seždegähe* gitdi. Ýehowanyň guly Musanyň çölde ýasan çadyry, hak Hudaýyň ýygnak çadyry* şol seždegähdedi. 4 Hak Hudaýyň äht sandygyny bolsa Dawut Kirýat-ýegarimden+ alyp gaýdyp, Iýerusalimde guran çadyrynda goýupdy+. 5 Huruň agtygy, Uranyň ogly Besaleliň+ misden ýasan gurbanlyk ojagy*+ Ýehowanyň mukaddes çadyrynyň öňünde durdy. Süleýman bilen tutuş jemagat onuň öňünde doga ederdi*. 6 Süleýman Ýehowanyň huzurynda gurbanlyk berip, ýygnak çadyrynyň öňündäki misden ýasalan gurbanlyk ojagynda+ 1 000 sany maly ýakma gurbanlygy edip hödürledi.
7 Şol gije Hudaý Süleýmanyň düýşüne girip: «Näme islegiň bolsa, aýt, soran zadyňy bereýin»+ diýdi. 8 Süleýman: «Eý Hudaý, sen kakam Dawuda wepaly bolup*+, meni tagtynda oturtdyň+. 9 Ýehowa Hudaý, kakam Dawuda beren sözüňi berjaý et+. Meni çäge* deý+ ummasyz köp halkyňa patyşa bellediň. 10 Halkyňa baştutanlyk etmek üçin akyldarlyk bilen düşünje ber+. Eýsem, ägirt uly halkyňa kim kazylyk edip biler?!»+ diýdi.
11 Şonda Hudaý: «Ýagşy niýetiň bar, özüňe baýlyk, mal-mülk, şan-şöhrat, uzak ömür ýa-da duşmanlaryň ölümini dilemän, patyşa bellän halkyma kazylyk eder ýaly, akyldarlyk bilen düşünje diläniň üçin+, 12 saňa akyldarlyk, düşünje bererin. Şeýle-de öňki-soňky patyşalaryň hiç birinde bolmadyk baýlygy, mal-mülki, şan-şöhraty hem bererin»+ diýdi.
13 Şeýdip, Süleýman Gibgonyň seždegähindäki+ ýygnak çadyryndan gaýdyp, Iýerusalime geldi. Ol Ysraýylyň üstünden höküm sürüp başlady. 14 Süleýman söweş arabalaryny we atlaryny* has-da köpeldýärdi. Süleýmanyň 1 400 söweş arabasy, 12 000 aty*+ bardy. Olary söweş arabalary üçin guran şäherlerinde+ we Iýerusalimde özüne golaý ýerde saklardy+. 15 Patyşa Iýerusalimde altyn-kümşi daş kimin+, kedr agajyny bolsa Şepeladaky ýabany injir agajy kimin köpeltdi+. 16 Süleýmanyň atlary Müsürden getirilerdi+. Patyşanyň täjirleri at sürüsini belli bir baha satyn alardylar*+. 17 Müsürden getirilen bir söweş araba 600 kümüş teňňe, bir at bolsa 150 kümüş teňňedi. Süleýmanyň täjirleri atlary we arabalary hetleriň patyşalaryna-da, Siriýanyň patyşalaryna-da satardylar.
2 Soňra Süleýman Ýehowanyň adyny göterjek ybadathanany+ we şa köşgüni gurmagy buýurdy+. 2 Süleýman patyşa 70 000 adama ýük daşatdy, 80 000 adama dagda daş ýondurdy+, 3 600 adamy bolsa işçilere gözegçi edip goýdy+. 3 Ol Tir patyşasy Hurama+ habar ýollap: «Kakam Dawut köşk salanda, kedr agajyny iberip kömek edişiň ýaly+, maňa-da kömek edäý. 4 Men Ýehowa Hudaýymyň adyny göterýän öý gurjak bolýaryn. Ybadathanany Hudaýyma bagyşlap, her gün ertirine-agşamyna+, Sabat günlerinde+, Täze aý baýramynda+ we Ýehowa Hudaýymyzyň baýramçylyklarynda+ hoşboý ysly tütetgi ýakaryn+, hödür çöregini hödürlärin+, ýakma gurbanlyklary bererin. Şol zatlar Ysraýyl üçin hemişelik kanun bolar. 5 Men kaşaň ybadathana gurjak bolýaryn, sebäbi Hudaýymyz ähli taňrylardan beýik! 6 Aslynda, Hudaýa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ol göklere, hatda ägirt uly asmana-da syganok ahyryn+. Heý-de, Hudaýa ýaşamak üçin öý gurup bilerinmi?! Men diňe Hudaýa gurban bermek üçin öý guraýmasam. 7 Gaýrat edip, maňa bir senetçi iber. Ol altyn-kümüşden, misden+, demirden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden, gök ýüplükden zat ýasamaga we oýup nagyş salmaga ökde bolsun. Ol Ýahudada we Iýerusalimde kakam Dawudyň bellän ökde senetçileri bilen işlär+. 8 Liwanyň kedr, arça+ we gyzyl agaçlaryny*+ hem iberäý. Seniň hyzmatkärleriň Liwan agaçlaryny+ çapmaga ökde, hyzmatkärlerimiz bile işläp+, 9 agaç çapsyn. Maňa köp agaç gerek, ybadathanany beýik hem owadan edip gurjak bolýaryn. 10 Agaç çapýan hyzmatkärleriň iýjek-içjegini ýetirip+, 20 000 hum* bugdaý, 20 000 hum arpa, 20 000 çelek* şerap, 20 000 çelek ýag bererin» diýdi.
11 Tir patyşasy Huram Süleýmana hat ýollap: «Ýehowa halkyny eziz görýän eken, şonuň üçin seni patyşa belläpdir» diýdi. 12 Soňra ol: «Ýeri-gögi ýaradan Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Hudaý Dawuda akyldar, paýhasly we düşünjeli ogul beripdir+. Ol Ýehowanyň adyny göterjek ybadathana bilen şa köşgüni gurjak bolýar. 13 Ine, ökde we düşünjeli senetçi Huramaby+ ýanyňa iberýärin. 14 Onuň ejesi dan taýpasyndan, kakasy bolsa tirli. Huramap altyn-kümüşden, misden, demirden, daşdan, agaçdan, badam reňkli ýüňden, gök ýüplükden, gyrmyzy ýüplükden, nepis matadan zat ýasamaga+ ökde. Ol oýup nagyş salyp, islendik zadyň şekilini ýasap bilýär+. Goý, ol jenabym Dawudyň we seniň ökde senetçileriň bilen işlesin. 15 Ýöne sen* aýdyşyň ýaly, hyzmatkärleriňe bugdaý, arpa, ýag we şerap iber+. 16 Saňa Liwandan näçe diýseň agaç çapyp bereli+, olary daňyp, deňziň üsti bilen Ýafa+ elteris, senem Iýerusalime äkidersiň»+ diýdi.
17 Süleýman kakasy Dawudyň edişi ýaly, Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleri hasaba aldy+; olar jemi 153 600 adamdy. 18 Süleýman 70 000 adama ýük daşatdy, 80 000 adama dagda daş ýondurdy+, 3 600 adamy bolsa işçilere gözegçi edip goýdy+.
3 Süleýman Iýerusalimiň Moryýa dagynda+, kakasy Dawuda Ýehowanyň görnen ýerinde+ Ýehowanyň öýüni gurup başlady+. Dawut ýabuslardan Ornanyň harmanynda ybadathana üçin ýer taýynlapdy+. 2 Süleýman hökümdarlygynyň dördünji ýylynda, ikinji aýyň ikisine gurluşyga başlady. 3 Ol hak Hudaýyň öýüniň düýbüni tutdy. Ybadathananyň uzynlygy gadymy ölçeg birligine görä 60 tirsek, ini 20 tirsekdi*+. 4 Ybadathananyň öňünde minara gurdular. Minaranyň ini ybadathananyň* ini ýaly 20 tirsekdi, beýikligi hem 20 tirsekdi*. Süleýman onuň içini sap altyna gaplady+. 5 Uly otagy* arça agaçlary bilen örtüp, üstüne sap altyn çaýdy+. Otagyň içini palma agaçlarynyň şekili+ we zynjyrlar bilen bezedi+. 6 Soňra owadan, gymmatbaha daşlar+ bilen bezedi. Gurluşykda ulanylan altyn+ Parwaýimden getirilipdi. 7 Ol ybadathanany, pürslerini, bosagalaryny, diwarlaryny we gapylaryny altyna gaplady+, diwarlaryň ýüzüni bolsa keruplaryň şekili bilen nagyşlady+.
8 Soňra ol iň mukaddes otagy gurdy+. Otagyň uzynlygy ybadathananyň ini ýaly 20 tirsekdi, ini hem 20 tirsekdi. Ol iň mukaddes otagyň içine 600 batman* sap altyn çaýdy+. 9 Çüýlere 50 şekel* altyn gidipdi. Ol ýokarky otaglaryň içine-de altyn çaýdy.
10 Ol iň mukaddes otagda iki kerubyň şekilini ýasap, olary altyna gaplady+. 11 Keruplaryň ganatlarynyň+ uzynlygy jemi 20 tirsekdi. Birinji kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsekdi we otagyň diwaryna degip durdy. Beýleki ganatynyň uzynlygy hem bäş tirsekdi we ikinji kerubyň ganatyna degip durdy. 12 Ikinji kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsekdi we otagyň diwaryna degip durdy. Beýleki ganatynyň uzynlygy hem bäş tirsekdi we birinji kerubyň ganatyna degip durdy. 13 Keruplaryň ýaýylyp duran ganatlary 20 tirsekdi. Keruplar dik durdy, ýüzleri bolsa mukaddes otaga bakýardy.
14 Ol badam reňkli ýüňden, gök ýüplükden, gyrmyzy ýüplükden we nepis matadan tuty+ tikip, keruplaryň şekili bilen keşdeledi+.
15 Soňra iki sütün+ ýasap, olary ybadathananyň öňünde goýdy. Sütünleriň beýikligi 35 tirsekdi, her sütüniň üstünde beýikligi bäş tirsek täç bardy+. 16 Ol monjuk ýaly zynjyrlar ýasap, sütünleriň ýokarsyna dakdy we 100 sany naryň şekilini ýasap, zynjyrlardan asdy. 17 Sütünleriň birini ybadathananyň öňünde, sag* tarapda, beýlekisini çep* tarapda goýdy. Sag tarapdaky sütüne Ýahin*, çep tarapdaky sütüne bolsa Bowaz* diýip at goýdy.
4 Ol misden gurbanlyk ojagyny*+ ýasady. Ojagyň uzynlygy 20 tirsek*, ini 20 tirsek, beýikligi 10 tirsekdi.
2 Ol misi eredip, howuz*+ hem ýasady. Howuz tegelekdi, bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli 10 tirsekdi, beýikligi 5 tirsek, daşyny hem ýüp bilen ölçäniňde 30 tirsekdi+. 3 Howzuň erňeginde* her tirsek aralykda on-ondan iki setir ýabany garpyzyň şekili+ bardy. Olar howzuň daşyna aýlanyp durdy. Olar howuz bilen birlikde guýlup ýasalypdy. 4 Howuz misden ýasalan 12 öküziň+ üstünde durdy. Üç öküz demirgazyga, üç öküz günbatara, üç öküz günorta, üç öküz bolsa gündogara seredip durdy. Howuz öküzleriň üstünde goýlupdy, olaryň yzky aýaklary howzuň aşagynda galýardy. 5 Howzuň galyňlygy dört barmakdy*, agzy käsäniň agzy ýalydy we çigildem gülüniň şekilinde ýasalypdy. Howzuň içine 3 000 çelek* suw sygýardy.
6 Soňra ol on legen ýasady. Olaryň bäşisini ybadathananyň sag tarapynda, bäşisini çep tarapynda goýdy+. Legendäki suwa ýakma gurbanlyklary üçin ulanylýan zatlary ýuwmalydy+. Howuzdaky suwa bolsa ruhanylar el-aýagyny ýuwmalydy+.
7 Ol berlen çyzga görä+, on sany altyn şemdan+ ýasap, bäşisini ybadathananyň sag tarapynda, bäşisini çep tarapynda goýdy+.
8 Şeýle-de on sany stol ýasap, bäşisini ybadathananyň sag tarapynda, bäşisini çep tarapynda goýdy+. Ol 100 sany altyn tabak hem ýasady.
9 Soňra ruhanylaryň+ howlusyny+ we uly howlyny+ gurdy. Howlular üçin gapylary ýasap, olary mise gaplady. 10 Howzy bolsa ybadathananyň sag tarapynda, ýagny günorta-gündogarynda goýdy+.
11 Huram başga-da gaplary, pilçeleri we tabaklary ýasady+.
Ol hak Hudaýyň öýünde Süleýman patyşanyň tabşyran ähli işlerini tamamlady+. 12 Huram iki sütüni+, olaryň depesindäki käse şekilli täçleri, olary bezemek üçin iki sany zynjyrly tory+, 13 sütünleriň depesindäki käse şekilli täçleri+ bezemek üçin, şol torlara iki setir edip dakar ýaly 400 sany naryň şekilini+, 14 on arabany, olaryň üstündäki on legeni+, 15 howzy we onuň aşagyndaky 12 öküzi+, 16 gaplary, pilçeleri, çarşaklary*+ we Ýehowanyň öýi üçin Süleýman patyşanyň aýdan başga-da gap-gaçlaryny ýasady. Huramabyp+ olaryň ählisini ýalpyldawuk misden ýasapdy. 17 Patyşa olary Iordan düzlüginde, Sukot+ bilen Zeredanyň aralygynda toýun galyplara guýup ýasatdy. 18 Süleýmanyň ýasadan gap-gaçlary örän köpdi. Olary ýasamak üçin näçe misiň gidendigi belli däldi+.
19 Süleýman hak Hudaýyň öýi üçin gerek zatlary+: altyn ojagy*+, hödür çörek goýulýan stollary+, 20 sap altyndan şemdanlary+ we şemleri ýasady. Şemler içki otagyň öňünde ýakylmalydy. 21 Ol şemdanyň güllerini, şemlerini we gysgyçlaryny sap altyndan ýasady. 22 Ot söndürgiçleri, tabaklary, käseleri, külatarlary hem sap altyndan ýasady. Ybadathananyň girelgesini, iň mukaddes otagyň we ybadathananyň esasy binasynyň gapylaryny+ hem altyndan ýasady+.
5 Şeýlelikde, Süleýman Ýehowanyň öýi bilen bagly işleri tamamlady+. Ol kakasy Dawudyň Hudaýa bagyş eden*+ altyn-kümüşlerini we başga-da zatlaryny getirip, hak Hudaýyň öýüniň hazynalarynda goýdy+. 2 Soňra Süleýman ysraýyl ýaşulularyny, taýpa baştutanlaryny we tirebaşylaryny ýygnady. Olar Ýehowanyň äht sandygyny Dawudyň şäheri+ Siondan+ alyp gaýtmak üçin Iýerusalime geldiler. 3 Bütin ysraýyl halky ýedinji aýda Çatma baýramyny bellemek üçin+ patyşanyň huzuryna ýygnandy.
4 Ysraýylyň ähli ýaşululary gelende, lewiler äht sandygyny göterdiler+. 5 Ruhanylar bilen lewiler äht sandygyny, ýygnak çadyryny*+ we çadyryň içindäki mukaddes gap-gaçlary alyp gaýtdylar. 6 Süleýman patyşa we tutuş ysraýyl jemagaty äht sandygynyň öňünde durdy. Olar birgiden goýunlary we öküzleri gurbanlyk berdiler+. 7 Soňra ruhanylar Ýehowanyň äht sandygyny ybadathananyň içki otagyna, ýagny iň mukaddes otaga eltip, öz ýerinde, keruplaryň ganatlarynyň aşagynda goýdular+. 8 Keruplaryň ganatlary äht sandygynyň üstüne ýaýylyp, sandygy we taýaklaryny+ örtüp durdy. 9 Taýaklar uzyn bolansoň, olaryň ujy içki otagyň öňündäki mukaddes otagdanam görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar henizem şeýle dur. 10 Äht sandygynyň içinde Kanun ýazylgy iki daşdan başga zat ýokdy+. Musa Horepde şol iki daşy sandyga salypdy. Ysraýyllar Müsürden çykyp gelýärkä+, Ýehowa olar bilen äht baglaşypdy+.
11 Ähli topardaky+ ruhanylar özüni tämizläpdi+. Ruhanylar mukaddes ýerden çykanda, 12 Asafyň+, Hemanyň+, Ýedutunyň+, olaryň ogullarynyň we doganlarynyň ýolbaşçylygyndaky lewi aýdymçylar+ gurbanlyk ojagynyň* gündogarynda durdylar. Olaryň egninde nepis matadan tikilen eşik, elinde bürünç çan*, kirişli saz gurallar we arfa bardy. Olaryň ýanynda 120 ruhany surnaý çalyp durdy+. 13 Surnaýçylar bilen aýdymçylar: «Ol ýagşydyr, wepaly söýgüsi* ebedidir»+ diýip, Ýehowany şöhratlandyrýardylar. Surnaýlaryň, bürünç çanlaryň we saz gurallaryň sesi ýaňlanyp durka, Ýehowany şöhratlandyryp, alkyş aýdýardylar. Şonda ybadathanany, ýagny Ýehowanyň öýüni bulut gaplap aldy+. 14 Bulutdan ýaňa ruhanylar hyzmatyny ýerine ýetirip bilmediler, sebäbi hak Hudaýyň öýi Ýehowanyň şöhratyndan dolupdy+.
6 Süleýman: «Ýehowa, sen tüm-garaňkylykda+ ýaşajakdygyňy aýdypdyň. 2 Men saňa baky mekanyň boljak şöhratly öý gurdum»+ diýdi.
3 Patyşa yzyna öwrülip, tutuş ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Şol wagt ysraýyllar aýak üstünde durdy+. 4 Süleýman şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Ol kakam Dawuda beren wadasyny berjaý etdi*. 5 Hudaý: „Ysraýyl halkymy Müsürden çykaran günümden bäri adymy beýgeltjek öý+ gurmak üçin ysraýyl taýpalarynyň hiç bir şäherini saýlamandym. Hiç kimi ysraýyl halkyma baştutan etmedim. 6 Soňra adymy şöhratlandyrmak üçin Iýerusalimi saýladym+, Dawudy ysraýyl halkyma baştutan edip saýladym“+ diýdi. 7 Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyny göterýän öý gurmak isleýärdi+. 8 Emma Ýehowa: „Sen meniň adyma öý gurmak isleýäň, gowy niýetiň bar. 9 Ýöne öýi sen gurmarsyň. Adymy göterjek öýi seniň ogluň* gurar“+ diýdi. 10 Ýehowa beren sözünde durdy, men kakam Dawudyň mirasdüşeri boldum, Ýehowanyň wada berişi ýaly+, Ysraýyl tagtyna geçdim+. Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyna öý gurdum. 11 Äht sandygyny hem getirip goýdum. Sandygyň içinde Ýehowanyň ysraýyl halky bilen baglaşan ähti bar»+.
12 Süleýman Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň* hem-de tutuş ysraýyl jemagatynyň öňünde durup, elini göge galdyrdy+. 13 Şol wagt Süleýman misden ýasalan sekiniň üstünde durdy. Süleýman sekini uly howlynyň ortasynda goýupdy+. Sekiniň uzynlygy bäş tirsek*, ini bäş tirsek, beýikligi üç tirsekdi. Süleýman tutuş ysraýyl jemagatynyň öňünde dyza çöküp, elini göge galdyrdy-da+, 14 şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, ýerde-gökde seniň deý Hudaý ýokdur! Sen özüňe bütin ýürekden gulluk edýän bendeleriňe ýagşylyk edip*, ähtiňi berjaý edýäň+. 15 Kakam Dawuda beren sözüňde durduň+, wadaňy berjaý etdiň*+. 16 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, indi bolsa guluň Dawuda: „Ogullaryň ünsli bolup, kanunymy berjaý etseler, maňa sen ýaly+ wepaly gulluk etseler, Ysraýyl tagtynda hemişe seniň nesliň oturar“+ diýen wadaňy berjaý et. 17 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, guluň Dawuda beren sözüňi ýerine ýetir.
18 Heý-de, Hudaý ýer ýüzünde adamlaryň arasynda ýaşarmy?+ Sen göklere, hatda ägirt uly asmana-da sygaňok ahyryn+. Meniň guran öýüm nädip sygdyrsyn?!+ 19 Ýehowa Hudaýym, doga-dilegimi eşidip, menden razy bol, dady-perýadyma gulak asyp, haýyşymy bitir. 20 Goý, gözleriň gije-gündiz şu öýe seredip dursun, öýüňe bakyp doga edýän guluň dilegini eşit. Sen: „Şu öý adymy göterer“ diýipdiň+. 21 Guluň dilegini eşit. Ysraýyl halkyň öýüňe seredip dileg etse+, olara jogap ber. Gökdäki mekanyňdan eşidip+, olaryň günäsini geç+.
22 Eger bir adamy başga birine garşy günä etmekde aýyplap, ant içirseler, ol hem gargyşa galyp*, seniň öýüňdäki gurbanlyk ojagynyň öňüne gelse+, 23 gökden eşit-de, gullaryň işine seredip, adyl höküm çykar. Päliýaman adama eden etmişine görä almytyny ber+, bigünäni bolsa aklap, dogruçyllygy üçin sylagla+.
24 Ysraýyl halkyň saňa garşy günä edeni üçin duşmandan ýeňilse+, soňam saňa ýüz tutup, adyňy şöhratlandyrsa+, senden rehim-şepagat diläp, öýüňe gelip, huzuryňda ýalbaryp doga etse+, 25 olary gökden eşit-de+, halkyň günäsini geç, ata-babalaryna we olara beren ýurduňa gaýtaryp getir+.
26 Olar saňa garşy günä edeni+ üçin gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly+, öýüňe seredip doga etseler, adyňy şöhratlandyrsalar, beren temmiňi kabul edip*, günälerine toba etseler+, 27 olary gökden eşit-de, gullaryň, ysraýyl halkyň günäsini geç. Olara öwüt-nesihat berip, dogry ýola sal, ýöremeli ýoluny görkez+, mülk edip beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr+.
28 Eger ýurda açlyk düşse+ ýa mergi keseli+ dörese, howurly ýel öwüsse, ekinler heň bilen çüýrese+, çekirtge ýagyp, bar zady ýalmap ýuwutsa+, ýa-da bir şähere duşman çozsa+, nähili bela-beter, nähili kesel bolsa-da+, 29 bir adam ýa-da tutuş ysraýyl halky öýüňe tarap+ elini uzadyp, senden rehim-şepagat dilese+ (her kimiň öz derdi we ýürek ýarasy bardyr)+, 30 gökdäki mekanyňdan eşit-de+, olaryň günäsini geç+. Her kese eden işine görä hakyny ber, sebäbi sen adamyň ýüregini görýäň, hawa, adamyň ýüregini diňe sen bilýäň+. 31 Goý, halk ata-babalarymyza beren ýurduňda seniň ýoluňdan ýöräp, bütin ömrüne saňa çuňňur hormat goýsun*.
32 Başga milletli adam seniň beýik adyň+, güýç-kuwwatly goluň hakda eşidip, uzak ýerden gelse, öýüňe seredip doga etse+, 33 gökdäki mekanyňdan eşidip, başga milletli adamyň ähli haýyşyny bitir. Şonda ysraýyl halkyň ýaly, bütin ýer ýüzüniň halklary adyňy tanap+, senden gorkar we guran öýümiň seniň adyňy göterýändigini biler.
34 Eger halkyňy duşmanlar bilen söweşmäge iberseň+, olar hem saýlan şäheriňe we adyň üçin guran öýüme seredip+ doga etse+, 35 gökden olaryň doga-dilegini eşidip, razy bol we duşmanlaryny ýeňmäge kömek et+.
36 Eger halk saňa garşy günä etse (sebäbi günä etmeýän adam ýok)+, senem gaharlanyp, olary duşmanlaryň eline berseň, duşmanlar olary ýakyn ýa daş ýurda ýesirlige äkitse+, 37 olar hem ýesir düşen ýurdunda akylyna aýlanyp, saňa ýüz tutsa, ýesirlikde senden rehim-şepagat diläp: „Biz günä etdik, dogry ýoldan sowlup, erbetlik etdik“+ diýip ýalbarsalar, 38 ýesir düşen ýurdunda+ bütin ýüregi+, bütin jany* bilen saňa dolansalar, ata-babalaryna beren ýurduňa, saýlan şäheriňe+ we adyň üçin guran öýüme tarap seredip doga etseler, 39 gökdäki mekanyňdan doga-dileglerini eşidip, olardan razy bol, dadyna ýetiş+. Halkyň saňa garşy eden günälerini bagyşla.
40 Eý Hudaýym, haýyş edýärin, öýüňde edilýän dogalary ünsli diňläp, jogap ber+. 41 Ýehowa Hudaý, şu öýde hemişelik mesgen tut. Goý, güýç-kuwwatyňy görkezýän äht sandygyň hemişe şu öýde dursun+. Eý Ýehowa Hudaý, goý, ruhanylar seniň halasgär Hudaýdygyňy düşündirsin, wepaly bendeleriň ýagşylygyňa begensin+. 42 Ýehowa Hudaýym, saýlanyňdan ýüz öwürme+, guluň Dawuda eden ýagşylygyňy* unutma»+.
7 Süleýman doga edip bolan badyna+, gökden ot inip+, ýakma gurbanlygy bilen beýleki gurbanlyklary ýakdy. Ybadathanany Ýehowanyň şöhraty gaplap aldy+. 2 Ruhanylar Ýehowanyň öýüne girip bilmediler, sebäbi Ýehowanyň öýi Ýehowanyň şöhratyndan dolupdy+. 3 Halk ybadathananyň daş düşelen ýerinde durdy. Olar gökden ot gelip, ybadathana Ýehowanyň şöhratynyň inendigini görenlerinde, ýüzüni ýere berip, tagzym etdiler-de: «Ol ýagşydyr, wepaly söýgüsi* ebedidir» diýip, Ýehowa alkyş aýtdylar.
4 Patyşa tutuş halk bilen Ýehowanyň huzurynda gurbanlyk berdi+. 5 Süleýman 22 000 öküzi, 120 000 goýny gurbanlyk berdi. Süleýman patyşa we tutuş halk hak Hudaýyň öýüniň açylyş dabarasyny geçirdi+. 6 Ruhanylar ýerinde durdy, lewileriň hem elinde saz gurallary bardy. Şol saz gurallary Ýehowanyň şanyna aýdym aýdanlarynda+ çalýardylar. Dawut patyşa olary Ýehowa alkyş aýtmak üçin ýasapdy. Dawut: «Wepaly söýgüsi* ebedidir» diýip, olar* bilen Hudaýa alkyş aýdardy. Ruhanylar lewileriň öňünde surnaýy batly çalýardylar+, ysraýyllar bolsa aýak üstünde durdy.
7 Soňra Süleýman Ýehowanyň öýündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Ol ýakma gurbanlyklary+ we parahatlyk gurbanlyklaryň ýagyny howlynyň ortasynda ýakmaly boldy. Sebäbi Süleýmanyň misden ýasan gurbanlyk ojagyna*+ ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary+ we gurbanlyklaryň ýagy sygmady+. 8 Süleýman ysraýyl halky bilen ýedi gün baýram etdi+. Lebo-hamatdan* tä Müsür jülgesine+ çenli aralykdan birgiden adam gelipdi. 9 Olar ýedi günläp gurbanlyk ojagynyň açylyş dabarasyny geçirdiler, ýedi günläp bolsa baýramçylyk bellediler. Sekizinji gün* uly baýram etdiler+. 10 Ýedinji aýyň 23-ne Süleýman halky öýli-öýüne iberdi. Olar Ýehowanyň Dawuda, Süleýmana we ysraýyl halkyna eden ýagşylyklaryna begenip, ýürekden şatlanyp, öýlerine gaýtdylar+.
11 Şeýlelikde, Süleýman Ýehowanyň öýüni we köşgüni gurup boldy+. Ol Ýehowanyň öýüni we köşgüni isleýşi ýaly edip gurdy+. 12 Gije Ýehowa Süleýmanyň düýşüne girip+, şeýle diýdi: «Seniň dogaňy eşitdim, guran öýüňde maňa gurban berler+. 13 Ýagmyr ýagmaz ýaly gökleri baglanymda, ekinleri ýalmap-ýuwudar ýaly çekirtge ýagdyranymda ýa-da halkymy mergi keseline duçar edenimde, 14 adymy göterýän halkym+ toba edip*+, maňa doga etse, meni agtaryp, erbet ýolundan dänse+, gökden olary eşidip, günäsini geçerin, topragy ýene-de hasylly ederin+. 15 Şu öýde edilýän dogalary ünsli diňlärin, gözden salmaryn+. 16 Guran öýüňi mukaddes etdim, ol hemişe adymy göterer+. Öýi hiç wagt gözden salmaryn, aladasyny ederin+.
17 Eger sen kakaň Dawut ýaly, ähli tabşyryklarymy berjaý edip, kanunlaryma we hökümlerime gulak assaň+, 18 kakaň Dawuda: „Ysraýylda hemişe seniň nesliň höküm sürer“+ diýip baglaşan ähtimi+ berjaý ederin, seniň tagtyňy hiç wagt sarsdyrmaryn+. 19 Emma siz ýolumdan ýöremeseňiz, kanunlarymy, tabşyryklarymy ýerine ýetirmän, başga taňrylara tagzym edip, sežde edip başlasaňyz+, 20 ysraýyllary mülk edip beren ýurdumdan köki bilen sogrup taşlaryn+. Adym üçin mukaddes eden öýümi gözümiň alnyndan aýraryn, başga halklaryň gepine goýup*, ile gülki ederin+. 21 Meniň üçin guran öýüň harabaçylyga öwrüler, deňinden geçenler aňk-taňk bolup+: „Ýehowa ýurdy, öýüni näme üçin beýtdikä?“+ diýer. 22 Şonda: „Ysraýyl halky ata-babalaryny Müsürden çykaran Ýehowa+ Hudaýy taşlap+, başga taňrylara sygyndy, olara tagzym edip, sežde etdi+. Şonuň üçin Hudaý olaryň başyna betbagtçylyk getirdi“+ diýerler».
8 Süleýman Ýehowanyň öýüni we köşgüni 20 ýylda gurup boldy+. 2 Ol Huramyň+ beren şäherlerini täzeden dikeltdi, ysraýyllar şol şäherlerde ýaşap başlady. 3 Soňra Süleýman Hamat-sobany basyp aldy. 4 Ol çöldäki Tadmory we Hamatdaky+ ammarly şäherleri+ gaýtadan dikeltdi. 5 Derwezeli we gulply galalary, ýagny ýokarky Beýthoron+ bilen aşaky Beýthorony+ dikeltdi. 6 Şeýle-de Süleýman Bagalaty+, ammarly şäherleri, söweş arabalary+ üçin we atly esgerleri üçin şäherleri gurdy*. Ol Iýerusalimde, Liwanda we golastyndaky ýerlerde islän zadyny gurdy.
7 Hetler, amorlar, perizler, hiwiler we ýabuslar+ ysraýyl halkyndan däldi. Süleýman şol halklardan diri galan adamlary+, 8 ysraýyllaryň elinden ölmän galan nesillerini+ agyr işde işletdi. Olar häzire çenli hem gul bolup ýaşaýar+. 9 Emma Süleýman ysraýyllaryň hiç birini gul etmedi+. Olar Süleýmanyň nökerleri, serkerdebaşylary, söweş arabaly hem-de atly esgerleriniň baştutanlary bolup hyzmat etdiler+. 10 Süleýman patyşanyň işçileriniň üstünden goýlan 250 sany gözegçisi bardy+.
11 Süleýman faraonyň gyzyny+ Dawudyň şäherinden çykaryp, gurup beren öýüne göçürdi+. Süleýman: «Ol meniň aýalym bolsa-da, Ysraýyl patyşasy Dawudyň öýünde ýaşamasyn, sebäbi Ýehowanyň äht sandygy goýlan ýer mukaddes»+ diýdi.
12 Soňra Süleýman minaranyň+ öňünde Ýehowa üçin guran gurbanlyk ojagynda*+ Ýehowa ýakma gurbanlyklary berdi+. 13 Ol Musanyň tabşyrygyna görä, Sabat günleri+, Täze aý baýramy+, her ýyl bellenilýän üç baýramçylykda+, ýagny Petir baýramynda+, Galla baýramynda*+ we Çatma baýramynda+ hödürlenmeli gurbanlyklary berdi. 14 Süleýman kakasy Dawudyň goýan tertip-düzgünine görä, ruhanylary toparlara bölüp+, etmeli işlerini tabşyrdy. Lewileri bolsa her gün Hudaýy şöhratlandyryp+, ruhanylar bilen hyzmat etmäge belledi. Hak Hudaýyň guly Dawudyň tabşyryşy ýaly, her derwezede derwezebanlary goýdy+. 15 Ruhanylar we lewiler ähli zatda, hatda ammarlar babatda hem patyşanyň buýrugyndan çykmaýardylar. 16 Ýehowanyň öýüniň düýbi tutulyp+, gurluşyk doly tamamlanýança, Süleýman ähli işlerini gowy gurnady. Şeýlelikde, Ýehowanyň öýüniň gurluşygy tamamlandy+.
17 Süleýman Edom topragynyň kenarýakasynda+ ýerleşýän Esýon-gebere+ we Elota+ gitdi. 18 Huram+ Süleýmana gämileri we ökde deňizçileri ýollady. Olar Süleýmanyň hyzmatkärleri bilen Ofere+ gidip, Süleýmana 450 batman* altyn+ getirip berdiler+.
9 Süleýmanyň şan-şöhraty Şeba ýurdunyň şa aýalyna-da+ baryp ýetdi. Ol Süleýmany kyn soraglar bilen synamak üçin Iýerusalime geldi. Şa aýaly birtopar emeldarlary bilen düýelerde melhem ýag, ummasyz köp altyn+, gymmatbaha daş getirdi. Ol Süleýmanyň huzuryna baryp, bilmek isleýän zatlaryny sorady+. 2 Süleýman şa aýalynyň ähli soraglaryna jogap berdi, Süleýmanyň oňa düşündirip bilmedik zady bolmady.
3 Şebanyň şa aýaly Süleýmanyň akyldarlygyny+, guran köşgüni+, 4 saçagyndaky näz-nygmatlaryny+, emeldarlarynyň saçak başynda oturyşyny, hyzmatkärleriniň hyzmat edişini, olaryň egin-eşigini, patyşanyň şerapçylaryny, olaryň egin-eşigini, Ýehowanyň öýünde yzygiderli berýän ýakma gurbanlyklaryny+ görüp, agzyny açdy. 5 Şonda ol patyşa ýüzlenip: «Seniň gazanan üstünlikleriň*, akyldarlygyň hakda öz ýurdumda eşidenlerim dogry eken. 6 Ýöne gelip, gözüm bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym+. Görüp otursam, maňa ýarysyny-da aýtmandyrlar! Deňsiz-taýsyz akyldarlygyň+ eşidişimden has artyk eken+. 7 Seniň parasatly sözleriňi diňleýän halkyň we huzuryňdaky hyzmatkärleriň nähili bagtly! 8 Seni mynasyp görüp, Ýehowanyň patyşasy hökmünde tagta çykaran Ýehowa Hudaýyňa şöhrat bolsun! Hudaýyň Ysraýyla söýgüsi+ ebedi dowam eder ýaly, ol adalatly we dogruçyl höküm sürersiň diýip, seni halkyna patyşa belledi» diýdi.
9 Soňra şa aýaly Süleýmana 120 batman* altyn+, juda köp melhem ýag we gymmatbaha daş berdi. Şondan soň hiç kim Süleýmana Şebanyň şa aýalynyňky ýaly köp melhem ýagyny getirmändi+.
10 Huram bilen Süleýmanyň Oferden altyn+ alyp gaýdýan hyzmatkärleri gyzyl agaçlary* we gymmatbaha daşlary-da getirerdiler+. 11 Patyşa şol gyzyl agaçlardan Ýehowanyň öýüne we şa köşgüne+ basgançaklary+, aýdymçylara arfa we kirişli saz gurallary ýasady+. Ýahuda ýurdunda hiç kim şeýle agaçlary görmändi.
12 Süleýman patyşa Şebanyň şa aýalyna islän we soran ähli zadyny berdi. Ol şa aýalynyň getireninden hem köp sowgatlary* berdi. Şeýdip, şa aýaly emeldarlary bilen ýurduna dolandy+.
13 Süleýmana her ýyl 666 batman altyn gelerdi+. 14 Täjirler bilen söwdagärlerden, araplaryň patyşalaryndan we ýurduň häkimlerinden hem altyn-kümüş gelip durardy+.
15 Süleýman patyşa altynyň ergininden 200 sany uly galkan ýasady+, her galkana 600 şekel* altyn* gitdi+. 16 Ol altynyň ergininden 300 sany kiçi galkan* hem ýasady, olaryň hersine üç gadak* altyn gitdi. Patyşa olary Liwan tokaýy atly köşgünde goýdy+.
17 Patyşa pil süňkünden ullakan tagt ýasap, tutuşlygyna sap altyna gaplady+. 18 Tagtyň alty basgançagy we altyndan aýak goýulýan ýeri bardy. Kürsiniň tirsek goýar ýaly ýeri hem bardy, gapdalynda bolsa iki sany ýolbarsyň+ heýkeli goýlupdy. 19 Şol alty basgançakda-da 12 ýolbarsyň+ heýkeli bardy, olar her basgançagyň iki tarapynda goýlupdy. Şeýle tagt başga hiç bir patyşalykda ýokdy. 20 Süleýman patyşanyň ähli käseleri we bulgurlary altyndandy, Liwan tokaýy köşgündäki gap-gaçlary hem sap altyndandy. Kümüşden ýasalan ýekeje zadam ýokdy, sebäbi Süleýmanyň döwründe kümüş hiç zatça-da görülmeýärdi+. 21 Patyşanyň gämileri Huramyň hyzmatkärleri bilen+ Tarşyşa+ giderdi. Şol gämiler üç ýyldan bir gezek gelip, altyn-kümüş, pil süňküni+, maýmynlary we tawus guşlary getirerdi.
22 Süleýman patyşa baýlykda we akyldarlykda ýer ýüzüniň ähli patyşalaryndan öňe geçdi+. 23 Bütin dünýäniň patyşalary hak Hudaýyň Süleýmana beren* akyl-paýhasyny diňlemek üçin ýanyna barmak isleýärdiler*+. 24 Süleýmanyň ýanyna gelen adamlar sowgat-serpaý edip, altyn-kümüşden ýasalan zatlary, egin-eşikleri+, söweş ýaraglaryny, melhem ýagyny, atlary we gatyrlary getirerdi, her ýyl şeýle bolardy. 25 Süleýmanyň söweş arabalaryna goşulýan atlary üçin 4 000 at ýatagy we 12 000 aty* bardy+. Olary söweş arabalary üçin guran şäherlerinde we Iýerusalimde özüne golaý ýerde saklardy+. 26 Ol Ýewfrat derýasyndan piliştlileriň ýurduna we Müsüriň serhedine çenli ähli patyşalaryň üstünden höküm sürýärdi+. 27 Patyşa Iýerusalimde kümşi daş kimin, kedr agajyny bolsa Şepeladaky ýabany injir agajy kimin köpeltdi+. 28 Süleýmana Müsürden+ we başga-da ýurtlardan at getirerdiler.
29 Süleýmanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar+ Natan+ pygamberiň golýazmasynda, şiloly Ahyýaryň pygamberliginde+ we Nebatyň ogly Ýerobgam+ hakda görnüş* gören Ydon görgüriň*+ golýazmasynda başdan-aýak ýazylandyr. 30 Süleýman Iýerusalimde tutuş Ysraýylyň üstünden 40 ýyl höküm sürdi. 31 Soňra Süleýman aradan çykyp, kakasy Dawudyň şäherinde jaýlandy+. Süleýmanyň ýerine ogly Rehobam patyşa boldy+.
10 Rehobam Şekeme+ gitdi, sebäbi ysraýyllar ony patyşa etmek üçin şol ýere ýygnanypdy+. 2 Muny Nebatyň ogly Ýerobgam+ hem eşitdi. Şol wagt Ýerobgam Müsürdedi, ol Süleýman patyşadan gaçyp gidipdi+. Ol Müsürden yzyna geldi. 3 Ysraýyllar adam iberip, Ýerobgamy getirtdiler. Ýerobgam bilen ysraýyllar Rehobamyň ýanyna baryp: 4 «Kakaň gerdenimize agyr ýük* goýdy+. Eger ýükümizi ýeňledip, azapdan dyndyrsaň, saňa hyzmat ederis» diýdiler.
5 Rehobam bolsa: «Ýene üç günden* geliň» diýdi. Adamlar patyşanyň ýanyndan gaýtdylar+. 6 Soňra Rehobam kakasy Süleýmana hyzmat eden ýaşulular bilen maslahatlaşyp: «Halka näme jogap bereýin? Siz näme maslahat berýäňiz?» diýip sorady. 7 Olar hem: «Eger sen halka eglişik edip, haýyşyny bitirseň, halky razy etseň, olar hemişe saňa hyzmat eder» diýdiler.
8 Emma Rehobam ýaşulularyň beren maslahatyny diňlemedi. Ol özi bilen deň-duş geňeşçi* ýigitlere maslahat saldy+. 9 Rehobam olardan: «Halk kakamyň atan agyr ýüküni ýeňlet diýýär, olara näme jogap bereýin? Siz näme maslahat berýäňiz?» diýip sorady. 10 Şonda deň-duş ýigitleri şeýle diýdiler: «„Kakaň atan agyr ýüküni ýeňlet“ diýen halka: „Kakamyň bili meniň barmagymça-da* ýokdur. 11 Kakam gerdeniňize agyr ýük goýan bolsa, men üstüne ýene goşaryn. Ol sizi gamçy bilen uran bolsa, men tikenli gamçy bilen ýenjerin“ diý».
12 Ýerobgam bilen tutuş halk Rehobam patyşanyň aýdyşy ýaly, üç günden ýanyna geldiler+. 13 Emma patyşa ýaşulularyň beren maslahatyna gulak asman, halka gödek jogap berdi. 14 Ol ýaş ýigitleriň maslahatyny diňläp, halka: «Men ýüküňizi has-da artdyraryn, üstüne ýene goşaryn. Kakam sizi gamçy bilen uran bolsa, men tikenli gamçy bilen ýenjerin» diýip jogap berdi. 15 Patyşa adamlary diňlemegem islemedi, sebäbi şeýle bolmagyna hak Hudaý ýol beripdi+. Şeýlelikde, Ýehowanyň şiloly Ahyýar+ pygamber arkaly Nebatyň ogly Ýerobgama aýdan sözleri berjaý boldy.
16 Patyşanyň diňlemändigini görüp, ysraýyllar: «Dawut bilen hiç hili şärikligimiz ýok! Ýessäniň oglunyň mirasyndan bize paý berilmez. Ysraýyllar, öz taňrylaryňyza dolanyň! Eý Dawudyň nesli, siz bolsa indi öz günüňizi özüňiz görüň!»+ diýişdiler. Şeýdip, ysraýyllar öýli-öýüne* dargady+.
17 Rehobam bolsa Ýahudanyň şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllaryň üstünden höküm sürmegi dowam etdi+.
18 Soňra Rehobam patyşa agyr işde işleýänlere gözegçilik edýän Hadoramy+ ysraýyllaryň ýanyna iberdi, ýöne halk ony daşlap öldürdi. Rehobam bolsa söweş arabasyna münüp, Iýerusalime gaçyp gitdi+. 19 Ysraýyllar gozgalaň turuzdylar, olar häzire çenli Dawudyň öýüne duşman bolup ýaşaýar.
11 Rehobam Iýerusalime geldi-de, ysraýyllar bilen söweşmek üçin ýahuda we benýamin+ taýpalaryndan 180 000 edermen* esgeri ýygnady+, ol patyşalygy yzyna aljak bolýardy. 2 Şonda Ýehowa Şemaýa pygambere*+ şeýle diýdi: 3 «Git-de, Ýahuda patyşasy Süleýmanyň ogly Rehobama, Ýahuda we Benýamin topragynda ýaşaýan ysraýyllara: 4 „Ýehowa şeýle diýýär: „Doganlaryňyza garşy çykmaň, olar bilen söweşmäň, hemmäňiz öýli-öýüňize gaýdyň. Sebäbi şeýle bolmagyna men ýol berdim“+ diý». Olar hem Ýehowanyň sözüne gulak asdylar, Ýerobgam bilen söweşmäge gitmän, öýlerine gaýtdylar.
5 Rehobam Iýerusalimde ýaşap, Ýahudada galalary gurdy. 6 Ol Beýtullahamy+, Eýtamy, Tekoýany+, 7 Beýtsury, Sokony+, Adullamy+, 8 Geti+, Mareşany, Zibi+, 9 Adoraýymy, Lakyşy+, Azekany+, 10 Zorany, Aýalony+ we Hebrony+ gaýtadan dikeltdi. Şol galalar Ýahuda we Benýamin topragynda ýerleşýärdi. 11 Rehobam galalary has-da berkidip, serkerdeleri belledi. Şäherleri iýmit, ýag we şerap bilen üpjün etdi. 12 Şeýle-de ol her şähere uly galkanlary we naýzalary berdi. Rehobam şäherleri gowy berkitdi. Ol Ýahudanyň we Benýaminiň üstünden höküm sürýärdi.
13 Ysraýylda ýaşaýan ruhanylar we lewiler Rehobamy goldamaga geldiler. 14 Lewiler mal-mülküni+ taşlap, Ýahuda we Iýerusalime göçdüler, sebäbi Ýerobgam bilen ogullary lewileri Ýehowanyň ruhanysy borjundan aýrypdy+. 15 Soňra Ýerobgam seždegählerde* geçä meňzeş jynlara*+ we ýasan gölelerine+ hyzmat eder ýaly ruhanylary belledi+. 16 Ysraýyl Hudaýy Ýehowany gözlemegi ýüregine düwen ysraýyllar ruhanylaryň we lewileriň yzyna düşüp gaýtdylar. Olar ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa gurban bermek üçin Iýerusalime geldiler+. 17 Olar üç ýyllap Süleýmanyň ogly Rehobamy goldap, Ýahuda patyşalygyny berkitdiler. Şol üç ýylyň içinde olar Dawudyň we Süleýmanyň göreldesine eýerdiler.
18 Rehobam Dawudyň ogly Ýerimotyň gyzy Mahalata öýlendi. Mahalat Abyhaýylyň gyzydy, Abyhaýyl bolsa Ýessäniň ogly Alyýabyň+ gyzydy. 19 Birnäçe wagtdan Mahalat Ýeguşy, Şemarýany we Zahamy dogurdy. 20 Rehobam Mahalatdan soň Abselimiň+ agtygy Magaga öýlendi. Magakdan Abyýar+, Attaý, Ziza we Şelomit doguldy. 21 Rehobam Abselimiň agtygy Magagy ähli aýallaryndan we gyrnaklaryndan+ gowy görýärdi. Rehobamyň 18 aýaly, 60 gyrnagy bardy. Onuň 28 ogly we 60 gyzy boldy. 22 Rehobam Magagyň ogly Abyýary doganlarynyň arasyndan ýolbaşçy we baştutan edip saýlady, sebäbi ony patyşa etjek bolýardy. 23 Rehobam paýhasly hereket edip, ogullarynyň käbirini Ýahuda we Benýamin topragynda ýerleşýän galalara+ iberdi. Olaryň iýjek-içjegini ýetirip, köp aýal alyp berdi.
12 Rehobamyň patyşalygy berkäp+, güýç-kuwwaty artanda, ol Ýehowanyň kanunyndan ýüz öwürdi+. Tutuş Ysraýyl halky hem onuň yzyna eýerdi. 2 Olar Ýehowa biwepalyk etdiler. Şol sebäpli Rehobamyň hökümdarlygynyň bäşinji ýylynda, Müsür patyşasy Şişak+ Iýerusalime çozdy. 3 Şişagyň 1 200 söweş arabasy we 60 000 atlysy bardy. Şişak Müsürden liwiýaly, sukkim we efiopiýaly+ esgerlerden ägirt uly goşun toplap geldi. 4 Ol Ýahudanyň galalaryny basyp alyp, ahyrynda Iýerusalime geldi.
5 Şemaýa+ pygamber Rehobam patyşanyň we Ýahuda baştutanlarynyň ýanyna bardy. Olar Müsür patyşasy Şişakdan gorkup, Iýerusalime ýygnanypdy. Şemaýa pygamber: «Ýehowa şeýle diýýär: „Siz menden ýüz öwürdiňiz. Indi menem sizden ýüz öwrüp+, Şişagyň eline berýärin“» diýdi. 6 Şonda patyşa bilen Ysraýyl baştutanlary özüni kiçeldip+: «Ýehowa adalatlydyr» diýdiler. 7 Ýehowa olaryň özüni kiçeldendigini gördi. Ýehowa Şemaýa pygambere şeýle diýdi: «Özüni kiçeldendigi üçin, olary ýok etmerin+, biraz wagtdan halas ederin. Gaharyma Iýerusalimi Şişagyň eline berip, bütinleý ýok etmerin. 8 Ýöne olar Şişaga gul bolar, şonda başga patyşalara däl-de, maňa gulluk etmegiň gowudygyna düşünerler».
9 Şeýlelikde, Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime çozdy. Ol Ýehowanyň öýündäki we şa köşgündäki hazynalary+ talap, Süleýmanyň ýasadan altyn galkanlaryna çenli alyp gitdi+. 10 Rehobam patyşa olara derek mis galkanlary ýasadyp, köşgüň agzynda durýan garawullaryň* baştutanlaryna berdi. 11 Patyşa her gezek Ýehowanyň öýüne gelende, garawullar şol galkanlary eline alyp çykardylar, soňra ýene-de garawulhana äkidip goýardylar. 12 Rehobam özüni kiçeldendigi üçin, Ýehowanyň gahary köşeşdi+ we halky bütinleý ýok etmedi+. Hudaý Ýahuda ilatynyň ýagşy işlerini hem görüpdi+.
13 Rehobam Iýerusalimde höküm sürüp, patyşalygyny has-da berkidýärdi. Ol 41 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 17 ýyl höküm sürdi. Ýehowa adyny şöhratlandyrmak üçin ysraýyl taýpalaryndan Iýerusalim şäherini saýlapdy. Patyşanyň ejesi Nagymaý ammon halkyndandy+. 14 Emma Rehobam erbet işleri etdi, sebäbi Ýehowany agtarmagy ýüregine düwmändi+.
15 Rehobamyň durmuşynda bolan wakalar Şemaýa+ pygamberiň we Ydon görgüriň*+ ýazan nesil daragtynda başdan-aýak ýazylandyr. Rehobam bilen Ýerobgamyň arasynda elmydama söweş bolardy+. 16 Soňra Rehobam aradan çykyp, Dawudyň şäherinde+ jaýlandy. Rehobamyň ýerine ogly Abyýar+ patyşa boldy.
13 Ýerobgamyň hökümdarlygynyň 18-nji ýylynda, Abyýar Ýahudanyň patyşasy boldy+. 2 Ol Iýerusalimde üç ýyl höküm sürdi. Ejesi Mikaýa+ gibeýaly+ Uryýeliň gyzydy. Abyýar bilen Ýerobgamyň arasynda söweş boldy+.
3 Abyýar edermen* we batyr 400 000 esgerini+ alyp, söweşe çykdy. Ýerobgam hem 800 000 edermen we batyr esgerini söweş meýdanynda nyzama düzdi. 4 Abyýar Efraýym daglaryndaky Zemaraýym dagynda durup, şeýle diýdi: «Eý Ýerobgam! Ysraýyl halky, diňläň! 5 Bileňizokmy, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa ebedilik* äht+ baglaşyp, Dawut bilen ogullaryny+ Ysraýyla hemişelik patyşa belledi+. 6 Emma Dawudyň ogly Süleýmanyň hyzmatkäri Nebat ogly Ýerobgam+ hökümdaryna garşy gozgalaň turuzdy+. 7 Ýerobgamyň ýanyna bolgusyz we dereksiz adamlar ýygnandy. Olar Süleýmanyň ogly Rehobama garşy gozgalaň turuzdylar. Rehobam bolsa ýaş hem tejribesizdi*, şonuň üçin olara hiç zat edip bilmedi.
8 Sanyňyzyň köplügine we Ýerobgamyň ýasap beren altyn gölelerine+ buýsanýaňyzmy? Ýehowanyň Dawudyň ogullaryna beren patyşalygyna garşy çykyp bilerin öýdýäňizmi? 9 Siz Ýehowanyň ruhanylaryny, Harunyň nesillerini we lewileri kowduňyz+. Başga halklar ýaly, özüňize ruhany bellediňiz+. Bir öküzçe bilen ýedi goç gurbanlyk beren islendik adamy ýalan taňrylaryň ruhanysy edýäňiz. 10 Emma biz Ýehowa Hudaýymyza+ sežde edýäris, ondan ýüz öwürmedik. Ruhanylarymyz hem Harunyň nesli, olar Ýehowa hyzmat edýär, lewiler bolsa olara kömek edýär. 11 Olar her gün ertirine-agşamyna+ Ýehowa ýakma gurbanlyklary hödürläp, hoşboý ysly tütetgi ýakýarlar+, sap altyndan stolda hödür çöregini goýýarlar+, her gün agşam altyn şemdanyň+ şemlerini ýakýarlar+. Biz Ýehowa Hudaýymyzyň öňündäki borjumyzy ýerine ýetirýäris, siz bolsa ondan ýüz öwürdiňiz. 12 Hak Hudaý bizi goldaýar, ýol görkezýär. Söweşde surnaý çaljak ruhanylar hem biziň aramyzda. Eý ysraýyllar, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowa bilen söweşmäň, barybir ýeňlersiňiz!»+
13 Emma Ýerobgam ýahudalara hüjüm etmek üçin esgerleri bilen arka tarapda bukuda ýatdy. Goşunyň köp bölegi ýahudalaryň öň tarapynda, bukuda ýatanlar bolsa arka tarapyndady. 14 Ýahudalar ysraýyllaryň öňdenem, yzdanam hüjüm edýändigini görüp, Ýehowany kömege çagyryp başladylar+. Ruhanylar bolsa surnaýy batly çalýardy. 15 Ýahudalar söweş meýdanynda batly gygyryşdylar. Şonda hak Hudaý Abyýaryň we ýahudalaryň öňünde Ýerobgamy we Ysraýyl goşunyny derbi-dagyn etdi. 16 Ysraýyllar ýahudalardan gaçdylar. Hudaý olary ýahudalaryň eline berdi. 17 Abyýar bilen esgerleri ysraýyllary gyryp, 500 000 edermen* esgeri öldürdiler. 18 Şeýlelikde, ysraýyllar ýeňildi, ýahudalar bolsa ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa bil baglap, ýeňiş gazandy+. 19 Abyýar Ýerobgamy kowalady. Ol Ýerobgamyň birnäçe şäherini, Beýteli+ we daş-töweregindäki galalary, Ýeşany we daş-töweregindäki galalary, Efraýyny+ we daş-töweregindäki galalary basyp aldy. 20 Abyýaryň döwründe Ýerobgam güýç-kuwwatyny dikeldip bilmedi, Ýehowa oňa jeza berdi, ol öldi+.
21 Abyýar bolsa gitdigiçe güýçlenýärdi. Onuň 14 aýaly+, 22 ogly, 16 gyzy bardy. 22 Abyýaryň durmuşynda bolan başga-da wakalar, eden işleri we aýdan sözleri Ydon pygamberiň golýazmasynda ýazylandyr+.
14 Soňra Abyýar aradan çykyp, Dawudyň şäherinde+ jaýlandy, ýerine ogly Asa patyşa boldy. Asanyň höküm süren döwri ýurtda on ýyl parahatlyk* boldy.
2 Asa Ýehowa Hudaýyň öňünde dogry we ýagşy işleri etdi. 3 Ol ýalan taňrylaryň gurbanlyk ojaklaryny*+ we seždegählerini* aýyrdy, keramatly sütünleri çym-pytrak edip+, keramatly pürsleri* çapdy+. 4 Ol Ýahuda halkyna ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowany agtaryp, Kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi tabşyrdy. 5 Ol Ýahudanyň ähli şäherlerindäki seždegähleri we tütetgi ojaklary* aýyrdy+. Asanyň höküm süren döwri halk asuda ýaşaýardy. 6 Şol ýyllar hiç kim Asa garşy çykyp bilmedi+, sebäbi Ýehowa oňa parahatlyk* beripdi. Ýurt asuda wagty Asa Ýahudada galalary gurdy+. 7 Ol Ýahuda halkyna: «Geliň, beýik diwarly, diňli, derwezeli we gulply şäherleri guralyň+. Ýehowa Hudaýy agtaranymyz üçin, ol ýurdy elimize berdi. Hudaýyň ýolundan ýöredik, ol hem daş-töwerekdäki duşmanlardan gorady*» diýdi. Şeýlelikde, olar şäherleri gurdular+.
8 Asanyň goşunynda ýahudalardan uly galkanly we naýzaly 300 000 esger bardy. Benýaminlerden bolsa kiçi galkanly* we ýaýly 280 000 gaýduwsyz esger bardy+.
9 Biraz wagtdan efiopiýaly Zera 1 000 000 pyýada esgeri we 300 söweş arabasy bilen olaryň üstüne çozdy+. Zera Mareşana+ gelende, 10 Asa oňa gaýtawul bermäge çykdy. Olar Mareşandaky Sepata jülgesinde hatara düzüldiler. 11 Asa Ýehowa Hudaýyny çagyryp+: «Eý Ýehowa, sen ejize-de, güýçlä-de* kömek edip bilýäň+. Ýehowa, saňa bil baglaýarys+, bize kömek et. Seniň adyň bilen şeýle uly goşuna garşy çykdyk+. Ýehowa, sen biziň Hudaýymyz. Ynsana özüňden üstün çykmaga ýol berme»+ diýdi.
12 Şonda Ýehowa efiopiýalylary Asanyň we ýahudalaryň öňünde derbi-dagyn etdi. Efiopiýalylar olardan gaçdylar+. 13 Asa esgerleri bilen efiopiýalylary Gerara+ çenli kowalady. Olaryň ýekejesi-de diri galmady, ählisi gyryldy. Ýehowa goşuny bilen efiopiýalylary derbi-dagyn etdi. Olar birgiden olja hem aldylar. 14 Soňra olar Geraryň daş-töweregindäki şäherlere çozdular, şol şäherleri hem Ýehowadan gorky gaplap alypdy. Şäherleriň oljasy köpdi, Asa esgerleri bilen olary talady. 15 Olar çopanlaryň çadyrlaryny talap, birgiden goýun-geçi we düýe olja alyp, Iýerusalime dolandylar.
15 Odetiň ogly Azarýanyň üstüne Hudaýyň ruhy indi. 2 Ol Asanyň öňünden çykyp: «Asa patyşa! Ýahuda we benýamin halky, diňläň! Ýehowa wepaly bolsaňyz, ol sizi goldar+. Hudaýy agtarsaňyz, hökman taparsyňyz*+. Ýöne Hudaýdan ýüz öwürseňiz, ol hem sizden ýüz öwrer+. 3 Ysraýyllar ençeme ýyllap hak Hudaýa gulluk etmediler, ruhanylardan kanuny öwrenip, berjaý etmediler+. 4 Kyn güne düşenlerinde welin, Ysraýyl Hudaýy Ýehowany agtaryp, kömek soradylar. Hudaý hem olaryň dadyna ýetişdi*+. 5 Şol wagtlar hiç kim arkaýyn gezip bilmeýärdi, sebäbi halk agzalady. 6 Millet millete, şäher şähere garşy çykýardy, Hudaý olaryň başyndan her dürli betbagtçylyk inderip, howsala salýardy+. 7 Emma siz dogumly boluň, ruhdan düşmäň+, eden işleriňiz sylaglanar» diýdi.
8 Asa Azarýanyň sözlerini we Odetiň pygamberligini eşidip, has-da dogumlandy. Ol Ýahuda we Benýamin topragyndan, Efraýym daglaryndan basyp alan şäherlerindäki nejis butlary ýok etdi+. Ýehowanyň minarasynyň öňünde duran Ýehowanyň gurbanlyk ojagyny*+ täzeden gurdy. 9 Asa ähli ýahudalary, benýaminleri we olaryň arasynda ýaşaýan efraýymlary, manaşalary, şimgonlary ýygnady+. Ýehowa Hudaýyň Asany goldaýandygyny görüp, Ysraýylyň şol taýpalaryndan birgiden adam Asanyň tarapyna geçipdi. 10 Olar Asanyň hökümdarlygynyň 15-nji ýylynyň üçünji aýynda Iýerusalime ýygnandylar. 11 Şol gün olar oljalaryndan 700 öküzi we 7 000 goýny Ýehowa gurbanlyk berdiler. 12 Ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa bütin ýüregi, bütin jany* bilen gulluk etmegi* söz berip, äht baglaşdylar+. 13 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa gulluk etmedik adamy, uly-kiçi, aýal-erkek diýmän, hökman öldürmelidi+. 14 Olar Ýehowa gulluk etjekdigine batly ses bilen ant içdiler, surnaý* çalyp, şatlykdan ýaňa gygyryşdylar. 15 Şeýlelikde, tutuş Ýahuda halky ýürekden ant içip, şatlandy. Olar Hudaýy yhlas bilen agtardylar, Hudaý hem olaryň dadyna ýetişdi*+. Ýehowa olary daş-töwerekdäki duşmanlardan gorady*+.
16 Asa patyşa hatda mamasy Magagy+ hem şa aýalyň wezipesinden aýyrdy, sebäbi ol ýigrenji but ýasap, keramatly pürse* sežde edýärdi+. Asa mamasynyň ýasan ýigrenji butuny çapyp, kül-owram etdi-de, Kidron jülgesinde ýakdy+. 17 Emma Ysraýyldaky+ seždegähler* ýok edilmändi+. Asa bolsa bütin ömrüne Hudaýa ýürekden gulluk etdi+. 18 Ol özüniň-de, kakasynyň-da Hudaýa bagyş eden* altyn-kümüşlerini we gap-gaçlaryny hak Hudaýyň öýüne getirdi+. 19 Asanyň hökümdarlygynyň 35-nji ýylyna çenli ýurtda uruş bolmady+.
16 Asanyň hökümdarlygynyň 36-njy ýylynda, Ysraýyl patyşasy Başa+ Ýahuda garşy söweşe çykdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň+ ýurduna gelip gidýänleriň ýoluny ýapmak üçin, Rama galasyny+ dikeldip başlady. 2 Şonda Asa Ýehowanyň öýüniň we köşgüň hazynalaryndaky altyn-kümüşleri+ aldy-da, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadata+ iberip: 3 «Kakalarymyz hem, ikimiz hem ylalaşyk* baglaşypdyk. Ine şu altyn-kümüşleri saňa iberýärin. Gel-de, Ysraýyl patyşasy Başa bilen baglaşan ylalaşygyňy boz, goý, ol ýurdumdan yza çekilsin» diýip habar ýollady.
4 Benhadat Asa patyşanyň aýdyşy ýaly edip, goşun serkerdelerini Ysraýyl şäherlerine hüjüm etmäge iberdi. Olar gidip, Iýony+, Dany+, Abyl-maýymy we Naftaly topragyndaky ähli ammarly şäherleri basyp aldylar+. 5 Başa muny eşiden badyna, Ramany dikeltmegi goýbolsun etdi. 6 Asa patyşa bolsa Ýahuda ilatyny ýygnap, Başanyň gurluşykda+ ulanan daşlaryny we agaçlaryny Rama galasyndan+ daşatdy. Patyşa şol daşlar we agaçlar bilen Gebany+ hem-de Mispany+ dikeltdi.
7 Hananýar+ weli* Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip: «Sen Ýehowa Hudaýa däl-de, Siriýa patyşasyna bil bagladyň. Şonuň üçin Siriýa patyşasynyň goşuny eliňden gaçyp gutuldy+. 8 Efiopiýalylaryň we liwiýalylaryň goşunynda ummasyz köp söweş arabalary we atly esgerleri bardy. Emma Ýehowa bil baglandygyň üçin, Hudaý olary eliňe beripdi+. 9 Ýehowa özüne ýürekden wepaly adamlara+ kömek etmek üçin ýer ýüzüne syn edýär+. Sen bolsa akmaklyk etdiň. Indi uruşdan gözüň açylmaz»+ diýdi.
10 Asa patyşa Hananýar weliniň aýdan zatlaryny halamady. Ol gahar-gazaba münüp, Hananýary zyndana* taşlady. Asa başga adamlara-da ýowuz daraşyp başlady. 11 Asanyň durmuşynda bolan wakalar Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň kitabynda başdan-aýak ýazylandyr+.
12 Asa hökümdarlygynyň 39-njy ýylynda aýagagyrydan kösenip, ýagdaýy gitdigiçe erbetleşdi. Ýöne ol şonda-da Ýehowadan däl-de, tebiplerden kömek sorady. 13 Asa patyşa hökümdarlygynyň 41-nji ýylynda aradan çykdy+. 14 Asany Dawudyň şäherinde+ gazdyryp goýan uly mazarynda jaýladylar. Jesedini melhem ýagyndan we her dürli hoşboý ysly otlardan doly tabytda goýdular+. Soňra Asanyň hatyrasyna uly ot ýakyp, ýas tutdular.
17 Asanyň ýerine ogly Ýehoşapat+ patyşa boldy. Ol Ysraýylda patyşalygyny has-da berkidip başlady. 2 Ýehoşapat Ýahudanyň galalarynda goşun goýdy. Ýahuda topragynda we kakasy Asanyň Efraýymda basyp alan şäherlerinde+ esgerlerini goýdy. 3 Ýehowa Ýehoşapaty goldaýardy, sebäbi ol Bagal butlaryna sežde etmän, atasy Dawudyň+ ýolundan ýöreýärdi. 4 Ol kakasynyň Hudaýyna gulluk edip+, tabşyryklaryny berjaý edýärdi, ysraýyllaryň edýän işlerine baş goşmaýardy+. 5 Ýehowa Ýehoşapatyň patyşalygyny has-da berkidýärdi+. Tutuş Ýahuda ilaty oňa sowgat-serpaý getirýärdi. Ýehoşapat ummasyz baýlyga we at-abraýa eýe boldy+. 6 Ol Ýehowanyň ýoluna ýürekden ýapyşyp, Ýahudadaky seždegähleri*+ we keramatly pürsleri*+ ýok etdi.
7 Ýehoşapat hökümdarlygynyň üçünji ýylynda, baştutanlardan Benhaýyly, Abdyýary, Zekerýany, Netaneli, Mikhaýy çagyryp, Ýahudanyň şäherlerinde halka tälim bermegi tabşyrdy. 8 Olar bilen lewilerden Şemaýa, Netanýa, Zabdyýar, Asahel, Şemramot, Ýehonatan, Adonyýar, Tabyýar we Tobadonaý, ruhanylardan+ Alyşam, Ýehoram hem gitdi. 9 Olar Ýehowanyň Kanun kitabyny+ äkidip, Ýahudada tälim berip başladylar. Ýahudanyň şäherlerine aýlanyp, halka Kanuny öwretdiler.
10 Ýahudanyň daş-töweregindäki ähli patyşalyklara Ýehowadan gorky aralaşdy, olar Ýehoşapata garşy söweşe çykyp bilmediler. 11 Piliştliler Ýehoşapata sowgat-serpaý getirip, salgyt töleýärdiler. Araplar bolsa 7 700 goç bilen 7 700 teke getirerdiler.
12 Ýehoşapatyň güýç-kuwwaty barha artýardy+. Ol Ýahudada beýik diwarly+ we ammarly şäherleri+ gurýardy. 13 Ol Ýahudanyň şäherlerinde uly işleri etdi. Iýerusalimde Ýehoşapatyň gaýduwsyz esgerleri we söweşijileri bardy. 14 Olary tireleri boýunça topara bölenlerinde, Ýahudanyň müňbaşylaryndan Adnah serkerde bilen 300 000 gaýduwsyz esgeri+, 15 Adnahyň baştutanlygynda Ýehohanan serkerde bilen 280 000 esgeri, 16 Adnahyň baştutanlygynda Zikriniň ogly Amasýa bilen 200 000 gaýduwsyz esgeri bardy. Amasýa Ýehowa höwes bilen* gulluk edýärdi. 17 Benýaminlerden+ gaýduwsyz esger Alyýat bilen ýaýly we galkanly 200 000 esgeri+, 18 Alyýatyň baştutanlygynda Ýehozabat bilen ýaragly 180 000 esgeri bardy. 19 Olar patyşanyň Ýahudadaky galalarda+ goýan esgerlerinden başga esgerlerdi.
18 Ýehoşapat juda baýap, at-abraýy artdy+. Emma ol Ahap bilen guda boldy+. 2 Birnäçe ýyldan ol Ahabyň ýanyna Samariýa gitdi+. Şonda Ahap Ýehoşapat bilen adamlary üçin birgiden goýun we öküz soýdy*. Ahap ony özi bilen Ramot-gileada+ söweşe gitmäge yrdy. 3 Ysraýyl patyşasy Ahap Ýahuda patyşasy Ýehoşapata: «Sen meniň bilen Ramot-gileada gitjekmi?» diýdi. Ol: «Elbetde, giderin. Nökerlerim-de, atlarym-da seniňki» diýdi.
4 Ýöne Ýehoşapat Ysraýyl patyşasyna: «Gel, ilki Ýehowadan soraly»+ diýdi. 5 Şonda Ysraýyl patyşasy 400 pygamberi ýygnap: «Ramot-gileada çozalymy ýa ýok?» diýip sorady. Olar: «Çoz, hak Hudaý ony eliňe berer» diýdiler.
6 Şonda Ýehoşapat: «Bärde Ýehowanyň başga pygamberi ýokmy?+ Bar bolsa, ondan hem sorap göreli»+ diýdi. 7 Ysraýyl patyşasy: «Ýehowanyň ýene bir pygamberi bar+, ol Imlanyň ogly Mikhaý. Ýöne men ony ýigrenýärin, ol hiç haçan men hakda gowy zat aýdanok, hemişe erbet zat aýdýar»+ diýdi. Emma Ýehoşapat: «Goýsana, beý diýmek patyşa gelişmez» diýdi.
8 Ysraýyl patyşasy wezirini çagyryp: «Haýal etmän Imlanyň ogly Mikhaýy alyp gel»+ diýdi. 9 Samariýanyň derwezesiniň öňünde bir harman bardy. Ysraýyl patyşasy we Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şol harmanda şa lybasyny geýip, tagtda otyrdy. Ähli pygamberler bolsa olaryň öňünde pygamberlik edýärdi. 10 Kenaganyň ogly Sadykýar demirden şahlary ýasady. Ol patyşa: «Ýehowa şeýle diýýär: „Sen siriýalylary şular bilen süsüp, gyryp taşlarsyň“» diýdi. 11 Beýleki pygamberlerem: «Ramot-gileada çoz, hökman ýeňiş gazanarsyň+. Ýehowa ony eliňe berer» diýip, şol bir zady pygamberlik edýärdi.
12 Çapar Mikhaýyň ýanyna baryp: «Ähli pygamberler patyşa gowy zat aýdýar. Senem, gaýrat edip, şolar ýaly+ gowy zat aýt»+ diýdi. 13 Emma Mikhaý: «Ýehowa diri şaýatdyr, Hudaýym näme diýse, şony aýdaryn»+ diýdi. 14 Soňra ol patyşanyň huzuryna geldi. Patyşa: «Mikhaý, hany aýt, Ramot-gileada çozaýynmy ýa ýok?» diýip sorady. Mikhaý: «Hawa, çoz, hökman ýeňiş gazanarsyň. Olar eliňize berler» diýdi. 15 Şonda patyşa: «Ýehowanyň adyndan gepläniňde, diňe hakykaty aýt diýip, saňa ýene näçe gezek ant içirmeli?» diýdi. 16 Mikhaý şeýle jogap berdi: «Men ysraýyllaryň daglarda çopansyz goýunlar ýaly+, dyr-pytrak bolup ýörenini gördüm. Ýehowa hem: „Indi halkyň baştutany ýok. Goý, olar sag-aman öýli-öýüne gaýtsyn“ diýdi».
17 Şonda Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapata ýüzlenip: «Men saňa aýtdym-a, ol hiç haçan men hakda gowy zat aýdanok, diňe erbet zat aýdýar»+ diýdi.
18 Mikhaý bolsa: «Onda Ýehowanyň sözüni diňläň. Görsem, Ýehowa tagtda otyr+, gökleriň ähli goşuny+ sag hem çep tarapynda dur+. 19 Ýehowa: „Ysraýyl patyşasy Ahap Ramot-gileada gidip, heläk bolar ýaly, kim ony aldawa salyp biler?“ diýdi. Şonda perişdeleriň hersi bir zat diýdi. 20 Soňra bir perişde*+ öňe çykyp, Ýehowanyň huzurynda durdy-da: „Men Ahaby aldawa salaryn“ diýdi. Ýehowa: „Nädip?“ diýip sorady. 21 Ol bolsa: „Men gidip, onuň ähli pygamberlerine ýalan sözlederin*“ diýdi. Hudaý: „Git-de, aýdyşyň ýaly et. Sen muny başararsyň, Ahaby aldawa salyp bilersiň“ diýdi. 22 Ine, şeýdibem, Ýehowa ähli pygamberleriňe ýalan sözletdi*+. Aslynda, Ýehowa seniň başyňa betbagtçylyk getirjek bolýar» diýdi.
23 Şonda Kenaganyň ogly Sadykýar+ Mikhaýyň+ ýanyna bardy-da, ýüzüne şarpyk çalyp+: «Indi Ýehowanyň ruhy menden aýrylyp, sen arkaly gepleýär diýjek bolýaňmy?»+ diýdi. 24 Mikhaý: «Sen öýüňe girip, gizlenen günüň muňa düşünersiň» diýip jogap berdi. 25 Şonda Ysraýyl patyşasy: «Mikhaýy tutuň-da, şäher häkimi Amon bilen şazada Ýowaşyň ýanyna äkidip, 26 olara: „Patyşanyň buýrugy şeýle diýiň: „Mikhaýy zyndana salyň-da+, tä yzyma sag-aman gelýänçäm, açlykdan ölmez ýaly, çörek bilen suw beriň“» diýdi. 27 Mikhaý: «Eger sen sag-aman gaýdyp gelseň, Ýehowanyň men arkaly geplemedigi bolsun»+ diýdi. Soňra ol: «Eý jemagat, sizem muny eşidip goýuň!» diýdi.
28 Şeýlelikde, Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramot-gileada çozmaga gitdi+. 29 Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapata: «Men söweşe başga eşik geýip gideýin. Sen şa lybasyňda gidiber» diýdi. Ysraýyl patyşasy başga eşik geýdi. Olar söweşe çykdylar. 30 Siriýa patyşasy söweş arabalaryna ýolbaşçylyk edýän serkerdelerine: «Olaryň esgerleriniň, serkerdeleriniň hiç biri bilen söweşmäň, diňe Ysraýyl patyşasyna hüjüm ediň» diýip buýruk beripdi. 31 Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapaty görüp, biri-birlerine: «Hanha, Ysraýylyň patyşasy» diýip, öňe okduryldylar. Ýehoşapat gygyryp, kömege çagyryp başlady+. Ýehowa hem dadyna ýetişip, serkerdeleri başga ýana sowdy. 32 Söweş arabalarynyň serkerdeleri onuň Ysraýylyň patyşasy däldigini görüp, kowalamagy bes etdiler.
33 Bir esgeriň atan peýkamy tötänden Ysraýyl patyşasyna degip, sowudynyň açyk ýerinden geçdi. Şonda patyşa arabaçysyna: «Men agyr ýaralandym, arabany öwür-de, meni söweş meýdanyndan* çykar»+ diýdi. 34 Ýöne şol gün söweş juda gazaply bolansoň, Ysraýyl patyşasyny siriýalylaryň garşysynda agşama çenli arabada dik saklap durmaly boldular. Gün ýaşyp barýarka, patyşa jan berdi+.
19 Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Iýerusalimdäki köşgüne sag-aman dolanyp geldi+. 2 Hananýar+ görgüriň* ogly Ýehuw+ Ýehoşapatyň öňünden çykyp: «Ýehowany ýigrenýänleri gowy görüp+, ýamana ýardam etmek+ dogrumy? Sen şeýdeniň üçin Ýehowanyň gahary geldi. 3 Emma Hudaý ýagşy işleriňi-de gördi+. Sen keramatly pürsleri* ýurtdan ýok edip, hak Hudaýa gulluk etmegi* ýüregiňe düwüpdiň»+ diýdi.
4 Ýehoşapat Iýerusalimde ýaşaýardy. Ol ýene-de Beýer-şebadan tä Efraýymyň daglaryna+ çenli aýlanyp, halky ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa gulluk etmäge+ höweslendirdi. 5 Soňra Ýahudanyň galalarynda kazylary belläp+: 6 «Edýän işleriňize ünsli boluň, siz adam üçin däl, Ýehowa üçin höküm çykarýaňyz. Höküm çykaraňyzda, Hudaý sizi goldar+. 7 Ýehowadan gorkuň+, edýän işleriňize ünsli boluň, Ýehowa Hudaýymyz adalatsyzlygy+, ala tutmaklygy+, parahorlygy ýigrenýändir»+ diýdi.
8 Ýehoşapat lewileriň, ruhanylaryň we ysraýyl tirebaşylarynyň käbirini Iýerusalimde-de Ýehowanyň kazysy edip belledi. Olar Iýerusalimiň ilatynyň ähli meselesini çözüp bermelidi+. 9 Ýehoşapat olara: «Ýehowadan gorkup, borjuňyzy ýürekden hem wepaly ýerine ýetiriň. 10 Ildeşleriňiz bir mesele bilen ýanyňyza gelse, adam öldürmek+, kanun, tabşyryk, düzgün ýa höküm bilen bagly mesele bolsun, Ýehowanyň öňünde günä etmez ýaly, olara maslahat beriň. Ýogsam Hudaýyň size-de, ildeşleriňize-de gahary geler. Tabşyryşym ýaly etseňiz, günä galmarsyňyz. 11 Uly ruhany Emirýar size baş bolup, Ýehowa gulluk etmek bilen bagly meseleleri çözer+. Ýahuda taýpasynyň baştutany Ysmaýylyň ogly Zabdyýar bolsa patyşanyň hyzmaty bilen bagly meseleleri çözer. Lewiler size kömek eder. Dogumly boluň-da, işe başlaň. Goý, Ýehowa dogry iş edýän bendelerini goldasyn!»+ diýdi.
20 Soňra mowaplar+ we ammonlar+ käbir ammonymlary* ýanyna alyp, Ýehoşapat bilen söweşmäge gitdiler. 2 Ýehoşapata: «Deňiz* tarapdan, Edomdan+ uly goşun gelýär. Olar eýýäm Hasason-tamara, ýagny En-gedä+ ýetdiler» diýip habar berdiler. 3 Muny eşidip, Ýehoşapat gorkdy. Ol Ýehowadan kömek soramak üçin+ Ýahuda ilatyna agyz beklemegi tabşyrdy. 4 Ýahuda şäherleriniň ilaty Ýehowa ýüz tutmak üçin+ ýygnandylar. Olar Ýehowadan maslahat soramaga gelipdiler.
5 Ýahuda we Iýerusalim ilaty Ýehowanyň öýüniň täze howlusynyň öňüne ýygnanypdy. Ýehoşapat ýerinden turdy-da, 6 şeýle diýdi:
«Ata-babalarymyzyň Hudaýy Ýehowa, gökdäki ýeke-täk Hudaý sensiň!+ Ähli patyşalyklar seniň eliňde+, güýç-kuwwat hem seniňki. Hiç kim saňa garşy çykyp bilmeýär+. 7 Eý Hudaýymyz, başga halklary ysraýyl halkyň öňünden kowup çykaryp, ýurdy dostuň Ybraýymyň nesline ebedilik mülk edip berdiň+. 8 Halk ýurtda ýaşap başlady. Olar seniň adyňy göterýän ybadathana gurup+: 9 „Eger başymyza betbagtçylyk inse, gylyçdan geçirilsek, üstümizden agyr höküm çykarylsa, ýurtda mergi keseli ýa açlyk bolsa, adyňy göterýän+ ybadathanaňa gelip, huzuryňda doga-dileg etsek, bize jogap berip, halas et“+ diýipdiler. 10 Ysraýyllar Müsürden çykyp gelýärkä, ammonlary, mowaplary we Segir daglarynda+ ýaşaýan halky basyp almaga ýol bermediň. Şonuň üçin ysraýyllar olary öldürmän, sowlup geçdiler+. 11 Olar bolsa ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap berip, bizi mülk edip beren ýurduňdan kowjak bolýarlar+. 12 Eý Hudaý, olary jezasyz goýma+. Üstümize gelýän ägirt uly goşuna gaýtawul bermäge güýjümiz ýok, näme etjegimizi bilemizok+, gözümiz saňa dikilgi»+.
13 Şol wagt ähli ýahudalar aýallary, ogul-gyzlary, çagalary bilen Ýehowanyň huzurynda durdylar.
14 Şonda halkyň arasynda duran Ýahazyýele Ýehowanyň ruhy indi. Ýahazyýel Zekerýanyň ogly, Binaýanyň agtygy, Ýegeliň çowlugy, Mattanýanyň ýuwlugydy, Asafyň neslinden bolan lewilerdendi. 15 Ýahazyýel şeýle diýdi: «Ýahuda we Iýerusalim ilaty! Eý Ýehoşapat patyşa, gulak asyň! Ýehowa şeýle diýýär: „Ägirt uly goşundan gorkup, howsala düşmäň, sebäbi söweş siziňki däl, Hudaýyňky+. 16 Ertir olaryň garşysyna çykyň. Olar Ziziň üstünden geçip gelerler. Olara Ýeruwel çölüniň garşysynda ýerleşýän jülgede duşarsyňyz. 17 Ýöne size söweşmek gerek bolmaz. Ýeriňizde durup+, Ýehowanyň halas edişini görüň+. Eý Ýahuda we Iýerusalim ilaty! Gorkup, howsala düşmäň+. Ertir olara garşy çykyň, Ýehowa siziň bilen bolar“»+.
18 Şonda Ýehoşapat ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. Ýahuda bilen Iýerusalim ilaty hem Ýehowanyň huzurynda dyza çöküp, Ýehowa tagzym etdi. 19 Soňra Kohatyň+ we Karunyň neslinden lewiler ýerinden turup, Ysraýyl Hudaýy Ýehowany batly ses bilen şöhratlandyryp başladylar+.
20 Ertesi daň bilen turup, Tekoýa+ çölüne gitdiler. Ýola çykanlarynda, Ýehoşapat olara: «Eý Ýahuda we Iýerusalim ilaty, diňläň! Ýehowa Hudaýyňyza iman ediň, şonda heläk bolmarsyňyz*. Hudaýyň pygamberlerine iman etseňiz+, ýeňiş gazanarsyňyz» diýdi.
21 Soňra Ýehoşapat halk bilen maslahatlaşyp, Ýehowanyň şanyna aýdym aýdar ýaly adamlary belledi+. Olar mukaddes lybasda esgerleriň öňünden ýöräp: «Ýehowa şükür ediň, sebäbi wepaly söýgüsi* ebedidir»+ diýip, Hudaýy şöhratlandyrmalydy.
22 Olar Hudaýy şöhratlandyryp, joşup aýdym aýdyp başladylar. Şonda Ýehowa Ýahudany basyp almaga gelýän ammonlara, mowaplara we Segir daglarynyň ilatyna duzak gurdy. Olar biri-birini gyryp başladylar+. 23 Ammonlar bilen mowaplar Segir daglarynyň ilatyna+ hüjüm etdiler. Olaryň ählisini gyryp, soňra bir-birlerini öldürdiler+.
24 Ýahudalar çöldäki+ garawul diňine ýetip, duşmanlaryň jesetleriniň serlip ýatanyny gördüler+, olaryň ýekejesi-de diri galmandyr. 25 Ýehoşapat nökerleri bilen gelip, olja aldy. Olar birgiden goş-golam, egin-eşik we gymmatbaha zat tapdylar. Oljanyň köplüginden ýaňa olary göterip hem bilmediler+. Olary daşamaga üç gün gerek boldy. 26 Dördünji gün Bereket jülgesine baryp, Ýehowany şöhratlandyrdylar*. Oňa henizem Bereket* jülgesi diýilýär+.
27 Soňra Ýahuda we Iýerusalim ilaty Ýehoşapatyň baştutanlygynda şatlyk-şowhun bilen Iýerusalime dolandy. Ýehowa olara duşmanlary ýeňmäge kömek edipdi+. 28 Olar arfa+, surnaý+ we kirişli saz gurallary çalyp, Iýerusalime, Ýehowanyň öýüne geldiler+. 29 Ysraýyllaryň duşmanlaryna garşy Ýehowanyň söweşendigini eşidip, daş-töwerekdäki ähli patyşalyklara Hudaýdan gorky aralaşdy+. 30 Ýehoşapat asudalykda höküm sürýärdi, Hudaý ony ähli duşmanlaryndan goraýardy*+.
31 Ýehoşapat Ýahudanyň üstünden höküm sürmegini dowam etdi. Ol 35 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 25 ýyl höküm sürdi. Ejesi Azuba Şilhiniň gyzydy+. 32 Ýehoşapat kakasy Asanyň ýolundan ýöräp+, hiç ýana sowulmady. Ol Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. 33 Emma seždegähler* ýok edilmändi+, halk henizem ata-babalarynyň Hudaýyna sežde etmegi ýüregine düwmändi+.
34 Ýehoşapatyň durmuşynda bolan başga-da wakalar Hananýaryň+ ogly Ýehuwyň+ golýazmasynda başdan-aýak ýazylandyr. Olary Ysraýyl patyşalarynyň kitabyna-da ýazdylar. 35 Soňra Ýahuda patyşasy Ýehoşapat erbet işleri eden Ysraýyl patyşasy Ahazýa+ bilen gatnaşyp başlady. 36 Olaryň ikisi Tarşyşa+ ibermek üçin Esýon-geberde+ gämi ýasap başladylar. 37 Emma mareşaly Dodawahunyň ogly Alygezer Ýehoşapata garşy pygamberlik edip: «Ahazýa bilen gatnaşanyň üçin, Ýehowa seniň çeken azabyňy biderek eder»+ diýdi. Şonuň üçin gämiler weýran bolup, Tarşyşa gidip bilmedi+.
21 Soňra Ýehoşapat aradan çykyp, Dawudyň şäherinde, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy, ýerine ogly Ýehoram patyşa boldy+. 2 Ýehoşapatyň ogullary Azarýa, Ýehiýel, Zekerýa, Azarýa, Mikaýyl we Şepatýa Ýehoramyň doganlarydy. Ählisi Ysraýyl patyşasy Ýehoşapatyň ogullarydy. 3 Ýehoşapat ogullaryna birgiden altyn-kümüş, gymmatbaha zatlary we Ýahudadaky galalary+ berdi. Patyşalygy bolsa nowbahar ogly Ýehorama+ berdi.
4 Emma Ýehoram kakasynyň ýerine patyşa bolanda, patyşalygyny has-da berkitjek bolup, hemme doganlaryny we Ysraýylyň käbir han-beglerini gylyçdan geçirdi+. 5 Ýehoram 32 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde sekiz ýyl höküm sürdi+. 6 Ýehoram Ahabyň gyzyna öýlenensoň+, Ahabyň maşgalasy ýaly, Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi. 7 Emma Ýehowa Dawut bilen baglaşan ähtiniň+ hatyrasyna, Dawudyň maşgalasyny ýok etmek islemedi, sebäbi ol Dawudyň neslini hiç wagt tagtdan düşürmejekdigini* wada beripdi+.
8 Ýehoramyň döwründe edomlylar Ýahuda garşy gozgalaň turzup+, özlerine patyşa bellediler+. 9 Şonda Ýehoram serkerdelerini we söweş arabalaryny alyp, Edoma gitdi. Edomlylar Ýehoramyň we söweş arabaly serkerdeleriniň daşyny gabadylar. Ýehoram bolsa gijäniň içinde aýaga galyp, olary derbi-dagyn etdi. 10 Ýöne edomlylar häzire çenli Ýahuda garşy gozgalaň turzup gelýärler. Şol wagtlar Libna galasy+ hem Ýehorama garşy gozgalaň turzupdy, sebäbi ol ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowadan ýüz öwrüpdi+. 11 Ýehoram Ýahudanyň daglarynda seždegähleri*+ gurup, Iýerusalimiň ilatyna-da biwepalyk etdirdi*. Ol Ýahuda halkyny ýoldan çykardy.
12 Bir gün Ýehorama Ylýas+ pygamberden şeýle hat geldi: «Ataň Dawudyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sen kakaň Ýehoşapatyň+ we Ýahuda patyşasy Asanyň+ ýolundan ýöremediň. 13 Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Ahabyň maşgalasy ýaly+, Ýahuda we Iýerusalim ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirdiň+. Özüňden has gowy doganlaryňy-da öldürip+, kakaň hojalygyny gyrdyň. 14 Şonuň üçin Ýehowa halkyňy, ogullaryňy, aýallaryňy we mal-garaňy heläk eder. 15 Seniň bolsa keselden gözüň açylmaz, içege keselinden hem ejir çekersiň, içegeleriň daşyna çogup çykýança, ýagdaýyň gün-günden beterleşer“».
16 Soňra Ýehowa piliştlileri+ we efiopiýalylaryň golaýynda ýaşaýan araplary+ Ýehorama garşy aýaga galdyrdy+. 17 Olar Ýahuda çozup, ýurdy basyp aldylar. Köşkdäki ähli zady+, patyşanyň ogullaryny we aýallaryny alyp gitdiler, diňe körpe ogly Ýehogahaz*+ galdy. 18 Şondan soň Ýehowa Ýehoramy agyr içege keseline duçar etdi+. 19 Iki ýyldan ýagdaýy has agyrlaşyp, içegeleri daşyna çogdy. Şeýdip, ol agyr keselden ejir çekip öldi. Emma ata-babalaryna edilişi ýaly+, Ýehoramyň hatyrasyna uly ot ýakmadylar. 20 Ýehoram 32 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde sekiz ýyl höküm sürdi. Ýehoramyň ölümine gynanan adam bolmady, ony Dawudyň şäherinde+ jaýladylar, ýöne patyşalaryň mazarynda goýmadylar+.
22 Iýerusalimiň ilaty Ýehoramyň ýerine körpe ogly Ahazýany patyşa belledi. Araplar bilen Ýahuda düşelgesine çozan talaňçylar Ýehoramyň uly ogullaryny öldüripdi+. Şeýlelikde, Ýehoramyň ogly Ahazýa Ýahudanyň patyşasy boldy+. 2 Ahazýa 22 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde bir ýyl höküm sürdi. Ejesi Atalýa+ Omranyň+ agtygydy*.
3 Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň ýolundan ýöredi+. Ol ejesiniň maslahatyna gulak asyp, erbet işleri edýärdi. 4 Kakasy ýogalansoň, Ahabyň öýündäkiler Ahazýa gep berip, Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdirdiler. Şol sebäpli Ahazýa heläkçilige uçrady. 5 Ahazýa olaryň maslahatyna eýerip, Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýehoram bilen Ramot-gileada+ gidip, Siriýa patyşasy Hazaýyl+ bilen söweşdi. Şonda ýaýçylar Ýehoramy ýaraladylar. 6 Ýehoram patyşa Ramada Siriýa patyşasy Hazaýyl+ bilen söweşende alan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele+ dolandy.
Şonda Ýahuda patyşasy Ýehoramyň+ ogly Ahazýa* Ahabyň ogly Ýehoramyň+ hal-ýagdaýyny soramak üçin Ýizregele bardy, sebäbi ol agyr ýaralanypdy+. 7 Emma Hudaý Ahazýany Ýehoramyň ýanyna getirip, başyna betbagtçylyk inderdi. Ahazýa Ýehoram bilen Nimşiniň agtygy* Ýehuwyň+ ýanyna gitdi. Ýehowa Ýehuwa Ahabyň öý-içerisini ýok etmegi tabşyrypdy+. 8 Ýehuw Ahabyň öý-içerisine çykarylan hökümi ýerine ýetirip başlady. Bir gün ol Ahazýa hyzmat eden Ýahudanyň han-beglerine we Ahazýanyň doganlarynyň ogullaryna duşup, olary öldürdi+. 9 Soňra ol Ahazýanyň gözlegine çykdy. Ahazýany Samariýada gizlenip ýören ýerinden tapyp, Ýehuwyň ýanyna getirdiler. Olar ony öldürip+: «Her näme-de bolsa, ol Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk eden Ýehoşapatyň+ agtygy» diýip jaýladylar. Şeýlelikde, Ahazýanyň neslinden patyşalygy dolandyryp biljek adam galmady.
10 Ahazýanyň ejesi Atalýa+ oglunyň ölendigini eşiden badyna, Ýahudanyň şa tagtynyň mirasdüşerlerini gyryp başlady+. 11 Emma patyşanyň gyzy Ýehoşabet Ahazýa patyşanyň Ýehoýaş+ atly ogluny alyp gaçyp, enekesi bilen bir otagda* gizledi. Ýehoram+ patyşanyň gyzy Ýehoşabet Ýehoýada+ ruhanynyň aýalydy, Ahazýanyň bolsa uýasydy. Ýehoşabet çagany Atalýadan gizläp, diri galdyrdy+. 12 Çagany alty ýyllap hak Hudaýyň öýünde gizläp sakladylar. Şol wagt ýurtda Atalýa höküm sürýärdi.
23 Ýedinji ýyl diýlende, Ýehoýada ruhany batyrgaý hereket edip, ýüzbaşylar+ bilen äht baglaşdy. Şol ýüzbaşylar Ýerohamyň ogly Azarýa, Ýehohananyň ogly Ysmaýyl, Abytyň ogly Azarýa, Adaýyň ogly Maseýa we Zikriniň ogly Alyşapatdy. 2 Olar tutuş Ýahuda aýlanyp, ähli şäherlerdäki lewileri+ we ysraýyl tirebaşylaryny ýygnadylar. Olar Iýerusalime gelende, 3 tutuş jemagat hak Hudaýyň öýünde patyşa bilen äht baglaşdy+. Soňra Ýehoýada ruhany olara şeýle diýdi:
«Ýehowanyň Dawudyň nesli hakda beren wadasyna görä, indiden beýläk patyşanyň ogly höküm sürer+. 4 Siz Sabat güni hyzmat etjek ruhanylary+ we lewileri üç topara bölüň. Toparlaryň biri derwezäni+, 5 beýlekisi köşgi+, ýene biri Düýp derwezesini garawullasyn. Galany Ýehowanyň öýüniň howlularynda+ dursun. 6 Hyzmat edýän ruhanylardan we lewilerden+ başga hiç kimi Ýehowanyň öýüne salmaň. Diňe mukaddes gullugy berjaý edýänler içerik girip biler. Galan adamlar Ýehowanyň tabşyrygyny bozmaz ýaly daşarda dursun. 7 Lewiler eline ýarag alyp, patyşany her tarapdan gorasyn. Ybadathana girjek bolan adamy öldüriň. Patyşa nirä gitse-de, ýanyndan aýrylmaň».
8 Lewiler we Ýahuda ilaty Ýehoýada ruhanynyň tabşyryşy ýaly etdiler. Olar Sabat güni nobatçylyk edýän we nobatçylykdan boşaýan+ adamlary ýygnadylar, Ýehoýada ruhany olaryň+ hiç birini öýüne goýbermändi. 9 Ýehoýada ruhany ýüzbaşylara+ Dawut patyşanyň hak Hudaýyň öýünde+ duran naýzalaryny, kiçi* we tegelek galkanlaryny+ çykaryp berdi. 10 Soňra ol eli ýaragly nökerleri ybadathananyň sag tarapyndan çep tarapyna çenli aralykda we gurbanlyk ojagy* bilen ybadathananyň gapdalynda goýdy. Olar patyşany dumly-duşdan goradylar. 11 Soňra şazadany+ daşaryk çykaryp, başyna täç geýdirdiler-de, Hudaýyň kanunyny depesinde saklap*+, patyşa bellediler. Ýehoýada bilen ogullary onuň başyna ýag guýdular. Şonda adamlar: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar+.
12 Atalýa ylgaşyp barýan adamlaryň patyşany şöhratlandyrýanyny eşidip, Ýehowanyň öýüne üýşen märekäniň ýanyna bardy+. 13 Görse, patyşa girelgede sütüniň ýanynda dur. Baştutanlar+ bilen surnaýçylar bolsa patyşanyň gapdalynda duran eken, tutuş jemagat şatlanyp+, surnaý çalýar. Aýdymçylar saz gurallaryny çalyp, dabarany şatlyk-şowhun bilen alyp barýardy. Şonda Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Dönüklik! Dönüklik!» diýip gygyrdy. 14 Ýehoýada ruhany bolsa nökerleriň üstünden goýlan ýüzbaşylary çagyryp: «Atalýany bärden äkidiň, kim tarapyny tutsa, ony hem gylyçdan geçiriň!» diýdi, sebäbi Ýehoýada: «Atalýany Ýehowanyň öýünde öldüräýmäň» diýip tabşyrypdy. 15 Olar Atalýany tutup, köşgüň Bedew derwezesine eltip öldürdiler.
16 Soňra Ýehoýada ruhany özüniň, halkyň hem-de patyşanyň hemişe Ýehowanyň halky bolmagy üçin äht baglaşdy+. 17 Adamlar Bagalyň buthanasyna baryp, buthanany ýumurdylar+. Bagalyň gurbanlyk ojaklaryny we butlaryny çym-pytrak etdiler+. Bagalyň ruhanysy Mattany bolsa gurbanlyk ojaklarynyň öňünde öldürdiler+. 18 Ýehoýada beýleki ruhanylara we lewilere Ýehowanyň öýüne gözegçilik etmegi tabşyrdy. Dawut olary toparlara bölüp, Ýehowanyň öýüne gözegçilik etmäge belläpdi. Olar Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly+, Ýehowa ýakma gurbanlyklary berip+, Dawudyň goýan tertip-düzgünine görä, joşup aýdym aýtmalydylar. 19 Özüni tämizlemedik adamy Ýehowanyň öýüne salmaz ýaly, Ýehoýada derwezeleriň agzynda garawullary+ goýdy. 20 Ol ýüzbaşylar+, begler, baştutanlar we tutuş halk bilen patyşany Ýehowanyň öýünden alyp gaýtdy. Olar ýokarky derwezeden geçip, köşge bardylar. Patyşany şa tagtynda+ oturtdylar. 21 Bütin halk şatlandy, şäheriň ilaty asuda ýaşap başlady, sebäbi Atalýany gylyçdan geçiripdiler.
24 Ýehoýaş ýedi ýaşynda patyşa boldy+. Ol Iýerusalimde 40 ýyl höküm sürdi. Ejesi Sibiýa beýer-şebalydy+. 2 Ýehoýada ruhanynyň döwründe Ýehoýaş Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. 3 Ýehoýada oňa iki aýal alyp berdi. Ýehoýaşyň birnäçe ogul-gyzy boldy.
4 Soňra Ýehoýaş Ýehowanyň öýüni bejermegi ýüregine düwdi+. 5 Ol ruhanylary we lewileri ýygnap: «Ýahudanyň şäherlerine aýlanyň-da, Hudaýyň öýüni her ýyl bejerer ýaly, halkdan pul ýygnaň+. Haýal etmän munuň ugruna çykyň» diýdi. Emma lewiler tabşyrylan işi wagty bilen etmediler+. 6 Şonda Ýehoýaş patyşa uly ruhany Ýehoýadany çagyryp+: «Lewilerden näme üçin hasabat soraňok? Olar Ýehowanyň guly Musanyň tabşyryşy ýaly, Ýahuda we Iýerusalim ilatyndan mukaddes salgyt+ ýygnamaly. Ysraýyllar mukaddes çadyr* üçin salgyt bermeli ahyryn+. 7 Bilýäň-ä, zalym aýal Atalýanyň+ ogullary hak Hudaýyň öýüne kürsäp girip+, Ýehowanyň öýündäki mukaddes zatlary Bagal butlaryna sežde edende ulanypdy» diýdi. 8 Soňra patyşanyň buýrugy bilen, sandyk+ ýasap, Ýehowanyň öýüniň derwezesinde goýdular+. 9 Hak Hudaýyň guly Musanyň çölde ysraýyllara tabşyryşy ýaly, Ýehowa üçin mukaddes salgyt+ getirmelidigi hakda Ýahudada we Iýerusalimde jar çekildi. 10 Muny eşiden halk we han-begler begenip+, sadaka getirip başladylar. Olar sandygy puldan doldurdylar*.
11 Sandyk dolanda, lewiler ony patyşanyň ýanyna elterdiler. Patyşanyň kätibi bilen uly ruhanynyň kömekçisi sandygy boşadyp+, öňki ýerinde goýardy. Olar her gün şeýle ederdiler. Şeýdip, köp pul ýygnadylar. 12 Patyşa bilen Ýehoýada pullary Ýehowanyň öýüni bejerýän gözegçilere berdiler. Olar hem Ýehowanyň öýüni bejermek üçin daş ýonýanlary, senetçileri, Ýehowanyň öýüniň zaýalanan ýerlerini düzetmek+ üçin demirçi we mis ussalary hakyna tutdular. 13 Gözegçiler işe başladylar, olaryň gözegçiliginde iş gowy gidýärdi. Şeýlelikde, hak Hudaýyň öýüni gowy edip bejerip, öňküsi ýaly etdiler. 14 Galan pullary patyşa we Ýehoýada eltip berdiler. Olar bolsa şol pullardan Ýehowanyň öýi üçin gap-gaçlary, Hudaýa hyzmat edilende we gurban berlende ulanylýan gap-gaçlary, käseleri, altyn-kümüş gaplary ýasadylar+. Ýehoýadanyň döwründe Ýehowanyň öýünde ýakma gurbanlyklary+ yzygiderli berýärdiler.
15 Ýehoýada uzak ýaşap, durmuşyndan razy bolup, 130 ýaşynda aradan çykdy. 16 Ýehoýadany Dawudyň şäherinde, patyşalaryň ýanynda jaýladylar+, sebäbi ol Ysraýylda hak Hudaý we ybadathana üçin köp ýagşy işleri edipdi+.
17 Ýehoýada ýogalansoň, Ýahuda han-begleri gelip, patyşa tagzym etdiler. Patyşa olary diňledi. 18 Olar ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowanyň öýüni taşlap, keramatly pürslere* we butlara sežde edip başladylar. Olaryň eden günäleri sebäpli, Hudaýyň Ýahuda bilen Iýerusalime gahar-gazaby lowlady. 19 Ýehowa halkyň toba etmegi* üçin, ençeme pygamberlerini iberdi. Pygamberler gaýta-gaýta duýduryş berse-de, halk gulak asmady+.
20 Soňra Ýehoýada+ ruhanynyň ogly Zekerýanyň üstüne Hudaýyň ruhy indi. Ol halkyň öňüne çykyp: «Hak Hudaý şeýle diýýär: „Siz näme üçin Ýehowanyň tabşyryklaryny bozýaňyz? Beýtseňiz, gowulygyň üstünden barmarsyňyz. Ýehowadan ýüz öwrendigiňiz üçin, ol hem sizden ýüz öwrer“»+ diýdi. 21 Emma olar dil düwşüp+, patyşanyň buýrugy bilen, Zekerýany Ýehowanyň öýüniň howlusynda daşlap öldürdiler+. 22 Şeýdip, Ýehoýaş patyşa Zekerýanyň kakasy Ýehoýadanyň eden ýagşylyklaryny* unudyp, ogluny öldürdi. Zekerýa soňky deminde: «Eden etmişiň üçin Ýehowa jezaňy bersin»+ diýdi.
23 Ýylyň başynda siriýalylar Ýehoýaş patyşa bilen söweşmäge geldiler. Olar Ýahuda we Iýerusalime çozdular+. Halkyň han-beglerini öldürip+, oljalaryny Damasgyň patyşasyna iberdiler. 24 Siriýalylaryň goşuny az bolsa-da, Ýehowa Ýahudanyň ägirt uly goşunyny olaryň eline berdi+, sebäbi halk ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowadan ýüz öwrüpdi. Şeýlelikde, siriýalylar Ýehoýaşyň üstünden çykarylan hökümi ýerine ýetirdiler. 25 Olar Ýehoýaşy agyr ýaralap gitdiler. Soňra hyzmatkärleri dil düwşüp, Ýehoýaşy ýatan düşeginde öldürdiler+, sebäbi ol Ýehoýada ruhanynyň ogullaryny* öldüripdi+. Ýehoýaşy Dawudyň şäherinde+ jaýladylar, ýöne patyşalaryň mazarynda goýmadylar+.
26 Ýehoýaşa garşy dil düwşenler+ ammon halkyndan Şimeýatyň ogly Zabat bilen mowap halkyndan Şimritiň ogly Ýehozabatdy. 27 Ýehoýaşyň ogullary, oňa çykarylan hökümler+ we hak Hudaýyň öýüni bejerişi+ hakda patyşalaryň kitabynda* jikme-jik ýazylandyr. Ýehoýaşyň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy.
25 Amazýa 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 29 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýehoýadan iýerusalimlidi+. 2 Amazýa Ýehowanyň öňünde dogry işleri etse-de, Hudaýa bütin ýüregi bilen gulluk etmeýärdi. 3 Amazýa patyşalygy berkidensoň, kakasyny öldüren hyzmatkärleri öldürdi+. 4 Emma ol Ýehowanyň Musa pygamber arkaly beren kanunynda: «Atalar ogullarynyň etmişi üçin, ogullar hem atalarynyň etmişi üçin öldürilmesin. Her kim öz eden günäsi üçin öldürilmelidir»+ diýip tabşyryşy ýaly, olaryň ogullaryny öldürmedi.
5 Soňra Amazýa ähli ýahudalary ýygnady. Ýahuda we benýamin taýpalaryny tireleri boýunça bölüp, hersini öz müňbaşylary we ýüzbaşylary bilen duruzdy+. Olaryň 20 ýaşdan ýokary erkeklerini+ hasaba aldy. Şonda naýza we uly galkan göterip, goşunda gulluk edip biljek 300 000 edermen* esger çykdy. 6 Amazýa 100 batman* kümşe Ysraýylyň 100 000 gaýduwsyz esgerini hakyna tutdy. 7 Emma hak Hudaýyň guly gelip: «Patyşahym, ysraýyl esgerlerini söweşe äkitme, sebäbi Ýehowa ysraýyllary, efraýymlaryň hiç birini goldamaýar+. 8 Hak Hudaý seni duşmanlaryň eline bermez ýaly, söweşe özüň git. Gorkma, batyrgaý bol, Hudaýyň saňa kömek etmäge-de, seni duşmanlaryň eline bermäge-de güýji ýetýändir»+ diýdi. 9 Amazýa bolsa: «Ysraýyl esgerlerine 100 batman kümüş berdim ahyryn» diýdi. Hak Hudaýyň guly: «Ýehowa saňa has köp zat berer»+ diýdi. 10 Amazýa Efraýymdan gelen esgerleri yzyna ugratdy. Emma olar ýahudalara gaharlandylar, gahar-gazap bilen ýurduna dolandylar.
11 Amazýa dogumlanyp, goşuny bilen Duz jülgesine+ gitdi-de, Segiriň+ 10 000 adamyny gyrdy. 12 Ýahudalar 10 000 adamy diriligine ele salyp, olary gaýadan aşak zyňdylar. Olar bölek-bölek boldy. 13 Emma Amazýanyň söweşe äkitmän, yzyna iberen esgerleri+ Ýahudanyň şäherlerine çozup, Samariýadan+ tä Beýthorona+ çenli 3 000 adamy öldürdiler we birgiden olja aldylar.
14 Amazýa edomlylary derbi-dagyn edip geldi. Emma ol Segiriň taňrylaryny alyp gaýtdy. Olary hudaý hasaplap+, sežde etdi, gurban berdi. 15 Şonda Ýehowanyň Amazýa gahary gelip, ýanyna pygamberini iberdi. Pygamber: «Sen näme üçin halkyny gorap bilmedik taňrylara sežde edýäň?»+ diýdi. 16 Ol heniz gepläp durka, patyşa: «Kes sesiňi!+ Patyşa maslahat berer ýaly, sen kim bolupsyň?+ Ýene bir agyz gepläýseň, janyňy alaryn!» diýdi. Şonda pygamber: «Butlara sežde edip, maslahatyma gulak asmandygyň üçin, Hudaý seni heläk eder»+ diýdi-de, sesini çykarman durdy.
17 Ýahuda patyşasy Amazýa maslahatçylaryna geňeşip, Ysraýyl patyşasyna, Ýehuwyň agtygy, Ýehogahazyň ogly Ýehoýaşa: «Gel, güýç synanyşaly»+ diýip habar ýollady. 18 Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş bolsa Ýahuda patyşasy Amazýa şeýle jogap berdi: «Liwanyň ýandagy Liwanyň kedr agajyna: „Gyzyňy ogluma bersene“ diýip, sawçy iberipdir. Emma Liwanyň ýyrtyjy haýwany şol ýandagy depeläp geçipdir. 19 „Edomlylary derbi-dagyn etdim“+ diýip, özüňe göwnüň ýetýändir, şöhrat gazanasyň gelýändir. Ýöne öýüňde otursaň gowy bolar. Başyňa bela satyn almak nämä gerek? Ýahudany hem özüň bilen ýok etjek bolýaňmy?»
20 Emma Amazýa gulak asmady+, sebäbi şeýle bolmagyna hak Hudaý ýol beripdi. Edomyň taňrylaryna sežde edendigi üçin+, Hudaý olary duşmanlaryň eline berjek bolýardy+. 21 Şonda Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş söweşe çykdy. Ol Ýahudanyň Beýtşemeş+ şäherinde Ýahuda patyşasy Amazýa bilen söweşdi. 22 Ýahudalar ysraýyllardan ýeňlip, öýli-öýüne gaçdylar. 23 Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş Ýahuda patyşasyny, Ýehogahazyň* agtygy, Ýehoýaşyň ogly Amazýany Beýtşemeşde ele salyp, Iýerusalime äkitdi. Ýehoýaş Efraýym derwezesinden+ Burç derwezesine+ çenli Iýerusalimiň diwarynyň 400 tirsek* aralygyny ýumurdy. 24 Ol Abytedomyň gözegçiliginde* hak Hudaýyň öýünde we köşgüň hazynalarynda+ goýlan altyn-kümüşleri, gap-gaçlary aldy. Ýesir alan adamlaryny hem Samariýa äkitdi.
25 Ysraýyl patyşasy Ýehogahazyň+ ogly Ýehoýaş+ aradan çykypdy. Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýa+ bolsa ýene 15 ýyl ýaşady. 26 Amazýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň kitabynda başdan-aýak ýazylandyr. 27 Amazýa Ýehowanyň ýolundan ýüz öwrenden soň, Iýerusalimde Amazýa garşy dildüwşük guradylar+, ol hem Lakyşa gaçyp gitdi. Emma yzyndan adam iberip, ony öldürdiler. 28 Jesedini atly arabada getirip, Ýahuda şäherinde, ata-babalarynyň ýanynda jaýladylar.
26 Ýahudalar Amazýanyň ýerine ogly Uzyýany+ patyşa bellediler. Şol wagt Uzyýa 16 ýaşyndady+. 2 Amazýa patyşa aradan çykansoň, Uzyýa Eloty+ ýene-de yzyna alyp, gaýtadan dikeltdi+. 3 Uzyýa+ 16 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 52 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýekolýa iýerusalimlidi+. 4 Uzyýa kakasy Amazýa ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. 5 Zekerýanyň döwründe Uzyýa Hudaýa gulluk ederdi, sebäbi Zekerýa oňa hak Hudaýdan gorkmagy öwrederdi. Uzyýanyň Ýehowa gulluk eden döwri hak Hudaý ony goldardy+.
6 Uzyýa piliştliler+ bilen söweşip, Get+, Ýabne+ we Aşdot+ şäherleriniň diwarlaryny ýumurdy. Ol Aşdotyň golaýynda we piliştlileriň topragynda şäherleri gurdy. 7 Hak Hudaý Uzyýa piliştlileri, Gurbagalda ýaşaýan araplary+ we megunimlileri ýeňmäge kömek etdi. 8 Ammonlar+ hem Uzyýa salgyt töläp başladylar. Uzyýanyň güýç-kuwwaty artyp, at-owazasy Müsüre çenli ýaýrady. 9 Ol Iýerusalimiň Burç derwezesinde+, Jülge derwezesinde+ we Direg diwarynda diň gurup+, olary berkitdi. 10 Çölde, Şepelada, düzlükde hem diňler gurup+, birgiden guýy gazdyrdy*, sebäbi mal-garasy juda köpdi. Uzyýa ekerançylygy gowy görýärdi, daglarda we Karmelde daýhanlary bilen üzümçileri bardy.
11 Uzyýanyň ýaragly goşuny hem bardy. Olar topar-topar bolup söweşe çykardy. Patyşanyň emeldary Hananýanyň baştutanlygynda Maseýa serkerde bilen Ýegel kätip+ esgerleri hasaba aldy+. 12 Gaýduwsyz esgerleriň üstünden 2 600 tirebaşy goýlupdy. 13 Olaryň gözegçiligi astynda 307 500 söweşe ukyply esger bardy. Güýçli goşun duşmanlar bilen söweşip, patyşa hyzmat ederdi+. 14 Uzyýa goşundaky esgerleri galkan, naýza+, tuwulga, sowut+, ýaý we sapan* daşlary+ bilen üpjün etdi. 15 Ol Iýerusalimde ökde ussalara söweş enjamlaryny ýasadyp, diňleriň üstünde+ we diwarlaryň burçunda goýdy. Şol enjamlarda peýkam we ullakan daş atyp bolýardy. Hudaýyň kömegi bilen, Uzyýa barha güýçlenip, şan-şöhraty bütin dünýä ýaýrady.
16 Emma Uzyýanyň güýç-kuwwaty artanda, ol tekepbir bolup, heläkçilige uçrady. Ol tütetgi ojagynda* tütetgi ýakmak üçin Ýehowanyň ybadathanasyna girip, Ýehowa Hudaýa biwepalyk etdi+. 17 Azarýa ruhany we Ýehowanyň 80 batyrgaý ruhanysy patyşanyň yzy bilen ybadathana girdiler. 18 Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp: «Uzyýa, seniň Ýehowa tütetgi ýakmaga hakyň ýok+. Tütetgini diňe Harunyň neslinden ruhanylar ýakmaly+, Hudaý olary mukaddes etdi. Häziriň özünde mukaddes otagdan çyk, sen Hudaýa biwepalyk etdiň, eden etmişiň üçin, Ýehowa Hudaýyň saňa beren hormatyndan mahrum bolarsyň» diýdiler.
19 Şonda elinde tütetgi gaby saklap duran Uzyýanyň gany depesine urdy+. Ýehowanyň öýündäki tütetgi ojagynyň ýanynda ruhanylara gaharlanyp durka, Uzyýanyň maňlaýynda heýwere keseli+ peýda boldy. 20 Uly ruhany Azarýa we beýleki ruhanylar patyşanyň maňlaýynda heýweräniň döränini görüp, şol bada ony daşaryk çykardylar. Uzyýanyň özi hem çykmaga howlukdy, sebäbi Ýehowa oňa jeza beripdi.
21 Uzyýa patyşa ölýänçä, heýwere keselinden ejir çekip, aýratyn öýde ýaşady+. Patyşany gaýdyp Ýehowanyň öýüne salmadylar. Şol wagtlar ogly Ýotam köşgi dolandyryp, halka kazylyk ederdi+.
22 Uzyýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar Amozyň ogly Işaýa pygamberiň+ kitabynda başdan-aýak ýazylandyr. 23 Soňra Uzyýa aradan çykyp, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ýöne heýwere keselli bolansoň, ony patyşalaryň mazarynda däl-de, golaýyndaky bir mellekde jaýladylar. Uzyýanyň ýerine ogly Ýotam+ patyşa boldy.
27 Ýotam+ 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýeruşah Sadygyň gyzydy+. 2 Ýotam kakasy Uzyýa ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. Emma ol kakasy ýaly, Ýehowanyň ybadathanasyna girjek bolmady+. Halk bolsa henizem erbet işleri edýärdi. 3 Ýotam Ýehowanyň öýüniň ýokarky derwezesini gurdy+ we Opel+ diwaryny dikeltdi. 4 Ýahudanyň daglarynda+ şäherler gurdy+, tokaýlykda berk galalary+ we diňleri+ gurdy. 5 Ýotam ammonlaryň+ patyşasy bilen söweşip, ýeňiş gazandy. Şol ýyl ammonlar 100 batman* kümüş, 10 000 hum* bugdaý we 10 000 hum arpa berdiler. Indiki we soňky ýyl hem şonça salgyt tölediler+. 6 Ýotam Ýehowa Hudaýyň ýolundan ýöremegi ýüregine düwüpdi, şonuň üçin barha güýçlenýärdi.
7 Ýotamyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, gatnaşan söweşleri we eden işleri hakda Ysraýyl hem-de Ýahuda patyşalarynyň kitabynda ýazylandyr+. 8 Ýotam 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi+. 9 Soňra Ýotam aradan çykyp, Dawudyň şäherinde+ jaýlandy, ýerine ogly Ahaz patyşa boldy+.
28 Ahaz+ 20 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ol atasy Dawut ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri etmedi+. 2 Gaýtam Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Bagalyň guýma butlaryny-da ýasady+. 3 Ol Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşdy+, Hennem oglunyň jülgesinde* gurban berip, hatda ogullaryny hem otda ýakdy+. 4 Şeýle-de ol seždegählerde*+, baýyrlarda we her bir uly agajyň aşagynda+ gurbanlyk ýakýardy.
5 Şol sebäpli Ýehowa Hudaý Ahazy Siriýa patyşasynyň eline berdi+. Siriýalylar Ahazy ýeňip, halkynyň köpüsini Damasga ýesirlige äkitdiler+. Hudaý Ahazy Ysraýyl patyşasynyň eline-de berdi. Ol bolsa Ahaz bilen halkynyň başyna betbagtçylyk getirdi. 6 Remalyň ogly Pekas+ bir günde Ýahudanyň 120 000 gaýduwsyz esgerini öldürdi, sebäbi olar ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowadan ýüz öwrüpdi+. 7 Efraýymlaryň edermen esgeri Zikri bolsa şazada Maseýany, baş wezir* Azrykamy we patyşanyň weziri Alkanany öldürdi. 8 Ysraýyllar ýahudalaryň aýallaryny, ogul-gyzlaryny, jemi 200 000 adamy ýesir aldylar. Birgiden olja hem alyp, Samariýa+ äkitdiler.
9 Şol ýerde Ýehowanyň Odet diýen pygamberi bardy. Ol Samariýa gelýän goşunyň öňünden çykyp: «Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowa Ýahuda halkyna gaharlanyp, siziň eliňize berdi+. Siz olary wagşylyk bilen gyrdyňyz, zalymlygyňyz göge baryp ýetdi. 10 Indi bolsa Ýahuda we Iýerusalim ilatyny gul-gyrnak etjek bolýaňyz+. Sizem Ýehowa Hudaýyň öňünde günäkär dälmi näme? 11 Meni diňläň-de, doganlaryňyzdan alan ýesirleriňizi yzyna iberiň, Ýehowanyň size gahary gelýär» diýdi.
12 Şonda efraýymlaryň baştutanlaryndan Ýehohananyň ogly Azarýa, Meşlemotyň ogly Bereketýar, Şalumyň ogly Ýehizkiýa we Hadlaýyň ogly Emasa söweşden gelýän esgerleriň öňünde durup: 13 «Ýesirleri şähere salmaň. Bizi Ýehowanyň öňünde günäkär etjek bolýaňyzmy? Öňki günälerimizi az görýäňizmi? Şonsuzam-a Hudaýyň ysraýyllara gahar-gazaby lowlap dur» diýdiler. 14 Esgerler getiren ýesirlerini, oljalaryny+ han-beglere we halka tabşyrdylar. 15 Halkyň arasyndan bellenen adamlar ýerinden turup, ýesirleriň eşigi ýoklaryna oljadan egin-eşik we çaryk berdiler. Iýip-içer ýaly zat, endamyna çalar ýaly ýag hem berdiler. Ysgyndan gaçanlary eşeklere mündürip, ählisini palma agaçly Ýerihon şäherine, doganlarynyň ýanyna äkitdiler. Soňra Samariýa dolandylar.
16 Şol wagtlar Ahaz patyşa kömek sorap, Assiriýa patyşalaryna ýüz tutdy+. 17 Edomlylar ýene-de Ýahuda çozup, ýesir alyp gitdiler. 18 Piliştliler+ hem Ýahudanyň Şepeladaky+ we Negepdäki şäherlerine çozup, Beýtşemeşi+, Aýalony+, Gederoty, Sokony we daş-töweregindäki galalary, Timnahy+ we daş-töweregindäki galalary, Gimzony we daş-töweregindäki galalary basyp aldylar. 19 Ýehowa Ysraýyl patyşasy Ahaz sebäpli, Ýahudany abraýdan düşürdi, sebäbi Ahaz ýahudalary ýoldan çykaryp, Ýehowa garşy agyr günäleri* etdiripdi.
20 Assiriýa patyşasy Tilgatpilneser+ Ahaza kömek etmegiň deregine, oňa garşy çykyp, sütem edip başlady+. 21 Şonda Ahaz Ýehowanyň öýündäki, köşkdäki+ we han-begleriň öýündäki ähli zady alyp, Assiriýa patyşasyna sowgat-serpaý iberdi, ýöne munuň peýdasy bolmady. 22 Ahaz kyn güne düşse-de, Ýehowanyň öňünde has agyr günäleri etdi. 23 Ol: «Siriýanyň taňrylary patyşalaryna kömek edýär, olara gurban bersem, maňa-da kömek eder»+ diýip, öz üstünden ýeňiş gazanan+ Damask taňrylaryna gurban berip başlady+. Olar bolsa Ahazy-da, ysraýyl halkyny-da heläkçilige uçratdylar. 24 Ahaz hak Hudaýyň öýündäki gap-gaçlary ýygnatdy. Ol hak Hudaýyň öýüniň gap-gaçlaryny bölekledi+, Ýehowanyň öýüniň gapylaryny ýapdy+, Iýerusalimiň her köçesinde gurbanlyk ojaklary* gurdy. 25 Ýahudanyň şäherlerinde hem ýalan taňrylara gurban bermek üçin seždegähleri gurdy+. Şeýdip, ol ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowanyň göwnüne degdi.
26 Ahazyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, eden işleri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň kitabynda başdan-aýak ýazylandyr+. 27 Soňra Ahaz aradan çykyp, Iýerusalimde jaýlandy, ýöne ony Ysraýyl patyşalarynyň mazarynda goýmadylar+. Ahazyň ýerine ogly Hizkiýa patyşa boldy.
29 Hizkiýa+ 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 29 ýyl höküm sürdi. Ejesi Abyýar Zekerýanyň gyzydy+. 2 Hizkiýa atasy Dawut+ ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. 3 Hizkiýa hökümdarlygynyň birinji ýylynyň birinji aýynda, Ýehowanyň öýüniň gapylaryny açyp bejertdi+. 4 Soňra ol ruhanylary we lewileri gündogar meýdança ýygnady. 5 Hizkiýa: «Eý lewiler, diňläň! Özüňizi tämizläň-de, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň öýüni mukaddes ediň+. Haram zatlary mukaddes ýerden çykaryň+. 6 Ata-babalarymyz Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip, biwepalyk etdiler+. Olar Ýehowanyň mukaddes öýünden we Hudaýdan ýüz öwürdiler+. 7 Minaranyň gapylaryny ýapyp+, şemlerini söndürdiler+. Ybadathanada Ysraýyl Hudaýyna tütetgi ýakmadylar+, ýakma gurbanlyklary bermediler+. 8 Şol sebäpli Ýehowa Ýahuda we Iýerusalim ilatyna gaharlanyp+, başyna betbagtçylyk inderdi. Olary başga halklaryň gepine goýup, ile gülki bolar ýaly etdi, muňa özüňizem şaýatsyňyz+. 9 Ata-babalarymyz gylyçdan geçirildi+, aýallarymyz, ogul-gyzlarymyz ýesirlige äkidildi+. 10 Indi men Ysraýyl Hudaýy Ýehowa bilen äht baglaşmagy+ ýüregime düwdüm. Belki, Hudaýyň gazaby sowlar. 11 Doganlar*, häzir el gowşuryp oturmagyň* wagty däl. Ýehowa sizi huzurynda hyzmat etmäge+ we gurban bermäge saýlady»+ diýdi.
12 Şonda lewiler işe girişdiler. Olar kohatlardan+ Emasaýyň ogly Mahat, Azarýanyň ogly Ýowel, merarlardan+ Abdynyň ogly Kiş, Ýehaleliň ogly Azarýa, gerşonlardan+ Zimmanyň ogly Ýowa, Ýowanyň ogly Erem; 13 Alsapanyň neslinden Şimri we Ýeguwel, Asafyň neslinden+ Zekerýa we Mattanýa; 14 Hemanyň neslinden+ Ýehiýel we Şimeý, Ýedutunyň neslinden+ Şemaýa we Uzyýeldi. 15 Olar doganlaryny ýygnap, özlerini tämizlediler. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, patyşanyň buýrugy bilen, Ýehowanyň öýüni arassaladylar+. 16 Ruhanylar Ýehowanyň öýüni arassalamak üçin içerik girip, Ýehowanyň ybadathanasyndaky haram zatlary Ýehowanyň öýüniň howlusyna+ çykardylar. Lewiler bolsa Kidron jülgesine+ daşadylar. 17 Birinji aýyň birine ybadathanany arassalap başlap, aýyň sekizine Ýehowanyň öýüniň minarasyna+ ýetdiler. Ýehowanyň öýüni sekiz günläp arassalap, birinji aýyň 16-syna doly gutardylar.
18 Soňra olar Hizkiýa patyşanyň ýanyna baryp: «Ýehowanyň öýüni arassalap bolduk. Gurbanlyk ojagy*+ bilen gap-gaçlaryny+, hödür çörek goýulýan stol+ bilen gap-gaçlaryny arassaladyk. 19 Hudaýa biwepalyk eden Ahaz patyşanyň aýyrdan gap-gaçlaryny+ hem tämizläp+, taýýarlap goýduk. Olar Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň öňünde dur» diýdiler.
20 Hizkiýa patyşa daň bilen turdy-da, şäheriň han-beglerini ýygnap, Ýehowanyň öýüne gitdi. 21 Olar patyşalyk, ybadathana we Ýahuda halky üçin günä gurbanlygyny berer ýaly, ýedi öküz, ýedi goç, ýedi erkek tokly we ýedi teke äkitdiler+. Hizkiýa patyşa Harunyň neslinden ruhanylara şol mallary Ýehowanyň gurbanlyk ojagynda gurban bermegi tabşyrdy. 22 Ilki öküzleri soýdular+, ruhanylar olaryň ganyny gurbanlyk ojagyna sepdiler+. Soňra goçlary soýup, ganyny gurbanlyk ojagyna sepdiler. Erkek toklulary hem soýup, ganyny gurbanlyk ojagyna sepdiler. 23 Patyşanyň we jemagatyň öňünde ruhanylar günä gurbanlygy üçin tekeleriň üstüne elini goýdular. 24 Ruhanylar olary soýup, ganyny gurbanlyk ojagynyň üstüne sepdiler. Tutuş ysraýyl halkyny günäden arassalamak üçin günä gurbanlygyny berdiler, sebäbi patyşa halk üçin ýakma gurbanlygyny we günä gurbanlygyny hödürlemegi tabşyrypdy.
25 Patyşanyň buýrugy bilen, lewiler Dawudyň+, patyşanyň görgüri* Gadyň+ we Natan+ pygamberiň goýan tertip-düzgünine görä, Ýehowanyň öýüniň ýanynda bürünç çanly*, kirişli saz gurally we arfaly+ durdylar. Ýehowa muny pygamberleri arkaly tabşyrypdy. 26 Lewiler eline Dawudyň saz gurallaryny, ruhanylar bolsa surnaýlary+ alyp durdylar.
27 Hizkiýa patyşa gurbanlyk ojagynda ýakma gurbanlygyny+ bermegi buýurdy. Ýakma gurbanlygy berlip başlanda, surnaýlary we Ysraýyl patyşasy Dawudyň saz gurallaryny çalyp, Ýehowanyň şanyna aýdym aýtdylar. 28 Ýakma gurbanlygy berilýänçä, surnaý çalyp, aýdym aýtdylar. Halk bolsa dyza çöküp, Hudaýa tagzym edýärdi. 29 Olar gurbanlyk berip bolan badyna, patyşa bilen adamlar dyza çöküp, Hudaýa tagzym etdi. 30 Soňra Hizkiýa patyşa bilen han-begler lewilere Dawudyň we Asaf görgüriň* mezmurlary bilen Ýehowany şöhratlandyrmagy+ buýurdy. Olar hem şatlyk-şowhun bilen Hudaýy şöhratlandyryp, dyza çöküp, tagzym etdiler.
31 Şonda Hizkiýa: «Siz indi Ýehowa üçin mukaddes bolduňyz. Geliň-de, Ýehowanyň öýünde sadakalary we şükür gurbanlyklary beriň» diýdi. Tutuş jemagat sadakalary we şükür gurbanlyklary getirip başlady, her kim göwnünden çykaran ýakma gurbanlygyny hem getirdi+. 32 Halk ýakma gurbanlygy üçin 70 öküz, 100 goç we 200 erkek tokly getirdi. Olary Ýehowa ýakma gurbanlygy edip berdiler+. 33 Başga-da mukaddes gurbanlyklar üçin 600 öküz* we 3 000 goýun getirdiler. 34 Ruhanylar ýakma gurbanlyklaryň derisini sypyrmaga ýetişmediler. Şol sebäpli ruhanylar özüni tämizleýänçä+ we işini dynýança, lewi doganlary olara kömek etdiler+. Ruhanylara garanyňda, lewiler özüni tämizlemäge çynlakaý garaýardy. 35 Şeýlelikde, birgiden ýakma gurbanlyklary+, parahatlyk gurbanlyklaryň ýagyny+ we ýakma gurbanlyklary bilen hödürlenýän şerap sadakalary+ berdiler. Ýehowanyň öýünde öňki ýaly hyzmat edip başladylar. 36 Ähli zat gysga wagtyň içinde boldy. Hizkiýa patyşa we tutuş jemagat hak Hudaýyň halkyna eden ýagşylyklaryna+ begendiler.
30 Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň şanyna Pasha baýramyny bellemek+ isledi. Ol tutuş Ysraýyla+ we Ýahuda, efraýym we manaşa taýpalaryna+ çenli hat iberip, olary Iýerusalime, Ýehowanyň öýüne çagyrdy. 2 Emma patyşa, han-begler we Iýerusalim ilaty Pasha baýramyny ikinji aýda+ bellemegi makul bildi. 3 Ruhanylaryň hemmesi özüni tämizlemändi+, halk hem Iýerusalime ýygnanyp ýetişmändi, şonuň üçin baýramçylygy wagtynda+ geçirip bilmediler. 4 Patyşa-da, bütin jemagat-da şeýle karara gelipdi. 5 Olar Beýer-şebadan tä Dana+ çenli tutuş Ysraýyla jar çekdirip, bütin halky Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň şanyna Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalime çagyrdylar. Sebäbi baýramçylygy Kanunda ýazylyşy ýaly tutuş halk bolup bellemändiler+.
6 Çaparlar patyşanyň buýrugyny berjaý etdiler. Olar patyşanyň we han-begleriň haty bilen tutuş Ysraýyla we Ýahuda aýlanyp, şeýle jar çekdiler: «Eý ysraýyllar, Ybraýymyň, Yshagyň we Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa dolanyň! Şonda ol sizi kabul eder*. Halkyň arasyndan diňe siz Assiriýa patyşalarynyň elinden ölmän galdyňyz+. 7 Ata-babalaryňyz we doganlaryňyz ýaly bolmaň! Olar ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa biwepalyk etdiler. Hudaý hem olaryň başyna betbagtçylyk getirdi, muňa özüňizem şaýat+. 8 Ata-babalaryňyz ýaly kesir bolmaň!+ Ýehowa tabyn boluň, ebedilik mukaddes eden öýüne+ gelip, Ýehowa Hudaýyňyza hyzmat ediň. Şonda Hudaýyň gazaby sizden sowlar+. 9 Ýehowa dolansaňyz, doganlaryňyzy we ogullaryňyzy ýesirlige äkiden duşmanlaryň haýpy gelip+, olary yzyna ugradar+. Ýehowa rehim-şepagatly*, geçirimli Hudaýdyr+, oňa dolansaňyz, ol sizi kabul eder*»+.
10 Çaparlar Efraýym we Manaşa+ topragyna şäherme-şäher aýlanyp, Zebuluna çenli bardylar. Emma adamlar ýaňsylap, olaryň üstünden güldüler+. 11 Ýöne aşer, manaşa we zebulun taýpasyndan käbir adamlar tabşyryga gulak asyp*, Iýerusalime geldi+. 12 Hak Hudaýyň kömegi bilen, Ýahuda ilaty-da patyşanyň we han-begleriň Ýehowanyň sözi esasynda beren tabşyrygyny agzybirlikde ýerine ýetirdiler.
13 Ikinji aýda+ Petir baýramyny bellemek+ üçin Iýerusalime birgiden adam ýygnandy. Baýramçylyga gelenleriň hetdi-hasaby ýokdy. 14 Olar Iýerusalimdäki ýalan taňrylaryň gurbanlyk ojaklaryny*+ we tütetgi ojaklaryny*+ aýryp, Kidron jülgesine zyňdylar. 15 Ikinji aýyň 14-ne Pasha gurbanlygyny soýdular. Ruhanylar we lewiler üýtgeşik zat etmändigine utanyp, özlerini tämizlediler-de, Ýehowanyň öýüne ýakma gurbanlyklaryny getirdiler. 16 Olar hak Hudaýyň guly Musanyň kanunyna görä borjuny ýerine ýetirdiler. Ruhanylar lewileriň getiren gurbanlyklarynyň ganyny alyp, gurbanlyk ojagyna sepdiler+. 17 Emma ýygnanan jemagatyň arasynda özüni tämizlemedik adamlar kändi. Tämizlenmedik adamlary+ Ýehowanyň öňünde mukaddes etmek üçin, lewilere Pasha gurbanlyklary soýmak tabşyryldy. 18 Adamlaryň köpüsi, esasan-da, efraýym, manaşa+, ysahar we zebulun taýpasy Kanunda ýazylyşy ýaly tämizlenmese-de, Pasha gurbanlygyndan iýdiler. Hizkiýa olar üçin doga edip: «Mähriban Ýehowa+, olaryň günäsini geç! 19 Mukaddes baýramçylyk üçin özlerini tämizlemese-de+, hak Hudaýa, ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa gulluk etmegi ýüregine düwen+ adamlara rehim et» diýdi. 20 Ýehowa Hizkiýanyň dogasyny eşidip, halkyň günäsini geçdi*.
21 Şeýlelikde, ysraýyllar ýedi günläp Iýerusalimde şatlyk-şowhun bilen+ Petir baýramyny bellediler+. Lewiler we ruhanylar bolsa her gün Ýehowanyň şanyna joşup saz çalyp, Ýehowany şöhratlandyrýardy+. 22 Hizkiýa Ýehowa edýän gullugyna çynlakaý seredýän* lewileri öwüp ruhlandyrdy. Olar baýramçylygyň ýedi güni+ hem iýip-içip, parahatlyk gurbanlyklary+ hödürläp, ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa alkyş aýtdylar.
23 Soňra halk ýene-de ýedi günläp baýramçylyk bellemegi makul bildi. Olar ýene ýedi gün şatlyk-şowhun bilen baýramçylyk bellediler+. 24 Ýahuda patyşasy Hizkiýa halk üçin 1 000 öküz we 7 000 goýun sadaka berdi, han-begler bolsa 1 000 öküz we 10 000 goýun berdiler+. Ruhanylaryň köpüsi özüni tämizläpdi+. 25 Ruhanylar, lewiler, Ýahuda we Ysraýyl ilaty+, Ysraýyldan gelen we Ýahudada ýaşaýan gelmişekler+ uly şatlyk-şowhun etdiler. 26 Iýerusalimde şatlyk-şagalaň boldy, Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň döwründen bäri Iýerusalimde şeýle baýram edilmändi+. 27 Soňra lewi ruhanylary turup, halka ak pata berdiler+. Olaryň doga-dilegleri göklere, Hudaýyň mukaddes mekanyna baryp ýetdi, Hudaý olary eşitdi.
31 Baýramçylyk gutaran badyna, ähli ysraýyllar Ýahudanyň şäherlerine gidip, tutuş Ýahudadaky, Benýamin, Efraýym we Manaşa+ topragyndaky keramatly sütünleri çym-pytrak etdiler+, keramatly pürsleri* çapdylar+, seždegähleri*+ we gurbanlyk ojaklary* ýumurdylar+. Olaryň ählisini ýok edip, her kim öz şäherine, mülküne dolandy.
2 Soňra Hizkiýa patyşa ruhanylary we lewileri topara bölüp+, hersine ýerine ýetirmeli borjuny tabşyrdy+. Olar ýakma gurbanlyklary we parahatlyk gurbanlyklary berip, Ýehowanyň howlularynyň derwezelerinde Hudaýy şöhratlandyryp, alkyş aýdyp, hyzmat etmelidi+. 3 Hizkiýa patyşa Ýehowanyň kanunyna görä, ertirine-agşamyna+, Sabat günlerinde+, Täze aý baýramynda+ we başga-da baýramçylyklarda+ ýakma gurbanlyklary bermek üçin mal-mülkünden paý aýyrdy+.
4 Lewiler we ruhanylar Ýehowanyň kanunyny birkemsiz ýerine ýetirer ýaly*, Hizkiýa Iýerusalimiň ilatyna olara paý+ bermegi tabşyrdy. 5 Perman çykan badyna, ysraýyllar gallanyň, täze şerabyň, ýagyň+, balyň we hasylyň ilkinji miwesinden+ birgiden zat getirdiler. Olar ähli zadyň ondan bir bölegini artygy bilen getirdiler+. 6 Ýahudanyň şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllar we ýahudalar öküziň, goýnuň we Ýehowa Hudaýa bagyş eden mukaddes sadakalarynyň ondan bir bölegini getirdiler+. Getiren zatlary juda köpdi. 7 Halkyň getiren sadakalaryny üçünji aýda+ ýygnap başlap, ýedinji aýda+ tamamladylar. 8 Hizkiýa bilen han-begler ýygnalan zatlaryň köpdügini görüp, Ýehowany şöhratlandyrdylar we ysraýyl halkyna ak pata berdiler.
9 Hizkiýa ruhanylardan we lewilerden munça zady nädip ýygnandygyny sorady. 10 Sadygyň maşgalasyndan uly ruhany Azarýa: «Ýehowanyň öýüne sadaka getirilip+ başlany bäri bolelin iýip içdik, şonda-da köp zat galdy. Ýehowa halkyna bereket berdi. Seret, birgiden zat artyp hem galdy»+ diýdi.
11 Hizkiýa olara Ýehowanyň öýünde ammarlary*+ taýynlamagy tabşyrdy. Olar ammarlary taýynladylar. 12 Halk sadakalary, ähli zadyň ondan bir bölegini+ we mukaddes zatlary yzyny üzmän getirýärdi. Lewilerden Konanýa şol sadakalara gözegçilik edýärdi, dogany Şimeý kömekçisidi. 13 Hizkiýa patyşanyň buýrugy bilen, Ýehiýeli, Azazýany, Nahaty, Asaheli, Ýerimoty, Ýozabaty, Alygeli, Ismahýany, Mahaty we Binaýany Konanýa bilen dogany Şimeýe kömek etmäge bellediler. Azarýa bolsa hak Hudaýyň öýüne gözegçilik edýärdi. 14 Ybadathananyň gündogar derwezesinde durýan lewilerden+ Imnanyň ogly Kore sakçy hak Hudaýa getirilýän sadakalara+ jogap berýärdi. Ol Ýehowa üçin berilýän sadakalary+ we iň mukaddes zatlary+ paýlaýardy. 15 Erem, Minýamin, Ýoşuw, Şemaýa, Emirýar we Şekanýa Koreniň baştutanlygynda ruhanylaryň şäherlerinde+ doganlaryna uly-kiçi diýmän, paýlaryny deň bölüp berýärdi+. 16 Şeýlelikde, nesil daragtynda hasaba alynmadyklara-da paý berilýärdi. Nesil daragtynda üç ýaşdan ýokary erkekler hasaba alnypdy. Olar her gün Ýehowanyň öýüne gelip, toparlaryna görä borjuny ýerine ýetirýärdi.
17 Ruhanylar tirelerine+ görä hasaba alnypdy, lewileriň 20 ýaşdan ýokary erkekleri+ bolsa borçlaryna+ görä hasaba alnypdy. 18 Nesil daragtynda olaryň tutuş maşgalasynyň, çagalarynyň, aýallarynyň, ogul-gyzlarynyň ady ýazylypdy. Olar mukaddes borjy ýerine ýetirýändigi üçin hemişe mukaddes bolmalydy. 19 Öri meýdanly+ şäherlerde ýaşaýan Harunyň neslinden ruhanylar hem hasaba alnypdy. Nesil daragtynda ady agzalýan ruhanylara we lewilere paý bermek üçin, şol şäherlerde ýörite adamlary bellediler.
20 Hizkiýa tutuş Ýahudada şeýle etdi. Ol Ýehowanyň öňünde ýagşy we dogry işleri edip, Hudaýa wepaly boldy. 21 Ol Hudaýa gulluk edip, hak Hudaýyň öýüniň hyzmaty+, kanuny we tabşyrygy bilen bagly islendik işe ýürekden ýapyşýardy, edeni hem ugruna bolýardy.
32 Hizkiýa Hudaýa wepaly bolup, köp ýagşy işleri etdi+. Assiriýa patyşasy Sanherip Ýahuda çozup, galalary gabady. Ol şäherleriň diwarlaryny ýumrup, basyp aljak bolýardy+.
2 Sanheribiň Iýerusalime çozmaga gelendigini gören Hizkiýa patyşa 3 han-begleri we esgerleri bilen maslahatlaşyp, şäheriň daşyndaky çeşmeleriň gözbaşyny ýapjakdygyny aýtdy+. Olar patyşany goldadylar. 4 Adamlar üýşüp: «Assiriýa patyşalary gelende, hiç hili suw tapmaz ýaly edeliň» diýip, ýurduň ähli çeşmelerini we ýaplaryny gömüp çykdylar.
5 Soňra Hizkiýa aýgytly hereket edip, şäheriň diwarynyň ýykylan ýerlerini dikeltdi, diňler gurup, daşyndan ýene bir diwar aýlady. Dawudyň şäherindäki Millony*+ hem dikeldip, birgiden ýarag we galkan ýasady. 6 Esgerleriň üstünden serkerdeleri belledi. Hizkiýa olary şäher derwezesiniň meýdançasyna* ýygnady-da, ruhlandyryp: 7 «Batyrgaý hem dogumly boluň. Assiriýa patyşasyndan+, uly goşunyndan gorkup, howsala düşmäň. Biziňkiler olardan has köpdür+. 8 Ol ynsan güýjüne bil baglaýar, biz bolsa Ýehowa Hudaýymyza bil baglaýarys. Hudaý biziň üçin söweşer, kömek eder»+ diýdi. Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözlerini eşidip, halk ruhlandy+.
9 Goşuny bilen Lakyşyň+ golaýynda duran Assiriýa patyşasy Sanherip wekillerini Iýerusalime iberip, Ýahuda patyşasy Hizkiýa we Iýerusalimdäki ýahudalara+ şeýle habar ýollady:
10 «Assiriýa patyşasy Sanherip şeýle diýýär: „Iýerusalimiň gabalandygyny göreňizokmy? Şäherde arkaýyn otyrsyňyz welin, nämä daýanýaňyz?+ 11 Hizkiýa sizi aç-suwsuz öldürjek bolýar. Ol: „Ýehowa Hudaýymyz Assiriýa patyşasynyň elinden halas eder“ diýip aldaýar+. 12 Ýahuda we Iýerusalim ilatyna: „Siz diňe ýekeje gurbanlyk ojagynda* sežde edip, gurban bermeli“ diýen bolup, Hudaýyňyzyň seždegählerini*+ we gurbanlyk ojaklaryny ýumran+ Hizkiýa dälmi näme?!+ 13 Ata-babalarym bilen meniň başga halklara näme edenimi eşitmediňizmi?+ Şol halklaryň taňrylary ýurduny elimden halas edip bildimi?+ 14 Ata-babalarym köp halklary ýok etdi. Taňrylaryň haýsysy halkyny elimden halas edip bildi? Indi gel-gel siziň Hudaýyňyz elimden halas eder öýdýäňizmi?+ 15 Hizkiýanyň gepine gidip, özüňizi aldatmaň+. Oňa ynanmaň, hiç bir halkyň ýa patyşalygyň taňrysy halkyny ata-babalarymyň-da, meniň-de elimden halas edip bilen däldir. Siziň Hudaýyňyz asla halas edip bilmez!“»+
16 Sanheribiň wekilleri hak Hudaý Ýehowany we Hudaýyň guly Hizkiýany has-da kemsidip başladylar. 17 Sanherip Ysraýyl Hudaýy Ýehowa dil ýetirip+, gyjalat bermek üçin şeýle hat ýazdy+: «Hiç bir taňry halkyny meniň elimden halas edip bilmedi+. Hizkiýanyň Hudaýy hem halkyny elimden halas edip bilmez». 18 Olar Iýerusalimi basyp almak üçin, halky gorkuzyp, howsala düşürjek bolýardylar. Şonuň üçin diwaryň üstündäki adamlara ýehudy dilinde gygyryp geplediler+. 19 Olar ynsan eli bilen ýasalan taňrylary kemsidişi ýaly, Iýerusalimiň Hudaýyny-da kemsitdiler. 20 Hizkiýa patyşa we Amozyň ogly Işaýa pygamber+ bolsa dyngysyz doga edip, Hudaýdan kömek sorady+.
21 Şonda Ýehowa perişdesini iberip, Assiriýa patyşasynyň düşelgesindäki ähli edermen esgerleri, baştutanlary we serkerdeleri gyrdy+. Sanherip masgara bolup, ýurduna dolandy. Bir gün ol taňrysynyň buthanasyna baranda, ogullary ony gylyçdan geçirdi+. 22 Şeýdip, Ýehowa Hizkiýany we Iýerusalimiň ilatyny Assiriýa patyşasy Sanheribiň elinden halas etdi, olary daş-töwerekdäki ähli duşmanlardan gorady*. 23 Köp adamlar Iýerusalime Ýehowa üçin sadaka getirdiler, Ýahuda patyşasy Hizkiýa-da gymmatbaha sowgatlary berdiler+. Halklar arasynda Hizkiýanyň abraýy has-da artýardy.
24 Şol wagtlar Hizkiýa agyr keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol Ýehowa doga etdi+, Hudaý hem jogap berip, bir gudrat* görkezdi+. 25 Emma Hizkiýa edilen ýagşylygyň gadyryny bilmedi. Ol tekepbir bolup, özüni-de, Ýahuda we Iýerusalim ilatyny-da, Hudaýyň gazabyna sezewar etdi. 26 Soňra Hizkiýa tekepbirlik edenine ökünip, özüni kiçeltdi+. Iýerusalimiň ilaty hem toba etdi*. Şol sebäpli Ýehowa Hizkiýanyň döwründe olara jeza bermedi+.
27 Hizkiýa juda baýap, şan-şöhrat gazandy+. Ol altyn-kümşüni, gymmatbaha daşlaryny, melhem ýagyny, galkanlaryny we gymmatbaha zatlaryny goýmak üçin hazynalar+ gurdy. 28 Galla, täze şerap we ýag goýar ýaly ammarlar saldy, mal-garasy üçin ýataklar we agyllar gurdy. 29 Ol özüne şäherler hem gurdy. Hizkiýanyň mal-garasy köpdi, Hudaý bol bereket beripdi. 30 Hizkiýa Gihon+ çeşmesiniň ýokarky gözbaşyna böwet goýup+, suwy günbatara, Dawudyň şäherine+ sowdy. Hizkiýanyň ähli işi rowaçlanýardy. 31 Biraz wagtdan Wawilonyň han-begleri Hizkiýanyň ýanyna wekillerini iberip, ýurtda bolan+ gudrat+ hakda soradylar. Şonda hak Hudaý Hizkiýany barlap+, ýüregini biljek+ boldy*.
32 Hizkiýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, Hudaýa wepaly bolup* eden işleri+ hakda Amozyň ogly Işaýa+ pygamberiň görnüşinde*, Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň kitabynda ýazylandyr+. 33 Soňra Hizkiýa aradan çykyp, Dawudyň nesliniň mazaryna çykylýan ýerde jaýlandy+. Tutuş Ýahuda we Iýerusalim ilaty Hizkiýa üçin ýas tutdy. Hizkiýanyň ýerine ogly Manaşa patyşa boldy.
33 Manaşa+ 12 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 55 ýyl höküm sürdi+.
2 Manaşa Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşup, Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdi+. 3 Ol kakasy Hizkiýanyň ýumran seždegählerini*+ dikeltdi, Bagal butlary üçin gurbanlyk ojaklaryny* gurup, keramatly pürsleri* dikdi. Asman jisimlerine* tagzym etdi, sežde etdi+. 4 Ýehowa: «Iýerusalim hemişe meniň adymy göterer»+ diýipdi. Manaşa bolsa Ýehowanyň öýünde ýalan taňrylar üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+. 5 Ýehowanyň öýüniň iki howlusynda-da asman jisimleri üçin gurbanlyk ojaklaryny gurdy+. 6 Ol hatda ogullaryny hem Hennem oglunyň jülgesinde*+ otda ýakyp gurban berdi+, jadygöýlik+, palçylyk we gözbagçylyk edip, jadygöýleri hem bilgiçleri*+ belledi. Manaşa Ýehowanyň öňünde köp erbet işleri edip, Hudaýyň göwnüne degdi.
7 Ol oýma but ýasap, hak Hudaýyň öýünde+ goýdy. Hudaý Dawut bilen ogly Süleýmana: «Şu öý, ysraýyl taýpalarynyň arasyndan saýlan şäherim Iýerusalim hemişe meniň adymy göterer+. 8 Ysraýyllar tabşyryklarymy birkemsiz ýerine ýetirseler, gulum Musa arkaly beren kanunyma, düzgünlerime we hökümlerime doly eýerseler, olary ata-babalaryna beren ýurdumdan hiç wagt kowmaryn» diýipdi. 9 Manaşa bolsa Ýahuda we Iýerusalim ilatyny ýoldan çykardy. Olar Ýehowanyň ýurtdan ýok eden halklaryndan hem beter erbet işleri etdiler+.
10 Ýehowa Manaşa we halka gaýta-gaýta duýduryş berdi, emma olar gulak asmadylar*+. 11 Şol sebäpli Ýehowa Assiriýa patyşasynyň goşun serkerdelerini olara garşy aýaga galdyrdy. Serkerdeler Manaşa çeňňek ildirip*, iki mis gandala baglap, Wawilona äkitdiler. 12 Manaşa betbagtçylyga uçranda, Ýehowa Hudaýdan rehim-şepagat diledi. Ol ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni kiçeltdi. 13 Manaşa dyngysyz doga etdi, Hudaý hem ahy-nalasyny, doga-dilegini eşidip, Iýerusalimdäki patyşalyk tagtyny gaýtaryp berdi+. Şonda Manaşa Ýehowanyň hak Hudaýdygyna göz ýetirdi+.
14 Manaşa jülgede ýerleşýän Gihonyň+ günbataryndan Balyk derwezesine+ çenli aralykda Dawudyň şäheriniň+ daşyna beýik diwar aýlady. Diwar Opele+ çenli uzalýardy. Soňra ol Ýahudanyň galalarynda goşun serkerdelerini belledi. 15 Manaşa Ýehowanyň öýünden ýalan taňrylary we butlary aýyrdy+. Ýehowanyň öýüniň dagynda we Iýerusalimde guran gurbanlyk ojaklaryny+ hem aýryp, şäheriň daşyna zyňdyrdy. 16 Ýehowanyň gurbanlyk ojagyny+ täzeden gurup, parahatlyk gurbanlyklary+ we şükür gurbanlyklary+ berip başlady. Ýahuda ilatyny Ysraýyl Hudaýy Ýehowa gulluk etmäge höweslendirdi. 17 Halk diňe Ýehowa Hudaýa gurbanlyk berýärdi, emma ony seždegählerde hödürleýärdi.
18 Manaşanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, Hudaýa eden dogasy we Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň pygamberleri* arkaly aýdan habary Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 19 Şeýle-de Manaşanyň eden dogasy+, Hudaýyň jogap berişi, ähli eden günäleri we biwepalygy+, toba etmänkä* guran seždegähleri, keramatly pürsleri*+ we oýma butlary hakda patyşanyň görgürleriniň* golýazmalarynda ýazylandyr. 20 Soňra Manaşa aradan çykyp, köşgüniň golaýynda jaýlandy, ýerine ogly Amon patyşa boldy+.
21 Amon+ 22 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde iki ýyl höküm sürdi+. 22 Amon kakasy Manaşa ýaly, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. Ol kakasy Manaşanyň ýasan oýma butlaryna+ gurban berip, sežde edýärdi. 23 Ol kakasy Manaşa ýaly+, Ýehowanyň öňünde özüni kiçeltmedi+, gaýtam has köp günäleri etdi. 24 Ahyrsoňy hyzmatkärleri dil düwşüp+, köşkde Amony öldürdiler. 25 Emma adamlar Amon patyşa garşy dil düwşenleri öldürip+, ýerine ogly Ýoşyýany patyşa bellediler+.
34 Ýoşyýa+ sekiz ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 31 ýyl höküm sürdi+. 2 Ýoşyýa Ýehowanyň öňünde dogry işleri etdi. Ol atasy Dawudyň ýolundan ýöräp, saga-sola sowulmady.
3 Ýoşyýa hökümdarlygynyň 8-nji ýylynda, heniz ýaş oglanka, atasy Dawudyň Hudaýyny agtaryp başlady+. Hökümdarlygynyň 12-nji ýylynda, Ýahuda bilen Iýerusalimdäki seždegähleri*+, keramatly pürsleri*, oýma we guýma butlary+ aýryp başlady+. 4 Patyşanyň buýrugy bilen, Bagal butlarynyň gurbanlyk ojaklaryny* çym-pytrak etdiler. Ýoşyýa olaryň üstündäki tütetgi ojaklary* hem aýyrdy. Keramatly pürsleri*, oýma we guýma butlary bölekläp, kül-owram etdi-de, butlara gurban beren adamlaryň mazaryna dökdi+. 5 Ruhanylarynyň süňklerini bolsa gurbanlyk ojaklarynyň üstünde ýakdy+. Ýoşyýa patyşa Ýahudany we Iýerusalimi doly arassalady.
6 Ol Manaşa, Efraýym+, Şimgon we Naftaly topragyndaky şäherlerde we daş-töweregindäki harabalarda gurlan 7 gurbanlyk ojaklary ýumurdy, keramatly pürsleri* we oýma butlary+ kül-owram etdi. Ýoşyýa Ysraýyldaky+ tütetgi ojaklary hem aýryp, Iýerusalime dolandy.
8 Ýoşyýa hökümdarlygynyň 18-nji ýylynda, ýurdy we ybadathanany doly arassalap boldy. Soňra ol Asalýanyň ogly Şapany+, şäher häkimi Maseýany we Ýowahazyň ogly Ýowa mürzäni Ýehowa Hudaýyň öýüni bejermäge iberdi+. 9 Olar baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna baryp, Hudaýyň öýi üçin ýygnalan pullary berdiler. Gapyda durýan lewiler şol pullary Manaşa we Efraýym topragynyň, Ysraýylyň+, Ýahudanyň, Benýamin topragynyň we Iýerusalimiň ilatyndan ýygnapdy. 10 Pullary Ýehowanyň öýüni bejerýän gözegçilere berdiler. Işçiler hem Ýehowanyň öýüni bejerip, zaýalanan ýerlerini düzetdiler. 11 Senetçilere we gurluşykçylara pul berdiler. Olar ýonulan daşlary, agaçlary we pürsleri satyn alyp, Ýahuda patyşalarynyň biperwaýlygy sebäpli haraba öwrülen ýerleri düzetmelidi+.
12 Adamlar işe erjellik bilen ýapyşdylar+. Olara lewileriň merar+ tiresinden Ýahat bilen Abdyýary, kohat+ tiresinden Zekerýa bilen Meşullamy gözegçi bellediler. Ökde sazanda bolan lewiler+ 13 ýük daşaýanlara we beýleki işçilere seredýärdi. Käbir lewiler bolsa kätip, gözegçi we derwezeban+ bolup hyzmat edýärdi.
14 Ýehowanyň öýüne getirilen pullary+ ýygnap ýörkäler, Hilkiýa ruhany Ýehowanyň Musa arkaly beren+ Kanun kitabyny+ tapdy. 15 Şonda Hilkiýa Şapan kätibe: «Ýehowanyň öýünden Kanun kitabyny tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby Şapana berdi. 16 Şapan kitaby aldy-da, patyşanyň ýanyna gidip: «Hyzmatkärleriň tabşyran işleriňi ýerine ýetirýär. 17 Ýehowanyň öýündäki pullary ýygnap, gözegçilere we gurluşykçylara berdiler» diýdi. 18 Soňra ol: «Ine şu kitaby hem Hilkiýa ruhany berdi»+ diýip, patyşanyň öňünde okap başlady+.
19 Ýoşyýa patyşa Kanunda ýazylan sözleri eşiden badyna, ýakasyny ýyrtdy+. 20 Ol Hilkiýa, Şapanyň ogly Ahykama+, Mikaýyň ogly Abdona, Şapan kätibe we şa hyzmatçysy Asaýa: 21 «Gidiň-de, Ýehowadan kitapdaky sözlere görä maňa, Ysraýylda we Ýahudada diri galan halka näme boljagyny soraň. Ýehowa üstümize gahar-gazabyny inderer, sebäbi ata-babalarymyz kitapda ýazylan tabşyryklary ýerine ýetirmediler, Ýehowanyň sözüne gulak asmadylar»+ diýdi.
22 Hilkiýa ruhany patyşanyň iberen adamlary bilen Hulda atly pygamber aýalyň+ ýanyna gitdi. Ol Harhasyň agtygy, Tegwanyň ogly Şalumyň aýalydy. Şalum egin-eşik saklanýan jaýyň gözegçisidi. Hulda Iýerusalimiň täze gurlan tarapynda ýaşaýardy. Olar baryp, Hulda bilen gepleşdiler+. 23 Hulda olara şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sizi iberen adama aýdyň. 24 — Ýehowa yglan edýär — men ýurda we ilatynyň başyna betbagtçylyk getirerin+. Ýahuda patyşasynyň huzurynda okalan kitapdaky gargyşlaryň ählisi başyňyzdan iner+. 25 Olar menden ýüz öwrüp+, başga taňrylar üçin gurbanlyk ýakdylar, eden işleri bilen göwnüme degdiler+. Şonuň üçin ýurda gahar-gazabymy indererin, hiç wagt köşeşmerin“+. 26 Emma sizi Ýehowanyň ýanyna iberen Ýahuda patyşasyna aýdyň: „Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sen Kanundaky sözleri+ 27 ýürekden kabul etdiň. Hudaýyň ýurda we ilata çykaran hökümini eşidip, Hudaýyň öňünde özüňi kiçeltdiň, ýakaňy ýyrtyp, gözýaş dökdüň. Özüňi kiçeldendigiň üçin, dilegiňi eşitdim+. Muny Ýehowa aýdýar. 28 Sen ýurda we ilatyna inderjek betbagtçylygymy görmersiň, asudalykda dünýäden ötüp jaýlanarsyň“»+.
Olar hem gidip, muny patyşa habar berdiler. 29 Şonda patyşa habar ýollap, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularyny ýygnady+. 30 Ol tutuş Ýahuda we Iýerusalim ilatyny, ruhanylary, lewileri, uludan-kiçä ähli adamy alyp, Ýehowanyň öýüne gitdi. Patyşa olara Ýehowanyň öýünden tapylan äht kitabyny okap berdi+. 31 Ol öz ýerinde durup, kitapda ýazylan sözlere* görä+ Ýehowa bilen äht baglaşdy*. Ýehowanyň ýolundan ýöräp, tabşyryklaryny, öwüt-ündewlerini* we kanunlaryny bütin ýüregi, bütin jany*+ bilen ýerine ýetirip, şol ähte görä ýaşamagy söz berdi+. 32 Ýoşyýa patyşa Iýerusalimiň we Benýaminiň ilatyny-da şol ähte eýermäge höweslendirdi. Şeýlelikde, Iýerusalim ilaty ata-babalarynyň Hudaýy bilen baglaşan ähtine görä ýaşap başlady+. 33 Soňra patyşa Ysraýyl ýurdundaky ýigrenji butlary ýok etdi+. Ol ysraýyllary hem Ýehowa Hudaýa gulluk etmäge höweslendirdi. Ýoşyýanyň döwründe olar ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowanyň ýolundan sowulmadylar.
35 Ýoşyýa patyşa Iýerusalimde Ýehowanyň şanyna Pasha baýramyny belledi+. Birinji aýyň 14-ne+ Pasha gurbanlygyny soýdular+. 2 Ýoşyýa ruhanylara borçlaryny tabşyryp, Ýehowanyň öýünde hyzmat etmäge höweslendirdi+. 3 Ýoşyýa patyşa Ýehowa üçin mukaddes edilen we ysraýyl halkyna Hudaýyň kanunyny öwredýän+ lewilere şeýle diýdi: «Mukaddes äht sandygyny Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň guran ybadathanasynda goýuň+. Indi sandygy egniňizde götermeli bolmarsyňyz+. Ýehowa Hudaýyňyza we ysraýyl halkyna hyzmat ediň. 4 Ysraýyl patyşasy Dawudyň+ we ogly Süleýmanyň görkezmesine eýerip, tireleriňize we toparlaryňyza görä borjuňyzy ýerine ýetirmäge taýýarlanyň+. 5 Tireleriňize görä topara bölünip, mukaddes ýerde duruň. Her topar beýleki ysraýyl tireleriniň ýanynda dursun. 6 Pasha gurbanlygyny soýup+, özüňizi tämizläň. Ýehowanyň Musa arkaly tabşyryşy ýaly, doganlaryňyza hyzmat etmäge taýýarlanyň».
7 Ýoşyýa halka Pasha gurbanlygy üçin 30 000 erkek tokly bilen owlak* we 3 000 öküz berdi. Patyşa olary öz sürüsinden beripdi+. 8 Han-begler hem halka, ruhanylara we lewilere göwnünden çykaryp sadaka berdiler. Hak Hudaýyň öýüne gözegçilik edýän Hilkiýa+, Zekerýa bilen Ýehiýel Pasha gurbanlygy üçin ruhanylara 2 600 goýun we 300 öküz berdi. 9 Lewi baştutanlary Konanýa we doganlary Şemaýa bilen Netanel, Hasapýar, Ýegel, Ýozabat Pasha gurbanlygy üçin lewilere 5 000 goýun we 500 öküz berdi.
10 Ähli zat taýyn bolansoň, patyşanyň tabşyryşy ýaly, ruhanylar we lewiler topara+ bölünip durdular. 11 Pasha gurbanlygy soýlanda+, ruhanylar olaryň ganyny+ alyp, gurbanlyk ojagyna* sepdiler. Lewiler bolsa mallaryň derisini sypyrýardy+. 12 Soňra halka paýlamak üçin ýakma gurbanlyklary taýýarladylar. Halk tirelerine görä bölünipdi. Ýehowa üçin ýakma gurbanlyklary Musanyň kitabynda ýazylyşy ýaly hödürlediler. Öküzleri hem şeýdip gurban berdiler. 13 Pasha gurbanlygyny adat boýunça otda bişirdiler*+. Mukaddes sadakalary gazanda, pitide we saçda* bişirip, dessine halka paýladylar. 14 Lewiler özleri üçin hem, ruhanylar üçin hem Pasha gurbanlygyny taýýarlamaly boldy. Sebäbi Harunyň neslinden ruhanylar ýakma gurbanlyklary we olaryň ýagyny Gün ýaşýança hödürlediler. Şeýlelikde, lewiler özlerine-de, Harunyň neslinden ruhanylara-da Pasha gurbanlygyny taýynladylar.
15 Asafyň+ neslinden aýdymçylar Dawudyň+, Asafyň+, Hemanyň we patyşanyň görgüri* Ýedutunyň+ tabşyryşy ýaly, öz ýerlerinde durdular. Her derwezede derwezeban goýlupdy+. Derwezebanlara nobatçylygyny goýup, öýüne gitmek gerek bolmady, sebäbi olar üçin Pasha gurbanlygyny lewi doganlary taýýarlady. 16 Ýoşyýa patyşanyň buýrugy bilen+, şol gün Pasha baýramyny Ýehowanyň tabşyryşy ýaly bellemäge+ we Ýehowanyň gurbanlyk ojagynda* ýakma gurbanlyklary bermäge taýýarlyk gördüler.
17 Ysraýyllar Iýerusalime ýygnanyp, Pasha baýramyny we ýedi günläp Petir baýramyny bellediler+. 18 Şamuwel pygamberiň döwründen bäri Pasha baýramy Ysraýylda şeýle uludan bellenmändi. Ysraýyl patyşalarynyň hiç biri şol baýramçylygy Ýoşyýa patyşanyň, ruhanylaryň, lewileriň, Ysraýyl, Ýahuda we Iýerusalim ilatynyň belleýşi ýaly bellemändi+. 19 Şeýlelikde, Ýoşyýanyň hökümdarlygynyň 18-nji ýylynda Pasha baýramy bellendi.
20 Ýoşyýa patyşa ybadathanany dikeldensoň, Müsür patyşasy Neho+ Ýewfrat derýasynyň golaýyndaky Karkemişe söweşmäge geldi. Ýoşyýa onuň garşysyna çykdy+. 21 Emma Neho çaparlaryny ýollap: «Eý Ýahuda patyşasy! Näme üçin garşyma çykýaň? Men seniň bilen söweşjek bolamok, duşmanym bilen söweşmäge geldim. Hudaý maňa eglenme diýdi. Meni goldaýan Hudaýa garşy çykyp, özüňe zyýan ýetirme, ýogsam ol seni heläk eder» diýdi. 22 Ýoşyýa şonda-da söweşmekden el çekmedi. Ol Nehonyň Hudaý tarapyn aýdan sözlerini diňlemän, Megiddo düzlügine+ söweşe çykdy. Ýöne özüni tanatmajak bolup, başga eşik geýdi+.
23 Ýaýçylar ok atyp, Ýoşyýa patyşany agyr ýaraladylar. Şonda ol hyzmatkärlerine: «Meni söweş meýdanyndan çykaryň, agyr ýaralandym» diýdi. 24 Hyzmatkärler Ýoşyýany söweş arabasyndan düşürip, beýleki söweş arabasynda Iýerusalime äkitdiler. Soňra Ýoşyýa aradan çykyp, ata-babalarynyň mazarynda jaýlandy+. Ýahuda we Iýerusalim ilaty Ýoşyýa üçin ýas tutdy. 25 Ýermeýa pygamber+ Ýoşyýanyň hatyrasyna ýas aýdymyny aýtdy. Aýal-erkek aýdymçylar+ Ýoşyýa baradaky ýas aýdymy häli-häzire çenli aýdýarlar. Ýas aýdymlary aýtmak Ysraýylda adat bolup galdy, olary beýleki aýdymlaryň arasyna goşdular.
26 Ýoşyýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, Hudaýa wepaly bolup*, Ýehowanyň kanunyny ýerine ýetirişi, 27 eden işleri hakda Ysraýyl we Ýahuda patyşalarynyň kitabynda başdan-aýak ýazylandyr+.
36 Soňra halk Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazyň+ başyna ýag guýup, Iýerusalimde kakasynyň ýerine patyşa belledi+. 2 Ýehogahaz 23 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde üç aý höküm sürdi. 3 Emma Müsür patyşasy ony Iýerusalimde tagtdan düşürip, ilatyna 100 batman* kümüş we bir batman altyn salgyt saldy+. 4 Soňra Müsür patyşasy Neho+ Ýehogahazyň dogany Alyýakymy Ýahuda we Iýerusalime patyşa belläp, adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Ýehogahazy bolsa Müsüre äkitdi+.
5 Ýehoýakym+ 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 11 ýyl höküm sürdi. Ýehoýakym Ýehowa Hudaýyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 6 Soňra ýurda Wawilon patyşasy Nawuhodonosor+ çozup, Ýehoýakymy iki mis gandala baglap, Wawilona äkitjek boldy+. 7 Nawuhodonosor Ýehowanyň öýündäki käbir gap-gaçlary Wawilona äkidip, köşgünde goýdy+. 8 Ýehoýakymyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, ýigrenji işleri we ýamanlyklary Ysraýyl hem-de Ýahuda patyşalarynyň kitabynda ýazylandyr. Ýehoýakymyň ýerine ogly Ýehoýakyn patyşa boldy+.
9 Ýehoýakyn+ 18 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde üç aý on gün höküm sürdi. Ýehoýakyn Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 10 Ýylyň başynda* Nawuhodonosor patyşa nökerlerini iberip, Ýehoýakyn patyşany we Ýehowanyň öýündäki gymmatbaha zatlary+ Wawilona getirtdi+. Ýehoýakynyň agasy* Sadykýary bolsa Ýahuda we Iýerusalime patyşa belledi+.
11 Sadykýar+ 21 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 11 ýyl höküm sürdi+. 12 Sadykýar Ýehowa Hudaýyň öňünde erbet işleri edýärdi. Ol Ýehowanyň habaryny aýdan Ýermeýa pygambere+ gulak asmady*. 13 Sadykýar Nawuhodonosor patyşa+ bilen Hudaýyň adyndan ylalaşyk baglaşsa-da, oňa garşy gozgalaň turuzdy. Ol boýnuýogynlyk edip, ýüregini gatatdy, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa dolanmak islemedi. 14 Ruhanylaryň baştutanlarynyň we halkyň eden günäleri* hetden aşypdy. Olar başga halklaryň ýigrenji işlerine baş goşup, Ýehowanyň Iýerusalimdäki mukaddes ybadathanasyny haram etdiler+.
15 Ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa pygamberlerini iberip, olara gaýta-gaýta duýduryş berdi. Sebäbi Hudaýyň öz halkyna we mukaddes mekanyna ýüregi awaýardy. 16 Olar bolsa hak Hudaýyň wekilleriniň üstünden güldüler+, sözlerini äsgermezlik edip+, pygamberlerini masgaraladylar+. Olar ýetjek derejesine ýetensoň*, Ýehowanyň halkyna gahar-gazaby lowlady+.
17 Hudaý haldeýleriň patyşasyny olara garşy aýaga galdyrdy+. Haldeý patyşasy mukaddes otagda+ olaryň ýigitlerini gylyçdan geçirdi+. Oglana-gyza, garra ýa ejize rehim etmedi+. Hudaý ähli zady onuň eline berdi+. 18 Ol hak Hudaýyň öýündäki uly-kiçi gap-gaçlary, Ýehowanyň öýüniň, patyşanyň we han-begleriň hazynalaryndaky ähli zady Wawilona äkitdi+. 19 Hak Hudaýyň öýüni otlap+, Iýerusalimiň diwaryny ýumurdy+, berk diňleri ýakyp kül etdi, gymmatbaha zatlary ýok etdi+. 20 Diri galanlary Wawilona ýesirlige äkitdi+. Pars patyşalygy höküm sürüp başlaýança+, olar Nawuhodonosora we ogullaryna gul bolup+ ýaşadylar. 21 Şeýlelikde, Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözi berjaý bolup+, ýurt öňki Sabat ýyllarynyň öwezini doldy+. Ýurt 70 ýyllap haraba bolup ýatanda+, topraga dynç berildi*.
22 Pars patyşasy Kiriň+ hökümdarlygynyň birinji ýylynda, Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözi+ ýerine ýetdi. Ýehowa Pars patyşasy Kiri bir perman çykarmaga höweslendirdi*. Kir patyşa şu permany+ bütin patyşalygynda jar çekdirdi: 23 «Pars patyşasy Kir şeýle diýýär: „Gökleriň Hudaýy Ýehowa ýer ýüzüniň ähli patyşalyklaryny maňa berdi+. Ol Ýahuda topragynda ýerleşýän Iýerusalimde ybadathana gurmagy tabşyrdy+. Araňyzda şol Hudaýa sežde edýäniňiz barmy? Goý, Ýehowa Hudaý ýaryňyz bolsun! Iýerusalime gidiň“»+.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Hudaýa ýüz tutardy.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirip.
Ýa-da: tozan.
Ýa-da: atlylaryny.
Ýa-da: atlysy.
Başga manysy: Müsürden we Kuwdan alardylar; patyşanyň täjirleri olary Kuwdan alardylar. Kuw diýlende, Kilikiýa göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: sandal agaçlaryny.
Bir hum 220 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir çelek 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: jenabym.
Bir tirsek 44,5 sm. Käbirleriniň aýtmagyna görä, gadymy ölçeg birligi diýlende, gez göz öňünde tutulýar. Bir gez 51,8 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýagny ybadathananyň esasy binasy.
Käbir gadymy golýazmalarda «120» diýilýär. Käbir golýazmalarda we terjimelerde bolsa «20 tirsek» diýilýär.
Mukaddes otag göz öňünde tutulýan bolmaly.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: günorta.
Ýa-da: demirgazyk.
Manysy: Goý, ol (Ýehowa) berkitsin.
«Güýç bilen» diýmegi aňladýan bolmagy mümkin.
Sözlüge serediň.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: deňiz.
Ýa-da: agzynyň aşagynda.
Takmynan 7,4 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir çelek 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: ýabaklary.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: mukaddes eden.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: dili bilen aýdanyny eli bilen etdi.
Sözme-söz: biliňden önen ogluň.
Sözlüge serediň.
Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: wepaly söýgi bildirip.
Ýa-da: diliň bilen aýdanyňy eliň bilen etdiň.
Adam ýalandan ant içse ýa-da içen antyny bozsa, gargyşa galýardy.
Ýa-da: olary peseldendigiňe düşünip.
Sözme-söz: senden gorksun.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: wepaly söýgi bildireniňi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Lewiler göz öňünde tutulýan bolmagy mümkin.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Hamatyň girelgesinden.
Baýramçylygyň ertesi ýa-da 15-nji gün.
Sözme-söz: özüni kiçeldip.
Sözme-söz: dilinde nakyl bolar ýaly edip.
Ýa-da: dikeltdi.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Hepdeler baýramynda.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: Seniň sözleriň.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: sandal agaçlary.
Başga manysy: gymmat sowgatlary.
Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: altyn ergini.
Ýaýçylaryň göterýän galkany göz öňünde tutulýar.
Töwratdaky gadak 570 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: ýüregine guýan.
Sözme-söz: didaryna zardy.
Ýa-da: atlysy.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: boýuntyryk.
Ýa-da: üçünji gün.
Ýa-da: hyzmatkär.
Sözme-söz: külbike barmagymça-da.
Sözme-söz: çadyrlaryna.
Ýa-da: tälim berlen.
Sözme-söz: hak Hudaýyň guly Şemaýa.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: geçilere. Jynlara sežde eden adamlar olara geçä meňzeş tüýlek jandardyr öýden bolmaly.
Sözme-söz: ylgaýanlaryň. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: tälim berlen.
Sözme-söz: duz. Üýtgemeýän, hemişelik ähti aňladýar.
Sözme-söz: gorkakdy.
Ýa-da: tälim berlen.
Sözme-söz: dynçlyk.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: dynçlyk.
Sözme-söz: her tarapdan dynçlyk berdi.
Ýaýçylaryň göterýän galkany göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: köplüge-de.
Sözme-söz: ol size özüni tapdyrar.
Sözme-söz: olara özüni tapdyrdy.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: agtarmagy.
Sözme-söz: surnaý we malyň şahyny.
Sözme-söz: olara özüni tapdyrdy.
Sözme-söz: her tarapdan dynçlyk berdi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: mukaddes eden.
Ýa-da: äht.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: gandally jaýa.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: meýletin.
Ýa-da: gurbanlyk berdi.
Sözme-söz: ruh.
Sözme-söz: pygamberleriniň dilinde ýalançy ruh bolaryn.
Sözme-söz: pygamberleriň diline ýalançy ruh goýdy.
Sözme-söz: düşelgeden.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: agtarmagy.
Başga manysy: megunitleri.
Öli deňiz göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: berk durup bilersiňiz.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: alkyş aýtdylar.
Manysy: Alkyş.
Sözme-söz: her tarapdan dynçlyk berýärdi.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: çyragyny hiç haçan söndürmejekdigini.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýalan taňrylar bilen zyna etdirdi. Ýalan taňrylara sežde etmek göz öňünde tutulýar.
Ahazýa hem diýilýär.
Sözme-söz: gyzydy.
Käbir ýewreý golýazmalarynda Azarýa.
Sözme-söz: ogly.
Sözme-söz: ýatylýan otagda.
Ýaýçylaryň göterýän galkany göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: oňa Hudaýyň kanunynyň nusgasyny berip.
Sözme-söz: şaýatlyk çadyry.
Başga manysy: Sandyga pul atmadyk adam galmady.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: özüne dolanmagy.
Ýa-da: bildiren wepaly söýgüsini.
Ýa-da: ogluny. Zekerýa gowy adam bolansoň, köplük sanda aýdylan bolmagy mümkin.
Ýa-da: patyşalaryň kitabyndaky belliklerde.
Ýa-da: tälim berlen.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ahazýa hem diýilýär.
Takmynan 178 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Başga manysy: Abytedom bilen.
Dagda köwlüp ýasalan howuz göz öňünde tutulýar.
Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.
Sözlüge serediň.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir hum 220 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň: Jähennem.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: köşk dolandyryjy.
Ýa-da: biwepalyk.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Ogullarym.
Ýa-da: borjuňyza sowuk-sala garamagyň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.
Sözlüge serediň.
Iri şahly mallar göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: size tarap öwrüler.
Ýa-da: mähirli; duýgudaş.
Ýa-da: ýüzüni sowmaz.
Ýa-da: boýun egip; özüni kiçeldip.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: halky sagaltdy.
Ýa-da: gullugyny paýhasly ýerine ýetirýän.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ünsüni diňe Ýehowanyň kanunyna gönükdirer ýaly.
Ýa-da: naharhanalary.
Sözme-söz: baýry. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: her tarapdan dynçlyk berdi.
Ýa-da: alamat.
Ýa-da: özüni kiçeltdi.
Sözme-söz: ýüregini bilmek üçin ýeke galdyrdy.
Ýa-da: wepaly söýgi bilen.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Gögüň goşunlaryna.
Sözlüge serediň: Jähennem.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: üns bermediler.
Başga manysy: Manaşany çukurdan tapyp.
Ýa-da: görgürleri. Sözlüge serediň: Görgür.
Sözme-söz: özüni kiçeltmänkä.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ähte.
Ýa-da: täzeden äht baglaşdy.
Ýa-da: ýatlatmalaryny.
Sözlüge serediň.
Erkek mal göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: gowurdylar.
Ýa-da: tabada.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: wepaly söýgüsi bilen.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýaz pasly göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: kakasynyň dogany.
Ýa-da: pygamberiň öňünde özüni kiçeltmedi.
Ýa-da: biwepalyklary.
Sözme-söz: sagalmadan geçensoň.
Ýa-da: toprak Sabat ýyllaryny belledi.
Sözme-söz: ruhuny iterdi.